Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ŞAHSY OKUWY ÜÇIN TEKLIP

Hudaýa wepaly adamlar beren sözünde durýar

Hudaýa wepaly adamlar beren sözünde durýar

Serdarlar 11:30—40-njy aýatlary okap, Ýeftahyň gyzynyň galdyran göreldesi we sözüňde durmagyň wajypdygy hakda oýlanyň.

Konteksti bilen okaň. Wepaly ysraýyllar Hudaýa beren wadasyna nähili garaýardylar? (4 Mus. 30:2). Ýeftah we onuň gyzy imanynyň berkdigini nädip görkezdi? (Ser. 11:9—11, 19—24, 36).

Gözleg geçiriň. Ýeftah: «Ýehowa, ýeňiş gazanyp öýüme gelsem, meni garşylamak üçin öňümden çykany... saňa ýakma gurbanlygy hökmünde bagyş ederin» diýende nämäni göz öňünde tutdy? (w16.04 sah. 7, abz. 12). Beren wadasynda durmak üçin Ýeftah we gyzy Ýehowa nähili gurbanlyk bermelidi? (w16.04 sah. 7, 8, abz. 14—16). Şu günler mesihçiler nähili wada berýär? (w17.04 sah. 5—8, abz. 10—19).

Sapak ediniň. Özüňize şeýle soraglary beriň:

  •  Özümi Ýehowa bagyş edenimde beren wadama görä ýaşamaga näme kömek eder? (w20.03 sah. 13, abz. 20).

  •  Men Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin nämelerden geçip bilerin?

  •  Maşgala guranymda ýanýoldaşyma beren wadama görä ýaşamaga näme kömek eder? (Mat. 19:5, 6; Efes. 5:28—33).