Şuny bilýäňizmi?
Gumry ýa-da kepderi gurbanlyk bermek hakdaky kanundan Ýehowanyň haýsy häsiýeti görünýär?
MUSANYŇ KANUNYNA görä, ysraýyllar Ýehowa guşlardan gurbanlyk berjek bolsa gumry bolsun, kepderi bolsun berip bilýärdiler. Kanunda guşlaryň ikisi hem agzalýardy we ysraýyllar olaryň islendigini gurbanlyk berip bilýärdi (3 Mus. 1:14; 12:8; 14:30). Ysraýyllar Ýehowa Hudaýa şeýle kanun berendigi üçin örän minnetdar bolandyrlar. Näme üçin? Sebäbi Ysraýyl ýurdunda gumrular hemişe tapdyrmaýardy.
Gumrular göçüp-gonup ýaşaýan guşlar. Olar Ysraýylda ýaz aýlarynda bolup, oktýabr aýynda ýyly ýurtlara göçüp gidýärler (Aýd. 2:11, 12; Ýer. 8:7). Howa maýlanda bolsa yzyna dolanyp gelýärler. Şol sebäpli ysraýyllar gyş paslynda gurbanlyk bermek üçin gumry tapyp bilmeýärdiler.
Kepderiler bolsa göçüp-gonup ýaşamaýarlar. Şonuň üçin ysraýyllar olary ýylyň islendik aýy tapyp bilýärdiler. Hatda öýünde-de saklaýardylar (Ýahýa 2:14, 16-njy aýatlary deňeşdiriň). «Mukaddes Kitapda agzalýan ösümlikler we haýwanlar» atly kitapda aýdylmagyna görä, «Palestinanyň obalarynda, şäherlerinde eldekileşdirilen kepderiler bardy. Her öýde diýen ýaly kepderileriň ketegi ýa höwürtgesi bolýardy» (Işaýa 60:8-i deňeşdiriň).
Guşlary gurbanlyk bermek baradaky kanun Ýehowanyň söýgüsini we akyldarlygyny görkezýärdi. Sebäbi Ysraýyl halky ýylyň dowamynda islendik wagt gumry ýa-da kepderi gurbanlyk berip bilýärdi.