Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

7-NJI MAKALA

Maslahata gulak asyň

Maslahata gulak asyň

«Akyldaryň sözüni diňle, gulak as» (Nak. 22:17).

123-NJI AÝDYM Hudaýyň guramasyna gulak asalyň

MAZMUNY *

1. Bize haýsy ýagdaýlarda maslahat gerek bolýar we berlen maslahata näme üçin eýermeli?

 BIZIŇ ählimize maslahat gerek bolýar. Şol sebäpli käte dost-ýarlarymyzdan maslahat soraýarys. Käte bolsa aladaçyl doganlar bize ýalňyş ädim ätmez ýaly maslahat berýär (Gal. 6:1). Hudaýyň kanunlaryny bozýanlara bolsa, doganlar berk maslahat ýa-da käýinç berýär. Maslahata eýerýän adam hiç haçan ökünmez, hatda janyny halas eder (Nak. 6:23). Şol sebäpli berlen maslahata ýürekden gulak asmaly.

2. Nakyllar 12:15-e görä, maslahata eýermek näme üçin wajyp?

2 Makalanyň baş aýadynda: «Akyldaryň sözüni diňle, gulak as» diýilýär (Nak. 22:17). Maslahata eýerýän adam hemme zady bilmeýändigine, özünden has tejribeli we paýhasly dogan-uýalaryň bardygyna düşünýär (Nakyllar 12:15-i okaň). Ol pesgöwünli bolup, maslahata gulak asýar. Sebäbi biliminiň we tejribesiniň çäklidigine hem-de maslahatsyz üstünlik gazanyp bilmejekdigine düşünýär. Akyldar patyşa Süleýman Hudaýyň ylhamy bilen: «Maslahatçy köp bolsa, maksada ýetilýär» diýdi (Nak. 15:22).

Size Hudaýyň iki ýol arkaly berýän maslahatynyň haýsysyna eýermek kyn? (3, 4-nji abzaslara serediň).

3. Ýehowa bize haýsy iki ýol arkaly maslahat berýär?

3 Ýehowa bize iki ýol arkaly: 1) Mukaddes Kitap we edebiýatlar, 2) ýaşulular hem-de imany berk dogan-uýalar arkaly maslahat berýär (Ýew. 4:12). Hudaýyň Sözündäki we edebiýatlardaky maslahatlar bize öz üstümizde işlemäge hem-de garaýşymyzy düzetmäge kömek edýär. Käte bolsa ýaşulular we imany berk dogan-uýalar ýalňyşymyzy aýdyp, gerekli maslahatlary berýärler. Biz olaryň Mukaddes Kitaba esaslanyp berýän maslahatlaryna ýürekden eýermeli we minnetdar bolmaly.

4. Nesihat 7:9-a görä, maslahat berlende näme etmeli däl?

4 Käte dogan-uýalar, sen ýok, men ýok, bize maslahat berýär. Şonda maslahata eýermek kyn bolýar. Hatda olardan öýkeleýäris (Nesihat 7:9-y okaň). Elbetde, biz bikämildigimize düşünýäris, emma biri ýalňyşymyzy aýtsa agyr degýär. Biz özümizi aklap başlaýarys, maslahat beren adamyň niýetine şübhelenýäris. Maslahatyň berliş äheňini halamaýarys. Biz: «Onuň maslahat bermäge haky barmy? Özüni oňarsyn» diýip, maslahat beren adamy ýazgaryp başlaýarys. Netijede, biz onuň maslahatyny diňlemeýäris we gulagymyza hoş ýakýan maslahaty başgalardan soraýarys.

5. Makalada näme hakda gürrüň ederis?

5 Mukaddes Kitapda maslahata eýeren we eýermedik adamlar hakda ýazylan. Häzir olar hakda gürrüň ederis. Şeýle-de maslahata gulak asmaga nämäniň kömek edýändigini we nähili peýdasynyň bardygyny bileris.

GULAK ASMADYK ADAMLAR

6. Rehobam patyşa bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?

6 Geliň, Ysraýylyň patyşasy Rehobam hakda gürrüň edeliň. Rehobam tagta geçende halk onuň huzuryna gelip: «Kakaň gerdenimize agyr ýük goýdy... ýükümizi ýeňlet» diýip haýyş edýärler. Rehobam aksakgallardan we ýaşululardan maslahat soraýar. Olar Rehobama halkyň haýyşyny bitirse, hemişe oňa wepaly boljakdygyny aýdýarlar (1 Pat. 12:3—7). Ol ýaşulularyň maslahatyny göwnemän, öz deň-duşlaryna sala salýar. Olar 40 ýaşlaryndady we agy-garany saýgarýan adamlardy (2 Tar. 12:13). Patyşanyň deň-duşlary halkyň ýüküniň üstüne ýene ýük goşmagy maslahat berýärler (1 Pat. 12:8—11). Patyşa belli bir karara gelmek üçin Ýehowa doga edip, görkezme soramalydy. Gynansak-da, ol gulagyna hoş ýakýan maslahata, ýagny deň-duşlarynyň maslahatyna eýerdi. Netijede, tutuş Ysraýylyň üstüne betbagtçylyk indi. Biz mundan näme öwrenýäris? Biz göwnümize ýaramasa-da, Hudaýyň Sözüne esaslanyp berlen maslahata eýermeli.

7. Uzyýa bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?

7 Geliň, indi berlen maslahata eýermedik Uzyýa patyşa hakda gürrüň edeliň. Ol ybadathana girip tütetgi ýakjak bolýar. Ýehowanyň ruhanylary oňa: «Uzyýa, seniň Ýehowa tütetgi ýakmaga hakyň ýok. Tütetgini diňe Harunyň neslinden ruhanylar ýakmaly» diýýärler. Uzyýa pesgöwünlilik bilen maslahata gulak asan bolsa we ybadathanadan derrew çykan bolsa, Ýehowa ony bagyşlardy. Emma Uzyýanyň olara gahary gelip, gany depesine urýar. Ol näme üçin maslahata gulak asmadyka? Uzyýa patyşa bolandygy üçin kellesine gelen zady edip bilerin öýdendir. Emma Ýehowa Uzyýanyň eden işini halamady we tekepbir patyşa jeza berdi. Uzyýanyň maňlaýynda heýwere döredi. Ol ömrüniň ahyryna çenli şol keselden gutulmady (2 Tar. 26:16—21). Biz mundan näme öwrenýäris? Biziň nähili borjumyz bolsa-da, Mukaddes Kitaba esaslanyp berlen maslahata gulak asmaly, ýogsam Ýehowany razy edip bilmeris.

GULAK ASAN ADAMLAR

8. Eýýup pygamber maslahaty kabul etdimi? Düşündiriň.

8 Mukaddes Kitapda maslahata gulak asyp, bereket alan adamlar hakda hem aýdylýar. Olaryň biri Eýýup pygamberdi. Ol Hudaýy razy edip ýaşamak isleýärdi, emma käte ýalňyşýardy. Eýýup başyna inen bela-beterlerden ýaňa halys ýadap, oýlanman gepleýär we durmuşyndan nägile bolýar. Şol sebäpli Alyhuw we Ýehowa Eýýuba berk maslahat berýär. Eýýup maslahaty kabul edip: «Men aýdanlaryma ökünýärin, başyma gum we kül sepip, toba edýärin» diýýär. Ýehowa pesgöwünli pygamberine bereket berýär (Eýp. 42:3—6, 12—17).

9. Musa pygamber nähili görelde galdyrdy?

9 Bir gün Musa pygamber ýalňyşlyk goýberýär. Ol gaharyna erk edip bilmeýär we Ýehowany şöhratlandyrmaýar. Şol sebäpli Hudaý oňa käýäp, Wada edilen ýurda girmejekdigini aýdýar (4 Mus. 20:1—13). Şonda Musa pygamber Ýehowa ýalbaryp: «Eşretli ýurdy... görmäge rugsat ber» diýýär. Emma Ýehowa oňa: «Gaýdyp şu hakda agzama!» diýýär (5 Mus. 3:23—27). Musa pygamber gaharlanmaýar, berlen käýinje gulak asýar. Ýehowa hem oňa ýene-de halka ýolbaşçylyk etmäge rugsat berýär (5 Mus. 4:1). Musa pygamber Wada edilen ýurda girip bilmese-de, Ýehowa wepaly gulluk etdi. Eýýup pygamber bolsa käýinje gulak asdy, özüni aklamady we garaýşyny düzetdi. Hawa, pygamberleriň ikisi hem maslahaty kabul edip, gowy görelde görkezdiler.

10. a) Nakyllar 4:10—13-nji aýatlara görä, maslahata gulak asmagyň nähili peýdasy bar? b) Berlen maslahata eýeren dogan-uýalar hakda gürrüň beriň.

10 Biz Eýýup we Musa pygamberleriň göreldesine eýerip maslahata gulak assak, köp kynçylygyň öňüni alyp bileris (Nakyllar 4:10—13-nji aýatlary okaň). Munuň şeýledigine dogan-uýalaryň köpüsi göz ýetirdi. Kongoda ýaşaýan Emanuel * dogan şeýle diýýär: «Meniň imanym gowşap, tas günä edipdim. Emma Hudaýa imany berk doganlar dadyma ýetişdiler. Olaryň maslahaty maňa ýalňyş ädim ätmezlige kömek etdi». Kanadada ýaşaýan pioner uýa Megan: «Berilýän maslahatlar gulagyma hoş ýakmaýardy, ýöne tüýs maňa gerekli maslahatlardy» diýýär. Horwatiýada ýaşaýan Mark dogan şeýle diýýär: «Men ýygnakda borjumy ýitirdim, emma doganlaryň beren maslahaty ýene-de Ýehowany razy edip ýaşamaga kömek etdi».

11. Karl Kleýn maslahata gulak asmagyň wajypdygy hakda näme diýdi?

11 Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy bolup gulluk eden Karl Kleýn maslahata eýermegiň peýdalydygyna düşündi. Ol terjimehalynda Ruterford dogan bilen dost bolandygyny aýdýar. Bir gün Ruterford dogan Karla berk maslahat berýär. Şonda ol öýkeleýär. Karl şeýle gürrüň berýär: «Ertesi gün Ruterford dogan ýylgyryp: „Salam, Karl!“ diýdi. Men ondan öýkeländigim üçin salamyny zordan aldym. Ol bolsa: „Karl, seresap bol! Iblisiň duzagyna düşäýme“ diýdi. Şonda men utanyp: „Hemme zat gowy, Ruterford dogan“ diýdim. Ol meniň öýkeländigimi bilip: „Bolýar, ýöne seresap bol! Iblisiň duzagyna düşäýme“ diýdi. Ol dogry aýdýardy. Eger biz jogapkär doganlar maslahat berende öýkelesek, Iblis bizi aňsatlyk bilen duzaga düşürer» (Efes. 4:25—27). Karl dogan Ruterfordyň maslahatyna gulak asdy we olaryň dostlugy bozulmady.

MASLAHATA EÝERMÄGE NÄME KÖMEK EDER?

12. Maslahata gulak asmaga haýsy häsiýet kömek eder? (Zebur 141:5).

12 Pesgöwünli bolmaly. Biz bikämil bolandygymyz üçin käte akmaklyk edýäris. Eýýup pygamber hem oýlanman gepläpdi. Soňra ol garaýşyny üýtgetdi we Ýehowanyň berekedini aldy. Eýýup pesgöwünli bolandygy üçin özünden ençeme ýaş kiçi Alyhuwyň maslahatyna eýerdi (Eýp. 32:6, 7). Eger pesgöwünli bolsak maslahat bize degişli däl ýaly görünse-de ýa-da maslahaty berýän bizden kiçi bolsa-da, oňa höwes bilen gulak asarys. Kanadada ýaşaýan ýaşuly: «Biri maslahat bermese, ýalňyşyňy görmek we öz üstüňde işlemek kyn bolýar» diýýär. Biz mukaddes ruhuň miwesini ösdürmek, ökde wagyzçy we mugallym bolmak islesek, berilýän maslahata höwes bilen eýermeli (Zebur 141:5-i okaň).

13. Biz berilýän maslahata nähili garamaly?

13 Berilýän maslahata Hudaýyň söýgüsi hökmünde garamaly. Ýehowa bize hemişe ýagşylyk isleýär (Nak. 4:20—22). Ol Mukaddes Kitap, edebiýatlar, imany berk dogan-uýalar arkaly maslahat berip, söýýändigini görkezýär we «has-da peýdaly terbiýe» berýär (Ýew. 12:9, 10).

14. Maslahat berlende nämä üns bermeli?

14 Maslahatyň berliş äheňine däl-de, özüne üns bermeli. Elbetde, biz maslahaty ýumşaklyk bilen bermeli * (Gal. 6:1). Emma käte bize gödeklik bilen maslahat bermekleri mümkin. Şonda maslahatyň berliş äheňine däl-de, özüne üns bersek gowy bolar. Biz şu soraglar hakda oýlanyp bileris: dogan gödeklik bilen maslahat beren hem bolsa, belki, onuň aýdýanynyň jany bardyr? Men doganyň gödeklik bilen aýdan sözüne üns bermegiň deregine, maslahatyna eýersem gowy bolmazmy? Biz Ýehowanyň dogan-uýalar arkaly berýän ähli maslahatyna eýersek paýhasly bolarys (Nak. 15:31).

«MASLAHATLY BIÇILEN DON GYSGA BOLMAZ»

15. Biz näme üçin maslahat soramaly?

15 Mukaddes Kitap maslahat soramaga höweslendirýär. Nakyllar 13:10-da: «Maslahatlaşýanlar akyldarlyk gazanýar» diýilýär. Gör, nähili jaýdar aýdylan sözler! Hiç kime sala salmaýan adama garanyňda, başgalar bilen maslahatlaşýan adam hemişe Ýehowany begendirýän karara gelýär. Şol sebäpli her bir ädimde Ýehowany söýýän adamlar bilen maslahatlaşsak gowy bolar.

Ýaş uýa näme üçin uly ýaşly uýadan maslahat soraýar? (16-njy abzasa serediň).

16. Biz haýsy ýagdaýlarda maslahat soramaly?

16 Biz dogan-uýalardan haýsy ýagdaýlarda maslahat soramaly? Aýdaly, uýa ökdelik bilen Mukaddes Kitap okuwyny geçirmek isleýär. Ol tejribeli wagyzçyny sapagyna çagyryp, ökde mugallym bolmak üçin näme etmelidigini sorap biler. Uýa özüne eşik satyn almakçy bolýar. Ol ilki bilen aljak eşigini uly ýaşly uýa görkezip, onuň pikirini sorap biler. Dogan ilkinji gezek jemagat nutugy bilen çykyş edýär. Ol ökde nutukçylardan nutugy ünsli diňläp, soňra maslahat bermegi haýyş edip biler. Köp ýyldan bäri nutuk bilen çykyş edýän doganlar hem ökde nutukçylardan maslahat sorap, oňa eýerseler paýhasly bolar.

17. Berlen maslahata eýermäge näme kömek eder?

17 Öňümizdäki hepdelerde ýa-da aýlarda Ýehowa bize Mukaddes Kitap, edebiýatlar ýa-da imany berk dogan-uýalar arkaly maslahat berer. Şonda makaladaky pikirlere eýerip, pesgöwünli bolalyň, maslahatyň berliş äheňine däl-de, özüne üns bereliň we maslahata gulak asalyň. Elbetde, hiç kim paýhasly bolup dünýä inmeýär. Emma «maslahaty diňläp, terbiýäni kabul etsek» paýhasly bolarys (Nak. 19:20).

124-NJI AÝDYM Hemişe wepaly bolalyň

^ Ýehowanyň halky Mukaddes Kitaba esaslanyp berlen maslahata ýürekden eýerýär. Emma käte maslahata gulak asmak kyn bolýar. Näme üçin? Maslahata gulak asmaga näme kömek eder?

^ Käbir atlar üýtgedildi.

^ Indiki makalada ýumşaklyk bilen maslahat bermek üçin näme etmelidigini bileris.