Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

TERJIMEHAL

Men wepaly adamlaryň bereket alýandygyny gördüm

Men wepaly adamlaryň bereket alýandygyny gördüm

SIZIŇ durmuşyňyzda ýatdan çykmajak gyzykly gürrüňdeşlik bolupdymy? Meniň durmuşymda şeýle waka 50 ýyl mundan öň bolupdy. Men dostum bilen birnäçe aýlap syýahat edipdim. Biz gara ýanyk bolup Kenýa gelipdik. Bir gün dostum bilen oduň başynda dini film hakda gürrüň edip otyrdyk. Şonda ol: «Bu filmde Mukaddes Kitap hakda ýalan zatlar aýdylýar» diýdi.

Muny eşidip hezil edip güldüm, sebäbi dostumy dindardyr öýtmeýärdim. Men oňa: «Sen Mukaddes Kitap barada nireden bilýäň?» diýdim. Ol başda sesini çykarmady, soňra ejesiniň Ýehowanyň Şaýadydygyny we oňa Mukaddes Kitap hakda gürrüň berendigini aýtdy. Şonda men bilesigelijilik bilen: «Maňa-da gürrüň bersene!» diýdim.

Biz uzak gijäni gürrüň edip geçirdik. Dostum maňa dünýäniň hökümdarynyň Şeýtandygyny aýdanda gaty haýran galdym, sebäbi dünýäniň hökümdary Hudaýdyr öýdýärdim (Ýah. 14:30). Men «eger Hudaý rehimdar bolýan bolsa näme üçin adalatsyzlygyň bolmagyna ýol berýär?» diýýärdim. Şol wagtlar 26 ýaşymda bolsam-da, daş-töweregimde bolýan zatlar meni gaty biynjalyk edýärdi.

Meniň kakam ABŞ-nyň Harby Howa Güýçleriniň uçarmanydy. Men harby işgärlerden ýadro urşunyň başlajakdygy barada kän eşidýärdim. Oglanjyk bolsamam, ýadro urşunyň islendik wagt başlap biljekdigine düşünýärdim. Kaliforniýada kollejde okap ýörkäm, Wýetnamda uruş gidip durdy. Biz talyplar bilen gozgalaň turuzýardyk. Elleri taýakly polisiýa işgärleri bizi tutjak bolup kowalaýardylar, gözümizi awuşadýan gaz goýberýärdiler. Biz gazyň tüssesinden ýaňa boglup, gözümiz ýaşaryp, çem gelen ýere gaçýardyk. Şol döwür syýasy ýolbaşçylar hem gozgalaň turuzýardylar, bir-birini öldürýärdiler. Adamlar näme edip, näme goýýandygyny bilenokdy, hemme ýer bulam-bujardy.

Londondan Merkezi Afrika syýahat

1970-nji ýylda Demirgazyk Alýaskada işe başlap köp pul gazandym. Soňra men Londona gidip, şol ýerde motor satyn aldym-da, günorta tarap ýola düşdüm. Nirä barýanymy özümem bilemokdym. Gün geçip, aý aýlandy, bir seretsem, Afrika gelipdirin. Ýolda özüm ýaly durmuşyň kynçylyklaryndan ýadap, erkinlige çykmak isleýän adamlara duşdum.

Men bolýan erbetliklere Şeýtanyň we zalym jynlaryň sebäpkärdigine göz ýetirdim. Eger Şeýtan höküm sürýän bolsa, Allatagala muny görmeýärmi-kä? Ol erbetligiň bolmagyna näme üçin ýol berýär-kä? Bu soraglaryň jogabyny gaty bilesim gelýärdi.

Birnäçe aýdan soň biynjalyk edýän soraglarymyň ählisine jogap tapdym. Şeýle-de men kynçylyklara garamazdan, Hudaýa wepaly gulluk edýän adamlar bilen dostlaşdym.

DEMIRGAZYK IRLANDIÝA — «BOMBALARYŇ WE ÝARAGLARYŇ MERKEZI»

Men Londona gaýdyp gelenimde, dostumyň ejesi bilen habarlaşdym. Ol maňa okamak üçin Mukaddes Kitaby berdi. Soňra Niderlandiýanyň Amsterdam şäherine gitdim. Bir gün daşarda çyranyň ýagtysyna Mukaddes Kitaby okap otyrkam, ýanyma bir dogan geldi. Ol maňa Mukaddes Kitap barada köp zatlary gürrüň berdi. Soňra men Irlandiýanyň Dublin şäherindäki Ýehowanyň Şaýatlarynyň filialyna bardym. Filialda Artur Mattýuz dogan bilen tanyşdym, men ondan özüme Mukaddes Kitapdan okuw geçmegi haýyş etdim. Arturyň dünýägaraýşy giňdi, Mukaddes Kitaby ökdelik bilen öwredýärdi.

Men edebiýatlarymyzy okanymda, içine giräýjek bolýardym. Mukaddes Kitaby her gün höwes bilen okaýardym. Ýygnak jaýyna baranymda, kiçijik çagalaryň berýän jogaplaryna gaty haýran galýardym. Olar adamlaryň asyrlarboýy jogabyny gözläp ýören: Erbetlik näme üçin bolýar? Hak Hudaý kim? Adam ölensoň oňa näme bolýar? diýen soraglaryň jogabyny bilýärdiler. Ýaşaýan ýerimde hiç kimi tanamaýandygym üçin, diňe Ýehowanyň Şaýatlary bilen gatnaşýardym. Dogan-uýalar maňa Ýehowany ýürekden söýüp, onuň islegini ýerine ýetirmäge kömek etdiler.

Naýjel, Denis we men

Men 1972-nji ýylda suwa çümdürildim we bir ýyldan soňra Nýuri şäheriniň ýygnagynda pioner bolup gulluk edip başladym. Men dagda ýerleşýän bir jaýy kireýine aldym. Nutuga taýýarlanmaly bolanymda, öýümiň töwereginde otlap ýören sygyrlaryň öňünde çykyş edýärdim. Sygyrlar nutugym hakda maslahat bermese-de, gäwüşäp meni ünsli diňleýärdiler. Şeýdip, men köpçüligiň öňünde aljyraman çykyş etmegi öwrendim. 1974-nji ýylda meni ýörite pioner edip bellediler. Men Naýjel Pitt dogan bilen gulluk edip başladym. Ikimiz aýrylmaz dost bolduk.

Köp adamlar Demirgazyk Irlandiýany «bombalaryň we ýaraglaryň merkezi» diýip tanaýardy. Şol wagt gaty galagoply döwürdi, daşarda atylýan oklaryň, ýarylýan bombalaryň sesi eşidilýärdi. Syýasy we dini ýolbaşçylar urşa hem-de dawa-jenjellere goşulýardylar, emma olar Ýehowanyň Şaýatlaryna azar bermeýärdiler. Sebäbi biziň syýasata goşulmaýandygymyzy bilýärdiler. Hatda käbir öý eýeleri urşuň nirede boljakdygyny bize habar berýärdiler. Bizem şol ýere barman, howpsuz ýerde wagyz edýärdik.

Bir gezek biz howply ýagdaýa düşdük. Denis Karrigan dogan bilen kiçiräk şäherçä wagyz etmäge gitdik. Bu ýere öňem gelip görüpdik. Bärde hiç hili Ýehowanyň Şaýady ýokdy. Kafede bir aýal bilen gürrüňdeş bolduk. Biziň iňlisçe arassa gepleýändigimizi eşidip, ol bize Britan içalylary diýip töhmet atdy. Biz gaty gorkduk, içaly bolmag-a beýlede dursun, Britan esgerlere ýylgyryp baksaňam, öldürip ýa-da dyzyňdan atyp bilýärdiler. Biz daşarda awtobusa garaşyp durduk, howa gaty sowukdy, daş-töwerekde adam-gara görünmeýärdi. Birdenem bir maşyn gelip, kafeniň ýanynda saklandy. Ýaňky aýal daşaryk çykyp maşynyň ýanyna bardy, biz tarapa elini uzadyp olara bir zatlar gürrüň berýärdi. Maşyndaky iki adam ýanymyza gelip, awtobusyň gelýän wagtyny sorady. Şol wagt içi boş awtobus geldi. Olar sürüjiden hem bir zatlary soradylar. Biz öz ýanymyzdan: «Häzir bizi şäheriň daşyna çykaryp ýogumyza ýanarlar» diýip pikir etdik. Ýöne Hudaýa şükür, beýle zat bolmady. Awtobusa münüp, sag-aman öýümize gaýtdyk. Awtobusdan düşjek bolup durkak, sürüjä: «Hälki iki adam sizden näme sorady?» diýdim. Ol bize: «Alada etmäň, gorkuly zat ýok, olara sizi tanaýandygymy aýtdym. Öýüňize sag-aman baryň» diýdi.

Toý tutan günümiz (mart, 1977)

1976-njy ýylda Dublinde geçirilen welaýat kongresinde ýörite pioner bolup gulluk edýän Paulina Lomaks uýa bilen tanyşdym. Paulina bilen jigisi Reý hakykaty kiçiliginden bilýärdi. Paulina Angliýalydy, ol ruhy taýdan berk, mähirli we pesgöwünli uýady. Bir ýyldan soň biz durmuş gurduk we Demirgazyk Irlandiýanyň Ballimina şäherinde ýörite pioner gullugymyzy dowam etdik.

Biz Belfastda, Londonderride we başga-da howply ýerlerde etrap gözegçisi bolup gulluk etdik. Dogan-uýalaryň berk imany bizi haýran galdyrdy. Olar Ýehowa gulluk etmek üçin ganyna siňen duşmançylygy, dini garaýyşlary we milletparazlygy aýyrmagy başardylar. Ýehowa hem olaryň yhlasyna bereket berdi we goldady.

Men Irlandiýada on ýyl ýaşadym. 1981-nji ýylda Paulina ikimizi Gilead mekdebiniň 72-nji klasynda okamaga çagyrdylar. Mekdepden soň bizi Günbatar Afrikada ýerleşýän Sýerra-Leone ýurduna bellediler.

SÝERRA-LEONE — IMAN WE GARYPLYK

Biz 11 sany dogan-uýa bilen missionerler öýünde agzybir ýaşaýardyk. Biziň bir aşhanamyz, üç hajathanamyz, iki hammamymyz, bir telefonymyz, bir kir ýuwujy we guradyjy maşynymyz bardy. Togumyz hem köp öçýärdi. Jaýymyzyň üçeginde alakalar, öýümiziň aşagynda bolsa kepjebaşlar mesgen tutupdy.

Gwineýadaky kongrese barmak üçin derýadan geçýäris

Biz sada ýaşasak-da, wagyzdan köp şatlyk tapýardyk. Adamlar hakykaty höwes bilen diňleýärdiler, Mukaddes Kitaby gymmat saýýardylar. Köpler bolsa Mukaddes Kitap okuwyny geçip, suwa çümdürildiler. Ýerli ýaşaýjylar maňa «jenap Robert», Paulina bolsa «hanym Robert» diýýärdiler. Filialdaky işlerim köpelensoň, wagza köp çykyp bilmeýärdim. Indi adamlar Paulina «hanym Paulina», maňa bolsa «jenap Paulina» diýýärdiler. Paulina hezil edip gülýärdi.

Sýerra-Leonä barýarys

Köp dogan-uýalar garyp ýaşaýardy, ýöne Ýehowa dürli ýollar bilen olaryň aladasyny edýärdi (Mat. 6:33). Bir doganymyz gyzzyrma keseli bilen keselleýär. Şonda çagaly uýamyz derman satyn almak üçin doganymyza soňkuja çörek puluny berýär. Şol günüň özünde uýamyzyň ýanyna bir aýal gelip, saçyny bejerdýär. Şeýdip, uýamyz çörek puluny gazanýar. Imanyňy berkidýän şuňa meňzeş wakalar başga-da köp bolupdy.

NIGERIÝA — TÄZE MEDENIÝETI ÖWRENÝÄRIN

Biz Sýerra-Leonede dokuz ýyl gulluk etdik. Soňra bizi Nigeriýadaky Beýtele bellediler. Men ýene-de öňki işimi dowam etdim, ýöne Paulinanyň gullugy düýbünden üýtgedi. Oňa täze ýagdaýa öwrenişmek aňsat bolmady. Sebäbi öň 130 sagat gulluk edýärdi, okuw geçýänleri ruhy taýdan ösüş edýärdi. Indi bolsa tikinçilik otagynda egin-eşikleri bejerýärdi. Wagtyň geçmegi bilen, Paulina garaýşyny üýtgedip, edýän işini gymmat saýyp başlady. Şeýle-de ol beýtelçiler bilen dostlaşmagy, olary ruhlandyrmagy maksat goýdy.

Nigeriýanyň medeniýeti bize köp zatlary öwretdi. Bir gezek doganymyz Beýtele täze bellenen uýany tanyşdyrmak üçin getirdi. Men salamlaşmak üçin uýa elimi uzadanymda, ol aýagyma ýykylyp tagzym etdi. Şonda men ör-gökden geldim. Edil şol wagt Resullar 10:25, 26 we Ylham 19:10-njy aýatlar ýadyma düşdi. Men: «Dur, beýle etme!» diýjek boldum, ýöne biraz durup pikirlenemsoň «öz-ä beýtelçi, Mukaddes Kitabyň taglymatlaryny bilýändir-le» diýdim.

Uýa bilen gürrüňdeş bolanymdan soň, Nigeriýanyň medeniýeti hakda gözleg geçirdim. Görüp otursam, nigeriýalylar tagzym edip salamlaşaýan eken. Hatda erkek adamlar hem salamlaşanda, ýere ýüzin ýykylyp tagzym edýärler. Bu sežde etmegi däl-de, sylag-hormaty aňladýan eken. Mukaddes Kitapda-da şu barada aýdylýar (1 Şam. 24:8). Men uýany oňaýsyz ýagdaýa saljak sözleri aýtmandygyma begendim.

Biz Nigeriýada Ýehowa köp ýyldan bäri wepaly gulluk edýän dogan-uýalar bilen tanyşdyk. Olaryň biri Aýzaýa Adagbona a. Ol hakykaty ýaşlygyndan bilýärdi. Ýöne Aýzaýa heýwere keseli bilen kesellänsoň heýwere kesellileriň saklanylýan ýerine göçmeli boldy. Garşylyklara garamazdan, ol 30 adamy hakykata getirdi we şol ýerde täze ýygnagyň döremegine goşant goşdy.

KENÝA — DOGANLAR MAŇA SABYRLY BOLDULAR

Kenýadaky ýetim kerk

1996-njy ýylda bizi Kenýadaky filiala bellediler. Gürrüňimiň başynda aýdan wakamdan soň, Kenýa ilkinji gezek gelşimdi. Filiala köp myhmanlar gelýärdi, olaryň arasynda werwet maýmynlary hem bardy. Käte uýalar gök-önüm getirýärkä, maýmynlar ýolda olary talaýardy. Bir gün uýamyz otagynyň äpişgesini açyp gidipdir. Yzyna gaýdyp gelse, maýmynlar öýünde hezil edip meýlis gurnap oturan ekenler. Uýamyz olary görende gygyryp gapydan çykyp gidýär, maýmynlar bolsa çygyryp äpişgeden çykyp gidýär.

Paulina ikimiz Swahili ýygnagynda gulluk etdik. Men ol dilde edil çaga ýaly zordan gepleýärdim. Biraz wagtdan maňa Mukaddes Kitaby öwrenmek duşuşygyny geçirmegi tabşyrdylar. Men ýygnakda beriljek soraglary dogry okar ýaly, öňünden gowy taýýarlanýardym. Ýöne dogan-uýalar soraglara öz sözleri bilen jogap berende, hiç zada düşünmeýärdim. Men özümi gaty oňaýsyz duýýardym, dogan-uýalary köseýänime-de gynanýardym. Ýöne olaryň sabyrlylygy we pespälligi meni ruhlandyrýardy.

ABŞ — IMAN WE BAÝLYK

Kenýada bir ýyla golaý gulluk etdik. Soňra 1997-nji ýylda bizi Bruklindäki Beýtele çagyrdylar. ABŞ gaty baý ýurt, baýlyk bolsa adamy duzaga düşürip bilýär (Nak. 30:8, 9). Ýöne dogan-uýalar gurply ýaşasalar-da, ruhy taýdan berkdi. Olar emlägini we wagtyny guramanyň işleri üçin sarp edýärdiler.

Biz gulluk eden ýerlerimizde Ýehowa wepaly dogan-uýalar bilen dostlaşdyk. Men imanyň Irlandiýada zalymlygyň üstünden, Afrikada garyplygyň üstünden, Amerikada bolsa baýlygyň üstünden ýeňiş gazanyşyny gördüm. Her dürli kynçylyklara garamazdan, yhlasly gulluk edýän gullukçylaryny görüp, Ýehowa, gör, nähili begenýändir!

Paulina bilen Worwikdäki Beýtelde

Dogrudanam, «günler dokmaçynyň daragyndan çalt geçýär» (Eýp. 7:6). Häzir biz Worwikdäki Beýtelde agzybir dogan-uýalar bilen eginme-egin işleşip hezil edýäris. Biz Patyşamyz Isa Mesihi goldap bilýändigimize diýseň begenýäris, kalbymyz minnetdarlykdan doly. Gelejekde bolsa Patyşamyz Isa wepaly adamlara köp bereketleri eçiler (Mat. 25:34).

a Aýzaýa Adagbonanyň terjimehalyny 1998-nji ýylyň 1-nji aprelinde çykan «Garawul diňi» žurnalyndan okap bilersiňiz (sah. 22—27). Ol 2010-njy ýylda aradan çykdy.