Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

7-NJI MAKALA

Mukaddes Kitaby dykgatly okaň

Mukaddes Kitaby dykgatly okaň

«Okan zatlaryňa nähili düşündiň?» (Luka 10:26).

97-NJI AÝDYM Hudaýyň Sözi bilen ýaşaýarys

MAZMUNY a

1. Isa Mukaddes Kitaby gymmat saýýandygyny nädip görkezdi?

 ADAMLAR Isanyň öwredişine haýran galýardy. Ol Mukaddes Kitabyň köp aýatlaryny ýatdan aýdýardy, ýer ýüzünde gulluk edende hemişe aýatlara salgylanýardy. Halka Mukaddes Kitaby okap berip, ony düşündirýärdi (Mat. 5:17, 18, 21, 22, 27, 28; Luka 4:16—21). Hatda durmuşynyň iň wajyp pursatlarynda hem, ýagny suwa çümdürilenden soň we ölmezinden öň Isa Mukaddes Kitapdaky aýatlara salgylanypdy b (5 Mus. 8:3; Zeb. 31:5; Luka 4:4; 23:46).

Isa ýer ýüzünde ýaşanda Mukaddes Kitaby gymmat saýýardy we ondaky maslahatlary durmuşynda ulanýardy (2-nji abzasa serediň).

2. Isa çagalykda Mukaddes Kitaby nädip öwrendi? (Daşky sahypadaky surata serediň).

2 Isa çaga wagty hem Mukaddes Kitap hakda köp eşidýärdi. Ýusup bilen Merýem maşgalada gürrüňdeş bolanlarynda aýatlary ulanýardy c (5 Mus. 6:6, 7). Olar her Sabat güni çagalary bilen sinagoga barýardy (Luka 4:16). Sinagoga baranlarynda Isa ünsli diňleýärdi. Wagtyň geçmegi bilen ol Mukaddes Kitaby özbaşdak okamagy öwrenýär. Şeýdip, Isa Mukaddes Kitaby gowy görüp başlaýar we durmuşynda ulanýar. Muny 12 ýaşynda wagty ybadathanada bolan wakadan görse bolýar. Musanyň kanunyny gowy bilýän mugallymlar «onuň düşünjesine we berýän jogaplaryna haýran galýarlar» (Luka 2:46, 47, 52).

3. Şu makalada nämä serederis?

3 Bizem Mukaddes Kitaby her gün okasak, oňa gowy düşüneris. Hudaýyň Sözüni dykgatly okamak üçin näme etmeli? Muny bilmek üçin Isanyň kanunçylara, fariseýlere hem-de saddukeýlere aýdan sözlerine seredeliň. Olar Mukaddes Kitaby köp okaýardylar, ýöne okaýan zatlaryna eýermeýärdiler. Isa Mukaddes Kitaby ünsli okamagyň üç usulyny belläp geçýär. Isanyň aýdan sözleri Mukaddes Kitaby okanymyzda 1) oňa gowy düşünmäge, 2) ruhy dürdäneleri tapmaga, 3) öwrenen zatlarymyzy durmuşymyzda ulanmaga kömek eder.

OKAÝAN ZADYŇYZA DÜŞÜNJEK BOLUŇ

4. Luka 10:25—29-njy aýatlardan Mukaddes Kitaby okamak babatda näme öwrenýäris?

4 Bizem okaýan zadymyza düşünmek isleýäris. Sebäbi düşünmesek durmuşymyzda ulanyp bilmeris. Bir gezek Töwradyň mugallymy Isadan: «Ebedi ýaşaýşy almak üçin näme etmeli?» diýip sorady (Luka 10:25—29-njy aýatlary okaň). Şonda Isa: «Töwratda näme ýazylgy? Okan zatlaryňa nähili düşündiň?» diýdi. Mugallym kanuna salgylanyp: «Hudaýy we ýakynyňy söýmeli» diýip jogap berdi (3 Mus. 19:18; 5 Mus. 6:5). Soňra ol: «Meniň ýakynym kim?» diýip sorady. Şu sorag mugallymyň okaýan zadyna düşünmeýändigini görkezýär. Şonuň üçinem ol öwrenýän zadyny durmuşynda ulanyp bilmedi.

Okaýan zatlaryňyza düşünmäge jan ediň

5. Näme üçin doga etmeli we howlukman okamaly?

5 Mukaddes Kitaba düşünmek üçin gowy okamagy endik etmeli. Bize üç sany maslahat kömek eder. Birinjiden, okamazdan öň doga ediň. Şonda Ýehowa mukaddes ruhy arkaly okaýan zadymyza ünsümizi jemlemäge kömek eder. Ikinjiden, okaýan zatlaryňy özleşdirer ýaly howlukman okaň. Bu babatda Mukaddes Kitabyň ses ýazgylary kömek edýär. Ses ýazgyny diňlänimizde kitapdan yzarlasak, Hudaýyň Sözi aňymyza we ýüregimize güýçli täsir eder (Ýuşa 1:8). Üçünjiden, okap bolanyňyzdan soň, Hudaýyň Sözi üçin minnetdarlyk bildirip, ýene-de doga ediň we öwrenen zatlaryňyzy durmuşda ulanyp biler ýaly kömek soraň.

Bellik etmek okaýan zatlarymyza düşünmäge we ýatda saklamaga nädip kömek edýär? (6-njy abzasa serediň).

6. Näme üçin özümize sorag bermeli we bellik etmeli? (Surata serediň).

6 Geliň, Mukaddes Kitaba gowy düşünmäge kömek etjek ýene iki maslahata seredeliň. Birinjiden, özüňize sorag beriň. Mysal üçin, bu waka kim hakda? Waka nirede we haçan boldy? Onda näme barada aýdylýar we näme üçin? Şeýle soraglar size okaýan zatlaryňyzyň esasy pikirine düşünmäge kömek eder. Ikinjiden, gysgaça bellik ediň. Bellikler okaýan zadymyz hakda çuňňur oýlanmaga kömek edýär. Biz okanymyzda döreýän soraglary, gözleg geçirenimizde tapan pikirlerimizi, wakanyň bize nähili täsir edendigini we öwrenýän zadymyzy nädip durmuşymyzda ulanyp biljekdigimizi belläp bileris. Şeýle bellikleri etsek, okan zadymyz ýatdan çykmaz we Hudaýyň Sözi ýörite biziň üçin ýazylan ýaly bolar.

7. Mukaddes Kitaba düşünmek üçin haýsy häsiýet gerek we näme üçin? (Mat. 24:15).

7 Isa Mukaddes Kitaba düşünmek üçin bir wajyp häsiýetiň, ýagny düşgürligiň gerekdigini aýtdy (Matta 24:15-i okaň). Düşgürlik näme? Düşgürlik bir pikiri başga bir pikir bilen baglanyşdyrmagy, olaryň tapawudyny bilmegi we çuň pikirleri tapyp bilmekligi aňladýar. Isa Mukaddes Kitapdaky pygamberliklere düşünmek üçin hem düşgürligiň gerekdigini belläp geçdi. Hawa, düşgürlik Mukaddes Kitabyň her bir aýadyna çuňňur düşünmäge kömek edýär.

8. Düşgürligi ösdürmek üçin näme etmeli?

8 Düşgürlik häsiýetini ösdürmek üçin Ýehowa doga edip kömek soramaly (Nak. 2:6). Ýöne biz öz tarapymyzdan hem tagalla etmeli. Biz okan zadymyz hakda oýlanmaly we öňki bilýän zatlarymyz bilen nähili baglanyşygynyň bardygyna düşünjek bolmaly. Bu babatda bize «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlary boýunça gollanma» kömek edýär. Şeýle edebiýatlar arkaly biz okaýan zadymyzyň manysyna düşüneris we ony durmuşymyzda ulanmagy öwreneris (Ýew. 5:14). Hawa, düşgürlik Hudaýyň Sözüne has gowy düşünmäge kömek edýär.

RUHY DÜRDÄNELERI GÖZLÄŇ

9. Saddukeýler Töwratdaky haýsy taglymaty inkär edýärdiler?

9 Saddukeýler Töwrat kitabyny suw içen ýaly bilýärdiler, ýöne ondaky taglymatlary inkär edýärdiler. Bir gezek olar Isadan direliş hakda soraýarlar. Isa olara şeýle jogap berdi: «Siz Musanyň kitabyndan ýanyp duran ýandak baradaky wakany okamadyňyzmy? Şonda Hudaý Musa: „Men Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýy“ diýipdi» (Mar. 12:18, 26). Saddukeýler Töwrat kitabyny köp okasa-da, Isanyň aýdan sözleri olaryň direliş hakdaky taglymaty gözden salýandygyny görkezýärdi d (Mar. 12:27; Luka 20:38).

10. Saddukeýler bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?

10 Saddukeýler bilen bolan wakadan näme öwrenýäris? Biz Mukaddes Kitaby okanymyzda aýatlary içgin öwrenip, durmuşymyzda ulanasymyz gelýär. Şonuň üçin aýatlardaky diňe göze görünýän kanunlary däl-de, gizlin ýatan çuň pikirleri we prinsipleri tapmaga jan edeliň.

11. 2 Timoteos 3:16, 17-nji aýatlar ruhy dürdäneleri tapmaga nädip kömek edýär?

11 Hudaýyň Sözüni okanymyzda gizlin ýatan ruhy dürdäneleri nädip tapmaly? Bize 2 Timoteos 3:16, 17-nji aýatlar (okaň) kömek edýär. Üns beren bolsaňyz, aýatda «Mukaddes kitaplaryň ählisi... peýdalydyr» diýilýär. Olar bize öwredýär, käýeýär, dogry ýola getirýär we terbiýeleýär. Birinjiden, Hudaýyň Sözüni okanyňyzda Ýehowa we onuň niýetleri hakda näme öwrenendigiňizi biljek boluň. Soňra okan aýatlaryňyzyň size nädip käýeýändigini, ýagny nädogry garaýşyňyzy we häsiýetleriňizi anyklamaga hem-de üýtgemäge nädip kömek edýändigine düşünjek boluň. Üçünjiden, adamlaryň nädogry garaýşyny düzetmäge, olary dogry ýola salmaga nädip kömek edýändigini biljek boluň. Şeýle-de okan aýatlarymyzyň bizi nädip terbiýeleýändigine, ýagny Ýehowadan görelde alyp, ähli zada onuň gözi bilen seretmäge nädip kömek edýändigine düşünjek boluň. Şu dört ädimi hatda seýrek salgylanýan aýatlarymyzda hem ulanyp bilýäris. Şu maslahatlara eýersek, ruhy dürdäneleri taparys we Mukaddes Kitaba has gowy düşüneris.

OKAN ZATLARYŇYZY DURMUŞYŇYZDA ULANYŇ

12. Isa näme üçin fariseýlerden: «Okamadyňyzmy?» diýip sorady?

12 Bir gün fariseýler Isanyň şägirtlerini Sabat gününi bozmakda aýyplaýarlar. Şonda Isa olardan hem: «Töwratdan okamadyňyzmy?» diýip soraýar e (Mat. 12:1—7). Soňra ol Mukaddes Kitapdan iki sany mysal getirip, Hoşeýa pygamberiň sözlerine salgylanýar. Isanyň aýdan sözleri fariseýleriň Sabat gününiň düýp manysyna düşünmeýändigini we doňýürek bolandyklaryny görkezýärdi. Fariseýler näme üçin okan zadyna eýermeýärdi? Sebäbi olar tekepbirdi we Mukaddes Kitaby adamlaryň kemçiliklerini tapmak üçin okaýardy. Görşümiz ýaly, fariseýler Hudaýyň Sözüni nädogry niýet bilen okandygy üçin, onuň manysyna düşünip bilmediler (Mat. 23:23; Ýah. 5:39, 40).

13. Mukaddes Kitaby nähili niýet bilen okamaly we näme üçin?

13 Isanyň sözlerinden görnüşi ýaly, Mukaddes Kitaby dogry niýet bilen okamaly. Biz fariseýlere meňzemeli däl, gaýtam öwrenýän zatlarymyza eýerjek bolmaly. Biz «ýüregimize guýlan sözi pesgöwünli kabul etmeli» (Ýak. 1:21). Eger biz pesgöwünli bolsak, Hudaýyň sözi ýüregimizde kök urar. Diýmek, Hudaýyň Sözüni gowy niýet bilen okasak, Mukaddes Kitapdaky wakalar bize rehimdarlyk, duýgudaşlyk we söýgi ýaly häsiýetleri ösdürmäge kömek eder.

Öwrenýän zadymyzy durmuşymyzda ulanýandygymyz nämeden görünýär? (14-nji abzasa serediň) f.

14. Öwrenýän zadymyzy durmuşymyzda ulanýandygymyz nämeden görünýär?

14 Fariseýler öwrenýän zatlaryny ýürekden kabul etmediler, şol sebäpli bigünä adamlary ýazgarýardylar (Mat. 12:7). Şonuň ýaly biziň hem öwrenýän zatlarymyzy durmuşymyzda ulanýandygymyzy adamlar bilen gatnaşygymyzdan görse bolýar. Munuň üçin özümize şeýle soraglary berip bileris: Men adamlaryň kemçiliklerine üns berýärinmi ýa-da gowy häsiýetlerine? Men tankytçyl, öýkelekmi ýa-da rehimdar, geçirimli adammy? Şeýle soraglar okaýan zatlarymyzyň pikirimize, duýgularymyza we durmuşymyza nähili täsir edýändigini bilmäge kömek eder (1 Tim. 4:12, 15; Ýew. 4:12).

OKAMAK ŞATLYK BERÝÄR

15. Isa Hudaýyň sözüne nähili garaýardy?

15 Isa Hudaýyň Sözüni gowy görýärdi, ony höwes bilen öwrenýärdi. Muny Zebur 40:8-däki sözlerden görse bolýar. Ol ýerde: «Eý Hudaýym, islegiňi berjaý edip şatlanýaryn. Kanunyň ganyma siňendir» diýilýär. Hudaýyň sözüne bolan güýçli söýgi, Isa bagtly bolmaga we Ýehowa soňuna çenli wepaly galmaga kömek etdi. Bizem Mukaddes Kitaby höwes bilen öwrensek, häzirden bagtly bolarys we ähli işlerimizde üstünlik gazanarys (Zeb. 1:1—3).

16. Mukaddes Kitaby çuňňur öwrenmek üçin näme etmeli? (« Isanyň aýdan sözleri okaýan zadymyza düşünmäge kömek edýär» diýen çarçuwa serediň).

16 Isanyň aýdan sözleri we göreldesi bize Mukaddes Kitaby dykgatly okamaga kömek edýär. Hudaýyň Sözüni okanymyzda doga etsek, howlukman okasak, özümize sorag bersek we gysgaça bellik etsek, oňa gowy düşüneris. Düşgürlik häsiýeti okan zatlarymyz hakda çuňňur oýlanmaga we edebiýatlarymyzdan gözleg geçirmäge kömek edýär. Okanymyzda ruhy dürdäneleri gözlesek, seýrek salgylanýan aýatlarymyzy hem ökdelik bilen ulanyp bileris. Mukaddes Kitaby dogry niýet bilen okanymyzda bolsa, öwrenen zatlarymyzy durmuşymyzda ulanyp bilýäris. Geliň, şu maslahatlara eýerip Mukaddes Kitaby dykgatly okalyň we Ýehowa Hudaý bilen dostlugymyzy has-da berkideliň (Zeb. 119:17, 18; Ýak. 4:8).

95-NJI AÝDYM Hakykat barha nur saçýar

a Ýehowanyň Şaýatlary Mukaddes Kitaby okamagy gowy görýär. Ony başga adamlar hem okaýar. Ýöne käbirleri Mukaddes Kitaby okasa-da düşünmeýär. Isanyň günlerinde-de şeýle bolupdy. Biz Isanyň Mukaddes Kitaby okamak barada aýdan sözlerini öwrensek, Hudaýyň Sözüni dykgatly okap bileris.

b Isa suwa çümdürilip, mukaddes ruh inende, gökdäki ýaşaýşy ýadyna düşen bolmaly (Mat. 3:16).

c Merýem Mukaddes Kitaby gowy bilýärdi (Luka 1:46—55). Ýusup bilen Merýemiň Mukaddes Kitaby satyn almaga ýagdaýy ýokdy. Şonuň üçin sinagogada Hudaýyň Sözi okalanda, olar ünsli diňläp aýatlary ýat tutýardylar.

d 2013-nji ýylyň 1-nji fewralynda çykan «Garawul diňi» žurnalynyň «Hudaýa ýakynlaşyň. Ol... dirileriň Hudaýy» diýen makalasyna serediň.

e Matta 19:4—6-njy aýatlarda hem Isa fariseýlerden: «Okamadyňyzmy?» diýip sorapdy. Olar ilkinji ynsan maşgalasynyň döreýşi hakda okasa-da, Hudaýyň nika babatdaky garaýşyny inkär edýärdiler.

f SURAT: Ýygnak jaýynda wideo we ses ýazga jogapkär dogan birnäçe ýalňyşlyk goýberýär. Ýygnakdan soň doganlar oňa käýemän, gaýtam, eden tagallasy üçin öwýärler.