Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

5-NJI MAKALA

27-NJI AÝDYM Hudaýyň perzentleri äşgär bolar

Ýehowa halkyny hiç haçan terk etmez

Ýehowa halkyny hiç haçan terk etmez

«Hudaý: „Men seni terk etmerin, hiç wagt taşlamaryn“ diýendir» ​(Ýew. 13:5).

ESASY PIKIR

Saýlanan mesihçileriň hemmesi göge alnandan soň, Ýehowanyň bize görkezme berjekdigine ynamly bolup bileris.

1. Saýlanan mesihçileriň iň soňkusy haçan göge alnar?

 SAÝLANAN mesihçileriň iň soňkusy haçan göge alnar? Ençeme ýyllaryň dowamynda Hudaýyň halky şu soragyň jogabyny bilmek isleýärdi. Öň saýlanan mesihçileriň käbiri Armageddon söweşinden soň az wagtlyk Jennetde ýaşar diýip pikir edýärdik. Emma 2013-nji ýylyň 15-nji iýulynda çykan «Garawul diňi» žurnalynda saýlanan mesihçileriň ählisiniň Armageddon söweşinden öň göge alynjakdygy ýazylypdy (Mat. 24:31).

2. Nähili soragyň döremegi mümkin we makalada näme hakda gürrüň ederis?

2 Uly betbagtçylykda saýlanan mesihçileriň ählisi göge alynsa, ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän adamlara kim görkezme berer? (Ýah. 10:16; Mat. 24:21). Belki, şol döwür käbir dogan-uýalar aladalanyp, özüni ýeke-ýalňyz duýarlar. Megerem, olar Mukaddes Kitabyň käbir wakalary hakda oýlanyp, özüni ýalňyz duýarlar. Geliň, şol wakalaryň ikisi hakda gürrüň edeliň we näme üçin biynjalyk bolmaly däldigini bileliň.

ULY MÄREKÄ NÄME BOLMAZ?

3, 4. Käbirleri nähili pikir edýär we näme üçin?

3 Käbirleri Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalary bolmasa, ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän adamlar Hudaýa gulluk etmegini bes ederler diýip pikir edýär. Belki, olaryň şeýle pikir etmegine Mukaddes Kitabyň iki wakasy sebäp bolandyr. Geliň, olaryň birinjisine seredeliň. Baş ruhany Ýehoýada hak Alla wepaly gulluk edýärdi. Ýehoýada we aýaly Ýehoşabet ýaşajyk şazadany zalym Atalýanyň elinden halas edýär. Är-aýal Ýehoýaş şazadany öz ogly ýaly terbiýeleýär we adalatly patyşa edip ýetişdirýär. Ýehoýada dirikä, Ýehoýaş hak Allany razy edip ýaşaýardy. Emma Ýehoýada aradan çykansoň, ol hakykat ýolundan sowulýar. Ýehoýaş zalym han-begler bilen dostlaşýar we Ýehowadan ýüz öwürýär (2 Tar. 24:​2, 15—​19).

4 Geliň, indi ikinji waka seredeliň. I asyrda ýaşan resullaryň arasynda iň uzak ömür süreni Ýahýadyr. Ol mesihçiler ýygnagynyň diregidi we imandaşlarynyň köpüsine Hudaýa wepaly bolmaga kömek etdi (3 Ýah. 4). Ýahýa hem beýleki resullar ýaly, ömrüniň ahyryna çenli imandan dänenlere garşy göreşdi (1 Ýah. 2:18; 2 Sel. 2:7). Emma Ýahýa aradan çykansoň, imandan dänenleriň taglymaty «ot» kimin tutaşdy. Birnäçe ýylyň içinde mesihçiler ýygnagy imandan dänenleriň taglymatyndan doldy.

5. Iki wakadaky ýagdaýlar Armageddonyň öň ýanynda-da bolarmy?

5 Şu iki wakadaky ýagdaý saýlanan mesihçiler göge alnansoň hem bolarmy? Ýehoýaşyň günlerinde we b. e. II asyrynda bolşy ýaly, Armageddonyň öň ýanynda mesihçiler Hudaýdan daşlaşarmy, erbetlige baş goşarmy? Elbetde, ýok! Biz şol döwür ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän mesihçileriň Ýehowa arassa sežde etjekdigine we olara görkezme beriljekdigine ynamly bolup bileris. Näme üçin?

ARASSA SEŽDE HAPALANMAZ

6. Biz haýsy üç döwür hakda gürrüň ederis?

6 Biz geljekde boljak agyr günlerde arassa seždäniň hapalanmajakdygyna ynamly bolup bileris. Sebäbi Mukaddes Kitapda biziň döwrümiziň gadymy ysraýylyň we II asyrdaky mesihçileriň döwründen düýbünden tapawutlanjakdygy ýazylan. Geliň, 1) gadymy ysraýylyň döwri, 2) resullar aradan çykandan soňky döwür we 3) «ähli zadyň dikeldiljek» döwri hakda gürrüň edeliň (Res. 3:​21).

7. Patyşalar we halk Ýehowadan ýüz öwrende wepaly adamlar näme üçin ruhdan düşmedi?

7 Gadymy ysraýylyň döwri. Musa pygamber ysraýyllara: «Ölenimden soň, siziň azyp, öwreden ýolumdan sowuljakdygyňyzy bilýärin» diýdi (5 Mus. 31:29). Şeýle-de olara Hudaýa gulak asmasalar, sürgün ediljekdiklerini aýtdy (5 Mus. 28:35, 36). Musa pygamberiň aýdyşy ýaly hem boldy. Asyrlarboýy Ysraýylyň patyşalary Ýehowany äsgermediler, kada-kanunlaryny berjaý etmediler, halky azdyrdylar we dogry ýoldan sowdular. Ýehowa hem boýnuýogyn patyşalardan we halkdan ýüz öwürdi (Hyz. 21:25—​27). Käbir Hudaýa wepaly ysraýyllar pygamberlikleriň ýerine ýetýändigini görenlerinde, olaryň imany berkedi (Işa. 55:10, 11).

8. II asyrda mesihçiler ýygnagynyň dargamagyna geň galmalymy? Düşündiriň.

8 Resullar aradan çykandan soňky döwür. Biz II asyrda mesihçiler ýygnagynyň dargamagyna geň galmaýarys. Sebäbi Isa pygamber köp adamlaryň imandan dänjekdigini aýdypdy (Mat. 7:​21—​23; 13:24—​30, 36—​43). Pawlus, Petrus we Ýahýa resullar Isa pygamberiň sözleriniň I asyrda ýerine ýetip başlandygy hakda ýazdylar (2 Sel. 2:​3, 7; 2 Pet. 2:1; 1 Ýah. 2:18). II asyrda mesihçiler ýygnagy dargaýar, imandan dänenleriň taglymaty ýaýrap, hristian dini döreýär. Ol ýalan diniň dünýä imperiýasy bolan Beýik Wawilonyň esasy bölegi bolýar. Şeýlelikde, Isa pygamberiň aýdan sözleri ýerine ýetýär.

9. Biziň döwrümiz gadymy iki döwürden nämede tapawutlanýar?

9 «Ähli zadyň dikeldiljek» döwri. Biziň döwrümiz gadymy ysraýylyň we II asyrdaky imandan dänenleriň döwründen düýbünden tapawutlanýar. Biziň günlerimize nähili döwür diýilýär? Belki, siz «soňky günler» diýip jogap berersiňiz (2 Tim. 3:1). «Soňky günler» 1914-nji ýylda başlandy. Emma Mukaddes Kitapda şol ýylda başga bir döwrüň başlandygy aýdylýar. Oňa «ähli zadyň dikeldiljek» döwri diýilýär (Res. 3:​21). Şol döwür gökde Hudaýyň Patyşalygy dikeldildi. Ýehowa Dawut patyşanyň mirasdüşeri Isa Mesihi tagta çykardy. Şeýle-de Ýehowa arassa seždäni dikeldip başlady (Işa. 2:​2—4; Hyz. 11:17—​20). Şol döwür Mesihi Patyşalyk adamlary kämillige ýetirip, bütin ýer ýüzüni Jennete öwürýänçä dowam eder. Arassa sežde ýene-de hapalanarmy?

10. a) Mukaddes Kitapda arassa sežde barada nähili pygamberlik ýazylan? (Işaýa 54:17). b) Pygamberligiň ýerine ýetmegi sizi näme üçin begendirýär?

10 Işaýa 54:17-ni okaň. Şu günler: «Saňa garşy ýasalan ýarag derde ýaramaz» diýen pygamberlik ýerine ýetýär. Şeýle-de Işaýa 54:13, 14-nji aýatlardaky: «Ähli ogullaryň Ýehowadan tälim alarlar, bol parahatlykda ýaşarlar. Düýbüň adalat bilen tutular... Hiç zatdan gorkmarsyň, heder etmersiň, gorkynyň nämedigini bilmersiň» diýen pygamberlik hem ýerine ýetýär. Biz akýürekli adamlara hak Alla barada gürrüň berýäris. Bize şu dünýäniň taňrysy Şeýtanam päsgel berip bilmeýär (2 Kor. 4:4). Arassa sežde dikeldildi. Ol hiç haçan hapalanmaz. Adamlar Ýehowa ebedilik sežde eder. Dogrudan-da, bize «garşy ýasalan ýarag derde ýaramaz».

ULY MÄREKE HALAS BOLAR

11. Saýlanan mesihçileriň ählisi göge alnandan soňra, Hudaýyň halkynyň terk edilmejekdigine näme üçin ynamly bolup bileris?

11 Saýlanan mesihçileriň ählisi göge alnandan soňra, Hudaýyň halkyna näme bolar? Unutmaň, Isa Mesih biziň Çopanymyz, ýygnagyň Başy. Onuň özi: «Siziň ýeke-täk Ýolbaşçyňyz bar, ol Mesihdir» diýdi (Mat. 23:10). Beýik Patyşa Isa biziň her birimiziň ýürekden aladamyzy edýär. Şol sebäpli biz hiç kimden, hiç zatdan gorkmaýarys. Elbetde, biz şol döwür Isa Mesihiň nädip ýol görkezjekdigini bilmeýäris. Emma Mukaddes Kitapda Ýehowanyň halkyny terk etmändigi barada ençeme wakalar ýazylan. Geliň, olaryň käbirine seredeliň.

12. a) Musa pygamber aradan çykansoň, Ýehowa halkyny ýeke goýdumy? b) Ylýas pygamber Ýahuda gidensoň, Ýehowa halkynyň aladasyny nädip etdi? (Surata serediň).

12 Ysraýyl halky Wada edilen ýurda girmänkä, Musa pygamber aradan çykýar. Indi Hudaýyň halkyna kim ýolbaşçylyk eder? Ýehowa wepaly halkyny hiç haçan taşlamaz. Musa pygamber Ýuşa birnäçe ýyllap tälim berýär (2 Mus. 33:11; 5 Mus. 34:9). Musa aradan çykmanka, Ýehowa oňa Ýuşany baştutan edip saýlamagy tabşyrdy. Şeýle-de ysraýyl halkynyň aladasyny etjek paýhasly, başarjaň müňbaşylar, ýüzbaşylar, ellibaşylar we onbaşylar bardy (5 Mus. 1:​15). Hawa, Ýehowa halkynyň aladasyny etdi. Şeýle ýagdaý Ylýas pygamberiň döwründe-de bolupdy. Ol Ysraýylda arassa seždäniň dikeldilmegi üçin elinde baryny etdi. Bir gün Ýehowa Ylýas pygambere Ýahudada gulluk etmegi tabşyrýar (2 Pat. 2:1; 2 Tar. 21:12). Ýöne Ýehowa on taýpaly ysraýyl halkyny ýeke goýmady. Ol Ylýasa derek Alyşany pygamber edip belledi. Ylýas pygamber Alyşa köp zatlary öwredýär. Şol döwür ýörite tälim alan «pygamber ogullary» hem bardy (2 Pat. 2:7). Görşümiz ýaly, Hudaýyň halkynyň aladasyny etjek wepaly adamlar köpdi. Ýehowa olar arkaly halkyna görkezme berdi.

Musa pygamber (çepde) Ýuşa we Ylýas pygamber (sagda) Alyşa tälim berýär (12-nji abzasa serediň).


13. Ýewreýler 13:5-de Ýehowa nämäni wada berýär? (Surata serediň).

13 Saýlanan mesihçileriň ählisi göge alnansoň, bize alada etmek, howsala düşmek gerek bolmaz. Sebäbi Ýehowa: «Seni... hiç wagt taşlamaryn» diýip wada berýär (Ýewreýler 13:5-i okaň). Saýlanan mesihçiler Musa we Ylýas pygamberiň göreldesine eýerýärler. Olar adamlara tälim bermegiň wajypdygyna düşünýärler. Ýolbaşçylyk maslahaty ençeme ýyldan bäri ýer ýüzünde ýaşajak doganlara tälim berýär. Meselem: ýaşulular, etrap gözegçileri, filial komitetiniň agzalary, Beýtel gözegçileri üçin we başga-da mekdepleri geçirýärler. Şeýle-de Ýolbaşçylyk maslahatynyň her bir agzasy dürli komitetlerde gulluk edýän doganlara köp zatlary öwredýär. Şol doganlar häzirden guramada köp borçlary ýerine ýetirýär. Olar saýlanan mesihçiler göge alnandan soň hem Hudaýyň halkynyň ýürekden aladasyny eder.

Ýolbaşçylyk maslahaty dünýäniň dürli künjeginde gulluk edýän ýaşululara, etrap gözegçilerine, filial komitetiniň agzalaryna, Beýtel gözegçilerine we missionerlere tälim berýär (13-nji abzasa serediň).


14. Makalada näme hakda gürrüň etdik?

14 Diýmek, uly betbagtçylygyň ahyrynda saýlanan mesihçileriň ählisi göge alnandan soň, ýer ýüzünde ýaşajak adamlar Hudaýa arassa sežde ederler. Olar Isa Mesihiň ýolbaşçylygy astynda Ýehowany razy edip ýaşarlar. Mäjit ýurdundaky Äjit, ýagny milletleriň üýşmegi Hudaýyň halkyna topular (Hyz. 38:18—​20). Ýöne üstünlik gazanmaz, arassa seždäni ýok edip bilmez, sebäbi Ýehowa halkyny gorar. Ýahýa resul görnüşinde «uly märekäniň» «uly betbagtçylykdan» sag-aman çykyp gelýänini görýär (Ylh. 7:​9, 14). Hawa, Gudratygüýçli Ýehowa halkyny halas eder!

15, 16. Ylham 17:14-e görä, saýlanan mesihçiler Armageddon söweşinde näme eder we biz muňa näme üçin begenýäris?

15 Saýlanan mesihçiler göge alnansoň näme eder? Olara möhüm ýumuş tabşyrylar. Olar «Guzy», ýagny Isa Mesih bilen söweşe gatnaşar. Syýasy ýolbaşçylar Isa Mesih bilen söweşer, ýöne olar ýeňler. Sebäbi Mukaddes Kitapda: «Guzy... olary ýeňer» diýilýär. Isa Mesihe «Hudaýyň çagyranlary, saýlanlary we wepalylary» kömek eder (Ylham 17:14-i okaň). Saýlanan mesihçileriň käbiri Ýehowanyň Şaýady bolmazdan öň söweşe gatnaşdylar, harby goşunda gulluk etdiler. Olar Ýehowany tanandan soňra eline ýarag almadylar we parahat ýaşamagy öwrendiler (Gal. 5:​22; 2 Sel. 3:​16). Saýlanan mesihçiler göge alnandan soňra Isa Mesih we perişdeler bilen Hudaýyň duşmanlaryna garşy soňky sapar söweşerler.

16 Häzir saýlanan mesihçileriň köpüsi garradylar, güýç-gurbatdan gaçdylar. Ýöne olar göge galandan soň güýç-kuwwatly ruhy şahsyýet bolar we baky ýaşar. Olar Serkerde Isa Mesih bilen söweşe gatnaşar. Armageddon söweşi tamamlanandan soň, olar adamlara kämil bolmaga kömek eder. Diýmek, saýlanan mesihçiler gelejekde bize has gowy kömek edip biler.

17. Armageddon söweşinde Hudaýyň wepaly bendelerine hiç hili zyýan ýetmejegini nireden bilýäris?

17 Armageddon söweşi döwründe uly märeke näme etmeli? Olar Ýehowa bil baglamaly we her bir görkezmesine eýermeli. Ýehowa Sözi arkaly şeýle diýýär: «Içki otaglaryňyza giriň, gapylaryňyzy gulplaň. Gaharym köşeşýänçä, az salym gizleniň» (Işa. 26:20). Armageddon söweşinde Ýehowanyň wepaly bendeleriniň hiç birine zyýan ýetmez. Pawlus resul ýaly bizi «Hudaýyň söýgüsinden... ne häkimiýetler, ne häzirki zatlar, ne gelejekki zatlar... aýra salyp biler... Hudaýyň söýgüsinden hiç zadyň aýra salyp bilmejekdigine berk ynanýarys» (Rim. 8:​38, 39). Mähriban dogan-uýalar, Ýehowa sizi ýürekden söýýär, Ol sizi hiç haçan taşlamaz!

SAÝLANAN MESIHÇILERIŇ ÄHLISI GÖGE ALNANDAN SOŇ...

  • uly märekä näme bolmaz?

  • arassa seždäniň hapalanmajakdygyna näme üçin ynamly bolup bileris?

  • Ýehowanyň uly märekäni halas etjekdigine näme üçin şübhelenmän bileris?

8-NJI AÝDYM Ýehowa penamyz