Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

GÖZLEG GEÇIRIŇ

Dürdäne pikirleri tapyň we olara eýeriň

Dürdäne pikirleri tapyň we olara eýeriň

Biz Mukaddes Kitapdan dürdäne pikirleri tapmak üçin gözleg-barlag geçirmeli. Okaýan zatlarymyzdan peýdalanmaga aşakdaky maslahatlar kömek eder:

Çuňňur gözleg geçiriň. Okaýan wakaňyzdaky jikme-jiklikler hakda gözleg-barlag geçiriň. Şu soraglara jogap tapjak boluň: şu wakany kim we kime ýazdy? Haçan we haýsy döwürde ýazdy? Wakadan öň we soň näme boldy?

Özüňize degişli ýeri barada oýlanyň. Özüňize şu soraglary beriň: wakadaky adamlar nähili duýgulary başdan geçirdi? Olaryň nähili häsiýetleri bar? Men olaryň göreldesine eýermek ýa-da ýalňyşyndan sapak edinmek üçin näme etmeli?

Durmuşda ulanyň. Öwrenen zadyňyzy wagyz edeniňizde we adamlar bilen iş salşanyňyzda ulanyň. Şonda siz akyldar Hudaýyň göreldesine eýerip bilersiňiz. Mukaddes Kitapda: «Paýhasly adam şu zatlara üns bersin» diýilýär (Zeb. 107:43).

  • Maslahat: «Mesihçileriň durmuşy we wagzy» duşuşygynyň «Hudaýyň Sözündäki hazynalar» bölümindäki maglumatlary ünsli okaň hem-de durmuşda nädip ulanyp biljekdigiňiz hakda oýlanyň. Şu bölümde oýlanmak üçin soraglar, pikirler we suratlar getirilýär.