Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

TERJIMEHAL

Ýehowa ýörejek ýolumy görkezdi

Ýehowa ýörejek ýolumy görkezdi

MEN 16 ýaşymda nähili ýaşajagymy we nirede işlejegimi saýladym. Men kärimi gowy görýärdim, ony hiç zada çalşasym gelmeýärdi. Emma Ýehowa maňa başga ýumuş tabşyrdy. Ol «düşünje berjekdigini, ýörejek ýolumy görkezjekdigini» wada berdi (Zeb. 32:8). Men Afrikada 52 ýyl gulluk etdim. Şonda köp bereket aldym.

ANGLIÝADAN «AFRIKANYŇ ÝÜREGINE» GELDIK

Men 1935-nji ýylda Angliýanyň Darlaston şäherinde dünýä indim. Men 4 ýaşlarymda ene-atam Ýehowanyň Şaýatlary bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlady. 14-15 ýaşlarymda Ýehowanyň Şaýatlarynyň öwredýän zatlarynyň hakykatdygyna göz ýetirdim. Men 16 ýaşymda, ýagny 1952-nji ýylda Ýehowa özümi bagyş edip suwa çümdürildim.

Men şol döwürler ussalaryň gurallaryny we awtoulaglaryň şaýlaryny çykarýan zawoda işe girdim. Men işimi gowy görýärdim, şonuň üçin zawodda ýokary wezipede işlemek üçin tälim aldym.

Men Willenhollda ýaşaýardym. Emma Bromsgrowda işleýärdim we şol ýerde Kitap duşuşygyna gatnaşýardym. Bir gün etrap gözegçisi Willenholldaky ýygnakda Kitap duşuşygyny geçirmegi haýyş etdi. Men näme etjegimi bilmedim, sebäbi ol Bromsgrowdan 32 kilometr uzaklykda ýerleşýärdi. Men diňe dynç günleri öýüme barýardym we Willenholldaky ýygnaga gatnaşýardym.

Men etrap gözegçisiniň teklibini kabul etdim, sebäbi Ýehowanyň elinde peýdaly gural bolasym gelýärdi. Men gowy görýän işimden hem çykdym we Ýehowanyň tabşyran işlerinden köp şatlyk tapdym. Men özümi bagtly duýýaryn, gelen kararyma hiç haçan ökünmeýärin.

Men Bromsgrowdaky ýygnaga barýan wagtlarym Anna uýa bilen tanyşdym. Ol mähirlidi, imany berkdi we Ýehowany ýürekden söýýärdi. Biz 1957-nji ýylda toý etdik. Soňra pioner, ýörite pioner, etrap gözegçisi bolup gulluk etdik. Biz Beýtelde-de gulluk etdik. Anna meniň bagtyma bagt goşdy.

1966-njy ýylda bizi Gilead mekdebiniň 42-nji klasynda okamaga çagyrdylar. Gilead mekdebini tamamlanymyzdan soň, bizi Malawi döwletine bellediler. Ol ýere «Afrikanyň ýüregi» diýilýärdi. Malawiniň halky güler ýüzli, myhmansöýerdi. Emma biz ol ýerde köp gulluk edip bilmedik.

HOWSALALY DÖWÜRDE MALAWIDE

Keýzer jip maşynymyz bilen Malawide

Biz ol ýere 1967-nji ýylyň 1-nji fewralynda bardyk. Biz bir aý dil öwrendik, soňra welaýat gözegçisi bolup gulluk edip başladyk. Biziň jip maşynymyz bardy. Onuň bilen akanak-çukanak ýollardan, derýalardan geçip bileris öýdýärdik, ýöne pikir edişimiz ýaly bolmady. Biz diňe ýalpak suwlardan geçip bildik. Käte biz palçykdan salnan, üçegi samandan edilen jaýda ýaşaýardyk. Güýçli ýagyş ýaganda ezilmez ýaly içinde çadyr gurýardyk. Kynçylyk üstüne kynçylyk bolsa-da, biz gullugymyzy gowy görýärdik.

Men aprel aýynda Malawiniň prezidenti Hastings Bandanyň çykyşyny diňledim. Ol radioda Ýehowanyň Şaýatlarynyň salgyt tölemeýändiklerini, syýasata goşulýandyklaryny aýtdy. Elbetde, onuň aýdýanlary ýalandy! Biz bitaraplygy saklaýardyk we hiç bir partiýanyň agzasy bolmaýardyk.

Biz sentýabr aýynda gazetde prezidentiň çykyşy barada okadyk. Ol ýurtda bolýan kynçylyklaryň ählisine Ýehowanyň Şaýatlarynyň günäkärdigini we tizden olaryň işini gadagan etjekdigini aýdypdyr. Şeýlelikde, 1967-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda wagyz işi gadagan edildi. Tizden organ işgärleri Beýteli ýapdylar we missionerleri ýurtdan çykardylar.

Bizi we missionerler Jek bilen Linda Ýohanssonlary tussag etdiler hem-de Malawiden çykardylar (1967)

Bizi üç gün tussaglykda sakladylar, soňra ýurtdan çykardylar we Mawrikiýa ugratdylar. Emma Mawrikiýanyň hökümeti hem missionerleri ýurduna kabul etmedi. Şol sebäpli bizi Rodeziýa (häzirki Zimbabwe) ugratdylar. Ol ýerde Ýehowanyň Şaýatlaryny ýigrenýän organ işgäri şeýle diýdi: «Siz Malawi döwletinden kowuldyňyz, Mawrikiýa kabul edilmediňiz. Bärde sizi gujak açyp garşy alarys öýdýäňizmi?!» Şonda Anna aglap başlady. Men bolsa hemme zady taşlap, dogduk mekanym Angliýa gaýdasym geldi. Biz özümizi hiç kime gereksiz duýduk. Organ işgärleri bize: «Ertir hökman gelersiňiz» diýip, şol güni filialda galmaga rugsat berdiler. Biz halys tapdan düşdük, güýç-gurbatymyz galmady, ýöne Ýehowa bil bagladyk, çykalga tapyp berjegine ynanýardyk. Ertesi gün garaşylmadyk habar eşitdik, bize syýahatçy hökmünde Zimbabwede galmaga rugsat berdiler. Şol günki begenjimi hiç haçan unutmaryn! Men Ýehowanyň beren wadasynda durup ýol görkezýändigine doly göz ýetirdim.

ZIMBABWEDEN MALAWIDÄKI DOGAN-UÝALARA KÖMEK ETDIK

Men Anna bilen Zimbabwedäki Beýtelde (1968)

Meni Zimbabwede Gulluk bölümine bellediler. Maňa Malawidäki we Mozambikdäki dogan-uýalara kömek etmek tabşyryldy. Malawidäki dogan-uýalary güýçli yzarlaýardylar. Men etrap gözegçilerinden gelen hatlary terjime edýärdim. Bir güni ýarygijä çenli işledim. Şonda Malawidäki dogan-uýalara sütem edilýändigi hakda okap, gözýaşymy saklap bilmedim *. Emma olaryň berk imany, çydamlylygy we Ýehowa wepalylygy meni örän ruhlandyrdy (2 Kor. 6:4, 5).

Biz yzarlamalar sebäpli Malawiden Mozambige gaçyp giden we Malawide galan dogan-uýalaryň aladasyny etdik. Olara wagtly-wagtynda edebiýatlarymyzy ýetirip durduk. Malawide adamlaryň köpüsi çiçewa dilinde gepleýärler. Mukaddes Kitaba esaslanan edebiýatlar çiçewa dilinde yzygiderli terjime ediler ýaly, Zimbabwede ýaşaýan bir dogan uly fermasyny berdi. Biz ol ýerde terjimeçiler üçin ýaşar ýaly ýer we işlär ýaly ofisleri döretdik.

Zimbabwede her ýyl çiçewa dilinde welaýat kongresi geçirilýärdi. Biz Malawide gulluk edýän etrap gözegçilerini kongrese çagyrýardyk. Olar yzyna baranlarynda dogan-uýalary ruhlandyryp biler ýaly kongresiň nutuklarynyň meýilnamalaryny berýärdik. Bir gezek Zimbabwe gelen batyrgaý etrap gözegçileri ruhlandyryp berkitmek üçin Patyşalyk gullugynyň mekdebini hem gurnadyk.

Zimbabwede çiçewa we şona dilinde geçirilen kongres. Men çiçewa dilinde nutuk bilen çykyş edýärin

1975-nji ýylyň fewralynda Mozambigiň gaçgaklar lagerinde ýaşaýan dogan-uýalary görmäge bardym. Olar Malawiden gaçyp gelipdiler. Gaçgaklar lagerindäki dogan-uýalar guramanyň berýän her bir görkezmesine doly eýerýärdiler. Ol ýerde ýaşulular maslahaty hem bardy. Täze bellenen ýaşulular jemagat nutuklary bilen çykyş edýärdiler, dogan-uýalar bilen her günki aýady okaýardylar, «Garawul diňi» duşuşygyny, hatda etrap kongreslerini hem geçirýärdiler. Doganlar kongresleri edil Kongresler köşgünde geçirilýän ýaly gurnaýardylar. Olar arassaçylyk, howpsuzlyk çärelerini görýärdiler we dogan-uýalaryň iýjek-içjegini berýärdiler. Wepaly we mert doganlar Ýehowanyň goldawy bilen köp işleri edýärdiler. Olaryň janyny aýaman çekýän zähmetini görüp ruhlandym.

1970-nji ýyllaryň ahyrynda Malawidäki dogan-uýalara Zambiýa filialy kömek edip başlady. Men Malawidäki dogan-uýalar barada oýlanýardym we olar üçin Ýehowa doga edýärdim. Köp dogan-uýalar hem olar üçin doga edýärdi. Men Zimbabweniň filial komitetinde gulluk edýän wagtym Baş edaradaky doganlar bilen duşuşyklar bolýardy. Şol duşuşyklara Malawiden, Günorta Afrikadan we Zambiýadan doganlar gatnaşýardy. Biz her gezek Malawidäki dogan-uýalara nädip kömek etmelidigi hakda maslahatlaşýardyk.

Aý aýlanyp ýyllar geçdi, hökümet ýolbaşçylary hem biraz köşeşdi. Yzarlamanyň gowşandygy sebäpli doganlar Malawi döwletine dolandylar. Goňşy döwletlerde Ýehowanyň Şaýatlarynyň wagyz işine rugsat berildi. 1991-nji ýylda Mozambikde-de rugsat berildi. Ýöne biz: «Malawide haçan rugsat berlerkä?» diýip garaşýardyk.

MALAWI DÖWLETINE DOLANDYK

Malawide ýurduň syýasy ýagdaýy üýtgedi we 1993-nji ýylda Ýehowanyň Şaýatlarynyň wagyz işine rugsat berildi. Şondan biraz wagt geçensoň missioner dogan menden: «Senem Malawide gulluk etmäge gitjekmi?» diýip sorady. Men 59 ýaşymdadym. Şol sebäpli: «Bu ýaşdan soň nirä gideýin?!» diýdim. Edil şol gün Ýolbaşçylyk maslahatyndan hat geldi. Olar bizden: «Siz Malawide gulluk edip bilersiňizmi?» diýip soradylar.

Bize belli bir karara gelmek kyn boldy, sebäbi Zimbabwede gulluk etmegi halaýardyk. Ol ýere öwrenişipdik, köp dostlarymyz bardy. Biz Zimbabwede galyp bilerdik, emma Ybraýym bilen Saranyň göreldesine eýerip, Ýehowanyň görkezmesine gulak asmagy ýüregimize düwdük. Olar hem garran çagynda öýüni, il-gününi taşlap Ýehowa gulak asdylar (1 Mus. 12:1—5).

Biz doganlara gulak asyp 1995-nji ýylyň 1-nji fewralynda Malawi döwletine dolandyk. Görüp otursak, ol ýerden gaýdanymyza 28 ýyl geçipdir. Malawide meniň bilen iki dogany filial komitetine bellediler. Biz bilimizi berk guşap, derrew işe başladyk we ýygnaklary, wagyz işini ýola goýduk.

ÝEHOWA AK PATA BERÝÄR

Ýehowa biziň işimize ak pata berdi! Malawide wagyzçylaryň sany gün-günden köpelýärdi. Meselem, Malawide 1993-nji ýylda 30 000 wagyzçy bardy; 1998-nji ýyla çenli bolsa olaryň sany 42 000-den geçdi *. Malawidäki ösüşi görüp Ýolbaşçylyk maslahaty täze filial gurmaga rugsat berdi. Meni gurluşyk komitetine bellediler. Biz Lilongwe şäherinde 12 gektar ýer satyn aldyk.

2001-nji ýylyň maýynda Beýteliň açylyş dabarasy geçirildi. Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy Gaý Pirs nutuk bilen çykyş etdi. Şol dabara 2 000-den gowrak dogan-uýa gatnaşdy. Olaryň köpüsiniň suwa çümdürilenine 40 ýyldan gowrak wagt geçipdi. Şol dogan-uýalar ýowuz yzarlansalar-da, zorluk-sütemden kösenseler-de Ýehowa wepaly boldular. Olar ýeter-ýetmezçilikde ýaşasalar-da, Ýehowa berk iman etdiler. Dogan-uýalar täze Beýteliň açylandygyna örän begendiler we binanyň içine aýlandylar. Beýteliň çar tarapynda afrikan dilinde Patyşalyk aýdymlary ýaňlanýardy. Ýehowa wepaly bendelerine bol bereket berýär! Men şeýle wakalaryň şaýady boldum.

Ýygnak jaýynyň açylyş dabarasynda nutuk bilen çykyş etmek maňa ynanyldy. Malawi döwletiniň ykdysady ýagdaýy pes bolsa-da, köp çykdajy etmän Ýygnak jaýlaryny gurup bildik. Öň käbir ýygnaklar ewkalipt agajyndan edilen çatmada geçirilýärdi. Çatmanyň üçegi gamyşdan, oturgyçlary bolsa palçykdan edilendi. Häzir bolsa ýygnak duşuşyklary bişen kerpiçden gurlan owadan binalarda geçirilýär. Ol ýerde häzir hem köp adam oturar ýaly uzyn oturgyçlar goýuldy.

Ýehowanyň öz halkyna ak pata berýändigi diýseň ruhlandyrýar! Meni Afrikadaky ýaş, gujur-gaýratly we erjel doganlar has-da haýran galdyrdy. Olar öwredilen zady derrew kabul edýärdiler, tälim almaga ýaltanmaýardylar. Olar ýygnakda-da, Beýtelde-de köp işleri etdiler. Täze bellenen etrap gözegçileri dogan-uýalaryň imanyny berkitdiler. Olaryň köpüsi öýlenendi, şol sebäpli dogan-garyndaşlary çaga-çugaly bolmagyny isleýärdi. Emma etrap gözegçileri we aýallary jany-teni bilen gulluk etmegi ýüregine düwüpdiler.

GELEN KARARYMA HIÇ HAÇAN ÖKÜNMEÝÄRIN

Men Anna bilen Britaniýadaky Beýtelde

Biz Afrikada 52 ýyl gulluk etdik. Gynansak-da, men ýaraman başladym. Ýolbaşçylyk maslahaty filial komitetiniň teklibi bilen bizi Britaniýa iberdi. Biz Afrikadan gidýänimize gynandyk, emma Britaniýanyň Beýtel maşgalasy bizi gujak açyp garşy aldy we ýürekden aladamyzy etdi.

Men gelen kararyma hiç haçan ökünmeýärin, sebäbi Ýehowa ýörejek ýolumy görkezdi. Men Ýehowa bil baglaman öz düşünjäme daýanan bolsam, häzir nirelerde bolardym, nämeler ederdim?! Meniň üçin nämäniň gowy boljakdygyny Ýehowa menden hem has gowy bilýär (Nak. 3:5, 6). Ýaş wagtym men uly zawodyň başlygy bolmagy arzuw edýärdim, emma Ýehowa ýaşlygymdan ýörejek ýolumy görkezdi. Men Ýehowanyň ynanan işlerini hiç zada çalyşmaryn!

^ Malawide ýaşaýan Hudaýyň halkynyň taryhy barada 1999-njy ýylda çykan «Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýyllyk kitabynyň» (rus.) 148—223-nji sahypalaryny okap bilersiňiz.

^ Häzir Malawide 100 000-den gowrak wagyzçy bar.