Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

29-NJY MAKALA

Ýolbaşçymyz Isa tabyn bolalyň

Ýolbaşçymyz Isa tabyn bolalyň

«Gökde we ýerde ähli ygtyýar maňa berildi» (Mat. 28:18).

13-NJI AÝDYM Mesihiň göreldesi

MAZMUNY *

1. Ýehowa haýsy işi wajyp hasaplaýar?

 ÝEHOWA hoş habaryň bütin ýer ýüzünde wagyz edilmegini isleýär (Mar. 13:10; 1 Tim. 2:3, 4). Ol şu wajyp işe gözegçilik etmegi söwer Ogly Isa tabşyrdy. Isa Atasynyň tabşyrygyny kemini goýman ýerine ýetirer we dünýäniň soňuna çenli hoş habaryň bütin ýer ýüzünde wagyz edilmegine ýolbaşçylyk eder (Mat. 24:14).

2. Makalada haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

2 Isa «wepaly hem paýhasly hyzmatkär» arkaly Hudaýyň halkyna nädip bilim berýär? Ol wagyz işine nädip ýolbaşçylyk edýär? (Mat. 24:45). Biz Isany we «wepaly hem paýhasly hyzmatkäri» nädip goldap bileris? Geliň, şu soraglaryň jogabyny bileliň.

ISA WAGYZ IŞINE ÝOLBAŞÇYLYK EDÝÄR

3. Isa Mesihe nähili ygtyýar berildi?

3 Wagyz işine Isa Mesihiň ýolbaşçylyk edýändigini nireden bilýäris? Isa göge galmazyndan öň şägirtlerine: «Gökde we ýerde ähli ygtyýar maňa berildi» diýdi. Soňra ol sözüni şeýle dowam etdi: «Şonuň üçin gidiň-de, ähli halklardan şägirt taýýarlaň» (Mat. 28:18, 19). Görşümiz ýaly, Ýehowa wajyp işe ýolbaşçylyk etmegi Isa tabşyrdy.

4. Isanyň şu günlerem wagyz işine ýolbaşçylyk edýändigini nireden bilýäris?

4 Isa şägirtlerine «ähli halklara» wagyz edip şägirt taýýarlamagy tabşyrdy we «dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn» diýdi (Mat. 28:20). Diýmek, Isa şu günlerem wagyz işine ýolbaşçylyk edýär.

5. Biz Zebur 110:3-däki pygamberligiň ýerine ýetmegine nädip goşant goşup bileris?

5 Isa «goşun ýygnan günüň halkyň höwes bilen geler» diýen pygamberligiň ýerine ýetjekdigini bilýärdi (Zeb. 110:3). Şonuň üçin ol dünýäniň dört künjeginde wagyz ediljekdigine ynanýardy. Siz hoş habary yhlasly wagyz edip, şu pygamberligiň ýerine ýetmegine goşant goşýarsyňyz. Şeýle-de siz Isany, «wepaly hem paýhasly hyzmatkäri» goldaýarsyňyz. Hawa, häzir wagyz işi uly depginde alnyp barylýar. Ýöne käbir kynçylyklar hem bolýar.

6. Biz nähili garşylyklara duş gelýäris?

6 Hoş habary wagyz edýän adamlary yzarlaýarlar. Imandan dänenler, dini we syýasy ýolbaşçylar Ýehowanyň Şaýatlary barada ýalan gep-gürrüňleri ýaýradýarlar. Dogan-garyndaşlarymyz, işdeşlerimiz, klasdaşlarymyz şeýle gep-gürrüňlere ynanyp, bize garşy çykýarlar we imandan dändirjek bolýarlar. Käte üstümize gygyrýarlar, haýbat atýarlar, tussag edýärler, hatda türmä-de basýarlar. Biz muňa geň galmaýarys. Sebäbi Isa: «Meniň şägirdim bolanyňyz üçin hemmeler sizi ýigrener» diýdi (Mat. 24:9). Biz yzarlamalara şatlyk bilen döz gelýäris. Sebäbi Ýehowany razy edýändigimize düşünýäris (Mat. 5:11, 12). Şeýle-de wagyz işini Şeýtanyň togtatjak bolýandygyny bilýäris, ýöne elinden hiç zat gelmez. Sebäbi Isa ondan has güýçli. Isanyň goldawy bilen hoş habar dünýäniň dört künjeginde wagyz edilýär! Geliň, käbir subutnamalara seredeliň.

7. Ylham 14:6, 7-nji aýatlardaky pygamberlik nädip ýerine ýetýär?

7 Dürli halklara we milletlere hoş habary wagyz etmek aňsat iş däl. Emma Mukaddes Kitapda «her millete, her taýpa, her dile we her halka» hoş habaryň wagyz ediljekdigi pygamberlik edilen (Ylham 14:6, 7-nji aýatlary okaň). Şu günler pygamberlik ýerine ýetýär. Mukaddes Kitaba esaslanan edebiýatlar jw.org saýtynda 1 000-den gowrak dilde elýeterli. Biz adamlara «Ebedi ýaşaň!» kitabyndan okuw geçýäris. Ol 700-den gowrak dile terjime edilýär. Ker we lal adamlar üçin wideolar, kör adamlar üçin Braýl elipbiýinde edebiýatlar çykarylýar. Hawa, pygamberlikleriň ýerine ýetýändigini gözümiz bilen görýäris. «Ähli halklardan we dillerden» bolan adamlar «arassa dilde geplemegi öwrenýärler» (Zek. 8:23; Sep. 3:9). Şu işleriň ählisi Isa Mesihiň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýar.

8. Wagyz işine Isanyň ýolbaşçylyk edýändigini näme subut edýär?

8 Şu günler 240 ýurtda 8 000 000-dan gowrak adam Ýehowa gulluk edýär. Her ýyl ýüz müňden gowrak adam özüni Ýehowa bagyş edip suwa çümdürilýär. Olar öň ahlaksyzdy, zalymdy, milletparazdy we adamlary ala tutýardy. Emma Işaýa 2:4-de pygamberlik edilişi ýaly, olar durmuşyny bütinleý üýtgetdiler we Hudaýa ýaraýan «täze häsiýetleri» ösdürdiler (Kol. 3:8—10). Hawa, biziň her birimiz Ýehowa ýaraýan häsiýetleri ösdürmäge jan etmeli. Şonda ýygnagyň başy Isa Mesihiň göreldesine eýerip, akýürekli adamlara Hudaý bilen dostlaşmaga kömek ederis (Ýah. 13:35; 1 Pet. 2:12). Biz bulary öz güýjümiz bilen däl-de, Isa Mesihiň goldawy bilen başarýarys.

ISA WEPALY HYZMATKÄRI BELLEDI

9. Matta 24:45—47-nji aýatlarda soňky günler barada nähili pygamberlik ýazylan?

9 Matta 24:45—47-nji aýatlary okaň. Isa soňky günlerde Hudaýyň halkynyň aladasyny eder ýaly «wepaly hem paýhasly hyzmatkäri» bellejekdigini öňünden aýdypdy. Wepaly hyzmatkär Halypasynyň ynamyny ödemek üçin arman-ýadaman zähmet çekýär. Baş Ýolbaşçymyz saýlanan mesihçileriň kiçi topary arkaly Hudaýyň halkyna we gyzyklanýan adamlara «wagtly-wagtynda nahar paýlaryny» berýär. Wepaly hyzmatkär dogan-uýalaryň imanynyň üstünden agalyk etmeýär (2 Kor. 1:24). Sebäbi olar «baştutanyň we serdaryň» Isa Mesihdigine düşünýär (Işa. 55:4).

10. Siz suratdaky haýsy edebiýatdan okuw geçdiňiz?

10 1919-njy ýyldan bäri «wepaly hem paýhasly hyzmatkär» gyzyklanýan adamlara Ýehowany tanatmak üçin ençeme edebiýatlary çykarýar. 1921-nji ýylda Mukaddes Kitap esasynda okuw geçiler ýaly «Hudaýyň arfasy» diýen kitap çykaryldy. «Wepaly hem paýhasly hyzmatkär» adamlaryň aladasyny edip döwrebap edebiýatlary çykardy. Meselem, «Hudaý ynamdardyr», «Ebedi ýaşaýşa eltýän hakykat», «Sen ýer ýüzünde ebedi ýaşap bilersiň», «Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim», «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?», «Mukaddes Ýazgylardan näme öwrenýäris?» we «Ebedi ýaşaň!» atly edebiýatlar bar. Siz haýsy kitapdan sapak geçdiňiz? Şu edebiýatlar tüýs wagtynda çap edildi we akýürekli adamlara Ýehowanyň Şaýady bolmaga kömek etdi.

11. Biz näme üçin «ruhy iýmite» mätäç?

11 «Ruhy iýmite» diňe gyzyklanýan adamlar däl, biziň ählimiz mätäç. Pawlus resul: «Agyr nahar ruhy taýdan ösen adamlar üçindir» diýdi. Sebäbi Ýehowa hakdaky bilim bize «ýagşy bilen ýamanyň tapawudyny bilmäge» kömek edýär (Ýew. 5:14). Soňky günlerde ahlak kadalary gün-günden peselýär. Şonuň üçin bize-de Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşamak aňsat düşmeýär. Biziň imanymyz gowşamaz ýaly, Isa Mesih «ruhy iýmitiň» wagtly-wagtynda berilmeginiň aladasyny etdi. «Ruhy iýmit» Hudaýyň Sözüne, ýagny Mukaddes Kitaba esaslanýar. Isanyň ýolbaşçylygynda «wepaly hem paýhasly hyzmatkär» «ruhy iýmiti» bolluk bilen berilýär.

12. Biz Hudaýyň adyny nädip şöhratlandyrýarys?

12 Isa Mesih ýaly bizem Hudaýyň adyny şöhratlandyrýarys (Ýah. 17:6, 26). Meselem, biz 1931-nji ýyldan bäri Ýehowanyň Şaýatlary diýip tanalýarys. Sebäbi Mukaddes Kitapda Ýehowanyň özi halkyna «siz meniň şaýatlarym» diýip ýüzlenýär. Gökdäki Atamyzyň adyny götermek uly hormat! (Işa. 43:10—12). 1931-nji ýylyň oktýabryndan bäri «Garawul diňi» žurnalynyň daşky sahypasynda Hudaýyň ady ýazylýar. Hristian dini ýolbaşçylary Mukaddes Kitapdan Hudaýyň adyny aýyrdylar. Emma Ýehowanyň Şaýatlary «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesinde» hak Hudaýyň adyny dikeltdiler.

ISA ALADAÇYL ÝOLBAŞÇY

13. Isa Mesihiň «wepaly hem paýhasly hyzmatkär» arkaly Hudaýyň halkyna ýolbaşçylyk edýändigini näme subut edýär? (Ýahýa 6:68).

13 Isa Mesih «wepaly hem paýhasly hyzmatkär» arkaly ýer ýüzünde Hudaýa arassa sežde edýän guramany döretdi. Siz şol guramanyň agzasydygyňyza buýsanýarsyňyzmy? Belki, siz Petrusyň Isa Mesihe aýdan sözlerine goşulýansyňyz. Ol: «Halypam, biz nirä gideli? Seniň öwredýän zatlaryň ebedi ýaşaýşa eltýär ahyryn» diýdi (Ýah. 6:68). Eger biz Ýehowany tanamadyk bolsak, nirelerde bolardyk?! Ýolbaşçymyz Isa Mesih biziň Hudaýa imanymyzy berkitmek üçin hemmetaraplaýyn aladamyzy edýär. Şeýle-de ol bize ökdelik bilen wagyz etmegi öwredýär we Ýehowa ýaraýan «täze häsiýetleri geýmäge» kömek edýär (Efes. 4:24).

14. Koronawirus keseliniň ýaýran döwri Baştutanymyz Isa nädip aladamyzy etdi?

14 Baştutanymyz Isa Mesih kyn ýagdaýlarda bize görkezme berýär. Meselem, koronawirus keseliniň (COVID-19) ýaýran döwri bütin ýer ýüzündäki adamlar näme edip, näme goýjagyny bilmediler. Emma Isa bize janymyzy goramak üçin gerekli görkezmeleri berdi. Ýaşuly doganlar köpçülik ýerlerinde agyz-burun örtügini dakynmagy we aradaşlygy saklamagy maslahat berdiler. Sebäbi «wepaly hyzmatkär» ýaşululara dogan-uýalar kesellemez ýaly we imany gowşamaz ýaly, olaryň aladasyny etmegi ýatladyp durdy (Işa. 32:1, 2). Şeýle-de Ýolbaşçylyk maslahaty hasabatlar arkaly gerekli görkezmeleri berdi we ruhlandyrdy.

15. Koronawirus keseliniň ýaýran döwri ýygnak duşuşyklary we wagyz bilen bagly nähili görkezmeler berildi?

15 Koronawirus keseliniň (COVID-19) ýaýran döwri ýygnak duşuşyklaryny nädip geçirmelidigi we nädip wagyz etmelidigi barada anyk görkezmeler berildi. Biz gysga wagtyň içinde ýygnak duşuşyklaryny, etrap we welaýat kongreslerini wideoaragatnaşyk arkaly geçirip başladyk. Şeýle-de hat we telefon arkaly wagyz etmegi ýola goýduk. Ýehowa biziň edýän tagallamyza ak pata berdi. Filiallaryň habar bermegine görä, wagyzçylaryň sany artdy we köp gyzykly wakalar boldy (« Ýehowa wagyz işine ak pata berýär» diýen çarçuwa serediň).

16. Biz nämä ynamly bolup bileris?

16 Käbirleri: «Doganlar keselçilik barada çendenaşa alada edýärler» diýmegi mümkin. Ýöne biz berlen görkezmeleriň peýdalydygyna ençeme sapar göz ýetirdik (Mat. 11:19). Ýolbaşçymyz Isanyň söýgi bilen aladamyzy edýändigi hakda oýlansak imanymyz berkär. Biz ertir näme boljagyny bilmeýäris. Emma Ýehowanyň we Ogly Isanyň hemişe goldajakdygyna ynanýarys (Ýewreýler 13:5, 6-njy aýatlary okaň).

17. Biz Isanyň Ýolbaşçymyzdygyna näme üçin begenýäris?

17 Biz Ýehowanyň Isa Mesihi Ýolbaşçymyz edip belländigine örän begenýäris. Biz nirede ýaşasak-da, dürli dilde geplesek-de, hak Hudaýa agzybir sežde edýäris. Baştutanymyz bize Ýehowa barada bilim berýär we ökdelik bilen wagyz etmegi öwredýär. Şeýle-de Ýehowa ýaraýan täze häsiýetleri ösdürip, biri-birimizi söýmäge kömek edýär. Biz Isa Mesihiň Ýolbaşçymyzdygyna örän buýsanýarys!

16-NJY AÝDYM Ogluny saýlan Ýahy wasp edeliň

^ Şu günler millionlarça erkekler, aýallar we çagalar hoş habary yhlasly wagyz edýärler. Sizem wagyz edýärsiňizmi? Eger şeýle bolsa, onda siz wagyz işine Halypamyz Isanyň ýolbaşçylyk edýändigine göz ýetiren bolsaňyz gerek. Makalada Isanyň gaýragoýulmasyz wagyz işine nädip ýolbaşçylyk edýändigi hakda gürrüň ederis. Muny bilmek Isanyň ýolbaşçylygy astynda Ýehowa has-da yhlasly gulluk etmäge höweslendirer.