30-NJY MAKALA
Imanyňy berkidýän pygamberlik
«Seniň bilen aýalyň arasyna... duşmançylyk salaryn» (1 Mus. 3:15).
15-NJI AÝDYM Ýehowanyň Nowbaharyna alkyş aýdyň
MAZMUNY *
1. Adam ata bilen How ene günä edenden soň Ýehowa näme etdi? (1 Musa 3:15).
ILKINJI ynsanlar Adam ata bilen How ene hak Hudaýa garşy günä etdi. Ýöne Ýehowa olaryň nesliniň gowy ýaşamagynyň aladasyny etdi. Şonuň üçin hem 1 Musa 3:15-däki (okaň) pygamberligi aýtdy.
2. 1 Musa 3:15-däki pygamberligiň nähili aýratynlygy bar?
2 Ýehowanyň aýdan pygamberligi Mukaddes Kitabyň ilkinji kitabynda ýazylan. Bu pygamberlik Mukaddes Kitabyň beýleki kitaplary bilen berk baglanyşykly. Meselem, kitabyň sahypalaryny birleşdirip bir bitewi kitap edip bolýar. Edil şonuň ýaly, 1 Musa 3:15-däki pygamberlik Mukaddes Kitapdan eriş-argaç bolup geçýär. Pygamberlikde Şeýtany we onuň ýaranlaryny ýok etjek Halasgäriň geljekdigi aýdylýar *. Hawa, Ýehowany söýýän adamlara ajaýyp gelejek garaşýar!
3. Makalada haýsy soraglaryň jogabyny bileris?
3 Şu makalada 1 Musa 3:15-däki pygamberlik hakda gürrüň ederis we şeýle soraglaryň jogabyny bileris: pygamberlikde kimler barada aýdylýar? Pygamberlik nädip ýerine ýetýär? Pygamberligiň bize nähili peýdasy bar?
PYGAMBERLIKDE KIMLER BARADA AÝDYLÝAR?
4. «Ýylan» kim we muny nireden bilýäris?
4 1 Musa 3:14, 15-nji aýatlarda «ýylan» we onuň «nesli» barada aýdylýar. Şeýle-de «aýal» we onuň «nesli» hakda gürrüň berilýär. Mukaddes Kitap bize olaryň kimdigini bilmäge kömek edýär *. Geliň, ilki bilen «ýylanyň» kimdigini bileliň. Adaty ýylan Ýehowanyň Erem bagynda aýdan sözlerine düşünip bilmezdi. Ýehowa hem aň-düşünjesiz ýylana beýle höküm çykarmazdy. Onda ol kim bolmaly? Ylham 12:9-da «ýylanyň» Şeýtan Iblisdigi aýdylýar. Onda «ýylanyň nesli» kimkä?
5. «Ýylanyň nesline» kimler degişli?
5 Adatça, oglanjyk kakasyna meňzemek isleýär. Edil şonuň ýaly, Mukaddes Kitapda käte «nesil» diýlende, biriniň göreldesine eýerip, oňa meňzemek isleýänler göz öňünde tutulýar. Şeýtanyň «nesli» hem Ýehowa Hudaýa we onuň halkyna garşy çykan perişdeleri hem-de adamlary aňladýar. Diýmek, şol nesle Nuhuň günlerinde öz mekanyny taşlap gaýdan perişdeler we Şeýtanyňky ýaly häsiýetleri görkezýän erbet adamlar degişli (1 Mus. 6:1, 2; Ýah. 8:44; 1 Ýah. 5:19; Ýahd. 6).
6. Pygamberlikdäki «aýal» How enäni aňladýarmy? Düşündiriň.
6 Geliň, indi «aýalyň» kimdigini bileliň. Ol How ene däl. Näme üçin? Pygamberlige görä, aýalyň nesli «ýylanyň kellesini mynjyratmaly». Ýokarda aýdyşymyz ýaly, «ýylan» Şeýtany aňladýar. Elbetde, How enäniň bikämil nesliniň Şeýtany ýok etmäge güýji ýetmez. Onda Şeýtany kim ýok eder?
7. 1 Musa 3:15-de agzalýan «aýal» kimi aňladýar? (Ylham 12:1, 2, 5, 10).
7 1 Musa 3:15-de agzalýan «aýalyň» kimdigi barada Mukaddes Kitabyň iň soňky kitabynda ýazylan (Ylham 12:1, 2, 5, 10-njy aýatlary okaň). Ol adamzat neslinden bolan aýal maşgalany aňlatmaýar. Ol «aýalyň aýagynyň astynda Aý, başynda 12 ýyldyzly täç bar». Ol üýtgeşik çagany dünýä inderýär. Ol çaga Hudaýyň Patyşalygyny aňladýar. Hudaýyň Patyşalygy gökde höküm sürýär. Diýmek, pygamberlikde agzalýan aýal hem gökde bolmaly. Ol aýal wepaly perişdelerden ybarat bolan Hudaýyň gökdäki guramasyny aňladýar (Gal. 4:26).
8. «Aýalyň nesliniň» kimdigi haçan belli boldy? (1 Musa 22:15—18).
8 Mukaddes Kitap bize «aýalyň nesliniň» kimdigine düşünmäge kömek edýär. Ol Ybraýymyň neslinden döremelidi (1 Musa 22:15—18-nji aýatlary okaň). Pygamberlik edilişi ýaly, Isa Ybraýymyň neslinden gelip çykdy (Luka 3:23, 34). Emma «aýalyň nesli» adamzatdan has güýçli bolmaly, sebäbi ol güýç-kuwwatly Şeýtany ýok etmeli. Isa suwa çümdürilende, Ýehowa ony mukaddes ruhy bilen saýlady. Şonda ol pygamberlikdäki «aýalyň nesli» boldy (Gal. 3:16). Isa ölümden direlensoň, Hudaý oňa «şöhrat we hormat täjini geýdirdi». Şeýle-de «gökde we ýerde ähli ygtyýary» berdi hem-de «Iblisiň işlerini ýok etmegi» tabşyrdy (Ýew. 2:7; Mat. 28:18; 1 Ýah. 3:8).
9, 10. a) «Aýalyň nesline» ýene kimler degişli? b) Biz häzir näme barada gürrüň ederis?
9 «Aýalyň nesline» diňe bir Isa Mesih degişli däl. Pawlus resul ýehudylara we başga milletlere şeýle diýdi: «Eger Mesihe degişli bolsaňyz, onda siz Ybraýymyň nesli, berlen wada görä mirasdüşer» (Gal. 3:28, 29). Diýmek, Ýehowanyň mukaddes ruhy bilen saýlan adamlary hem «aýalyň nesline» degişli. Hawa, Isa Mesih we 144 000 saýlanan mesihçiler «aýalyň nesli» boldular (Ylh. 14:1). Olaryň ählisi gökdäki Atasy Ýehowanyň göreldesine eýerýärler.
10 1 Musa 3:15-de kimler barada gürrüň edilýändigini bildik. Geliň, indi şol pygamberligiň nädip ýerine ýetýändigi we bize nähili peýdasynyň bardygy hakda gürrüň edeliň.
PYGAMBERLIK NÄDIP ÝERINE ÝETÝÄR?
11. Ýylanyň aýalyň nesliniň dabanyndan çakmagy nämäni aňladýar?
11 1 Musa 3:15-de aýdylyşy ýaly, ýylan aýalyň nesliniň «dabanyndan çakmaly». Pygamberlik ýehudylar bilen rimliler Hudaýyň Ogluny öldürenlerinde ýerine ýetdi. Olaryň arkasynda Şeýtan durdy (Luka 23:13, 20—24). Adamyň dabany agyrsa, birnäçe günläp ýöräp bilmeýär. Edil şonuň ýaly, Isa Mesih ölende üç günläp mazarda ýatdy (Mat. 16:21).
12. Aýalyň nesli ýylanyň kellesini haçan we nädip mynjyradar?
12 1 Musa 3:15-däki pygamberligiň ýerine ýetmegi üçin Isa Mesih direlmelidi. Sebäbi pygamberlige görä, nesil ýylanyň kellesini mynjyratmalydy. Hawa, Isa Mesihiň dabany sagaldy, ýagny ölümden direldi. Ýehowa oňa baky ýaşaýşy berdi. Hudaýyň bellän wagtynda Isa Şeýtany ýok eder (Ýew. 2:14). Saýlanan mesihçiler hem ýylanyň neslini, ýagny Hudaýyň duşmanlaryny ýer ýüzünden süpürip taşlar (Ylh. 17:14; 20:4, 10) *.
PYGAMBERLIGIŇ NÄHILI PEÝDASY BAR?
13. 1 Musa 3:15-däki pygamberligiň ýerine ýetmeginiň nähili peýdasy bar?
13 Siz ömrüňizi Hudaýa bagyş edip suwa çümdürilen bolsaňyz, «nesil» baradaky pygamberligiň ýerine ýetýändigini görüp begenýänsiňiz. Pygamberligiň ýerine ýetmegi köp peýda berýär. Birinjiden, Ýehowany ýakyndan tanap, onuň bilen dostlaşdyk. Isa pygamber ýer ýüzünde ýaşanda Atasynyň häsiýetlerini doly görkezdi. Biz Isa pygamber hakda bilim alyp, Ýehowany ýürekden söýýäris (Ýah. 14:9). Ikinjiden, her gün Ýehowany razy edip ýaşamagy öwrenýäris. Isa Mesih bize ýygnaklar arkaly görkezme we Hudaý hakda bilim berýär. Üçünjiden, nesliň dabanynyň sagalmagy, ýagny Isanyň direlmegi bizi günäden azat edýär. Mukaddes Kitapda: «Isanyň gany... günälerimizi ýuwýar» diýilýär (1 Ýah. 1:7).
14. Ýehowanyň Erem bagynda aýdan pygamberliginiň ýerine ýetmegine näme üçin wagt gerek boldy? Düşündiriň.
14 Ýehowanyň Erem bagynda aýdan pygamberliginiň ýerine ýetmegi üçin köp wagt gerekdi. Aýalyň hem, ýylanyň hem nesli döremelidi, olaryň arasynda ýigrenç we duşmançylyk bolmalydy. Pygamberlik barada bilmegiň ýene nähili peýdasy bar? Şeýtanyň golastyndaky adamlar Ýehowanyň wepaly bendelerini yzarlaýar. Isa hem şägirtleriniň yzarlanjakdygyny aýdypdy (Mar. 13:13; Ýah. 17:14). Biz munuň ýerine ýetýändigine soňky 100 ýylda hasam göz ýetirýäris.
15. Şeýtanyň golastyndaky adamlar bizi ýigrense-de, olardan näme üçin gorkmaly däl?
15 Isa Mesih 1914-nji ýylda Patyşa bolandan soň Şeýtany gökden ýere zyňdy. Ol indi göge baryp bilmeýär we tizden ýok ediljekdigini bilýär (Ylh. 12:9, 12). Ýöne Şeýtan el gowşuryp oturmaýar. Ol Hudaýyň halkyna gahar-gazap bilen topulýar (Ylh. 12:13, 17). Şeýtanyň golastyndaky adamlar hem Hudaýyň halkyny ýigrenýär. Emma biz Şeýtandan hem, onuň ýaranlaryndan hem gorkmaýarys. Biz Pawlus resulyň: «Hudaý biziň tarapymyzda bolsa, kim garşy çykyp biler?» diýen sözlerine goşulýarys (Rim. 8:31). Biz Ýehowa doly bil baglap bileris. Sebäbi 1 Musa 3:15-däki pygamberligiň köp bölegi ýerine ýetdi, galan bölegi hem hökman ýerine ýeter.
16—18. 1 Musa 3:15-däki pygamberlik dogan-uýalara nädip kömek etdi?
16 Ýehowanyň 1 Musa 3:15-däki beren wadasy kynçylyklara döz gelmäge kömek edýär. Guamda missioner bolup gulluk edýän Kýortis dogan şeýle diýýär: «Käwagt kynçylykdan ýaňa bar zatdan elim sowaýar, hatda Ýehowa-da gulluk edesim gelmeýär. Ýöne men 1 Musa 3:15-däki pygamberlik barada oýlananymda Ýehowa imanym berkeýär». Kýortis dogan Ýehowanyň ähli kynçylyklary aýyrjak gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýar.
17 Bawariýada ýaşaýan Ursula uýa şeýle diýýär: «1 Musa 3:15-däki pygamberlik Mukaddes Kitabyň Hudaýyň ylhamy bilen ýazylandygyna ynamymy artdyrdy. Men şol pygamberligiň beýleki pygamberlikler bilen berk baglanyşyklydygyna göz ýetirdim. Ýehowa adamzat neslini gowy ýaşaýşa ýetirmek üçin dessine çäre gördi. Ýehowanyň aladamyzy edendigine örän minnetdar!»
18 Mikroneziýada ýaşaýan Jessika uýa şeýle gürrüň berýär: «Hakykaty eşidenimde 1 Musa 3:15-däki sözler ýüregime jüňk boldy. Şol güni hiç haçan unutmaryn. Ýehowanyň niýetine görä, adamlar kösenip ýaşamaly däl eken. Şol pygamberlik Ýehowa gulluk edýän adamlaryň hem häzir, hem gelejekde bagtly ýaşajakdygyna düşünmäge kömek etdi».
19. 1 Musa 3:15-däki pygamberligiň doly ýerine ýetjekdigine näme üçin ynamly bolup bileris?
19 Görşümiz ýaly, 1 Musa 3:15-däki pygamberlik ýerine ýetýär. Biz aýalyň nesliniň we ýylanyň nesliniň kimdigini bildik. Aýalyň nesline Isa Mesih we saýlanan mesihçiler degişli. Isa Mesih dabany sagalandan soň, ýagny ölümden direlenden soň gökde şan-şöhratly Patyşa boldy. Saýlanan mesihçiler hem onuň bilen höküm sürer. Pygamberligiň köp bölegi ýerine ýetdi. Biz onuň galan böleginiň hem ýerine ýetjekdigine, ýagny «ýylanyň kellesiniň mynjyradyljakdygyna» ynamly bolup bileris. Gadyrly dogan-uýalar, Ýehowa doly bil baglalyň, ýan bermäliň! Ol akýürekli adamlary tizden Şeýtanyň zorluk-süteminden azat eder. Ýehowa aýalyň nesli arkaly «ähli milletlere» bol bereket berer (1 Mus. 22:18).
23-NJI AÝDYM Ýehowa höküm sürýär
^ Biz 1 Musa 3:15-däki pygamberlige düşünsek, Mukaddes Kitapda ýazylan beýleki pygamberliklere-de doly düşünip bileris. Bu pygamberlik biziň imanymyzy berkider we Ýehowanyň wadalarynyň ýerine ýetjekdigine ynamymyzy artdyrar.
^ «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesiniň» «Mukaddes Kitabyň esasy temasy» diýen goşmaça maglumatyny okap bilersiňiz (Goşmaça maglumat B1).
^ «1 Musa 3:14, 15-nji aýatlarda kimler barada aýdylýar?» diýen çarçuwa serediň.
^ « 1 Musa 3:15-däki pygamberligiň ýerine ýetýändigini subut edýän wakalar» diýen çarçuwa serediň.