TERJIMEHAL
Ýürekden gyzyklanyň we bereket alyň!
MAMAM: «Iňlis buthanasy Hudaý barada hakykaty öwretmeýär. Gyzym, sen Hudaý hakda hakykaty başga dinden gözle!» diýip, ejemiň gulagyna guýupdyr. Şeýlelikde, ejem hakyky dini gözläp başlaýar. Ýöne ejem Ýehowanyň Şaýatlaryny diňlemeýärdi. Biz Kanadanyň Toronto şäherinde ýaşaýarkak ejem maňa: «Oglum, Ýehowanyň Şaýatlary gelse, gapyny açmaweri!» diýerdi. 1950-nji ýylda daýzam Ýehowanyň Şaýatlary bilen okuw geçip başlaýar we ejemi hem olar bilen tanyşdyrýar. Ejem daýzamlara gidip, Mukaddes Kitapdan okuw geçýär. Şeýlelikde, ejem hem, daýzam hem suwa çümdürilýär.
Kakam Kanadanyň Birleşen buthanasynda ruhany bolup gulluk edýärdi. Ol her hepdäniň dynç güni meni we gyz jigimi çagalar üçin geçirilýän dini okuwa ibererdi. Sagat 11:00-da bolsa kakam bilen buthanada geçirilýän gulluga gatnaşardyk. Öýlän bolsa ejem bilen Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýygnak jaýyna giderdik. Şeýdip, biz iki diniň arasyndaky ýer bilen gök ýaly tapawudy görerdik.
Ejem Bob we Marion Hatçesonlaryň maşgalasy bilen ýakyndan gatnaşýardy. Ejem olara Ýehowa barada wagyz etdi. Mukaddes Kitabyň hakykatlary olaryň ýüregine güýçli täsir etdi we Ýehowanyň Şaýady boldular. 1958-nji ýylda Nýu-Ýork şäherinde «Hudaýyň islegi» diýen halkara kongres geçirildi. Hatçesonlaryň maşgalasy şol kongrese üç ogly bilen meni hem äkitdiler. Men olaryň eden tagallasyna haýran galýaryn. Sebäbi olar sekiz günläp meni iýdirip-içirdiler we aladamy etdiler. Men şol kongresi hiç haçan unutmaryn.
DOGAN-UÝALARYŇ GOLDAWY GELEJEGIME TÄSIR ETDI
Ýetginjek wagtym biz fermada ýaşaýardyk. Men haýwanlary şeýle bir gowy görýärdim welin, weterinar bolmak üçin ýokary okuw jaýyna girmek isleýärdim. Ejem bu hakda ýygnak ýaşulusyna gürrüň berdi. Şonda ýaşuly dogan maňa «soňky günlerde» ýaşaýandygymyzy ýatladyp: «Ýokary okuw jaýynda birnäçe ýyl okasaň, Ýehowa bilen dostlugyň 2 Tim. 3:1). Şeýlelikde, men ýokary okuw jaýyna girmezlik kararyna geldim.
bozulmazmy?» diýip sorady (Men orta mekdebi tamamlanymdan soň haýsy käri saýlasamkam diýip oýlanýardym. Men her hepde wagyz edýärdim, ýöne şatlyk tapmaýardym. Şonuň üçin pioner bolmak hakda pikir hem etmeýärdim. Kakam we agam (kakamyň inisi) meni Torontodaky ätiýaçlandyryş edarasynda uzakly gün işlemäge höweslendirdiler. Agam şol edarada ýokary wezipede işleýärdi we meni işe aldy.
Torontoda men uzakly gün işleýärdim. Ýehowanyň Şaýady bolmadyk adamlar bilen gatnaşýardym. Men öňkim ýaly ýygnak duşuşyklaryna we wagza yzygiderli gatnaşmaýardym. Şol döwür men atam bilen ýaşaýardym. Ol Ýehowanyň Şaýady däldi. Men atam aradan çykansoň başga ýere göçmeli boldum.
Hatçesonlaryň maşgalasy meni öýünde ýaşamaga çagyrdylar. Ýadyňyzda bolsa, 1958-nji ýylda olaryň meni kongrese äkidendigini gürrüň beripdim. Hatçesonlar meniň ejem, kakam ýaly ýürekden aladamy etdiler we ruhy taýdan ösmäge kömek etdiler. 1960-njy ýylda men we olaryň ogly Jon suwa çümdürildik. Jon pioner gullugyna başlady we meni hem köpräk wagyz etmäge höweslendirdi. Doganlar meniň ruhy ösüşimi görüp, Teokratik gulluk mekdebiniň gözegçisi edip bellediler a.
AÝALYM BILEN PIONER BOLUP GULLUK ETDIM
Men 1966-njy ýylda Randi Berg atly yhlasly pioner uýa öýlendim. Ol wagyzçylaryň az ýerinde gulluk etmek isleýärdi. Biziň aýlanýan gözegçimiz aýalym ikimiz bilen ýürekden gyzyklandy we Ontarionyň Orilliýa şäherindäki ýygnakda gulluk etmäge höweslendirdi. Bizem goşlarymyzy ýygnap ýola düşdük.
Biz Orilliýa şäherine geldik. Menem Randi ýaly pioner gullugyna başladym. Aýalymyň yhlasy meni hem Ýehowa janym-tenim bilen gulluk etmäge höweslendirdi. Men Mukaddes Kitap arkaly
wagyz etmegi gowy görerdim. Aýatlaryň adamlaryň ýüregine täsir edýändigine haýran galardym. Biz Orilliýa şäherinde bir är-aýala durmuşyny üýtgetmäge we Ýehowanyň Şaýady bolmaga kömek edenimize örän begenýäris.TÄZE DIL — TÄZE GARAÝYŞ
Toronto baranymyzda Arnold Maknamara bilen görüşdik. Ol Beýteliň gözegçileriniň biridi. Ol menden: «Ýörite pioner bolup gulluk edesiňiz gelýärmi?» diýip sorady. Menem: «Elbetde! Ýöne Kwebege bir ibermäň» diýdim. Kwebegiň ýaşaýjylarynyň köpüsi fransuz dilinde gepleýärdi. Olar Kwebegiň garaşsyz döwlet bolmagy üçin gozgalaň turuzýardy. Şonuň üçin Kanadada ýaşaýan iňlisler olary halamaýardy. Iňlisleriň garaýşy maňa-da täsir edipdi.
Arnold dogan maňa: «Filial häzir ýörite pionerleri diňe Kwebege iberýär» diýdi. Men Randiniň şol ýerde gulluk etmek isleýändigini bilýärdim. Şonuň üçin derrew razylaşdym. Men gelen kararyma asla ökünmedim.
Aýalym ikimiz bäş aýlap fransuz dilini öwrendik. Soňra bizi we ýene bir är-aýaly Monrealyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Rimuski şäherine bellediler. Iki şäheriň arasy 540 kilometrdi. Men fransuz dilinde gowy gepläp bilmeýärdim. Bir gezek ýygnakda kongrese myhmanlaryň geljegi hakda bildiriş etmeli boldum. Şonda men «Awstriýadan myhmanlar geler» diýmegiň deregine, «düýeguş ýaly myhmanlar geler» diýipdirin. Sebäbi fransuz dilinde Awstriýa we düýeguş sözleriniň aýdylyşy meňzeşdi.
Biz Rimuskide dört bolup wagyz edýärdik. Soňra bize dört sany durmuşa çykmadyk uýalar we Haberduslaryň maşgalasy (är-aýal we olaryň iki gyzy) goşuldy. Haberduslar 7 otagly uly jaýy kireýine alypdy. Biz şol jaýa «Ak tam» diýerdik. Sebäbi jaýyň öňi agardylandy we ak sütünleri bardy. Şol jaýda biz köplenç 12 ýa-da 14 bolup ýaşardyk. Biz ýörite pioner bolansoň irden, öýlän we giçlik wagyz edýärdik. Hatda aýazly gyş bolsa-da, şol öýde biziň bilen wagza gidere adam tapylardy.
Biz şol öýde ýaşaýan pionerler bilen agzybir maşgala bolup ýaşadyk. Biz daşarda ot ýakardyk we oduň daşynda oturyp gürrüň ederdik. Käte bolsa börek bişirerdik we böregiň içine her kim öz halan zadyny salardy. Doganlaryň biri saz çalyp bilýärdi. Biz şenbe güni agşam aýdym aýdyp, tans ederdik.
Rimuskide köp adamlar Mukaddes Kitap bilen gyzyklandylar. Biz ençeme adamlara okuw geçdik. Olaryň ruhy taýdan ösüp suwa çümdürilendigini görüp, biz örän begendik. Şol ýerde bäş ýylyň içinde wagyzçylaryň sany 35-e ýetdi.
Biz Kwebekde ökdelik bilen wagyz etmegi öwrendik. Ýehowa biziň gullugymyza ak pata berdi we iýjek-içjegimizi ýetirip durdy. Biz fransuz dilinde gepleýän adamlary, olaryň dilini we medeniýetini örän gowy gördük. Biz şol ýerde ýaşaýan başga medeniýetli adamlary hem haladyk (2 Kor. 6:13).
Filial bizi Nýu-Brunswikiň gündogarynda ýerleşýän Trakadi şäherine belledi. Täze şähere göçmek aňsat bolmady. Sebäbi biz Rimuskide täze jaýy kireýine alypdyk. Men mekdepde ýarym günlük mugallym bolup işleýärdim. Mukaddes Kitapdan okuw geçýänler bolsa ýaňy wagyzçy bolupdy. Olara kömek gerekdi. Ýygnak jaýynyň gurluşygy uly depginde alnyp barylýardy.
Trakadi şäheri Rimuskiden düýbünden tapawutlanýardy. Şonuň üçin biz dynç günleri Ýehowa doga Mel. 3:10). Aýalymyň imany berkdi, janaýamazdy we degişgendi. Aýalymyň goldawy bilen men dag ýaly kynçylyklardan geçmäge-de taýyndym. Şeýlelikde, biz Trakadi şäherine göçdük.
edip görkezme soradyk. Biz Ýehowanyň Trakadi şähere göçmegimizi isleýändigine düşündik we göçmegi ýüregimize düwdük. Biz Ýehowany «synap gördük», Ol hem ýolumyzdaky ähli böwetleri aýyrdy (Trakadi ýygnagynda Robert Ross diýen ýekeje ýaşuly bardy. Ol aýaly Linda bilen şol şäherde pioner bolup gulluk edipdi. Olar çagasy dünýä inensoň, şol şäherde galypdy. Olar bizi gujak açyp garşy aldylar. Robert bilen Linda oguljygynyň aladasyny edýän hem bolsa yhlasly wagyz edýärdiler we bize gowy görelde görkezdiler.
KÖMEK GEREK ÝERDE WAGYZ EDIP ŞATLYK TAPDYK
Biz Trakadi şäherinde iki ýyl pioner bolup gulluk etdik. Soňra bizi aýlanýan gözegçi edip bellediler. Biz iňlis etrabynda ýedi ýyllap aýlanýan gözegçi bolup gulluk etdik. Soňra bizi Kwebegiň fransuz etrabyna aýlanýan gözegçi edip bellediler. Biziň welaýat gözegçimiz Leon Krepaultdy. Ol meniň nutuklarymy gowy görýändigini aýdardy. Soňra bolsa: «Nutuklaryň diňleýjileriňe has-da peýdaly bolar ýaly näme edip bilersiň?» diýip sorardy b. Leon doganyň meniň bilen ýürekden gyzyklanmagy we beren maslahaty ökde nutukçy bolmaga kömek etdi hem-de sada sözler bilen dogan-uýalaryň ýüregine täsir etmäge höweslendirdi.
1978-nji ýylda Monrealda «Ýeňiş getirýän iman» atly halkara kongresi geçirildi. Şol kongresi hiç haçan unutmaryn. Men kongresde azyk üpjünçilik bölümine kömek etdim. Biz 80 000 dogan-uýany kongresiň dowamynda naharlamalydyk, ýöne muny etmek aňsat bolmady. Sebäbi hemme zat täzedi: enjamlar, menýu, nahar bişiriş usullary öňkülere asla meňzemeýärdi. Biziň 20 sany uly sowadyjymyz bardy. Olar käte işlemän galýardy. Biz stadiona kongresden bir gün öň geldik, emma agşama çenli stadiona girip bilmedik. Sebäbi şondan bir gün öň stadionda uly sport ýaryşy geçirilipdi. Biz alagaraňkyda dogan-uýalar üçin ertirlik taýýarlap başladyk. Men gaty ýadadym, ýöne zähmetsöýer, imany berk, degişgen dogan-uýalardan köp zatlary öwrendim. Biz jana-jan dost bolduk. Dostlugymyz şu günlere çenli dowam edýär. 1940—1950-nji ýyllarda
Kwebekde dogan-uýalary ýowuz yzarladylar. Indi şol şäherde welaýat kongresiň bolmagy biziň ählimizi ruhlandyrdy.Men Monrealda geçirilen uly kongreslere gözegçilik eden doganlardan köp zatlary öwrendim. Bir ýyl Deýwid Spleýn dogan welaýat kongresine gözegçilik etdi. (Ol häzir Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy). Soňra welaýat kongresine meni gözegçi edip bellediler. Şonda Deýwid dogan maňa işleri gowy gurnamagy öwretdi.
Randi ikimiz 36 ýyllap aýlanýan gözegçi bolup gulluk etdik. 2011-nji ýylda meni ýaşulular mekdebiniň mugallymy edip bellediler. Biz iki ýylyň içinde 75 sany krowatda ýatdyk. Ýatýan ýerimiz üýtgäp duransoň, bize aňsat bolmady. Ýöne biz Ýehowa üçin hemme zada taýyndyk. Hepdäniň soňunda mekdepde okaýan ýaşulular şeýle gowy okuwy gurnandygy üçin Ýolbaşçylyk maslahatyna minnetdar bolýardylar.
Soňra meni Hoş habarçylar mekdebinde mugallym edip bellediler. Mekdebe okamaga gelen dogan-uýalar meýilnamany görüp ör-gökden gelýärdiler. Sebäbi olar günüň dowamynda ýedi sagat okamalydylar, üç sagat öý işini etmelidiler we hepdäniň içinde dört-bäş sany ýumuş taýýarlamalydylar. Biz talyplara: «Siz diňe Ýehowanyň kömegi bilen başararsyňyz» diýýärdik. Hawa, talyplar hem Ýehowanyň goldawy bolmasa, şunça köp maglumaty okap we öwrenip bilmejekdigine göz ýetirýärdiler.
ÝÜREKDEN GYZYKLANMAK EBEDI BEREKET BERÝÄR
Meniň mähriban ejemiň bir gowy häsiýeti bardy. Ol hemmeler bilen ýürekden gyzyklanardy. Şeýlelikde, onuň okuw geçýänleri tiz ösüş ederdi. Hatda kakam hem hakykat bilen gyzyklanyp başlady. Ejemiň aradan çykanyna üç gün geçensoň, kakam Ýygnak jaýyna jemagat nutugyny diňlemäge geldi. Şondan soň kakam 26 ýyllap ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşdy. Kakam suwa çümdürilmedi. Ýöne ýaşuly doganlaryň aýtmagyna görä, ol Ýygnak jaýyna hemmelerden öň gelýän ekeni.
Ejem maňa we gyz jigilerime gowy görelde galdyrdy. Gyz jigilerimiň üçüsi hem ýanýoldaşy bilen Ýehowa wepaly gulluk edýär. Olaryň biri Portugaliýanyň filialynda, ýene biri bolsa Gaitiniň filialynda gulluk edýär.
Häzir aýalym ikimiz Ontario welaýatynyň Gamilton şäherinde ýörite pioner bolup gulluk edýäris. Biz aýlanýan gözegçi wagtymyz dogan-uýalaryň gaýtadan idegine we Mukaddes Kitap okuwyna barardyk. Emma häzir biziň özümiz akýürekli adamlara Mukaddes Kitapdan okuw geçýäris we ruhy taýdan ösmäge kömek edýäris. Biz ýygnagymyzdaky dogan-uýalar bilen dostlaşdyk we Ýehowanyň olary ýagşy günde-de, ýaman günde-de goldaýandygyny görüp örän ruhlanýarys.
Men yzyma ser salanymda, biziň bilen ýürekden gyzyklanyp kömek eden dogan-uýalara örän minnetdar bolýaryn. Bizem olaryň göreldesine eýerip, dogan-uýalaryň imanyny berkidýäris we ruhy taýdan ösmäge kömek edýäris (2 Kor. 7:6, 7). Size bir dogan hakda gürrüň beresim gelýär. Onuň aýaly, ogly we gyzy pioner bolup gulluk edýär. Men dogandan: «Seniň pioner bolasyň gelmeýärmi?» diýip soradym. Ol bolsa: «Men üç pioneri ekleýärin» diýip jogap berdi. Şonda men: «Sen olary Ýehowadan gowy eklärin öýdýärmiň?» diýip soradym we pioner bolmaga höweslendirdim. Dogan alty aýdan soň pioner gullugyna başlady.
Randi ikimiz Ýehowanyň ajaýyp işleri hakda geljekki nesle gürrüň bermegi ýüregimize düwdük. Sebäbi olaryň hem biziň ýaly Ýehowa şatlanyp gulluk etmegini isleýäris (Zeb. 71:17, 18).
a Häzir «Mesihçileriň durmuşy we wagzy» duşuşygynyň gözegçisi diýilýär.
b Leon Krepault doganyň terjimehalyny «Garawul diňi» žurnalyndan okap bilersiňiz (w20.02 sah. 26—30).