Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

30-NJY MAKALA

Başdaky söýgiňiz sowamasyn!

Başdaky söýgiňiz sowamasyn!

«Biri-biriňizi söýüň» (Efes. 5:2).

2-NJI AÝDYM Seniň adyň Ýehowa

MAZMUNY a

1. Siz Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlanyňyzda haýsy hakykatlary bildiňiz?

 SIZIŇ Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlan günüňiz ýadyňyza düşýärmi? Siz hak Hudaýyň adyny bileniňizde haýran galansyňyz. Allatagalanyň ölen adamlary dowzah odunda gynamaýandygyny bileniňizde göwnüňiz giňäp gidendir. Aradan çykan dogan-garyndaşlaryňyzyň direljekdigini we olar bilen Jennetde ýaşajakdygyňyzy bileniňizde ýüregiňiz şatlykdan püre-pür bolandyr.

2. Siz Mukaddes Kitaby okap nähili özgerişlik etdiňiz? (Efesliler 5:1, 2).

2 Siz Hudaýyň Sözüni her gün okap, Ýehowany ýürekden söýensiňiz. Ony ýürekden söýüp, alan bilimiňizi durmuşyňyzda ulanansyňyz we Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna görä karara gelensiňiz. Şonda ýagşy edim-gylymly bolup, Ýehowany razy edensiňiz. Çagalaryň ene-atasyna meňzemek isleýşi ýaly, siz hem gökdäki Ataňyzyň göreldesine eýermek islänsiňiz (Efesliler 5:1, 2-nji aýatlary okaň).

3. Haýsy soraglar hakda oýlanmaly?

3 Siz özüňize şeýle soraglary beriň: «Suwa çümdürilen günümden bäri Ýehowa bolan söýgim has-da artýarmy? Meniň pikirim, edýän işlerim Ýehowanyň göwnünden turýarmy? Men dogan-uýalary Ýehowanyň söýşi ýaly söýýärinmi?» Eger-de siziň başdaky söýgiňiz sowan bolsa ruhdan düşmäň. Sebäbi I asyrdaky mesihçileriň hem söýgüsi sowapdy. Emma Isa pygamber olardan ýüz öwürmedi, sizden hem ýüz öwürmez (Ylh. 2:4, 7). Ol siziň ýüregiňizde Ýehowa bolan söýginiň ýene-de lowlap ýanjakdygyny bilýär.

4. Şu makalada näme hakda gürrüň ederis?

4 Biz şu makalada Ýehowany we adamlary söýmek üçin näme etmelidigi hakda gürrüň ederis. Şeýle-de söýginiň bize we adamlara berýän bereketleri hakda bileris.

ÝEHOWANY ÝÜREKDEN SÖÝÜŇ

5, 6. Pawlus resul nähili kynçylyklara duş geldi we oňa ruhdan düşmezlige näme kömek etdi?

5 Pawlus resul Ýehowa şatlyk bilen gulluk edýärdi. Emma ol köp kynçylyklara-da döz gelmeli boldy. Ol ýat ýurtlara, ýat illere wagyz etmäge giderdi. Pawlus resula uzak ýollary sökmek aňsat bolmady. Sebäbi ol birnäçe sapar talaňçylaryň eline düşdi, «çölde, deňizde, derýalarda... howply ýagdaýlara uçrady» (2 Kor. 11:23—27). Üstesine-de, dogan-uýalar onuň eden ýagşylyklarynyň gadyryny bilmeýärdi (2 Kor. 10:10; Flp. 4:15).

6 Pawlus resula kynçylyklara garamazdan, yhlasly wagyz etmäge näme kömek edýär? Ol Hudaýyň Sözüni okap we başdan geçiren wakalary hakda oýlanyp, hak Hudaýy gowy tanaýar. Şonda ol Ýehowanyň özüni söýýändigine düşünýär (Rim. 8:38, 39; Efes. 2:4, 5). Pawlus resulyň Ýehowa bolan söýgüsi gün-günden artýar. Şeýlelikde, ol «mukaddeslere... hyzmat etmegi» ýüregine berk düwýär (Ýew. 6:10).

7. Ýehowany ýürekden söýmek üçin näme etmeli?

7 Biz Mukaddes Kitaby her gün okasak we oýlansak Ýehowany ýürekden söýeris. Mukaddes Kitapdan bir wakany okanyňyzda, Ýehowanyň häsiýetleri hakda oýlanyň we özüňize şeýle soraglary beriň: «Şu waka Ýehowanyň meni söýýändigini nädip subut edýär? Şu waka Hudaýa bolan söýgümi iş ýüzünde görkezmäge nädip höweslendirýär?»

8. Doga-dileg etmek Ýehowany ýürekden söýmäge nädip kömek edýär?

8 Biz her gün Ýehowa doga-dileg etsek, Oňa bolan söýgimiz artar (Zeb. 25:4, 5). Ýehowa ak ýürekden edilýän dileglere jogap berýär (1 Ýah. 3:21, 22). Aziýada ýaşaýan Keýli b uýa şeýle gürrüň berýär: «Meniň Ýehowa bolan söýgim Mukaddes Kitapdan öwrenen zatlaryma esaslanýardy. Emma doga-dileglerime Ýehowanyň jogap berýändigini bilenimde, Oňa bolan söýgim has-da artdy we her gün Ony razy edip ýaşamagy ýüregime düwdüm».

ADAMLARY ÝÜREKDEN SÖÝÜŇ

9. Timoteosyň imandaşlaryny ýürekden söýendigini näme subut edýär?

9 Pawlus Isa Mesihiň şägirdi bolýar. Birnäçe ýyl geçensoň ol ýaş ýigit Timoteos bilen tanyşýar. Timoteos Ýehowany we imandaşlaryny ýürekden söýýärdi. Pawlus filipililere ýazan hatynda: «Timoteos ýaly ýürekden aladaňyzy etjek adam ýokdur» diýdi (Flp. 2:20). Aýatda Pawlus Timoteosyň ökde guramaçydygyny ýa-da nutukçydygyny däl-de, imandaşlaryny ýürekden söýýändigini nygtap geçdi. Dogan-uýalar hem Timoteosyň söýgüsini duýýardylar we onuň indiki gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar (1 Kor. 4:17).

10. Är-aýal imandaşlaryna bolan söýgüsini nädip görkezdi?

10 Biziň dogan-uýalara bolan söýgimiz ýagşylyk etmäge höweslendirmeli (Ýew. 13:16). Geliň, geçen makalada agzalan Anna hakda gürrüň edeliň. Onuň ýaşaýan ýerinde güýçli harasat turýar. Şonda Anna bilen ýanýoldaşy bir maşgalany görmäge barýarlar. Baryp görseler, olaryň jaýynyň üçegi ýumrulypdyr we bar goşlary, egin-eşikleri hapalanypdyr. Anna şeýle diýýär: «Biz olaryň egin-eşiklerini ýuwduk, ütükledik, epledik we yzyna eltip berdik. Biz kiçijik ýagşylyk etdik, emma şol ýagşylyk iki maşgalany jana-jan dost etdi». Hawa, är-aýalyň dogan-uýalara bolan söýgüsi agyr günde olaryň dadyna ýetişmäge höweslendirdi (1 Ýah. 3:17, 18).

11. a) Biziň edýän ýagşylyklarymyz dogan-uýalara nähili täsir edýär? b) Nakyllar 19:17-ä görä, imandaşlarymyza edýän ýagşylygymyza Ýehowa nähili garaýar?

11 Biz dogan-uýalary söýsek we ýagşylyk etsek, olar biziň Ýehowanyň göreldesine eýerýändigimizi görerler. Olar biziň eden ýagşylygymyzy hiç haçan unutmaz. Keýli uýa özüne ýagşylyk eden dogan-uýalary ýatlap, şeýle diýýär: «Uýalar meni wagza çagyrardylar, käte ulagly alyp giderdiler, käte ulagly getirerdiler. Çaý içmäge ýa-da myhmançylyga çagyrardylar. Uýalar meni söýýändigi üçin wagtyny, güýjüni gaýgyrmadylar». Elbetde, biziň eden ýagşylyklarymyza hemmeler sag bolsun aýtmaz. Keýli uýa sözüni şeýle dowam edýär: «Ýagşylyk edenlere, meniňem ýagşylyk edesim gelýär. Emma men olaryň häzir nirede ýaşaýandygyny bilmeýärin. Ýehowa bolsa hemme zady bilýär. Şol sebäpli men ýagşylyk eden adamlara Ýehowanyň bereket bermegi üçin doga-dileg edýärin». Hawa, Keýli dogry aýdýar! Biziň dogan-uýalara edýän ujypsyzja ýagşylygymyzy Ýehowa gymmat saýýar we özüne «karz berlen» ýaly duýýar (Nakyllar 19:17-ni okaň).

Ruhy taýdan ösüş edýän adam hemişe başgalara ýagşylyk edýär (12-nji abzasa serediň).

12. Doganlar imandaşlaryny söýýändigini nädip görkezip biler? (Surata serediň).

12 Doganlar, siz imandaşlaryňyza nädip ýagşylyk edip bilersiňiz? Jordan ýygnakda köp işleri etmek isleýärdi. Ol bu barada ýaşuly dogana aýdýar. Şonda ýaşuly ony eden üstünlikleri üçin öwýär we birnäçe maslahat berýär. Meselem, Ýygnak jaýyna irräk gelip, dogan-uýalary garşy almagy, ruhlandyryjy jogaplary bermegi, wagyz topary bilen her hepde wagyz etmegi we dogan-uýalara kömek etmäge hemişe taýyn bolmalydygy hakda aýdýar. Jordan ýaşulynyň maslahatyna eýerip, hem täze ukyplary öwrenýär, hem dogan-uýalary ýürekden söýýär. Jordan hyzmatçy bolýança garaşyp oturman, häzirden imandaşlaryna kömek etmek üçin elinde baryny etmelidigine düşünýär (1 Tim. 3:8—10, 13).

13. Kristian Ýehowany we dogan-uýalary söýýändigi üçin näme etmegi ýüregine düwýär?

13 Doganlar, sizi ýygnak hyzmatçysy ýa-da ýaşuly borjundan aýran bolsalar näme? Onda ruhdan düşmäň! Sebäbi Ýehowa siziň imandaşlaryňyz üçin eden ýagşylygyňyzy we bildiren söýgiňizi hiç haçan unutmaz (1 Kor. 15:58). Ýehowa siziň şu günler Öz adyna bildirýän söýgiňizi gymmat saýýar. Kristian dogan ýaşululyk borjundan aýrylanda ruhdan düşýär. Soňra özüni ele alýar. Kristian şeýle gürrüň berýär: «Men ýaşuly bolaýyn, bolmaýyn, Ýehowa üçin elimde baryny etmegi ýüregime düwdüm. Sebäbi men Ýehowany ýürekden söýýärin». Birnäçe wagtdan soňra Kristiany ýene-de ýaşuly belleýärler. Ol sözüni şeýle dowam edýär: «Indi men ýaşuly bolmaga ýaýdanýaryn. Emma Ýehowa rehimdarlyk bildirip, maňa ýene-de şu borjy ynandy. Şol sebäpli men Ýehowany we dogan-uýalary söýýändigim üçin ynanylan borjy höwes bilen ýerine ýetirerin».

14. Siz Gruziýada ýaşaýan uýanyň göreldesine nädip eýerip bilersiňiz?

14 Ýehowanyň Şaýatlary diňe bir imandaşlaryny däl, ähli adamlary söýýär (Mat. 22:37—39). Gruziýada ýaşaýan Ýelena uýa şeýle gürrüň berýär: «Men başda Ýehowany söýýändigim üçin wagyz edýärdim. Emma Ýehowa bolan söýgim artdygyça, adamlary hem ýürekden söýüp başladym. Indi men adamlaryň kynçylyklary hakda we olaryň ýüregine täsir etjek temalar barada oýlanýaryn. Men wagtymy, güýjümi gaýgyrman, olara ýagşylyk edesim gelýär» (Rim. 10:13—15).

SÖÝGINIŇ BERÝÄN BEREKEDI

Bir adama bildirilen söýgi köpleriň ýüregini çoýýar (15, 16-njy abzaslara serediň).

15, 16. Bir adama edilen ýagşylyk başgalara nähili peýda berýär? (Surata seredip jogap beriň).

15 Biziň dogan-uýalara eden ýagşylygymyz köp adamlara peýda getirýär. Koronawirus keseliniň (COVID-19) ýaýran döwri Paula bilen aýaly garry uýalara elektron enjamlary arkaly wagyz etmegi öwredýär. Uýalaryň birine öwrenmek kyn bolýar. Ýöne uýa her edip, hesip edip maksadyna ýetýär. Ol Ýatlama agşamy döwri dogan-garyndaşlaryna wagyz edýär. Şeýlelikde, onuň 60 sany dogan-garyndaşy wideoaragatnaşyk arkaly Ýatlama agşamyna gatnaşýar. Görşümiz ýaly, Paula bilen aýalynyň eden ýagşylygy diňe bir uýa däl, köp adamlara peýda getirýär. Uýa Paula dogana şeýle hat ýazýar: «Meniň ýaly garrylara elektron enjamyny ulanmaga kömek edeniň üçin, köp sag bol! Ýehowanyň aladasyny we seniň irginsiz çeken zähmetiňi hiç haçan unutmaryn».

16 Paula dogan şu wakadan bir wajyp sapak edinýär. Ol bilimiň, ukyp-başarnygyň däl-de, dogan-uýalara bolan söýginiň wajypdygyna düşünýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men şol döwür etrap gözegçisi bolup gulluk edýärdim. Belki-de, nutukda aýdan pikirlerim dogan-uýalaryň ýadyna düşýän däldir, emma eden ýagşylygymy hiç haçan unutmasalar gerek».

17. Biz dogan-uýalary ýürekden söýsek nähili bereket alarys?

17 Biz adamlary söýsek garaşylmadyk bereketleriň eýesi bolarys. Täze Zelandiýada ýaşaýan Ýonatan dogan munuň diri şaýady boldy. Ol şenbe güni jokrama yssyda bir pioneriň köçede wagyz edip ýörendigini görýär. Soňra ol pionere kömek etmek isleýär we indiki şenbe güni onuň bilen wagza belleşýär. Emma ol özüne köp bereketleriň garaşýandygyndan bihabardy. Ýonatan şeýle gürrüň berýär: «Men wagyz etmegi halamaýardym. Ýöne pioneriň yhlasly wagyz edişine, öwredişine we adamlaryň ony ünsli diňleýşine haýran galdym. Soňra menem yhlasly wagyz edip başladym we pioner dogan bilen dostlaşdym. Ol maňa ruhy taýdan ösmäge, Ýehowa bilen dostlaşmaga we wagyzdan şatlyk tapmaga kömek etdi».

18. Ýehowa biziň näme etmegimizi isleýär?

18 Biz Ýehowany we dogan-uýalary ýürekden söýmeli. Sebäbi muny gökdäki Atamyz isleýär. Biz Mukaddes Kitaby her gün okasak, oýlansak we doga-dileg etsek, Ýehowany ýürekden söýeris. Biz elimizden gelen ýagşylygy dogan-uýalardan gaýgyrmasak, olara bolan söýgimiz gün-günden artar. Hawa, Ýehowany we dogan-uýalary ýürekden söýsek, olar bilen jana-jan dost bolarys. Biziň dostlugymyz ebedi dowam eder!

109-NJY AÝDYM «Biri-biriňizi ýürekden söýüň»

a Biz Ýehowany ýaňy-ýakynda tanan bolsak-da ýa-da ençeme ýyl bäri Oňa gulluk edýän bolsak-da öňümizde maksat goýmaly. Nähili maksat? Biz Ýehowany we Onuň ýaradan bendelerini ýürekden söýmeli. Şu makalany okanyňyzda ýüregiňizde şol söýginiň lowlap ýanmagy üçin nämeler edendigiňiz we nämeler etjekdigiňiz hakda oýlanyň.

b Käbir atlar üýtgedildi.