Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

32-NJI MAKALA

Eglişikli Ýehowa Hudaýyň göreldesine eýeriň

Eglişikli Ýehowa Hudaýyň göreldesine eýeriň

«Goý, hemmeler sizi eglişikli adam hökmünde tanasyn» (Flp. 4:5, çykgyt).

89-NJY AÝDYM Diňle, gulak as, bereket al

MAZMUNY a

Siz haýsy agaja meňzeýärsiňiz? (1-nji abzasa serediň).

1. Mesihçileri haýsy manyda agaja meňzetse bolar? (Surata serediň).

 APY-TUPAN turanda käbir agaçlar döwülmeýär, sebäbi olar çeýe we maýyşgak bolýar. Bizem eglişikli bolsak ruhdan düşmeris we imanymyz berk bolar. Eglişikli bolmagyň nähili peýdasy bar? Birinjiden, durmuşda bolýan duýdansyz kynçylyklara aňsatlyk bilen döz gelýäris. Ikinjiden, medeniýeti we terbiýesi tapawutlanýan dogan-uýalaryň garaýşyna hormat goýýarys.

2. Durmuşda bolýan apy-tupana döz gelmäge haýsy häsiýetler kömek edýär we makalada näme hakda gürrüň ederis?

2 Biz eglişikli adamlar hökmünde tanalmaly. Şeýle-de pesgöwünli we duýgudaş bolmaly. Makalada şu häsiýetleriň dogan-uýalara kynçylyklara döz gelmäge kömek edendigi hakda gürrüň ederis we bize nähili peýdasynyň bardygyny bileris. Geliň, ilki bilen Ýehowa Hudaýyň we Isa pygamberiň eglişikli bolmakda galdyran kämil göreldesine seredeliň.

HAK ALLANYŇ WE ISA PYGAMBERIŇ GÖRELDESI

3. Ýehowanyň eglişikli Hudaýdygyny nireden bilýäris?

3 Mukaddes Kitapda Ýehowanyň Arkadagdygy aýdylýar (5 Mus. 32:4). Ol sarsmaz, haýbatly, güýç-kuwwatly Hudaý bolsa-da, eglişikli we paýhasly hereket edýär. Dünýäniň ýagdaýy üýtgäp durýar, emma Ýehowa niýetini amala aşyrmak üçin ýagdaýa görä hereket edýär. Ýehowa adamlary öz keşbinde ýaratdy. Şol sebäpli biz garaşylmadyk ýagdaýa tiz öwrenişýäris. Şeýle-de Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary kynçylyklarda paýhasly karara gelmäge kömek edýär. Hawa, Ýehowanyň göreldesi we kada-kanunlary Onuň diňe bir Gudratygüýçli däl-de, eglişikli Hudaýdygyny hem subut edýär.

4. Ýehowanyň adamlara eglişik edýändigini haýsy waka subut edýär? (3 Musa 5:7, 11).

4 Ýehowa kämil we paýhasly Hudaý. Ol gullaryny ezýän talapkär hojaýyndan düýbünden tapawutlanýar. Ýehowa ýaradan bendelerine eglişik edýär. Meselem, Allatagala ysraýyllaryň hemmesinden deň möçberde sadaka bermegi talap etmedi. Ol garyp we pukara adamlara mümkinçiligine görä sadaka bermäge höweslendirdi (3 Musa 5:7, 11-nji aýatlary okaň).

5. Ýehowanyň pesgöwünli we duýgudaş Hudaýdygyny haýsy waka subut edýär?

5 Ýehowa pesgöwünli we duýgudaş Hudaý bolansoň, adamlara eglişik hem edýär. Günlerde bir gün Allatagala Sodom şäherini ýok etmekçi bolýar. Şonda Ol dogruçyl Luty we maşgalasyny halas etmek üçin iki perişdesini ýollaýar. Ýehowa Luta daglara gaçmagy tabşyrýar. Emma Lut gorkup, ýok edilmeli Sogar şäherine gitmäge rugsat soraýar. Ýehowa: «Sen maňa garşy çykjak bolýarmyň?» diýip, aýak diräp oturman, Lutuň haýyşyny bitirýär we onuň hatyrasyna Sogar şäherini ýok etmeýär (1 Mus. 19:18—22). Mundan birnäçe asyr geçensoň, Ýehowa Ninewiýa şäherine duýgudaşlyk bildirýär. Ol Ýunus pygamberi Ninewiýa iberip, zalym halky ýok etjekdigini aýdýar. Ýöne halk toba edýär. Ýehowa-da olara rehimdarlyk bildirip şäheri ýok etmeýär (Ýun. 3:1, 10; 4:10, 11).

6. Isa pygamber Ýehowanyň göreldesine nädip eýerdi?

6 Isa pygamber hem Ýehowanyň göreldesine eýerip eglişikli boldy. Ol «Ysraýylyň ýiten goýunlaryna kömek etmek üçin» ýer ýüzüne gelipdi. Bir aýal Isa pygamberiň ýanyna gelip gyzynyň içinden jyny çykarmagy haýyş edýär. Ol aýal ysraýyllardan däldi. Emma Isa pygamber oňa duýgudaşlyk bildirip gyzyny sagaltdy (Mat. 15:21—28). Geliň, ýene bir waka seredeliň. Isa pygamber ýer ýüzünde gulluk edýärkä: «Kim... menden ýüz öwürse, men hem... ondan ýüz öwrerin» diýdi (Mat. 10:33). Emma Petrus resul üç sapar Isany tanamaýandygyny aýtdy. Şonda Isa ondan ýüz öwürdimi? Elbetde, ýok! Sebäbi ol Petrusyň toba edýändigini, Hudaýa ýürekden iman edýändigini bilýärdi. Isa pygamber direlenden soňra Petrusyň ýanyna baryp, ony bagyşlandygyny we ýürekden söýýändigini aýtdy (Luka 24:33, 34).

7. Filipililer 4:5-e görä, biz nähili adam hökmünde tanalmaly?

7 Görşümiz ýaly, Ýehowa Hudaý we Isa pygamber eglişikli bolmak babatda gowy görelde galdyrdy. Ýehowa biziňem eglişikli bolmagymyzy isleýär (Filipililer 4:5-i okaň). Bir kitapda Filipililer 4:5-nji aýat: «Il arasynda eglişikli diýen ýagşy adyňyz bolsun» diýip terjime edilen. Biz eglişikli bolmak üçin özümize şu soraglary bermeli: «Meni geçirimli, sabyrly, eglişikli adam hökmünde tanaýarlarmy ýa-da talapkär, gödek, kesir adam hökmünde tanaýarlar? Men „her bir aýdan sözüm kanun“ diýip, sözümi gögertjek bolýarynmy ýa-da adamlary ünsli diňläp, ýerlikli bolsa olaryň tekliplerini kabul edýärin?» Eger biz näçe eglişikli bolsa, şonça-da Ýehowa Hudaýyň we Isa pygamberiň göreldesine eýerip bileris. Geliň, häzir duýdansyz bolýan ýagdaýlara döz gelmek we dogan-uýalaryň garaýşyna hormat goýmak üçin eglişikli bolmalydygy hakda gürrüň edeliň.

ÝAGDAÝYŇYZ ÜÝTGÄNDE EGLIŞIKLI BOLUŇ

8. Durmuşda bolýan öwrümlere taýýar bolmaga näme kömek eder? (Surata serediň).

8 Paýhasly adam eglişikli bolýar. Ol durmuşda bolýan öwrümlere taýyn bolýar. Meselem, biziň agyr kesele ýolukmagymyz mümkin. Syýasy ýolbaşçylaryň çalyşmagy we ykdysadyýetiň pese düşmegi mümkin (Nes. 9:11; 1 Kor. 7:31). Belki-de, ýygnakdaky borçlarymyz üýtgäp biler. Şonda çydamly bolmaga dört maslahat kömek eder: 1) ýagdaýy bolşy ýaly kabul etmeli, 2) geçmişiň bilen ýaşamaly däl, 3) dogry garaýyşda bolmaly we 4) adamlara ýagşylyk etmeli b. Geliň, häzir şu dört maslahata eýerip peýda alan dogan-uýalar hakda gürrüň edeliň.

9. Missioner är-aýala garaşylmadyk ýagdaýa döz gelmäge näme kömek etdi?

9 Ýagdaýy bolşy ýaly kabul ediň. Emanuel bilen Françeskony daşary ýurda missioner edip belleýärler. Olar daşary ýurt dilini öwrenýär we dogan-uýalar bilen ýakyndan tanyşýar. Är-aýal täze ýygnaga ýaňy bir öwrenişip başlaýarlar welin, koronawirus keseli (COVID-19) ýaýraýar we olar dogan-uýalar bilen ýüzbe-ýüz görşüp bilmeýär. Üstesine-de, Françesko uýanyň mähriban ejesi tarpa-taýyn aradan çykýar. Françesko maşgalasyny goldamak üçin watanyna dolanmak isleýär. Emma çäklendirmeler sebäpli gidip bilmeýär. Olara kyn ýagdaýa döz gelmäge näme kömek etdi? Birinjiden, är-aýal ertirki gününiň aladasyny etmez ýaly, Ýehowadan akyldarlyk sorap doga edýär. Ýehowa-da olaryň dogasyna tüýs wagtynda jogap berýär. Olar bir doganyň: «Täze ýagdaýlara çalt öwrenişseň şatlygyň artýar, wagyz etmäge-de gowy mümkinçilik bolýar» diýen ruhlandyryjy sözlerini diňleýär c. Ikinjiden, är-aýal telefon arkaly ökdelik bilen wagyz etmegi öwrenýär we adamlara Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlaýar. Üçünjiden, olar imandaşlarynyň berýän kömegini kabul edýär. Şeýle-de bir uýa olara ýylyň dowamynda her gün Mukaddes Kitapdan aýat ýazyp ugradýar. Hawa, bizem ýagdaýy bolşy ýaly kabul etsek, kynçylyklara şatlyk bilen döz geleris.

10. Kristina uýa täze ýagdaýa öwrenişmäge näme kömek etdi?

10 Geçmiş bilen ýaşamaň, dogry garaýyşda boluň. Rumyniýaly Kristina uýa Ýaponiýada ýaşaýar. Ol iňlis ýygnagyna barýardy, ýöne onuň ýygnagy ýapylýar. Kristina ruhdan düşýär, emma geçmişi bilen ýaşamaýar. Ol ýapon dilinde geçirilýän ýygnaga geçýär we dogan-uýalar bilen wagyz etmek üçin elinde baryny edýär. Şeýle-de ol işgärinden Mukaddes Kitap we «Ebedi ýaşaň!» broşýura arkaly ýapon dilini öwretmegi haýyş edýär. Işgäri onuň bilen razylaşýar. Şeýlelikde, Kristina ýapon dilini öwrenýär, işgäri bolsa Mukaddes Kitap bilen gyzyklanyp başlaýar. Bizem geçmiş bilen ýaşaman dogry garaýyşda bolsak, garaşylmadyk ýagdaýlar — garaşylmadyk bereketler berer.

11. Är-aýala işsizlige döz gelmäge näme kömek etdi?

11 Adamlara ýagşylyk ediň. Bir är-aýal wagyz işi gadagan edilen ýurtda ýaşaýar. Üstesine-de, şol ýurduň ykdysadyýeti pese düşýär. Olar işsizlikden we pulsuzlykdan kösenýär. Är-aýala kyn ýagdaýa döz gelmäge näme kömek edýär? Birinjiden, olar baryna kaýyl bolup ýaşaýar. Ikinjiden, kynçylyklary hakda oýlanyp oturman, köpräk wagyz etmegi ýüregine düwýär (Res. 20:35). Dogan şeýle gürrüň berýär: «Biz hoş habary näçe yhlasly wagyz etsek, şonça-da Hudaýy razy edip bilýärdik. Şeýlelikde, ruhdan düşürýän zatlar hakda pikir etmäge wagtymyz hem bolmaýardy». Bizem garaşylmadyk ýagdaýlara duşsak-da, adamlara ýagşylyk etmeli. Ýagşylyk etmegiň iň gowy usuly hoş habary wagyz etmekdir.

12. Biz Pawlus resulyň göreldesine nädip eýerip bileris?

12 Biz adamlara wagyz edenimizde eglişikli bolmaly. Biz medeniýeti, dini garaýşy we terbiýesi dürli-dürli adamlar bilen gürrüňdeş bolýarys. Pawlus resul hem wagyz edende eglişikli bolmak babatda gowy görelde galdyrdy. Isa pygamber Pawlusa diňe ýehudylara däl-de, «başga halkalara» wagyz etmegi tabşyrdy (Rim. 11:13). Şeýlelikde, Pawlus ýewreýlere, greklere, atly-abraýly adamlara, garyp-gasarlara, daýhanlara, döwlet işgärlerine we patyşalara wagyz etdi. Pawlus adamlaryň ýüregine täsir etmek üçin «her kese her zat boldy» (1 Kor. 9:19—23). Ol wagyz edýän adamlarynyň medeniýetini, dini garaýşyny we terbiýesini göz öňünde tutýardy. Bizem Pawlus resulyň göreldesine eýerip eglişikli bolsak we adamlaryň ýagdaýyna görä teklibimizi üýtgetsek, olaryň ýüregine täsir ederis.

ADAMLARYŇ GARAÝŞYNA HORMAT GOÝUŇ

Biz eglişikli we paýhasly bolsak, dogan-uýalaryň garaýşyna hormat goýarys (13-nji abzasa serediň).

13. 1 Korinfliler 8:9-da nähili howp barada aýdylýar?

13 Biz eglişikli bolsak dogan-uýalaryň pikirine we garaýşyna hormat goýarys. Meselem, käbir uýalar boýanmagy, özüne timar bermegi gowy görýär, käbirleri bolsa asla boýanmaýar. Mesihçileriň käbiri çägini bilip spirtli içgileri içýär, başgalary bolsa asla içmeýär. Biziň ählimiz jan-saglygymyzyň aladasyny edýäris. Ýöne alýan bejergilerimiz dürli-dürli bolup biler. Eger biz öz kararymyzy, pikirimizi hemmeleriňkiden dogry we gowy hasaplasak sözümizi gögertjek bolarys, dogan-uýalary büdrederis we ýygnakda agzalalyk dörederis. Emma biz şeýle bolmagyny islemeýäris (1 Korinfliler 8:9-y okaň; 10:23, 24). Geliň, häzir iki ýagdaýa seredeliň we Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna eýerip, ýygnagyň parahatlygyna goşant goşmak üçin näme etmelidigimizi bileliň.

Biz eglişikli we paýhasly bolsak, dogan-uýalaryň garaýşyna hormat goýarys (14-nji abzasa serediň).

14. Biz egin-eşik we özüňe timar bermek babatda Mukaddes Kitabyň haýsy prinsiplerine eýermeli?

14 Egin-eşik we özüňe timar bermek. Ýehowa hemme adamlara belli bir biçüwde we reňkde egin-eşik geýmegi tabşyrmady. Ýöne Mukaddes Kitaby okanymyzda egin-eşik babatda Ýehowanyň garaýşyna düşünip bilýäris. Hawa, biz «sagdyn düşünjeli» bolup, gelşikli we salykatly egin-eşikleri geýmeli (1 Tim. 2:9, 10; 1 Pet. 3:3). Şonda Ýehowa Hudaýy şöhratlandyrarys. Emma biz geýnişimiz we timar berişimiz bilen adamlaryň ünsüni özümize çekmeli däl. Ýaşulular hem şu babatda belli bir düzgünleri girizmeli däl. Meselem, bir ýygnakda ýaş doganlar moda kowalaşyp, saçyny daraman, bulam-bujar we çalam-çaş edip gezýärdiler. Ýaşulular düzgün goýman ýaşlara nädip kömek edip biler? Olar etrap gözegçisi bilen maslahatlaşýar. Etrap gözegçisi olara ýaş doganlara şeýle diýmegi maslahat berýär: «Sahnada ýumuş bilen çykyş edeniňizde, dogan-uýalar siziň aýdýan sözüňize üns berermi ýa-da daş keşbiňize? Eger daş keşbiňize üns berýän bolsalar, bu nämäni görkezýär?» Şeýlelikde, ýaşulular düzgün girizmän, ýönekeý soraglar arkaly ýaşlara kömek etdiler d.

Biz eglişikli we paýhasly bolsak, dogan-uýalaryň garaýşyna hormat goýarys (15-nji abzasa serediň).

15. Biz bejergi almak babatda Mukaddes Kitabyň haýsy prinsiplerine eýermeli? (Rimliler 14:5).

15 Saglygyň aladasyny etmek. Nähili bejergi almalydygyny her bir mesihçiniň özi çözýär (Gal. 6:5). Mukaddes Kitapda saglygyň aladasyny etmek babatda bir topar düzgün ýok. Ýöne gan goýbertmek we keseliňden gutulmak üçin jadygöýe ýüz tutmak gadagan edilýär (Res. 15:20; Gal. 5:19, 20). Hawa, mesihçiler şu kanuna gulak asmaly we bejergi almakda özleri karara gelmeli. Käbirleri hassahana baryp lukmanlaryň gözegçiligi astynda bejergi alýar. Käbirleri bolsa bejerginiň başga ýollaryny gözleýär. Biz öz alýan bejergimizi näçe dogry we gowy hasaplasak-da, dogan-uýalaryň gelýän kararyna hormat goýmaly. Şeýle-de şu dört pikiri unutmaly däl: 1) diňe Hudaýyň Patyşalygy ähli keseli aýrar (Işa. 33:24); 2) her bir mesihçi bejergi almak babatda gelýän kararynyň «dogrudygyna ynamly bolmaly» (Rimliler 14:5-i okaň); 3) biz dogan-uýalary ýazgarmaly däl we olary büdretmeli däl (Rim. 14:13); 4) imandaşlarymyzy söýmeli we ýygnagyň agzybirliginiň öz garaýşymyzdan has wajypdygyna düşünmeli (Rim. 14:15, 19, 20). Şonda biz dogan-uýalar bilen dostlaşarys we ýygnagyň parahatlygyna goşant goşarys.

Biz eglişikli we paýhasly bolsak, dogan-uýalaryň garaýşyna hormat goýarys (16-njy abzasa serediň).

16. Eglişikli ýaşuly näme eder? (Surata serediň).

16 Ýaşulular paýhasly we eglişikli bolmaly (1 Tim. 3:2, 3). Gadyrly doganlar, beýleki ýaşuly doganlardan ýaşyňyzyň uludygy üçin öz sözüňizi gögertjek bolmaň. Unutmaň, Ýehowa mukaddes ruhy arkaly islendik ýaşulyny pikirini aýtmaga höweslendirip, ýaşulular maslahatyna paýhasly karara gelmäge kömek edýär. Paýhasly we eglişikli ýaşuly belli bir meselede başgaça pikir edip biler. Ýöne ol Mukaddes Kitabyň kada-kanuny bozulmaýan bolsa, ýaşulular maslahatynda köpçüligiň kararyny goldar.

EGLIŞIKLI BOLUŇ WE BEREKET ALYŇ

17. Eglişikli mesihçiler nähili bereket alýar?

17 Biz eglişikli bolup köp bereketleri alýarys. Meselem, dogan-uýalar bilen dostlaşýarys we ýygnakda agzybirlik höküm sürýär. Biz medeniýeti, terbiýesi we häsiýeti dürli-dürli bolan dogan-uýalar bilen agzybir maşgala bolup gökdäki Atamyza şatlyk bilen gulluk edýäris. Esasanam, eglişikli we paýhasly Hudaý Ýehowanyň göreldesine eýerip, özümizi bagtly duýýarys.

90-NJY AÝDYM Birek-biregi ruhlandyralyň

a Durmuşda käte duýdansyz kynçylyklar döreýär. Meselem, biziň kesellemegimiz, işden çykarylmagymyz we pulsuzlykdan kösenmegimiz mümkin. Ýa-da medeniýetimiziň we terbiýämiziň tapawutlanýandygy üçin dogan-uýalar bilen aramyzda düşünişmezlik döräp biler. Şonda biz Ýehowa Hudaýyň we Isa pygamberiň göreldesine eýerip, paýhasly hem eglişikli bolsak, şeýle kynçylyklara döz gelip bileris.

b 2016-njy ýylda çykan «Oýanyň!» žurnalynyň 4-nji sanyndaky (rus.) «Durmuşda bolýan özgerişiklere döz gelmek üçin näme etmeli?» diýen makalany okaň.

c «Dmitriý Mihaýlow dogan bilen söhbetdeşlik» diýen wideony görüň. Wideony 2021-nji ýylyň mart—aprel aýynda çykan «Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderiniň» «Ýehowa yzarlamalary şaýatlyk etmeklige öwürýär» diýen makalasyny öwrenenimizde görüpdik.

d Egin-eşik we özüňe timar bermek barada köpräk bilmek üçin «Ebedi ýaşaň!» kitabynyň 52-nji sapagyny okap bilersiňiz.