Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Gözleg geçiriň

Gözleg geçiriň

Siz haýsyndan başlarsyňyz?

Biziň hemmämiz şahsy okuwyny geçirmeli, emma wagt tapmak aňsat bolmaýar. Siz näme edip bilersiňiz? Birinjiden, şahsy okuwyny geçirmek üçin wagt belläň. Sahypa sanyna kowalaşmagyň deregine, az-azdan okap oýlansaňyz peýdaly bolar.

Ikinjiden, nämeden başlajakdygyňyzy anyklaň (Efes. 5:15, 16). Şu maslahatlara eýerip bilersiňiz:

  • Mukaddes Kitaby her gün okaň (Zeb. 1:2). Belki, siz «Durmuş we wagyz. Okuw depderinde» berlen her hepde okamaly baplardan başlarsyňyz.

  • «Durmuş we wagyz», «Garawul diňi» duşuşyklaryna taýýarlanyň hem-de ýygnakda jogap beriň (Zeb. 22:22).

  • JW.ORG saýtyna çykýan makalalary, žurnallary okaň we wideolary görüň.

  • Belli bir tema boýunça gözleg geçiriň. Meselem, duş gelýän kynçylygyňyz, biynjalyk edýän soragyňyz we Mukaddes Kitabyň bir taglymaty boýunça gözleg-barlag geçirip bilersiňiz. Size jw.org saýtyna çykýan «Mukaddes Kitaby öwrenmek üçin ýumuşlar» hem şahsy okuwyny gyzykly geçirmäge kömek eder.