29-NJY MAKALA
Uly betbagtçylyga taýýar boluň!
«Siz hem taýýar boluň» (Mat. 24:44).
150-NJI AÝDYM Hudaýy agtaran halas bolar
MAZMUNY a
1. Tebigy betbagtçylyga näme üçin öňünden taýýarlanmaly?
GOWY taýýarlyk bela-beterden goraýar. Meselem, tebigy betbagtçylyga öňünden taýýarlanýan adam hem özüniň, hem dost-ýarlarynyň janyny halas edýär. Ýewropanyň Ynsanperwerlik guramasy «her bir ýagdaýa öňünden taýýarlanmagyň howp-hatardan goraýandygyny» aýdýar.
2. Biz näme üçin uly betbagtçylyga taýýarlanmaly? (Matta 24:44).
2 Tizden bütin ýer ýüzünde «uly betbagtçylyk» bolar (Mat. 24:21). Uly betbagtçylyk bilen tebigy betbagtçylygyň nähili tapawudy bar? Adatça tebigy betbagtçylyk duýdansyz bolýar we adamlar taýýarlyk görmäge ýetişmeýär. Ýöne uly betbagtçylyga käbir adamlar taýýarlanyp biler. Näme üçin? Sebäbi 2 000 ýyl mundan öň Isa pygamber şägirtlerine uly betbagtçylygyň alamatlary hakda aýtdy (Matta 24:44-i okaň). Eger biz şol alamatlara ünsli bolsak, uly betbagtçylyga taýýarlanyp bileris we öz janymyzy, başga adamlaryň janyny halas ederis (Luka 21:36).
3. Haýsy üç häsiýet uly betbagtçylyga taýýarlyk görmäge kömek edýär we nädip?
3 Uly betbagtçylykda halas bolmak üçin çydamly, duýgudaş bolmaly we dogan-uýalary ýürekden söýmeli. Tizden ähli adamlara höküm habaryny aýdarys. Şol habar adamlaryň gulagyna hoş ýakmaz we olar bizi ýigrener (Ylh. 16:21). Biz uly betbagtçylykda çydamly bolsak, Ýehowa gulak asarys we Onuň gorajakdygyna ynamly bolarys. Belki, şol döwür dogan-uýalar emläginden mahrum bolar (Hab. 3:17, 18). Eger biz duýgudaş bolsak, olary goldarys we gerekli kömegi bereris. Üstesine-de, milletleriň üýşmegi Hudaýyň halkyna topular. Belki, biz şol döwür dogan-uýalar bilen ýerzeminde ýaşamaly bolarys (Hyz. 38:10—12). Eger dogan-uýalary ýürekden söýsek, uly betbagtçylykdan sag-aman geçeris.
4. Mukaddes Kitapda näme maslahat berilýär?
4 Hudaýyň Sözünde çydamlylyk, duýgudaşlyk we söýgi häsiýetlerini ösdürmek maslahat berilýär. Luka 21:19-da: «Siz çydamly bolup, janyňyzy halas edersiňiz» diýilýär. Koloslylar 3:12-de: «Duýgudaş... boluň» diýilýär. 1 Selanikliler 4:9, 10-njy aýatlarda: «Siz biri-biriňizi söýmegi Hudaýdan öwrendiňiz... (Biri-biriňizi) öňküdenem has köp söýmegiňizi ündeýäris» diýilýär. I asyrdaky mesihçiler şu häsiýetleri görkezýärdiler. Ýöne olar has çydamly, duýgudaş bolmak üçin we imandaşlaryny ýürekden söýmek üçin jan etmelidiler. Bizem olaryň göreldesine eýerip bileris. Geliň, şu soraglaryň jogabyny bileliň: I asyrdaky mesihçiler şu häsiýetleri nädip görkezdiler? Biz olaryň göreldesine nädip eýerip bileris? Şu häsiýetler uly betbagtçylyga taýýarlyk görmäge nädip kömek edýär?
ÇYDAMLY BOLUŇ
5. I asyrdaky mesihçilere çydamly bolmaga näme kömek etdi?
5 I asyrdaky mesihçiler çydamly bolmalydylar (Ýew. 10:36). Sebäbi olar ähli adamlar ýaly adaty durmuşda bolýan kynçylyklara döz gelmelidiler. Şeýle-de olary ýehudy dini ýolbaşçylary, Rim hökümeti yzarlaýardy we dogan-garyndaşlary garşy çykýardy (Mat. 10:21). Üstesine-de, ýygnakda imandan dänenler agzalalyk döredýärdi (Res. 20:29, 30). Mesihçiler olara-da garşy göreşmelidi (Ylh. 2:3). Hawa, Hudaýa wepaly mesihçiler şu kynçylyklaryň ählisine çydady. Olara näme kömek etdi? Olar Eýýup pygamber ýaly Hudaýa wepaly adamlaryň göreldesine eýerdiler (Ýak. 5:10, 11); Ýehowa doga-dileg etdiler (Res. 4:29—31); hak Allanyň çydamly adamlara bereket berjekdigi hakynda oýlandylar (Res. 5:41).
6. Merita uýanyň göreldesine nädip eýerip bilersiňiz?
6 Biz Hudaýyň Sözünden we edebiýatlarymyzdan kyn ýagdaýlara döz gelen adamlar hakda okasak hem-de oýlansak, olaryň göreldesine eýerip bileris. Albaniýada ýaşaýan Merita uýa dogan-garyndaşlary azar ýamanyny berýär. Ol şeýle diýýär: «Men Mukaddes Kitapdan Eýýup pygamber hakda okadym. Görgüliniň görmedigi ýok eken. Ol hatda synaglaryň näme üçin başyna inýändiginden bihabardy. Ýöne ol şonda-da „soňky demime çenli (Hudaýa) wepaly bolaryn“ diýýär (Eýp. 27:5). Men bolsa kynçylyklaryň näme üçin bolýandygyny bilýärin. Görüp otursam, meniň çekýän derdim hiç zat ekeni».
7. Gelejekde boljak agyr synaglara häzirden nädip taýýarlyk görmeli?
7 Biz kynçylyklarda çydamly bolmak üçin Ýehowa doga etmeli (Flp. 4:6; 1 Sel. 5:17). Belki, siz şu günler agyr kynçylyklara duş gelýän dälsiňiz. Emma her günüň özüne ýetik aladasy bolýar. Siz göwnüçökgünlige düşeniňizde ýa-da özüňizi alaçsyz duýanyňyzda Ýehowa doga edýärsiňizmi? Eger her günki kynçylyklarda Ýehowa bil baglasaňyz, gelejekde boljak agyr synaglarda Oňa ýürekden doga edersiňiz. Şonda Ýehowanyň tüýs gerek wagty siziň dadyňyza ýetişjekdigine ynamly bolarsyňyz (Zeb. 27:1, 3).
8. Mira uýanyň başdan geçiren wakasyndan näme öwrendiňiz? (Ýakup 1:2—4; surata serediň).
8 Biz şu günler synaglara döz gelsek, uly betbagtçylyga taýýar bolarys (Rim. 5:3). Näme üçin şeýle diýse bolýar? Köp dogan-uýalar kynçylyklara döz gelmegiň imanyny berkidýändigine düşündiler. Şol iman olary gelejekde boljak agyr synaglara taýýarlady (Ýakup 1:2—4-nji aýatlary okaň). Albaniýada pioner bolup gulluk edýän Mira kynçylyklara döz gelip, çydamly bolmagy öwrendi. Ýöne ol ilkibaşda: «Menden başga şeýle köp dert çekýän adam ýok bolsa gerek» diýýär. Emma ol yzyna ser salyp, 20 ýylyň dowamynda Ýehowanyň eden kömegi hakda oýlanýar. Ol özüne: «Hudaýa wepaly bol. Onuň bilen şunça ýyllap gazanan ýeňşiňi baryny biderek etme» diýýär. Bizem Ýehowanyň kömegi bilen döz gelen kynçylyklarymyz hakda oýlanmaly. Şonda biz şu günler we gelejekde Ýehowanyň kynçylyklarda goldajakdygyna hem-de sylag berjekdigine ynanyp bileris (Mat. 5:10—12). Kynçylyklara çydasak, uly betbagtçylyga taýýar bolarys we soňuna çenli Ýehowa wepaly galarys.
DUÝGUDAŞ BOLUŇ
9. Siriýanyň Antakyýa şäherinde ýaşaýan dogan-uýalar imandaşlaryna nädip duýgudaşlyk bildirdiler?
9 Ýahudada güýçli açlyk bolýar. Şonda Siriýanyň Antakyýa şäherinde ýaşaýan dogan-uýalar gaty gynanýar. Olar imandaşlaryna diňe sözde däl-de, iş ýüzünde duýgudaşlyk bildirdiler. Antakyýada ýaşaýan dogan-uýalar «Ýahudada ýaşaýan doganlaryna elinden gelen kömegi etmek islediler» (Res. 11:27—30). Hawa, olar Ýahudadan uzakda ýaşasalar-da, dogan-uýalara kömek etmegi ýüregine düwdüler (1 Ýah. 3:17, 18).
10. Tebigy betbagtçylykdan ejir çekýän dogan-uýalara nädip duýgudaşlyk bildirip bilersiňiz? (Surata serediň).
10 Tebigy betbagtçylyga uçran dogan-uýalara duýgudaşlyk bildirmek üçin näme etmeli? Siz ýaşululardan nähili kömegiň gerekdigini soraň. Belki, siz tebigy betbagtçylyk bolan ýerde kömek edersiňiz, pul sadakasyny berersiňiz ýa-da ejir çeken dogan-uýalar üçin doga edersiňiz b (Nak. 17:17). 2020-nji ýylda koronawirus keseliniň (COVID-19) ýaýran döwri bütin dünýä boýunça 950-den gowrak Betbagtçylykda kömek edýän komitet döredildi. Olar dogan-uýalaryň iýjek-içjegini ýetirip durdular, imanyny berkitdiler, ýykylan öýleri we Ýygnak jaýlary dikeltdiler (2 Korinfliler 8:1—4-nji aýatlary deňeşdiriň). Biz şol komitetde gulluk edýän doganlara örän minnetdar!
11. Imandaşlarymyza duýgudaşlyk bildirsek gökdäki Atamyzy nädip şöhratlandyrýarys?
11 Köp adamlar biziň imandaşlarymyza kömek edýändigimizi görüp geň galýarlar. 2019-njy ýylda Bagam adalarynda «Dorian» atly harasat turýar we Ýygnak jaýyny ýumurýar. Şonda doganlar Ýygnak jaýyny dikeldip başlaýarlar. Olar işiň belli bir bölegini gurluşyk kärhanasyna berýärler we başlygyndan näçeräk çykdajynyň boljagyny soraýarlar. Başlyk: «Men sizden pul aljak däl. Size gurluşyk enjamlaryny, harytlaryny we ussalary bererin, sebäbi siz sogap iş edýärsiňiz. Siziň dostlaryňyza edýän kömegiňizi görüp haýran galdym» diýýär. Şu günler köp adamlar Ýehowany tanamaýar, emma Şaýatlaryň edýän işlerini görýärler. Biz imandaşlarymyza duýgudaşlyk bildirip, köp adamlara rehimdar Hudaý Ýehowany tanadýarys (Efes. 2:4). Bu biziň üçin uly hormat!
12. Duýgudaş bolmak uly betbagtçylyga nädip taýýarlaýar? (Ylham 13:16, 17).
12 Biz uly betbagtçylykda dogan-uýalara has-da duýgudaş bolmaly. Mukaddes Kitapda syýasy guramalary goldamadyk adamlaryň soňky günlerde we uly betbagtçylygyň dowamynda ejir çekjekdigi aýdylýar (Ylham 13:16, 17-nji aýatlary okaň). Şol döwür dogan-uýalar ýaşaýyş üçin zerur zatlaryny tapyp bilmez. Eger dogan-uýalara duýgudaş bolsak, Patyşamyz Isa zalym dünýäni höküm etmäge gelende bize örän guwanar we Patyşalygy miras berer (Mat. 25:34—40).
ÝÜREKDEN SÖÝÜŇ
13. Rimliler 15:7-nji aýat I asyrdaky mesihçilere biri-birini söýmäge nädip kömek etdi?
13 I asyrdaky mesihçiler biri-birini söýýän adamlar hökmünde tanalýardy. Olara biri-birini söýmek aňsat bolan däldir. Näme üçin? Geliň, Rimdäki ýygnagy göz öňüne getireliň. Ol ýerde Musanyň kanuny aňyna siňen ýehudylar we başga milletden bolan adamlar gulluk edýärdi. Şeýle-de gullar, olaryň hojaýynlary we azat-erkin adamlar bardy. Olaryň medeniýeti, alan terbiýesi biri-biriniňkiden tapawutlanýardy. Ýöne olar imandaşlaryny söýýärdi. Olara imandaşlaryny söýmäge näme kömek etdi? Mesihçiler Pawlus resulyň: «Biri-biriňizi kabul ediň» diýen maslahatyna eýerdiler (Rimliler 15:7-ni okaň). «Kabul ediň» diýen jümle birini güler ýüz bilen myhman almagy we ýakyndan dostlaşmagy aňladýar. Meselem, Pawlus Filimuna guly Onesimi «mähirli kabul etmegi» maslahat berdi (Flm. 17). Şeýle-de Priskilla bilen Akila Apollosy «öz öýüne aldylar» we Isa Mesihiň taglymatyny öwretdiler (Res. 18:26). I asyrdaky mesihçiler dürli-dürli milletden bolsa-da, biri-birini ýürekden söýdüler we Ýehowa agzybir sežde etdiler.
14. Är-aýal dogan-uýalary söýýändigini nädip subut etdi?
14 Biz dogan-uýalary söýsek we ýakyndan dostlaşsak, olar hem bizi söýer (2 Kor. 6:11—13). Geliň, Anna uýa hakda gürrüň edeliň. Koronawirus keseliniň (COVID-19) ýaýran döwründe ony we ärini Günbatar Afrika missioner edip belleýärler. Olar dogan-uýalar bilen ýüzbe-ýüz görşüp bilmeýärler. Emma wideoaragatnaşyk arkaly dogan-uýalary söýýändigini we olar bilen ýakyndan tanyşmak isleýändigini aýdýarlar. Dogan-uýalar hem olaryň ýygy-ýygydan jaň edýändigine we hat ýazýandygyna örän begendiler. Är-aýaly şeýle etmäge näme höweslendirdi? Anna şeýle diýýär: «Dogan-uýalar bizi ýagşy we ýaman günümizde-de goldadylar. Olaryň söýgüsini hiç haçan unutmaryn. Menem olaryň göreldesine eýerip, dogan-uýalara elimden gelen ýagşylygy etmek isleýärin».
15. Biz Wanessa uýanyň göreldesine nädip eýerip bileris? (Surata serediň).
15 Şu günler ýygnaklarda dürli milletden we medeniýetden bolan dogan-uýalar Ýehowa agzybir gulluk edýär. Biz dogan-uýalaryň ýagşy häsiýetlerini görsek, olary söýeris. Täze Zelandiýada gulluk edýän Wanessa uýa şeýle diýýär: «Maňa ýygnakda käbir dogan-uýalar bilen oňuşmak kyn bolýardy. Ýöne men olardan daşlaşman, gaýtam olary ýakyndan tanamagy ýüregime düwdüm. Şonda Ýehowanyň olary näme üçin şu dünýäden saýlap, Öz halkynyň arasyna goşandygyna düşündim. Ärimi etrap gözegçisi edip bellänlerinde, biz dürli milletli dogan-uýalar bilen tanyşdyk. Indi maňa olar bilen eginme-egin işleşmek aňsat bolýar. Men dürli milletli dogan-uýalara guwanýaryn, Ýehowa-da olara buýsanýar. Sebäbi olaryň hemmesini ogul-gyzy hasaplaýar». Bizem dogan-uýalaryň ýagşy häsiýetlerini görsek, Ýehowanyň göreldesine eýerip, olary ýürekden söýeris (2 Kor. 8:24).
16. Biz uly betbagtçylykda näme üçin imandaşlarymyzy ýürekden söýmeli bolarys? (Surata serediň).
16 Uly betbagtçylykda dogan-uýalary ýürekden söýmeli bolarys. Şol döwür Ýehowa bizi nädip gorar? Ýehowa gadymy Wawilonda ýaşan ysraýyllara şeýle görkezme berdi: «Eý halkym, içki otaglaryňyza giriň, gapylaryňyzy gulplaň. Gaharym köşeşýänçä, az salym gizleniň» (Işa. 26:20). Belki, bizem uly betbagtçylykda şu görkezmä eýermeli bolarys. Aýatdaky «içki otaglar» diýen jümle ýygnak duşuşyklaryny aňladýan bolmaly. Bizem dogan-uýalar bilen Ýehowa agzybir sežde etsek, gökdäki Atamyz beren sözünde durar we penasynda aman saklar. Şonuň üçin dogan-uýalaryň ýalňyşyna ýöne bir çydap ýörmän, olary ýürekden söýmeli. Sebäbi uly betbagtçylykda imandaşlaryny ýürekden söýýän adam halas bolar.
TAÝÝARLYK GÖRÜŇ
17. Haýsy üç häsiýet uly betbagtçylykda halas bolmaga kömek edýär?
17 «Ýehowanyň beýik gününde» ähli adamlar, şol sanda Hudaýyň halky hem ejir çeker (Sep. 1:14, 15). Eger biz şol güne öňünden taýýarlyk görsek, kalbymyz rahat bolar we dogan-uýalary goldap bileris. Şonda biz her hili kynçylyklara çydarys, ejir çekýän dogan-uýalara duýgudaşlyk bildireris we elimizden gelen kömegi gaýgyrmarys. Biz imandaşlarymyzy ýürekden söýüp, olar üçin janymyzy orta goýmaga taýyn bolarys. Şonda Ýehowa bize ebedi ýaşaýşy peşgeş berer. Ol ýerde gaýgy-aladamyz ýat bolar, göwünlerimiz şat bolar (Işa. 65:17).
144-NJI AÝDYM Baýragy ýatda sakla!
a Tizden adamzat taryhynda görlüp-eşidilmedik betbagtçylyk bolar. Şol döwür biz çydamly, duýgudaş bolmaly we dogan-uýalary söýmeli. Şu üç häsiýeti I asyrdaky mesihçiler nädip ösdürdi? Biz nädip ösdürip bileris? Şu häsiýetler bize uly betbagtçylyga taýýarlanmaga nädip kömek eder? Makalada şu soraglaryň jogabyny bileris.
b Tebigy betbagtçylykda ejir çekenlere kömek etmek üçin «Filialyň Taslama we gurluşyk işine gatnaşýan meýletinçiler üçin arzany» (DC-50) ýa-da «Meýletin gulluk üçin arzany» (A-19) dolduryň we jogap berilýänçä garaşyň.