Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

28-NJI MAKALA

123-NJI AÝDYM Sowgat hökmündäki adamlar

Hudaýyň hakykatyna berk ýapyşyň

Hudaýyň hakykatyna berk ýapyşyň

«Berk durup, biliňize hakykat guşagyny daňyň» (Efes. 6:14).

ESASY PIKIR

Hakykata berk ýapyşyň, ýalan sözleri diňlemäň.

1. Biz nämä ynanýarys?

 BIZ Hudaýyň Sözündäki hakykata iman edýäris we şoňa görä ýaşaýarys (Rim. 10:17). Biz ýygnak duşuşyklarynyň «hakykatyň diregi hem daýanjydygyna» ynanýarys (1 Tim. 3:15). Biz «ýolbaşçylyk edýän doganlara gulak asýarys», sebäbi olar Mukaddes Kitabyň hakykatlaryny düşündirýär we Hudaýyň Sözüne esaslanyp maslahat berýär (Ýew. 13:17).

2. Ýakup 5:19-a görä, biz nämeden seresap bolmaly?

2 Biz hak Hudaý Ýehowany tanap iman etdik we guramasynyň görkezmesine ýürekden eýerdik. Emma seresap bolmasak, biziň hakykat ýolundan sowulmagymyz mümkin (Ýakup 5:19-y okaň). Sebäbi Şeýtan biziň Mukaddes Kitaba imanymyzy gowşatmak we Hudaýyň guramasyna şübhe döretmek üçin elinde baryny edýär.

3. Biz näme üçin hakykat ýolunda berk durmaly? (Efesliler 6:13, 14).

3 Efesliler 6:13, 14-nji aýatlary okaň. Şeýtan tizden Ýehowa hakda ýalan gep-gürrüňleri ýaýradyp, ähli halklary oňa garşy aýaga galdyrar (Ylh. 16:13, 14). Şeýle-de ol Hudaýyň halkyny azdyrmak üçin hüjümini has-da güýçlendirer (Ylh. 12:9). Şol sebäpli biz häzirden nämäniň hakykatdygyny we nämäniň ýalandygyny bilmeli hem-de «Hudaýyň hakykatyna gulak asmaly» (Rim. 6:17; 1 Pet. 1:22). Şonda uly betbagtçylykdan sag-aman geçeris.

4. Makalada näme hakda gürrüň ederis?

4 Şu makalada iki häsiýet hakda gürrüň ederis. Şol häsiýetler hakykat bilen ýalanyň tapawudyny bilmäge we Hudaýyň guramasynyň görkezmesine eýermäge kömek eder. Şeýle-de biz hakykata berk ýapyşmaga kömek edýän üç maslahata serederis.

IKI WAJYP HÄSIÝET

5. Biz näme üçin Ýehowadan gorkmaly?

5 Ýehowadan gorkuň. Biz Ýehowany söýsek, ony gynandyrmakdan gorkarys we ýigrenýän işlerini etmeris. Biz halal bilen haramyň, hakykat bilen ýalanyň tapawudyny bileris we her gün Ýehowany razy edip ýaşarys (Nak. 2:3—6; Ýew. 5:14). Mähriban dogan-uýalar, biz adamdan gorksak, Ýehowany söýüp bilmeris. Adama ýaranjak bolsak, Ýehowany razy edip bilmeris.

6. On içaly nädip hakykaty ýoýdy?

6 Biz adamdan gorksak, hakykat ýolundan sowlup bileris. Gadymy döwürde ysraýyllar Ýehowanyň wada eden ýurduny gözden geçirmek üçin 12 baştutany saýlap ýolladylar. Olaryň onusy şum habar, ikisi hoş habar bilen dolanyp geldi. On içaly kenganlaryň pälwan adamlaryndan örän gorkupdy. Olaryň gorkusy Ýehowa bolan söýgüsinden üstün çykdy. On içaly halka: «Biz olar bilen söweşip bilmeris. Olar bizden has güýçli» diýdiler (4 Mus. 13:27—31). Hawa, kenganlar ysraýyllardan güýçlüdi. Emma on içaly «olar bilen söweşip bilmeris» diýip, Ýehowanyň goldajakdygyna ynanmadylar we ýalan sözlediler. Olar Ýehowanyň niýeti barada oýlanmalydy, Hudaýyň eden gudratly işleri hakda pikirlenmelidi we kenganlaryň Ýehowanyň ýanynda hiç zatdygyna düşünmelidi. Imansyz on içalydan tapawutlylykda Ýuşa bilen Kalep Ýehowany razy etmek isleýärdi. Olar halka: «Ýehowa bizden razy bolsa, hökman şol ýere elter» diýdiler (4 Mus. 14:6—9).

7. Biz Ýehowadan gorkmagy nädip öwrenmeli? (Surata serediň).

7 Biz her gün Ýehowanyň islegine görä karara gelsek, ondan gorkmagy öwreneris (Zeb. 16:8). Mukaddes Kitapdan bir wakany okanyňyzda özüňize şu soragy beriň: men şol ýerde bolan bolsam näme ederdim? Aýdaly, siz on içalynyň getiren şum habaryny diňläp dursuňyz. Siz olaryň aýdan habaryna ynanarsyňyzmy? Kenganlardan gorkup, Ýehowany unudarsyňyzmy? Ýa-da Ýehowa bolan söýgiňiz we Ony razy etmek islegiňiz gorkyňyzdan üstün çykarmy? Tutuş ysraýyllar Kalebiň we Ýuşanyň aýdan hakykatyna gulak asmady. Göýä olaryň gulagy gapylan ýalydy. Gynansak-da, olar Hudaýyň sylagyndan mahrum boldy, ýagny wada edilen ýurda girip bilmedi (4 Mus. 14:10, 22, 23).

Siz kime gulak asarsyňyz? (7-nji abzasa serediň).


8. Biz nähili adam bolmaly we näme üçin?

8 Pesgöwünli boluň. Ýehowa hakykaty diňe pesgöwünli adamlara açýar (Mat. 11:25). Biz Mukaddes Kitabyň hakykatyny pesgöwünlilik bilen kabul etdik (Res. 8:30, 31). Emma seresap bolmasak, tekepbirligiň duzagyna düşüp bileris. Tekepbir adam öz pikirini Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryndan we guramanyň görkezmesinden has dogry hasaplaýar.

9. Biz tekepbirligiň duzagyna düşmez ýaly näme etmeli?

9 Biz tekepbirligiň duzagyna düşmez ýaly Gudratygüýçli Ýehowanyň ýanynda hiç zatdygymyza düşünmeli (Zeb. 8:3, 4). Şeýle-de biz pesgöwünli we ýumşak bolmak barada doga edip, Ýehowadan kömek soramaly. Şonda Ýehowa bize mekir ýüregimize gulak asman, Mukaddes Kitabyň maslahatyna we guramanyň görkezmesine eýermäge kömek eder. Siz Mukaddes Kitapdan Ýehowanyň pesgöwünli adamlary söýüp bereket berendigi we ulumsy, tekepbir adamlara temmi berendigi baradaky wakalary okaň hem-de sapak ediniň. Eger siz jogapkärli borçlary ýerine ýetirýän bolsaňyz, pesgöwünli bolmak üçin iki esse tagalla ediň.

WAJYP ÜÇ ÄDIM

10. Ýehowa halkyna nädip görkezme berýär?

10 Guramanyň görkezmesine eýeriň. Gadymy döwürde Ýehowa Musa pygamber we Ýuşa arkaly ysraýyl halkyna görkezme berdi (Ýuşa 1:16, 17). Ysraýyllar Ýehowanyň wekillerine gulak asanda bereket alýardy. Ençeme asyrdan soňra mesihçiler ýygnagy döredi. Ýygnaga 12 resul ýolbaşçylyk edýärdi (Res. 8:14, 15). Soňra ýolbaşçylyk edýän doganlara Iýerusalimdäki ýaşulular hem goşuldy. Dogan-uýalar görkezmä eýerende «ruhy taýdan berkäp... sany gün-günden artýardy» (Res. 16:4, 5). Şu günler Ýehowanyň guramasynyň görkezmesine eýersek köp peýda taparys. Emma Ýehowa öz wekillerine gulak asmaýan adamlara nähili garaýar? Şu soragyň jogabyny bilmek üçin wada edilen ýurda girmänkäler ysraýyllar bilen bolan waka seredeliň.

11. Ýehowanyň wekili Musa pygambere garşy çykan adamlara näme boldy? (Surata serediň).

11 Ysraýyllar çölde wagty atly-abraýly baştutanlar Ýehowanyň bellän wekili Musa garşy çykdylar. Olar: «Tutuş halk, (diňe Musa däl), adamlaryň hemmesi mukaddes, Ýehowa-da olaryň arasynda» diýdiler (4 Mus. 16:1—3). Dogry, Ýehowa tutuş halky mukaddes hasaplaýardy, emma halka baştutanlyk etmegi Musa pygambere tabşyrypdy (4 Mus. 16:28). Aslynda, olar Musa pygambere däl, Ýehowa garşy çykypdy. Olar Ýehowanyň däl-de, öz islegi boýunça ýaşamak isleýärdi, il içinde at-abraý, şan-şöhrat gazanjak bolýardy. Ýehowa gozgalaňçy baştutanlary we olara goşulan müňlerçe adamy ýok etdi (4 Mus. 16:30—35, 41, 49). Dogan-uýalar, biz bir zady unutmaly däl: Ýehowanyň bellän wekillerine gulak asmaýan adamlar temmisiz galmaz.

Siz kime gulak asardyňyz? (11-nji abzasa serediň).


12. Biz näme üçin Ýolbaşçylyk maslahatyna ýürekden ynanyp bileris?

12 Biz Ýehowanyň guramasynyň her bir görkezmesine eýermeli. Käte Ýolbaşçylyk maslahaty Mukaddes Kitabyň hakykatyny täzeçe düşündirýär we guramada käbir özgerişlikleri edýär. Olar şeýle uly özgerişlikleri etmäge gorkmaýar (Nak. 4:18). Sebäbi olar Ýehowany razy etmek isleýär. Olar Hudaýyň Sözüne esaslanyp karara gelmek üçin elinde baryny edýär. Şeýlelikde, Ýehowanyň halky «sagdyn sözlere» eýerip ýaşaýar.

13. «Sagdyn sözler» näme we biz näme üçin gurama gulak asmaly?

13 «Sagdyn sözlere... berk ýapyşyň» (2 Tim. 1:13). «Sagdyn sözlere» Mukaddes Kitapda ýazylan Isa pygamberiň öwreden zatlary degişli (Ýah. 17:17). Şol taglymatlar biziň imanymyzyň özenidir. Ýehowanyň guramasy bize şol taglymatlar boýunça ýaşamagy öwredýär. Eger biz gurama gulak assak bereket alarys.

14. I asyrdaky mesihçiler näme üçin «sagdyn sözlere» berk ýapyşmalydy?

14 «Sagdyn sözlere» berk ýapyşmasak näme bolar? I asyrda Selanikdäki mesihçileriň arasynda «Ýehowanyň güni eýýäm geldi» diýen myş-myş ýaýraýar. Belki, olara Pawlus resulyň adyndan bir hat gelendir. Olar haty Pawlus resulyň ýazandygyny ýa-da ýazmandygyny anyklamagyň deregine, oňa güpbe ynandylar, başgalara-da gürrüň berdiler. Eger Selanikdäki mesihçiler Pawlus resulyň öwreden «sagdyn sözlerine» berk ýapyşan bolsadylar, ýalan gep-gürrüňe ynanmazdylar (2 Sel. 2:1—5). Şonuň üçin Pawlus olara aýdylan her bir söze ynanmazlygy maslahat berdi. Onda Selanikdäki mesihçiler Pawlusyň hut özüniň hat ýazandygyny nädip anyklap bilerdiler? Pawlus resul şeýle jogap berýär: «Men Pawlus, size salam aýdýaryn, muny öz elim bilen ýazdym. Men ähli hatymy şeýdip tassyklaýaryn» (2 Sel. 3:17).

15. Biz hakykat bilen ýalanyň tapawudyny nädip bilmeli? Mysal getiriň. (Surata serediň).

15 Biz Pawlusyň Selaniklilere ýazan hatyndan näme öwrenýäris? Belki, biz Mukaddes Kitaba garşy gelýän gep-gürrüňleri ýa-da akylyňy haýran edýän habarlary eşitmegimiz mümkin. Şol habara dessine ynanmagyň deregine, onuň dogrumy ýa-da nädogrudygyny anyklamaly. Şeýle ýagdaý Sowet Soýuzy döwründe bolupdy. Doganlara bir hat gelýär. Ol hat edil Baş edaradan gelen ýalydy, aslynda, ony duşmanlar iberipdi. Şol hatda Sowet Soýuzyndaky doganlara Baş edaradan aýrylyp, özbaşdak gurama bolmak maslahat berilýärdi. Emma wepaly doganlar hatda ýazylan zatlaryň iman edýän taglymatlaryna gabat gelmeýändigine göz ýetirdiler. Şonuň üçin doganlar duzaga düşmedi. Şu günler hakykatyň duşmanlary döwrebap tehnologiýa arkaly her hili gep-gürrüňleri we ýalan maglumaty ýaýradýar, Hudaýyň halkynyň arasynda agzalalyk döretmek üçin elinde baryny edýär. Eger biz şol maglumatyň Mukaddes Kitabyň taglymatlaryna garşy gelýändigine göz ýetirsek, ýalana özümizi aldatmarys we «aljyraňňylyga düşmeris» (2 Sel. 2:2; 1 Ýah. 4:1).

Hakyky ýaly görünýän maglumatlara ynanyp duzaga düşmäň (15-nji abzasa serediň) a.


16. Rimliler 16:17, 18-nji aýatlarda näme maslahat berilýär?

16 Ýehowa agzybirlikde sežde ediň. Biz Hudaýa wepaly adamlar bilen agzybir bolmak üçin hakykata berk ýapyşmaly. Mukaddes Kitabyň taglymatyna garşy gidýän adam ýygnakda agzalalyk döredýär. Ýehowa: «Şeýle adamlardan gaça duruň» diýip maslahat berýär. Ýogsam biz olaryň yzyna düşüp hakykat ýolundan sowlarys (Rimliler 16:17, 18-nji aýatlary okaň).

17. Hakykata berk ýapyşýan mesihçiler nähili bereket alýar?

17 Biz «sagdyn sözlere» iman etsek, hakykata berk ýapyşsak, hiç kim we hiç zat Ýehowa bilen dostlugymyzy bozup bilmez (Efes. 4:15, 16). Uly betbagtçylykda Şeýtan Ýehowa barada has köp ýalan zatlary ýaýradar. Emma biz onuň ýalan sözlerine gulak gabartmarys we Ýehowanyň penasynda bolarys. Mähriban dogan-uýalar, hakykat ýolundan saga-sola sowulmaň. Şonda «Hudaýyň parahatlygy» siziň bilen bolar (Flp. 4:8, 9).

122-NJI AÝDYM Berk hem tutanýerli boluň

a SURATYŇ BEÝANY: sahnalaşadyrylan suratda Sowet Soýuzy döwri görkezilen. Doganlara bir hat gelýär. Ol hat edil Baş edaradan gelen ýalydy, aslynda ony duşmanlar iberipdi. Şu günler hakykatyň duşmanlary internet arkaly Ýehowanyň guramasy hakda ýalan gep-gürrüňleri ýaýradýar.