Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

27-NJI MAKALA

73-NJI AÝDYM Batyrgaýlyk diläliň

Sadyk ýaly mert boluň

Sadyk ýaly mert boluň

«Gaýduwsyz we batyr ýigit Sadyk» (1 Tar. 12:28).

ESASY PIKIR

Batyrgaý Sadygyň göreldesine eýeriň.

1, 2. Sadyk kim? (1 Taryh 12:22, 26—28).

 HEBRON dagynyň etegine 340 000-den gowrak mähelle üýşüpdi. Olar Dawudy Ysraýylyň patyşasy edip tagta çykarandyklaryna begenip, dabaraly toý tutýardylar. Aýdym-sazyň sesi alyslara ýaňlanýardy. Adamlar şatlykdan ýaňa gülşüp-degşip söhbet edýärdiler (1 Tar. 12:39). Uly mähelläniň içinde ýaş ýigit Sadyk hem bardy. Oňa hiç kim üns bermese-de, Hökmürowan Ýehowa nazaryny salypdy (1 Taryh 12:22, 26—28-nji aýatlary okaň). Sadyk kimdi?

2 Sadyk ruhanydy. Ol baş ruhany Abyýatar bilen eginme-egin işleşerdi. Şeýle-de Sadyk welidi, Ýehowa oňa mukaddes syryna düşünmäge akyl-paýhas bererdi (2 Şam. 15:27). Adamlar ondan maslahat sorardy. Sadyk il arasynda mert adam diýip tanalardy. Şu makalada biz Sadygyň batyrgaýlygy hakda gürrüň ederis.

3. a) Hudaýyň halky näme üçin batyrgaý bolmaly? b) Şu makalada näme hakda gürrüň ederis?

3 Şeýtan arlaýjy arslan kimin Hudaýyň halkyna topulýar (1 Pet. 5:8). Tizden Ýehowa Şeýtanyň zalym dünýäsini ýok eder (Zeb. 31:24). Biz ýagdaý nähili bolsa-da, ejizlemän batyrgaý bolmaly. Geliň, Sadyk ýaly mert bolmak üçin näme etmelidigini bileliň.

HUDAÝYŇ PATYŞALYGYNY GOLDAŇ

4. Hudaýyň Patyşalygyny goldar ýaly näme üçin batyrgaý bolmaly? (Surata serediň).

4 Batyrgaý dogan-uýalar Hudaýyň Patyşalygyny ýürekden goldaýarlar (Mat. 6:33). Şeýtanyň dünýäsinde Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşamak we Hudaýyň Patyşalygy hakda wagyz etmek üçin mert bolmaly (1 Sel. 2:2). Şeýle-de agzalalygyň höküm sürýän zamanasynda bitaraplygy saklamak üçin dogumly bolmaly (Ýah. 18:36). Ýehowanyň halky bitaraplygy saklaýar, harby gullugyna gitmeýär. Şol sebäpli olary kemsidýärler, urup-ýençýärler we tussag edýärler. Döwlet işgärleri olary wagyz edýändikleri üçin yzarlaýar. Elbetde, ähli adamlar ýaly Ýehowanyň Şaýatlary hem ýeter-ýetmezçilikden kösenýär.

Bitaraplygy saklamak üçin näme etmeli? (4-nji abzasa serediň).


5. Sadyga näme üçin mert diýse bolar?

5 Sadyk Hebrona diňe bir Dawut patyşany gutlamaga barmandy (1 Tar. 12:38). Sadyk esger bolmasa-da, onuň bili berk guşalandy, eli ýaraglydy. Ol söweş tilsimlerini bilmeýärdi, ýöne batyrgaýdy, Dawut patyşany we halky goramak üçin janyny orta goýmaga taýyndy.

6. Dawut patyşa nähili görelde galdyrdy? (Zebur 138:3).

6 Sadyk mert bolmagy kimden öwrendi? Ol gerçek ýigitleriň göreldesine eýerdi. Sadyk dosty, Ysraýylyň serkerdesi Dawudyň göreldesine eýerýärdi. Dawut söweşe çykanda, bütin halk ony goldardy (1 Tar. 11:1, 2). Dawut batyrgaý bolsa-da öz güýjüne däl-de, Ýehowa bil baglaýardy (Zeb. 28:7; Zebur 138:3-i okaň). Sadyk edermen Ýehoýadanyň we onuň ogly Binaýanyň, öz tiresinden 22 serkerdäniň göreldesine eýerýärdi (1 Tar. 11:22—25; 12:26—28). Edermen ýigitler Dawut patyşany goldamak üçin şirin janyndan geçmäge taýyndy. Heý-de, Sadyk mert bolman kim mert bolsun?!

7. a) Biz kimden batyrgaý bolmagy öwrenýäris? b) Nsilu doganyň başdan geçiren wakasyndan näme öwrendiňiz? (Wideony görüp jogap beriň).

7 Biz Ýehowanyň hökümdarlygyny mertlik bilen goldan wepaly adamlaryň göreldesine eýersek güýjümize güýç goşular. Biziň Patyşamyz Isa Mesih ýer ýüzünde ýaşanda syýasata goşulman gowy görelde galdyrdy (Mat. 4:8—11; Ýah. 6:14, 15). Ol hemişe Ýehowa bil baglaýardy. Şu günler dogumly ýaş doganlar barmak büküp sanardan köp. Olar syýasata goşulmaýar, harby gullugyna gitmeýär. Siz olaryň wakasyny jw.org saýtyndan okap bilersiňiz a.

DOGAN-UÝALARY GOLDAŇ

8. Ýaşulular näme üçin batyrgaý bolmaly?

8 Ýehowanyň halky imandaşlaryna höwes bilen kömek edýär (2 Kor. 8:4). Emma käte munuň üçin batyrgaý bolmaly. Meselem, ýurtda uruş tursa, ýaşulular dogan-uýalary ruhlandyrmak, goldamak, imanyny berkitmek we iýjek-içjegini ýetirmek üçin elinde baryny edýär. Olar dogan-uýalary şeýle söýýärler welin, janyny orta goýmaga taýýar (Ýah. 15:12, 13). Ýaşulular batyrgaý Sadygyň göreldesine eýerýär.

9. Dawut Sadyga nähili ýumuş tabşyrdy? (2 Şamuwel 15:27—29; surata serediň).

9 Dawut patyşanyň janyna howp abanýardy. Onuň ogly Abselim kakasyny tagtdan agdaryp, patyşa bolmagyň küýüne düşüpdi (2 Şam. 15:12, 13). Dawut derrew Iýerusalimden gitmelidi. Ol hyzmatkärlerine: «Ýörüň, gaçalyň, ýogsam Abselimiň elinden diri sypmarys!» diýdi (2 Şam. 15:14). Dawut Abselimiň planlaryndan habarly bolmak üçin kimdir biriniň şäherde galmagyny isledi. Şol sebäpli Sadyga we birnäçe ruhana Iýerusalimde galmagy tabşyrdy (2 Şamuwel 15:27—29-njy aýatlary okaň). Olar seresap bolmalydy. Dawudyň tabşyran ýumşy aňsat däldi, sebäbi Abselim özüni bilýän, mekir we ar alýan adamdy. Eger ol Sadygyň we ruhanylaryň Dawudyň içalysydygyny bilse, başlaryny alardy.

Dawut Sadyga kyn ýumuş tabşyrýar (9-njy abzasa serediň).


10. Sadyk bilen dost-ýarlary Dawudy nädip goradylar?

10 Dawut patyşa gowy plan düzdi, planyny ýerine ýetirmegi Huşaý bilen Sadyga tabşyrdy (2 Şam. 15:32—37). Dawudyň planyna görä, Huşaý Abselimiň ynamyna girmelidi we oňa biderek maslahat bermelidi. Şeýlelikde, Dawut wagt utup, söweşe taýýarlyk görüp bilerdi. Huşaý eden işlerini Sadyga we Abyýatara gürrüň bermelidi (2 Şam. 17:8—16). Olar hem Dawut patyşa habar ýollamalydy (2 Şam. 17:17). Şeýdip, Sadyk bilen ruhanylar Dawut patyşanyň janyny goradylar (2 Şam. 17:21, 22).

11. Biz dogan-uýalary nädip goldap bileris?

11 Siz kyn günleri başdan geçirýän dogan-uýalara kömek etmeli bolsaňyz, nädip Sadyk ýaly mert bolup bilersiňiz? 1) Guramanyň görkezmesine eýeriň. Dogan-uýalar bilen agzybir boluň. Filialyň görkezmesine gyşarnyksyz eýeriň (Ýew. 13:17). Ýaşulular betbagtçylykdan öň we betbagtçylyk bolanda näme etmelidigi hakdaky görkezmeleri wagtal-wagtal okamaly (1 Kor. 14:33, 40). 2) Batyrgaý, ýöne ätiýaçly boluň (Nak. 22:3). Hereket etmezden öň oýlanyň, gözsüz batyr bolmaň. 3) Ýehowa bil baglaň. Unutmaň, Ýehowa siziňem, dogan-uýalaryňam aman-esen bolmagyny isleýär. Ol size kyn ýagdaýlardan baş alyp çykmaga kömek eder.

12, 13. Wiktor bilen Witaliý doganlaryň wakasyndan näme öwrendiňiz? (Surata serediň).

12 Geliň, Wiktor bilen Witaliý hakda gürrüň edeliň. Ukrainada uruş turanda olar imandaşlaryna iýer-içer ýaly zat ýetirmek üçin elinde baryny etdiler. Wiktor şeýle gürrüň berýär: «Biz köçeme-köçe aýlanyp, dogan-uýalar üçin azyk harytlaryny gözleýärdik. Töwerek-daşda ok ýagýardy. Bir doganyň eden jomartlygy arkaly imandaşlarymyz köp wagtlap zada zar bolmady. Ol dükanyndaky harytlary dogan-uýalara paýlamagy haýyş etdi. Biz doganyň dükanyndaky azyk harytlary ulaga ýükläp ýördük welin, 20 metr golaýjygymyza bomba gelip düşdi. Hudaýa şükür, bomba ýarylmady. Men şol gün Ýehowa gaýta-gaýta doga etdim we imandaşlaryma kömek eder ýaly batyrgaýlyk diledim».

13 Witaliý şeýle gürrüň berýär: «Biz batyrgaý bolmalydyk. Bir gezek men ulagda 12 sagat ýol geçdim. Men ýolboýy Ýehowa doga etdim». Witaliý diňe bir batyrgaý bolman, seresap hem bolmalydy. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men Ýehowadan akyldarlyk we pespällik soraýardym. Men döwlet işgärleriniň rugsat beren köçelerinden sürýärdim. Dogan-uýalaryň eginme-egin işleşýändigini görüp begenýärdim. Olar ýolda ulaga böwet bolýan zatlary aýyrýardylar, azyk önümlerini ýygnamaga we ulaga ýüklemäge kömek edýärdiler, meni myhman alýardylar».

Howply ýagdaýlarda imandaşlaryna kömek edýän dogan-uýalar batyrgaý hem seresap bolmaly (12, 13-nji abzaslara serediň).


ÝEHOWA WEPALY BOLUŇ

14. Maşgala agzalaryň ýa-da dost-ýarlaryň biri Ýehowadan ýüz öwürse özüňi nähili duýýarsyň?

14 Maşgala agzalaryň ýa-da dost-ýarlaryň biri Ýehowadan ýüz öwrende ýüregiň para-para bolýar (Zeb. 78:40; Nak. 24:10). Siziň bilen hem şeýle ýagdaý boldumy? Siz onuň bilen her gün diýen ýaly saçak başynda süýji-süýji söhbet edensiňiz, syr alşyp-berşensiňiz. Indi bolsa onuň ýeri boş dur. Siz janyňyza jaý tapýan dälsiňiz. Sadyk hem şeýle ýagdaýy başdan geçiripdi.

15. Sadyk näme üçin dogumly bolmalydy? (1 Patyşalar 1:5—8).

15 Sadygyň jana-jan dosty Abyýatar Dawut patyşa we Ýehowa dönüklik edýär. Dawut patyşa ölüm ýassygynda ýatyrdy, onuň ogly Adonyýar kakasynyň tagtyny eýelejek bolýar. Emma Ýehowa tagta Süleýmanyň çykjakdygyny aýdypdy (1 Tar. 22:9, 10). Sadyk dosty Abyýataryň dönüklik edendigini eşidende ýüregi para-para bolandyr (1 Patyşalar 1:5—8-nji aýatlary okaň). Olar 40 ýyllap eginme-egin işleşipdiler, äht sandygyny gerdeninde bile göteripdiler (2 Şam. 8:17; 15:29). Olar Dawut patyşany ençeme ýyl wepaly goldapdylar. Indi ähli zat çepbe-çöwrülipdi (2 Şam. 19:11—14).

16. Sadyga wepaly bolmaga näme kömek etdi?

16 Abyýatar dönüklik etse-de, Sadyk Ýehowa wepaly boldy. Dawut Sadyga janyny ynanýardy. Adonyýaryň hilesi äşgär bolanda Dawut Sadyga, Natan pygambere we Binaýa Süleýmany patyşa bellemegi tabşyrdy (1 Pat. 1:32—34). Sadyk Natan pygamberiň we beýleki Hudaýa wepaly adamlaryň Dawut patyşany goldaýandygyny görende ruhlanandyr, güýjüne güýç goşulandyr (1 Pat. 1:38, 39). Süleýman patyşa bolansoň «Abyýataryň deregine... Sadygy ruhany belleýär» (1 Pat. 2:35).

17. Biz Sadygyň göreldesine nädip eýerip bileris?

17 Jana-jan dostuňyz Ýehowadan ýüz öwürse, Sadygyň göreldesine eýeriň. Mert we dogumly boluň, Ýehowa ýürekden wepaly boluň (Ýuşa 24:15). Ýehowa size güýç-kuwwat berip goldar. Hak Hudaýa gaýta-gaýta doga ediň, wepaly dogan-uýalar bilen köpräk wagt geçiriň. Unutmaň, Ýehowa siziň wepalylygyňyzy görüp begenýär we hökman sylag berer (2 Şam. 22:26).

18. Är-aýalyň wakasyndan näme öwrenýärsiňiz?

18 Marko bilen Sidseniň iki gyzy kämillik ýaşyna ýetensoň Ýehowadan ýüz öwürýär. Marko şeýle diýýär: «Gyzlarymyz dünýä inen gününden bäri olary mährimiz bilen çoýýardyk, gözümiziň göreji deý goraýardyk. Olar Ýehowadan ýüz öwrende, ýüregimiz param-parça boldy. Emma Ýehowa bizi hemişe goldaýardy. Men ruhdan düşen wagtym aýalym arkaly göwünlik berýärdi, aýalym ruhdan düşende maňa güýç berip, ony goldamaga kömek edýärdi». Sidse şeýle diýýär: «Ýehowanyň goldawy bolmadyk bolsa, biz ajy aýralyga döz gelip bilmezdik. Gyzlarymyň hakykatdan gidendigi üçin öz-özümi günäkärleýärdim. Muny Ýehowa-da açyk aýtdym. Bir güni ençeme ýyl bäri görüşmedik uýam ýanyma geldi. Ol egnime elini goýup, gözüme seredip: „Sidse, bu seniň günäň däl“ diýdi. Ýehowanyň kömegi bilen men ýene-de şatlanyp gulluk edip başladym».

19. Biz nämä ynamly bolup bileris?

19 Ýehowa biziň Sadyk ýaly batyrgaý bolmagymyzy isleýär (2 Tim. 1:7). Ol biziň öz güýjümiz bilen batyrgaý bolup bilmejekdigimizi bilýär. Şol sebäpli biz howsala düşürýän ýagdaýlarda Ýehowa bil baglamaly, ondan mertlik soramaly. Gadyrly dogan-uýalar, Ýehowa Sadyga mert bolmaga kömek eden bolsa, size-de kömek eder (1 Pet. 5:​10).

126-NJY AÝDYM Oýa, berk hem batyr boluň!