Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

30-NJY MAKALA

36-NJY AÝDYM Ýüregimizi goralyň

Taryhda yz galdyran Ysraýyl patyşalary

Taryhda yz galdyran Ysraýyl patyşalary

«Siz dogruçyl adam bilen erbediň, Hudaýa gulluk edýän bilen gulluk etmeýäniň arasyndaky tapawudy ýene-de görersiňiz» (Mel. 3:18).

ESASY PIKIR

Ysraýyl patyşalary bilen bolan wakalar Ýehowany razy edip ýaşamaga kömek edýär.

1, 2. Mukaddes Kitapda Ysraýyl patyşalary barada näme diýilýär?

 MUKADDES KITAPDA Ysraýyl topragynda patyşa bolan 40-dan gowurak adam hakda aýdylýar we olaryň durmuşy, goýberen ýalňyşy, eden günäleri jikme-jik beýan edilýär a. Meselem, Dawut patyşa Ýehowa wepalydy. Ýehowa: «Gulum Dawut... öňümde diňe dogry işleri edipdi» diýdi (1 Pat. 14:8). Emma Dawut agyr günäleri hem etdi. Ol Batşeba bilen zyna etdi, onuň äri Uryýa öler ýaly söweşiň iň gazaply ýerinde goýmagy tabşyrdy (2 Şam. 11:4, 14, 15).

2 Emma Hudaýa wepaly bolmadyk käbir patyşalar halkynyň aladasyny etdiler. Meselem, Mukaddes Rehobam patyşanyň Hudaýyň nazarynda «erbet işleri edendigi» aýdylýar (2 Tar. 12:14). Ýöne ol ýagşy işleri hem edipdi. Ol Hudaýyň emrine gulak asyp on taýpaly ysraýyllar bilen söweşmedi we goşunyny yza çekdi. Şeýle-de halkynyň aladasyny edip galalary gurdy we şäherleri berkitdi (1 Pat. 12:21—24; 2 Tar. 11:5—12).

3. Makalada näme barada gürrüň ederis we näme üçin?

3 Ýehowa agyr günä eden patyşany wepaly hasaplady, emma halkynyň aladasyny eden patyşany biwepa hasaplady. Ýehowa nämäniň esasynda şeýle karara geldi? Eger biz şu soragyň jogabyny bilsek, Ýehowany razy edip ýaşamak üçin näme etmelidigini bileris. Şu makalada Ýehowanyň özüni ýürekden söýýänleri, toba edýänleri we arassa seždäni goldaýanlary wepaly hasaplaýandygy hakda gürrüň ederis.

ÝEHOWANY ÝÜREKDEN SÖÝMELI

4. Patyşalar Ýehowany razy etmek üçin näme etmelidiler?

4 Ysraýyl patyşalary Ýehowany bütin ýüregi bilen söýenlerinde ony razy edip ýaşaýardy b. Ýehoşapat patyşa «Ýehowa bütin ýüregi bilen gulluk etdi» (2 Tar. 22:9). Mukaddes Kitapda Ýoşyýa patyşa barada şeýle diýilýär: «Ýoşyýa ýaly bütin ýüregi... bilen Ýehowa dolanan... patyşa öňde-soňda bolmandy» (2 Pat. 23:25). Süleýman patyşa garrylyk çagynda «Hudaýa bütin ýüregi bilen wepaly bolmady» (1 Pat. 11:4). Mukaddes Kitapda biwepa patyşa Abyýam barada şeýle diýilýär: «Ol... Ýehowa Hudaýa bütin ýüregi bilen gulluk etmedi» (1 Pat. 15:3).

5. Ýehowa bütin ýüregi bilen gulluk edýän adamy suratlandyryň.

5 Ýehowa bütin ýüregi bilen wepaly bolýan adamlar nähili bolýar? Ol göz üçin ýa-da özüni borçly duýýandygy üçin Ýehowa gulluk etmeýär. Gaýtam ol Ýehowany jany-teni bilen söýýär, kada-kanunlaryny berjaý edýär. Ol ýagşy günde-de, ýaman günde-de, ömrüniň ahyryna çenli Ýehowa wepaly bolýar.

6. Ýehowa bütin ýüregiň bilen gulluk etmek üçin näme etmeli? (Nakyllar 4:23; Matta 5:29, 30).

6 Biz Ýehowa bütin ýüregi bilen gulluk eden patyşalaryň göreldesine nädip eýermeli? Biz imanymyzy gowşadýan zatlardan gaça durmaly. Meselem, göwün açmanyň zyýanly görnüşi, erbet dost-ýarlar, baýlygyň yşkyna düşmek biziň ýüregimizi zäherläp biler. Biz nämedir bir zadyň Hudaýa söýgimizi sowadýandygyny, ýagşy häsiýetlerimizi bozýandygyny duýan badymyza aýgytly hereket etmeli (Nakyllar 4:23; Matta 5:29, 30-njy aýatlary okaň).

7. Ýüregimizde Hudaýa bolan söýgi alawlap ýanar ýaly näme etmeli?

7 Biz erbet zatlar ýüregimizi zäherlemez ýaly seresap bolmaly. Biz: «Men Ýehowa yhlasly gulluk edýärin» diýip erbet zatlary edip ýörsek, öz-özümizi aldarys. Aýdaly, siz gyş pasly ýüzüňi ýalap barýan sowukda üşäp öýe gelýärsiňiz. Siz ýylynmak üçin peji ýakýarsyňyz, emma öýüň gapysy giňden açyk dursa, siz hiç haçan ýylnyp bilmersiňiz. Edil şonuň ýaly ýüregimizde Ýehowa söýgi alawlap ýanar ýaly Patyşalygyň işleri bilen başagaý bolmak ýeterlik däl. Biz Şeýtanyň dünýäsiniň täsiri ýüregimizi zäherlemez ýaly göçme manydaky gapyny ýapmaly (Efes. 2:2).

ÝÜREKDEN TOBA ETMELI

8, 9. Dawut bilen Hizkiýa käýinji nähili kabul etdi? (Surata serediň).

8 Dawut patyşa agyr günäleri etdi. Natan pygamber Dawudyň günäsini ýüzüne aýdanda, ol özüni kiçeldip ýürekden toba etdi (2 Şam. 12:13). Zebur 51-nji baby Dawut agyr günä edensoň ýazdy. Şu baby tutuşlygyna okanyňda Dawudyň toba edendigini, ak ýürekden ökünip puşman edendigini görse bolýar. Dawut Natan pygambere ýaranjak bolup ýa-da jezadan gaçjak bolup göz üçin toba etmändi (Zeb. 51:3, 4, 17, sözbaşy).

9 Hizkiýa patyşa Ýehowa garşy günä etdi. Mukaddes Kitapda: «Ol tekepbir bolup, özüni-de, Ýahuda we Iýerusalim ilatyny-da, Hudaýyň gazabyna sezewar etdi» diýilýär (2 Tar. 32:25). Hizkiýa patyşa näme üçin tekepbir boldy? Onuň baýlygy has-da artdy, assiriýalylaryň üstünden ýeňiş gazandy, agyr derdinden gudrat bilen sagaldy. Şonuň üçin ol donuna sygman bar hazynasyny wawilonlylara görkezdi, olaryň ýanynda öwündi. Şonuň üçin Işaýa pygamber Hizkiýa patyşa käýedi (2 Pat. 20:12—18). Hizkiýa atasy Dawut ýaly özüni kiçeltdi (2 Tar. 32:26). Ýehowa ony «dogry işleri edendigi» üçin öwdi we wepaly patyşa hasaplady (2 Pat. 18:3).

Dawut we Hizkiýa patyşalar günäsini boýun alyp ýürekden toba etdiler (8, 9-njy abzaslara serediň).


10. Amazýa patyşa käýinji kabul etdimi?

10 Amazýa patyşa «Ýehowanyň öňünde dogry işleri etse-de, Hudaýa bütin ýüregi bilen gulluk etmeýärdi» (2 Tar. 25:2). Ol näme ýalňyşlyk goýberdi? Amazýa Ýehowanyň kömegi bilen edomlylary derbi-dagyn etdi, emma olaryň taňrylaryna sežde etdi c. Ýehowanyň pygamberi Amazýa patyşa käýände, ol: «Kes sesiňi!» diýip, pygamberiň ýüzünden aldy (2 Tar. 25:14—16).

11. 2 Korinfliler 7:9, 11-nji aýatlara görä, Ýehowanyň bizi bagyşlamagy üçin näme etmeli? (Surata serediň).

11 Biz Ysraýyl patyşalary bilen bolan wakadan näme öwrenýäris? Biz günä etsek toba etmeli we hiç haçan gaýtalamazlygy ýüregimize düwmeli. Ýygnak ýaşululary bize ýönekeý ýaly görünýän meselede maslahat berse-de, ýürekden kabul etmeli. Biz Ýehowadan we ýaşululardan öýkelemeli däl. Ýehowa wekilleri arkaly Ysraýylyň wepaly patyşalaryna-da käýäpdi (Ýew. 12:6). Eger maslahat berseler 1) pesgöwünli bolalyň, 2) öz üstümizde işläliň we 3) Ýehowa bütin ýüregimiz bilen gulluk edeliň. Şonda Ýehowa bizi ýürekden bagyşlar we eden günämizi hiç haçan ýatlamaz (2 Korinfliler 7:9, 11-nji aýatlary okaň).

Bize maslahat berseler 1) pesgöwünli bolmaly, 2) öz üstümizde işlemeli we 3) Ýehowa bütin ýüregimiz bilen gulluk etmeli (11-nji abzasa serediň) f.


ARASSA SEŽDÄNI GOLDAMALY

12. Wepaly patyşalar näme etdiler?

12 Ýehowa wepaly patyşalar arassa seždäni ýürekden goldadylar. Olar halkyny diňe Ýehowa sežde etmäge höweslendirýärdiler. Elbetde, wepaly patyşalar bikämildi, ýalňyş goýberýärdi. Emma olar Ýehowa bütin ýüregi bilen gulluk edýärdiler, hatda tutuş ýurdy butparazlykdan arassalamak üçin aýgytly göreşdiler d.

13. Ýehowa näme üçin Ahap patyşadan razy bolmady?

13 Ýehowa biwepalyk eden patyşalar ýagşy işleri hem edipdi. Meselem, Ahap patyşa Nabotyň ölendigini eşidende gynandy. Ol bigünä adamyň ganyna galandygyny boýun aldy, ýakasyny ýyrtyp jul geýdi (1 Pat. 21:27—29). Ol Ysraýylda berk galalary gurdy, köp ýeňişleri gazandy (1 Pat. 20:21, 29; 22:39). Emma ol zalym aýalynyň gepine gidip, ýurtda butparazlygyň gülläp ösmegine ýol berdi (1 Pat. 21:25, 26).

14. a) Ýehowa näme üçin Rehobam patyşadan razy bolmady? b) Biwepa patyşalar höküm sürende ýurduň ýagdaýy nähilidi?

14 Geliň, Hudaýa biwepalyk eden Rehobam patyşa hakda gürrüň edeliň. Ol höküm süren döwri köp ýagşy işleri edipdi. Emma onuň güýç-kuwwaty artanda Ýehowadan ýüz öwürdi we butlara sežde etdi (2 Tar. 12:1). Rehobam patyşa hiç düşüner ýaly däldi. Ol bir görseň Ýehowa sežde edýän ýalydy, bir görseň hem butlara çokunýardy (1 Pat. 14:21—24). Ysraýylda Ahap we Rehobamdan başga-da köp patyşalar arassa seždeden ýüz öwürdi. Gynansak-da, diňe olaryň özi däl, tutuş halk butlara sežde etdi. Diýmek, arassa seždäni goldan adamlardan Ýehowa razydy, butlara sežde edenleri bolsa biwepa hasaplaýardy.

15. Ýehowa näme üçin patyşalardan arassa seždäni goldamagy talap edýär?

15 Ýehowa näme üçin Ysraýyl patyşalaryndan arassa seždäni goldamagy talap edipdir? Birinjiden, patyşalar halkyň baştutanydy, olar raýatlarynyň arassa sežde etmegine jogapkärdi. Ikinjiden, ýurtda butparazlyk gülläp össe, halk başga-da agyr günäleri edýärdi, garyp-gasarlar ezilýärdi (Hoş. 4:1, 2). Üçünjiden, patyşalar we halk diňe Hudaýa gulluk etjekdigini söz beripdi. Mukaddes Kitapda Ýehowa äre, ysraýyl halky bolsa aýalyna meňzedilýär (Ýer. 3:8, 9). Şonuň üçin ysraýyllar butlara sežde edeninde, Ýehowa Özüne biwepalyk edilen ýaly duýýardy. Aýal ärine biwepalyk etse, onuň ýüregine bitmejek ýara salýar. Şonuň ýaly ömrüni Hudaýa bagyş eden adam Ýehowadan ýüz öwrüp butlara çokunsa, Hudaýa garşy günä edýär we onuň ýüregine ýara salýar e (5 Mus. 4:23, 24).

16. Ýehowa kimi dogruçyl, kimi erbet hasaplaýar?

16 Biz patyşalar bilen bolan wakadan näme sapak edinýäris? Biz ýalan dinden doly çykmaly, diňe Ýehowa sežde etmeli we oňa yhlasly gulluk etmeli. Melek pygamber Ýehowanyň adamy nämäniň esasynda dogruçyl we erbet hasaplaýandygy barada şeýle diýdi: «Siz dogruçyl adam bilen erbediň, Hudaýa gulluk edýän bilen gulluk etmeýäniň arasyndaky tapawudy ýene-de görersiňiz» (Mel. 3:18). Mähriban dogan-uýalar, goý, hiç kim we hiç zat Hudaý bilen dostlugyňyzy bozmasyn. Hatda ýalňyşlyk goýbersek-de, ejizliklerimiz sebäpli ruhdan düşsek-de, hakykatdan gitmäliň. Sebäbi Ýehowa sežde etmegi bes etmek günädir.

17. Biz näme üçin ýanýoldaşy paýhasly saýlamaly?

17 Mähriban maşgala gurmadyk dogan-uýalar, siz Melek pygamberiň sözleri barada oýlansyňyz, mynasyp ýar tapyp bilersiňiz. Belki, siziň saýlan ýaryňyz ýagşy edim-gylymlydyr, emma ol hak Hudaýa sežde edýän däldir. Ýehowa ony dogruçyl adam hasaplaýarmy? (2 Kor. 6:14). Ol siziň bile Hudaýa arassa sežde edermi? Süleýman patyşanyň aýallary owadan, ýagşy edim-gylymly bolandyr, emma olar butlara çokunýardy. Süleýman garran çagynda aýallarynyň täsirine düşüp, butlara sežde etdi (1 Kor. 11:1, 4).

18. Ene-atalar çagalaryna näme öwretmeli?

18 Mähriban ene-atalar, siz çagalaryňyzyň kalbyna Ýehowa bolan söýgini guýuň. Olara Ysraýyl patyşalary hakda gürrüň beriň. Arassa seždäni goldan patyşalardan Ýehowanyň razy bolandygyny düşündiriň. Siz Hudaýyň Patyşalygyny hemişe birinji orunda goýuň. Şeýle-de çagalaryňyza ýygnaklara barmagyň we wagyz etmegiň wajypdygyny düşündiriň (Mat. 6:33). Ene-atalar, güýjüňizi gaýgyrmaň, çagalaryňyza kömek ediň, ýogsam çagalaryňyz Ýehowa bilen dostlaşyp bilmez. Olar siziň göwnüňizden turmak üçin ýygnaklara barar, ulalansoň arassa seždäni birinji orunda goýmaz, hatda hakykat ýolundan sowlup biler.

19. Ýehowa hakykatdan gidenleri kabul edýärmi? (« Ýehowa dolanyň!» diýen çarçuwa serediň).

19 Ýehowa hakykatdan giden adamlary yzyna kabul edýärmi? Elbetde! Ýöne munuň üçin olar ýürekden toba etmeli we ýene-de Ýehowa sežde etmeli. Olar pesgöwünli bolmaly we ýaşulularyň kömegini kabul etmeli (Ýak. 5:14). Şeýle-de Ýehowa bilen dostlugyny dikeltmek üçin elinde baryny etmeli. Olar Ýehowa dolanandygyna hiç haçan ökünmez.

20. Ýehowany razy etmek üçin näme etmeli?

20 Ysraýyl patyşalarynyň wakasyndan näme öwrenýäris? Biz wepaly patyşalaryň göreldesine eýerip, Ýehowa bütin ýüregimiz bilen gulluk etmeli, eden günämize toba etmeli we öz üstümizde işläp, gerekli özgerişlikleri etmeli. Şeýle-de arassa seždäni durmuşymyzda birinji orunda goýmaly. Şonda biz Ýehowany razy ederis.

45-NJI AÝDYM Ýüregimiň oý-pikirleri

a Şu makalada «Ysraýyl patyşalary» diýlende Ýehowanyň halkynyň üstünden höküm süren patyşalar göz öňünde tutulýar. Olaryň käbiri tutuş Ysraýylyň, käbiri bolsa on taýpaly demirgazyk Ysraýyl patyşalygynyň ýa-da iki taýpaly günorta Ýahuda patyşalygynyň üstünden höküm sürdi.

b DÜŞÜNDIRILIŞ: Mukaddes Kitapda «ýürek» diýlende, adamyň içki dünýäsi, isleg-arzuwy, oý-pikiri, garaýşy, niýeti, ukyp-başarnygy we maksady göz öňüne tutulýar.

c Gadymy döwürde patyşalar basyp alan ýurdunyň taňrylaryna tagzym edýärdiler.

d Asa patyşa agyr günäleri etdi (2 Tar. 16:7, 10). Ol Hananýar pygamberiň käýinjini eşidip, gahar-gazaba münse-de, soňra ýürekden ökündi. Ýehowa Asa patyşanyň ýalňyşlyklaryna däl-de, ýagşy häsiýetlerine üns berýärdi. Asa patyşa diňe Ýehowa sežde edýärdi we ýurdy butparazlykdan arassalamak üçin elinde baryny edýärdi. Mukaddes Kitapda Asa gowy patyşalaryň hatarynda agzalýar (1 Pat. 15:11—13; 2 Tar. 14:2—5).

e Musa pygamberiň birinji we ikinji tabşyrygynda diňe Ýehowa sežde etmek talap edilýär (2 Mus. 20:1—6).

f SURATYŇ BEÝANY: ýaş ýaşuly dogana spirtli içgiler babatda maslahat berýär. Dogan ýaşulynyň maslahatyny pesgöwünlilik bilen kabul edýär, öz üstünde işleýär we Ýehowa ýürekden gulluk edýär.