Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

25-NJI MAKALA

Ýaşulular, Gedeýonyň göreldesine eýeriň!

Ýaşulular, Gedeýonyň göreldesine eýeriň!

«Gedeýon... we başga pygamberler barada gürrüň bermäge wagtym bolmasa gerek» (Ýew. 11:32).

124-NJI AÝDYM Hemişe wepaly bolalyň

MAZMUNY a

1. 1 Petrus 5:2-ä görä, Ýehowa ýaşululara nähili hormatly iş tabşyrdy?

 ÝEHOWA halkynyň aladasyny etmegi ýaşululara tabşyrdy. Aladaçyl ýaşulular dogan-uýalara hyzmat etmegi uly hormat hasaplaýar we gowy çopan bolmak üçin elinde baryny edýär (Ýer. 23:4; 1 Petrus 5:2-ni okaň). Ýygnakda aladaçyl çopanlaryň bardygyna begenýäris.

2. Ýaşulular nähili kynçylyklara duş gelýär?

2 Şu günler ýaşulular köp kynçylyklara duş gelýär. Olar ýygnagyň işini ýola goýmak üçin agyr zähmet çekýär. ABŞ-da ýaşuly bolup gulluk edýän Toni hakda gürrüň edeliň. Ol ýetişmejekdigini bilse-de köp işleri boýun alýardy. Toni dogan pespäl bolmagy öwrenmelidi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men koronawirus keseliniň (COVID-19) ýaýran döwri ýygnak duşuşyklaryny we wagyz gullugyny ýola goýmak üçin köp zatlar etmeli boldum. Gijämi gündiz edip işlesem-de, işe gutarma ýokdy. Şeýlelikde, meniň Mukaddes Kitaby okamaga, şahsy okuwyny geçirmäge we doga etmäge wagtym ýokdy». Kosowoda ýaşuly bolup gulluk edýän Eller başga bir kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kosowoda uruş möwç urýardy. Eller ýaşula filialyň görkezmesine eýermek kyn boldy. Ol şeýle gürrüň berýär: «Filialdaky doganlar maňa urşuň möwç urýan ýerinde ýaşaýan dogan-uýalara kömek etmelidigimi aýtdylar. Men gorkdum we doganlaryň görkezmesi ýerli ýagdaýa gabat gelmeýär diýip pikir etdim». Aziýada missioner bolup gulluk edýän Tim şeýle bir başagaý bolýardy welin, her günki işlerine ýetişmeýärdi. Ol: «Men örän ýadaýardym, hiç zada elim baranokdy» diýýär. Şeýle kynçylyklary başdan geçirýän ýaşululara näme kömek eder?

3. Gedeýon serdar nähili görelde galdyrdy?

3 Ýaşulular, siz Gedeýon serdaryň göreldesine eýerip bilersiňiz (Ýew. 6:12; 11:32). Ol Hudaýyň halkynyň aladasyny etdi we olara pena boldy (Ser. 2:16; 1 Tar. 17:6). Ýehowa şu kyn günlerde dogan-uýalaryň aladasyny etmegi ýaşululara tabşyrdy (Res. 20:28; 2 Tim. 3:1). Gedeýon serdar pespäldi, pesgöwünlidi we ol ýadaman-ýaltanman, Ýehowanyň tabşyran işini ýerine ýetirýärdi. Biz batyrgaý, edermen, zähmetsöýer ýaşulularyň bardygyna guwanýarys we her bir işde olary goldamaga taýyn bolýarys (Ýew. 13:17).

PESPÄL WE PESGÖWÜNLI BOLUŇ

4. Gedeýon pespäl we pesgöwünli adamdygyny nädip görkezdi?

4 Gedeýon pesgöwünli we pespäl adamdy b. Bir gün perişde Gedeýonyň ýanyna gelip, ysraýyl halkynyň serdary bolmalydygyny we midýanlaryň elinden halas etmelidigini aýdýar. Şonda Gedeýon pesgöwünlilik bilen: «Men manaşanyň iň kiçi tiresinden, öýde meni hiç kim diňlemeýär» diýýär (Ser. 6:15). Gedeýon özüni serdar bolmaga mynasyp görmedi, emma Ýehowanyň ondan tamasy uludy. Gedeýon hak Allanyň kömegi bilen ysraýyl halkynyň gowy serdary boldy.

5. Ýygnak ýaşulularynyň pespälligi we pesgöwünligi haçan synalyp biler?

5 Ýygnak ýaşululary pespäl we pesgöwünli bolmak üçin jan edýär (Mik. 6:8; Res. 20:18, 19). Olar gazanan üstünligi, ukyp-başarnygy üçin özüni öwüp arşa çykarmaýar ýa-da goýberen ýalňyşlary üçin özüni kötekläp oturmaýar. Käte dogan-uýalar olaryň eden işleri üçin öwmegi ýa-da goýberýän ýalňyşy üçin ýazgarmagy mümkin. Şonda ýaşulular Gedeýon serdaryň göreldesine nädip eýerip biler?

Pespäl ýaşuly Gedeýonyň göreldesine eýerýär we stendli wagyz işini gurnamak üçin dogandan kömek soraýar (6-njy abzasa serediň).

6. Ýaşulular nädip pespäl bolup biler? (Surata serediň).

6 Kömek soraň. Pespäl adam mümkinçiliginiň we güýjüniň çäklidigine düşünýär. Gedeýon serdar hem pespäl adamdy. Şol sebäpli ol ildeşlerinden kömek soramaga çekinmedi (Ser. 6:27, 35; 7:24). Ýaşulular hem pespäl bolmak üçin Gedeýon serdaryň göreldesine eýermeli. Toni dogan şeýle gürrüň berýär: «Men ýetişmejekdigimi bilsem-de, köp işleri boýun alýardym. Näme etjek, alan terbiýäm şeýle?! Ýöne men pespäl bolmagy öwrenmelidigime düşündim. Soňra aýalym bilen maşgala okuwynda pespäl bolmak barada gözleg geçirdik. Men aýalymyň pikirini hem soraýardym. Şeýle-de jw.org saýtyndan „Isadan görelde alyp öwrediň, ynam bildiriň we olara jogapkärli borçlary ynanyň“ diýen wideony gördüm». Soňra Toni ýygnagyň işlerini ýeke özi etmän, beýleki doganlara tabşyrýar. Ol sözüni şeýle dowam edýär: «Indi ýygnagyň işleri öňküsinden has gowy edilýär. Meniň hem imanymy berkitmäge köp wagtym bolýar».

7. Ýaşululary ýazgaranlarynda, Gedeýonyň göreldesine nädip eýerip biler? (Ýakup 3:13).

7 Ýazgarsalar gaharlanmaň. Dogan-uýalar ýaşululary ýazgaranlarynda, olara pesgöwünli bolmak has-da kyn bolýar. Emma olar Gedeýon serdaryň göreldesine eýerip biler. Bir gün efraýymlar Gedeýonyň ýanyna baryp, ony ýazgaryp başlaýar (Ser. 8:1—3). Gedeýon bikämil adam bolsa-da gaharlanmaýar, gaýtam özüni ele alyp, efraýymlary ünsli diňleýär we mähirli gepleşýär. Şeýdip, ol gahardan ýaňa ýarylaýjak bolup duran efraýymlary köşeşdirýär. Ýaşulular Gedeýonyň göreldesine eýerip, ýazgarýan adamy ünsli diňlemeli we mähirli gepleşmeli (Ýakup 3:13-i okaň). Şonda olar ýygnagyň parahatlygyna goşant goşup biler.

8. Ýaşulular nämäni unutmaly däl? Mysal getiriň.

8 Özüňizi däl-de, Ýehowany şöhratlandyryň. Gedeýon midýanlary ýeňende, özüni däl-de, Ýehowany şöhratlandyrdy (Ser. 8:22, 23). Ýaşulular Gedeýonyň göreldesine nädip eýerip biler? Olar gazanan üstünlikleri üçin özüni däl-de, Ýehowany şöhratlandyrmaly (1 Kor. 4:6, 7). Meselem, dogan-uýalar ýaşulynyň ökde mugallymdygy üçin öwenlerinde, ol: «Mukaddes Kitap we Ýehowanyň guramasy her birimize ökde mugallym bolmaga kömek edýär» diýip biler. Şeýle-de ýaşulular wagtal-wagtal: «Men edýän işlerim bilen Ýehowany şöhratlandyrýarynmy ýa-da dogan-uýalary haýran galdyrmak isleýärin?» diýip oýlanmaly. Geliň, Timoteos dogan hakda gürrüň edeliň. Ol ýaşuly bellenende jemagat nutugy bilen çykyş etmegi gowy görýärdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men çylşyrymly mysallary we uzyn wakalary gürrüň bermegi halaýardym. Nutukdan soňra dogan-uýalar sag bolsun aýdýardylar. Emma men Ýehowany däl-de, özümi şöhratlandyryp, dogan-uýalaryň ünsüni Mukaddes Kitapdan sowýan ekenim». Timoteos dogan häzirem nutuk bilen çykyş edýär, ýöne ol özüni däl-de, Ýehowany şöhratlandyrýar (Nak. 27:21). Ol sözüni şeýle dowam edýär: «Dogan-uýalar häzirem maňa sag bolsun aýdýarlar. Emma nutukdaky pikirler olara kynçylyklara döz gelmäge, synaglarda wepaly bolmaga we Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek edýär. Men öň öz adymy beýgeldýän bolsam, indi Ýehowany şöhratlandyrýandygyma we dogan-uýalara kömek edýändigime begenýärin».

GULAK ASYŇ WE BATYRGAÝ BOLUŇ

Gedeýon Ýehowa gulak asyp, goşunynyň sanyny azaldýar we 300 esgeri bilen söweşe çykýar (9-njy abzasa serediň).

9. Gedeýon haýsy ýagdaýlarda Ýehowa gulak asmalydy we batyrgaý bolmalydy? (Daşky sahypadaky surata serediň).

9 Gedeýon serdar bellenenden soňra batyrgaý, dogumly bolmalydy we Ýehowanyň tabşyryklaryna ýürekden gulak asmalydy. Ýehowa oňa Bagalyň gurbanlyk ojagyny ýumurmagy buýurýar (Ser. 6:25, 26). Soňra Gedeýon Ýehowanyň emri bilen ägirt uly goşun ýygnaýar. Emma Ýehowa oňa iki sapar goşuny azaltmagy tabşyrýar (Ser. 7:2—7). Şeýle-de Ýehowa oňa duşmanlaryň üstüne ýarygije hüjüm etmelidigini aýdýar (Ser. 7:9—11).

10. Ýaşululara haýsy ýagdaýlarda Ýehowa gulak asmak kyn bolup biler?

10 Ýaşulular «gulak asmaga taýyn bolmaly» (Ýak. 3:17). Gulak asýan ýaşulular Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna we Hudaýyň guramasynyň berýän görkezmelerine höwes bilen eýerýär hem-de dogan-uýalara gowy görelde bolýar. Emma käte ýaşululara gulak asmak kyn bolup biler. Belki, olar görkezmeleriň tiz-tizden berilýändigi we üýtgäp durýandygy sebäpli hemmesini okap ýetişýän däldir ýa-da görkezmeleriň peýdalydygyna şübhelenýändir. Käbirleri bolsa azatlykdan mahrum ediljegini bilse-de, kyn ýumşy ýerine ýetirmeli bolýandyr. Ýaşulular Gedeýon serdaryň göreldesine nädip eýerip biler?

11. Ýaşulular Hudaýa gulak asýandygyny nädip görkezmeli?

11 Guramanyň görkezmelerini okaň we olara eýeriň. Ýehowa Gedeýona kakasynyň gurbanlyk ojagyny ýykyp, Özi üçin gurbanlyk ojagy gurmagy tabşyrýar. Şonda ol ikirjiňlenip oturman, Ýehowanyň tabşyryşy ýaly edýär. Şu günler Ýehowanyň guramasy ýaşululara hatlar we bildirişler arkaly görkezme berýär. Olarda dogan-uýalaryň jan-saglygynyň aladasyny etmek we olaryň imanyny berkitmek hakda ýazylan. Biz görkezmelere gyşarnyksyz eýerýän ýaşululara örän minnetdar! Olaryň tagallasy bilen ýygnakda agzybirlik we parahatlyk höküm sürýär (Zeb. 119:112).

12. Ýewreýler 13:17-nji aýat ýaşululara özgerişligi kabul etmäge nädip kömek edýär?

12 Guramadaky özgerişlikleri ýürekden kabul ediň. Ýehowa Gedeýona goşunynyň takmynan 99 göterimini azaltmagy tabşyrýar (Ser. 7:8). Şonda Gedeýon: «Esgerleri öýüne ibermek nämä gerek? Biz nädip ýeňiş gazanarys?» diýip, oýlanan bolmaly. Emma ol şonda-da Ýehowa gulak asýar. Ýaşulular Gedeýonyň göreldesine eýerip, guramada bolýan özgerişliklere ýürekden eýerýärler (Ýewreýler 13:17-ni okaň). 2014-nji ýylda Ýolbaşçylyk maslahaty Ýygnak jaýlarynyň we Kongresler köşkleriniň gurluşygy bilen bagly özgerişlik etdi. Öňler gurama ýerli ýygnaga gurluşyk üçin karzyna pul berýärdi, ýygnak bolsa ýuwaş-ýuwaşdan karzyny üzýärdi. Indi bolsa beýle edilmeýär. Bütin ýer ýüzünde ýaşaýan dogan-uýalaryň berýän pul sadakalary arkaly zerur ýerlerde gurluşyk işleri alnyp barylýar (2 Kor. 8:12—14). Garyp ýurtlarda ýaşaýan dogan-uýalar gurluşygyň çykdajysyny ödäp bilmese-de, Ýygnak jaýlary we Kongresler köşkleri gurulýar. Hose dogan şu özgerişlik hakda eşidende ör-gökden gelýär. Ol: «Şu usul uzaga gitmez. Indi Ýygnak jaýlary gurlup bolaýdy öýdýän» diýýär. Hose özgerişligi kabul etmäge näme kömek etdi? Ol şeýle gürrüň berýär: «Men Nakyllar 3:5, 6-njy aýatlar hakda oýlandym we Ýehowa bil baglamagyň wajypdygyna düşündim. Häzir bütin ýer ýüzünde gurluşyk işleri uly depginde alnyp barylýar we berilýän pul sadakalary arkaly ähli ýerde Ýygnak jaýlary gurulýar. Şeýlelikde, Hudaýyň halkynyň arasynda deňlik höküm sürýär».

Biz wagyz işi gadagan edilen ýurtda ýaşasak-da, batyrgaýlyk bilen wagyz edip bileris (13-nji abzasa serediň).

13. a) Gedeýon nämä ynanýardy? b) Ýaşulular Gedeýonyň göreldesine nädip eýerip biler? (Surata serediň).

13 Ýehowanyň tabşyrygyny batyrgaýlyk bilen ýerine ýetiriň. Gedeýon gorksa-da, janyny howp astyna salmaly boljagyny bilse-de, Ýehowa gulak asdy (Ser. 9:17). Gedeýon Ýehowanyň goldawyny görensoň, onuň bar şübhesi we gorkusy zym-zyýat boldy. Ol Gudratygüýçli Hudaýyň kömegi bilen duşmanlaryny çym-pytrak etjekdigini bilýärdi. Wagyz işi gadagan edilen ýa-da çäklendirilen ýurtda ýaşaýan ýaşulular Gedeýonyň göreldesine eýerýär. Olar tussag ediljegini, soraga tutuljagyny, işden çykaryljagyny ýa-da urlup-ýenjiljegini bilse-de, ýygnak duşuşyklary we wagyz işi bilen bagly çäreleri ýola goýýarlar c. Ýaşulular uly betbagtçylykda berilýän görkezmelere eýermek üçin has-da batyrgaý bolmaly bolar. Şonda höküm habaryny wagyz etmek we Mäjit ýurdundaky Äjidiň hüjüminden halas bolmak bilen bagly görkezmeler berler. Belki, ýaşulular şol görkezmelere eýermek üçin janyny howp astyna salmaly bolar (Hyz. 38:18; Ylh. 16:21).

ÇYDAMLY BOLUŇ

14. Gedeýon serdar näme üçin çydamly bolmalydy?

14 Gedeýona halkyň serdary bolmak aňsat däldi. Ol aç-suwsuz we ýadaw bolsa-da, Ýehowanyň tabşyrygyny doly ýerine ýetirmelidi. Gedeýon we 300 esgeri ýarygije midýanlara garşy söweşe çykýar. Şonda midýanlar aljyraňňylyga düşüp, aýak aldygyna gaçýar (Ser. 7:22). Gedeýon we 300 esgeri Ýizregel jülgesinden tä Iordan derýasyna çenli duşmanlaryň yzyndan kowalaýar. Belki, şol ýerler tikenekli, gyrymsy agaçly bolandyr. Olar Iordan derýasyna baranlarynda dynç aldylarmy? Elbetde, ýok! Olar duşmanlaryny ele salýançalar, olaryň yzyndan kowaladylar. Şeýlelikde, olar duşmanlarynyň üstünden doly ýeňiş gazandylar (Ser. 8:4—12).

15. Ýaşulular näme üçin çydamly bolmaly?

15 Ýygnak ýaşululary dogan-uýalaryň we maşgalasynyň aladasyny etmek üçin köp zähmet çekýär. Käte olar şeýle bir ýadaýar welin, hiç zada güýji bolmaýar. Ýaşulular Gedeýonyň göreldesine nädip eýerip biler?

Aladaçyl ýaşulular dogan-uýalary ýürekden goldaýar (16, 17-nji abzaslara serediň).

16, 17. Gedeýon serdara çydamly bolmaga näme kömek etdi we ýaşulular ondan nämäni öwrenip bilerler? (Işaýa 40:28—31; surata serediň).

16 Ýehowanyň güýç-kuwwat berjekdigine ynanyň. Gedeýon Ýehowanyň güýç berjekdigine ynanýardy. Ýehowa onuň ynamyny ödedi (Ser. 6:14, 34). Gedeýon bilen esgerleri örän ýadapdy, emma olar midýan hanlarynyň yzyndan pyýada kowaladylar. Belki, midýan hanlary düýeli gaçan bolmaly (Ser. 8:12, 21). Emma Gedeýon bilen esgerleri olaryň yzlaryndan ýetýärler we ýok edýärler. Ýaşulular, siz hem hiç haçan ýadamaýan we güýçden gaçmaýan Ýehowa Hudaýa bil baglaň! Şonda ol size güýç-kuwwat berer (Işaýa 40:28—31-nji aýatlary okaň).

17 Geliň, Keselhanalar bilen işleşýän komitetde gulluk edýän Metýu dogan hakda gürrüň edeliň. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men Filipililer 4:13-däki sözleriň dogrudygyna göz ýetirdim. Käte men şeýle bir ýadaýaryn welin, hiç zada güýjüm bolmaýar. Şonda Ýehowa doga edip: „Dogan-uýalara kömek eder ýaly güýç ber“ diýip ýalbarýaryn. Men şol pursat Ýehowanyň güýjüme güýç goşandygyny we goldandygyny duýýaryn». Gedeýonyň göreldesine eýerýän ýaşulular dogan-uýalaryň aladasyny etmek üçin janyndan geçmäge-de taýyn bolýarlar. Emma olar pespällik bilen mümkinçiliginiň we güýjüniň çäklidigini boýun alýarlar. Olar borjuny gowy ýerine ýetirer ýaly Ýehowadan güýç sorap doga edýärler (Zeb. 116:1; Flp. 2:13).

18. Ýaşulular Gedeýondan näme öwrenip bilerler?

18 Ýaşulular Gedeýon serdardan köp zatlary öwrenip biler. Olar pespäl, pesgöwünli bolmaly, güýjüniň we mümkinçiliginiň çäklidigini boýun almaly; dogan-uýalar olary öwenlerinde ýa-da ýazgaranlarynda pesgöwünli bolmaly. Şeýle-de ýaşulular zalym dünýäniň soňunda Hudaýa ýürekden gulak asmaly we batyrgaý bolmaly. Olar nähili kyn ýagdaýa duş gelse-de, Ýehowanyň güýç-kuwwat berjekdigine ynanmaly. Hawa, ýaşulular biziň ýürekden aladamyzy edýär. Biz janaýamaz ýaşululara örän minnetdar! (Flp. 2:29).

120-NJI AÝDYM Isa ýaly ýumşak boluň

a Ýehowa öz halkyna Gedeýon atly adamy serdar edip belledi. Ol Hudaýyň halkyny duşmanlardan gorap, aladasyny etmelidi. Gedeýon serdar takmynan 40 ýyllap jany-teni bilen Hudaýyň halkynyň aladasyny etdi. Emma ol köp kynçylyklara-da duçar boldy. Şu günler ýaşulular onuň göreldesine nädip eýerip biler? Makalada şu hakda gürrüň ederis.

b Pespällik we pesgöwünlilik häsiýetleri biri-biri bilen berk baglanyşykly. Pespäl adam özüni ýokary tutmaýar we mümkinçiliginiň çäklidigine düşünýär. Pesgöwünli adam başgalary özünden ýokary saýýar we olara hormat goýýar (Flp. 2:3). Adatça, pespäl adam pesgöwünli bolýar.

c «Wagyz işimiz gadagan edilse-de, Ýehowa gulluk etmegiňizi dowam ediň» diýen makalany okaň (w19.07 sah. 10, 11, abz. 10—13).