Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

TERJIMEHAL

Ýehowa arzuwyma ýetirdi

Ýehowa arzuwyma ýetirdi

MEN çagakam asmanda uçup ýören uçary görenimde daşary ýurtlara syýahat edesim gelýärdi. Ýöne şu arzuwyma hiç haçan ýetip bilmerin öýdýärdim.

Ene-atam Ikinji jahan urşy döwri Estoniýadan Germaniýa göçüpdirler. Şol ýerde men dünýä inipdirin. Soňra biz Kanadanyň Ottawa şäherine göçdük. Biz köneje jaýda ýaşaýardyk. Ol ýerde towuklar hem aýlanyşyp ýörýärdi. Biz gaty garypdyk, ýöne iň bolmanda her gün irden ýumurtga iýip bilýärdik.

Günlerde bir gün, Ýehowanyň Şaýatlary ejeme Ylham 21:3, 4-nji aýatlary okap berýär. Şol aýatlar ejeme şeýle bir güýçli täsir edýär welin, ol aglap başlaýar. Soňra ejem bilen kakam Mukaddes Kitapdan okuw geçip, tiz wagtdan suwa çümdürilýär.

Biz Ontario welaýatynyň Sadberi şäherinde ýaşaýardyk. Ejem-kakam iňlis dilini gowy bilmese-de, Ýehowa yhlasly gulluk edýärdi. Kakam nikel eredýän zawodda gijeki nobatda işleýärdi. Ýöne ol şonda-da her hepdäniň şenbe güni meni we jigim Silwiýany wagza alyp gidýärdi. Şeýle-de biz her hepde maşgala okuwynda «Garawul diňi» žurnalyny öwrenýärdik. Ene-atam ýaş kalbyma Ýehowa bolan söýgini guýdy. Şeýlelikde, men 1956-njy ýylda, ýagny 10 ýaşymda özümi Ýehowa bagyş edip suwa çümdürildim. Ene-atamyň Ýehowa bolan söýgüsi bütin ömrüme täsir etdi.

Mekdebi tamamlanymdan soň Ýehowa söýgim sowap başlady. Meniň pioner bolasym gelýärdi, ýöne çagalykda goýan arzuwyma ýetip bilmerin öýdýärdim. Men çagakam daşary ýurtlara syýahat edesim gelýärdi. Soňra men radiostansiýada işläp başladym. Men radioda saz goýýardym we işimi gowy görýärdim. Men gijelerine işleýändigim üçin ýygnak duşuşyklaryna barman başladym we Ýehowany söýmeýän adamlar bilen dostlaşdym. Emma meniň Mukaddes Kitap boýunça terbiýelenen ynsabym kösäp başlady we durmuşymda bir zady üýtgetmelidigime düşündim.

Men Ontario welaýatynyň Oşawa şäherine göçdüm. Şol ýerde Reý Norman, jigisi Lesli we başga-da pionerler bilen tanyşdym. Olar meni güler ýüz bilen garşy aldylar. Olaryň şadyýandygyny görüp, menem goýan maksatlarym barada oýlanyp başladym. Olar meni pioner bolmaga höweslendirdiler we 1966-njy ýylyň sentýabr aýynda pioner gullugyna başladym. Men özümi bagtly duýýardym, durmuşym gül ýalydy, ýöne Ýehowa meniň üçin garaşylmadyk sowgat taýýarlapdy.

«ÝEHOWA BIR IŞ TABŞYRSA, HÖKMAN ÝERINE ÝETIRMELI»

Ýokary klasda okaýarkam Kanadanyň Toronto şäherindäki Beýtelde gulluk etmek üçin arza doldurypdym. Pioner gullugyna başlamsoň, meni Beýtelde dört ýyl gulluk etmäge çagyrdylar. Men Leslini gowy görýärdim. Beýtel gullugyna başlasam, ony gaýdyp görmerin öýdýärdim. Ýehowa ýüregimi döküp doga edenimden soň, ahyry Beýtel gullugyna başlamaly diýen karara geldim. Ýöne Lesli bilen hoşlaşmak juda kyn boldy.

Beýtelde men egin-eşik ýuwulýan bölümde işledim. Soňra meni kätip bellediler. Şol wagt Lesli Kwebek welaýatynyň Gatino şäherinde ýörite pioner bolup gulluk edýärdi. Men Leslini göresim gelýärdi. Men: «Lesli häzir näme edýärkä? Aslynda, men dogry karara geldimmi?» diýip oýlanýardym. Soňra bir garaşylmadyk waka boldy. Lesliniň agasy Reýi Beýtelde gulluk etmäge çagyrdylar. Men onuň bilen bir otagda ýaşadym. Indi men Lesli bilen ýygy-ýygydan habarlaşyp bilýärdim. Beýtelde gulluk edenime dört ýyl bolanda, ýagny 1971-nji ýylyň 27-nji fewralynda Lesli ikimiz toý etdik.

1975-nji ýylda etrap gözegçisi edip bellediler

Biz Kwebekde fransuz ýygnakda gulluk edip başladyk. Birnäçe ýyldan soň bize etrap gözegçisi bolup gulluk etmegi teklip etdiler. Şonda men biraz ýaýdandym, sebäbi özümi ýaş we tejribesiz hasaplaýardym. Men bary ýogy 28 ýaşymdadym. Üstesine-de, aýalym hem iki gezek ulag heläkçiligine uçrapdy. Ol gijelerine ýatyp bilmeýärdi. Şonda meni Ýermeýa 1:7, 8-nji aýatlar ruhlandyrdy. Aýalym hem: «Ýehowa bir iş tabşyrsa, hökman ýerine ýetirmeli» diýdi. Şeýlelikde, biz etrap gözegçisi bolup gulluk edip başladyk we 17 ýyllap ýygnaklary idedik.

Etrap gözegçisi bolup bellenemsoň köp işleri etmelidim. Aýalym bilen köp wagt geçirip bilmeýärdim. Şonda men wajyp sapak edindim. Duşenbe güni irden gapy kakyldy. Açyp görsem, hiç kim ýok eken. Gapynyň öňünde uly sebet durdy. Sebetde ýere ýazar ýaly düşek, miweler, peýnir, çörek, bir çüýşe şerap, iki sany stakan we bir hatjagaz bar eken. Hatda: «Aýalyň bilen arassa howada dynç al!» diýip ýazylgy eken. Şonda men Leslä dynç alyşa gidip bilmejekdigimizi, nutuga taýýarlanmalydygymy aýtdym. Lesliniň biraz keýpi gaçdy, ýöne ol meniň ýagdaýyma düşünýärdi. Men nutuga taýýarlanmak üçin stoluň başyna geçdim welin, ynsabym kösäp başlady we Efesliler 5:25, 28-nji aýatlar ýadyma düşdi. Şonda göýä Ýehowa: «Oglum, aýalyňy ynjytma» diýen ýaly boldy. Men Ýehowa doga etdim we aýalyma: «Gitdik!» diýdim. Lesli begenjinden ýaňa guş bolup uçaýjak boldy. Biz maşyna münüp ýola düşdük. Derýanyň kenaryna baryp saklandyk. Soňra kenara düşegi ýazyp dynç aldyk. Şol gün biziň ömrümizde iň bagtly günleriň biri boldy. Biler bolsaňyz, men nutugy-da taýýarlap ýetişdim.

Biz Kanadanyň o çetinden bu çetine çenli, Britan Kolumbiýasyndan Nýufaundlende çenli aýlanyp, ähli ýygnaklary ideýärdik we köp ýerlere syýahat edýärdik. Şeýdip, meniň çagalyk arzuwym amala aşdy. Men Gilead mekdebinde okamak barada oýlanyp başladym. Ýöne men missioner gullugyna özümi mynasyp görmeýärdim. Şeýle-de meni Afrika ýurtlaryna bellärler diýip gorkýardym. Sebäbi ol ýerde ýokanç keseller we uruşlar köpdi. Men häzirki gulluk edýän ýerimden hoşaldym.

GARAŞYLMADYK ÇAKYLYK — ESTONIÝA

Estoniýa, Latwiýa we Litwada gulluk edýäris

1992-nji ýylda Sowet Soýuzyna degişli ýurtlarda wagyz işi kanun taýdan resmileşdirildi. Doganlar bize Estoniýada missioner bolup gulluk etmegi teklip etdiler. Biz biraz ýaýdandyk. Soňra Ýehowa ýürekden doga etdik. Biz: «Ýehowa bir iş tabşyrsa, hökman ýerine ýetirmeli» diýdik. Biz doganlara Estoniýada gulluk etmäge taýyndygymyzy aýtdyk. Men içimden: «Hudaýa şükür, näme-de bolsa Afrika ibermediler» diýdim.

Biz derrew eston dilini öwrenip başladyk. Birki aý geçensoň, meni etrap gözegçisi edip bellediler. Biz Estoniýada, Latwiýada, Litwada, Russiýanyň Kaliningrad şäherinde 46 sany ýygnagy we birnäçe toparlary idemelidik. Biz litwa, latyş we rus dilini öwrenmeli bolduk. Bize aňsat düşmedi, ýöne dogan-uýalar edýän tagallamyzy görüp begendiler we kömek etdiler. 1999-njy ýylda Estoniýada filial açyldy. Meni, Tomas Edury, Lembit Raýleni we Tommi Kaukony filial komitetiniň agzasy edip bellediler.

Çep tarapda: Litwada kongresde nutuk bilen çykyş edýärin

Sag tarapda: Estoniýanyň filial komiteti (1999)

Biz Sibirde sürgünde bolan köp dogan-uýalar bilen tanyşdyk. Olary maşgalasyndan aýra salsalar-da, urup-ýençseler-de, türmä bassalar-da gahar-gazap etmediler we ar aljak bolmadylar. Olar Ýehowa şatlyk we yhlas bilen gulluk edýärdiler. Olaryň göreldesi bize nähili kynçylyk bolsa-da, şatlygymyzy ýitirmän, yhlasly gulluk etmäge kömek etdi.

Biz birnäçe ýyllap agyr zähmet çekdik. Biziň dynç almaga kän wagtymyz bolmaýardy. Üstesine-de, aýalym ýaraman başlady. Onuň ysgyn-mydary gaçýardy. Keseliniň nämedigini hem bilmeýärdik. Görüp otursak, ol fibromialgiýa (birleşdiriji dokumalardaky myşsanyň agyrysy) bilen keselläpdir. Biz Kanada dolanmak barada oýlanyp başladyk. Şonda doganlar bizi Pattersondaky filial komitetiniň agzalary üçin mekdebe çagyrdylar. Biz mekdepde okap bilmeris öýtdük. Ýöne Ýehowa doga etdik we çakylygy kabul etdik. Ýehowa kararymyza ak pata berdi. Aýalym şol ýerde bejergi aldy we özüni gowy duýup başlady. Soňra biz gullugymyzy dowam etmek üçin Estoniýa dolandyk.

GARAŞYLMADYK ÇAKYLYK — AFRIKA

2008-nji ýyl agşamarady, birdenkä jaň geldi. Telefony galdyrdym welin, Baş edaradan doganlar jaň edýän eken. Olar: «Kongoda gulluk edip bilersiňizmi?» diýip sorady. Men şonda doňup galdym. Bir günüň içinde doganlara bellisini aýtmalydym. Şol gije men aýalyma hiç zat aýtmadym, sebäbi aýdan bolsam onuň ýatyp bilmejegini bilýärdim. Oňa derek men ýatyp bilmedim, gözüme çiş kakylan ýaly boldy. Men uzak gije Ýehowa doga edip, biynjalyk edýän zatlarymy jikme-jik gürrüň berdim.

Men ertesi gün ir bilen Leslä bar zady gürrüň berdim. Şonda biz: «Ýehowa bizi Afrika iberýär. Eger ýaýdanyp otursak, Ol bize nädip bereket bersin?!» diýip oýlandyk we Afrika gitmeli diýen karara geldik. Biz 16 ýyllap Estoniýada hezil edip gulluk edenimizden soň Afrika uçduk we Kongonyň Kinşasa şäherine geldik. Beýtel binasy al-ýaşyl öwüsýän, bag-bakjaly we asuda ýerde ýerleşýärdi. Aýalym otagymyzda otkrytkajyk goýýardy. Ol ony Kanadadan alyp gaýdypdy. Otkrytganyň ýüzünde «Ekilen ýeriňde gülle!» diýen ýazgy bardy. Biz dogan-uýalar bilen tanyşdyk we akýürekli adamlara Mukaddes Kitapdan okuw geçip başladyk. Şeýlelikde, missioner gullugy biziň güýjümize güýç goşdy. Üstesine-de, biz Afrikanyň 13 ýurduna baryp filiallary idedik. Şonda dürli milletden we halkdan bolan dogan-uýalaryň ajaýyp häsiýetlerini görüp örän ruhlandyk. Biziň ilkibaşdaky gorkymyzdan nam-nyşan galmady. Indi biz Ýehowa Afrika iberendigi üçin sag bolsun aýdýardyk.

Kongoda dogan-uýalar mör-möjeklerden dürli-dürli milli tagamlary taýýarlaýardylar. Biziň başda şol naharlary iýesimiz gelmedi. Ýöne dogan-uýalar şol naharlary işdämenlik bilen iýýärdi. Şonda biz dadyp gördük, ynanmarsyňyz, naharlar bal ýaly eken.

Biz ýurduň gündogaryndaky obalara aýlanyp, dogan-uýalary ruhlandyrýardyk we olara gerek-ýarak zatlaryny ýetirýärdik. Gozgalaňçy, eli ýaragly adamlar şol obalary talaýardylar. Aýal diýmän, çaga diýmän azar ýamanyny berýärdiler. Dogan-uýalar juda garyp ýaşaýardy. Ýöne olaryň direlişe umydy, Ýehowa söýgüsi, gurama wepalylygy bizi haýran galdyrdy. Olaryň göreldesi bizi öz imanymyzy barlamaga höweslendirdi. Dogan-uýalar öýünden ýa-da melleginden jyda düşseler-de, Ýehowa şatlyk bilen gulluk edýärdiler. Olaryň ýagdaýy emlägiňden bir günüň içinde mahrum bolup bolýandygyny ýatlatdy we iň wajyp zadyň gökde hazyna ýygnamakdygyna düşünmäge kömek etdi. Dogan-uýalar agyr kynçylyklara duş gelseler-de, durmuşyndan nägile bolup ýörmeýärler. Bizem olaryň göreldesine eýerip keselçilige we kynçylyklara şatlyk bilen döz gelmegi öwrendik.

Çep tarapda: bosgunlaryň lagerinde nutuk bilen çykyş edýärin

Sag tarapda: Dungu şäherine (Kongo) azyk harytlaryny we däri-dermanlary eltýäris

GARAŞYLMADYK ÇAKYLYK — AZIÝA

Ýehowa bize ýene-de garaşylmadyk sowgat taýýarlapdy. Bir gün doganlar: «Gonkongdaky filialda gulluk edip bilersiňizmi?» diýip soradylar. Biz Aziýada gulluk ederis diýip, ýatsak-tursak kellämize-de gelmeýärdi. Emma biz durmuşymyzda Ýehowanyň goldawyny ençeme sapar görüpdik we doganlara: «Elbetde!» diýip jogap berdik. Ýöne bize Afrikadaky güler ýüzli dogan-uýalar bilen hoşlaşmak gaty kyn düşdi. Biz gözýaşlarymyzy saklap bilmedik. 2013-nji ýylda biz Afrikadan Gonkonga uçduk we özümize nämeleriň garaşýandygyny bilmeýärdik.

Afrikadan tapawutlylykda Gonkong goh-galmagally şäherdi. Ol ýerde dünýäniň dört künjeginden gelen adamlar ýaşaýardy. Hytaý dilini öwrenmek has-da kyn düşdi. Gonkonga baranymyzda dogan-uýalar bizi gujak açyp garşy aldylar. Biz olaryň milli tagamyny haladyk. Beýtelde edilmeli işler köpdi. Şol döwürler Gonkongda binalaryň bahasy gaty gymmatlapdy. Şonuň üçin Ýolbaşçylyk maslahaty Beýteliň köp binalaryny satmaly diýen karara geldi. 2015-nji ýylda biz Günorta Koreýa gelip, gullugymyzy şol ýerde dowam etdik. Koreý dilini öwrenmek kyn boldy. Ýöne dogan-uýalar bilen koreý dilinde gepleşenimizde: «Öňkiňizden-ä ökdeleşipsiňiz» diýip, bizi ruhlandyrýardylar.

Çep tarapda: Gonkongda

Sag tarapda: Koreýa filialy

ÝEHOWANYŇ BEREN TÄLIMI

Adatça, biri bilen dostlaşmak aňsat bolmaýar. Emma biz dogan-uýalar bilen dostlaşmak üçin ilkinji ädimi özümiziň ätmelidigimize we olary myhmançylyga çagyrmalydygymyza düşündik. Dogan-uýalaryň medeniýeti, terbiýesi, milleti biri-biriniňkiden tapawutlanýar. Emma görüp otursak, olaryň meňzeş taraplary has köp eken. Ýehowa bizi şeýle bir täsin tärde ýaradypdyr welin, biz «ýüregimizi giňden açyp» köpler bilen dostlaşyp bilýäris (2 Kor. 6:11).

Biz dogan-uýalary Ýehowanyň söýşi ýaly söýmelidigimize düşündik. Käte biz ruhdan düşüp: «Dogan-uýalar bizi gowy görýärmikä?» diýip oýlanýardyk. Şonda dostlarymyzyň ýazan ruhlandyryjy hatlaryny gaýta-gaýta okaýardyk. Şeýle-de Ýehowanyň bizi söýýändigi we gerekli görkezmeleri berýändigi hakda oýlanýardyk. Ýehowa hem dogalarymyza jogap berip, güýjümize güýç goşýardy.

Aýalym ikimiz ýaşan ömrümizde näçe işli bolsak-da, biri-birimize wagt tapmalydygymyza düşündik. Şeýle-de biz öz üstümizden gülmegi öwrendik. Esasanam, täze dil öwreneniňde bu gerek bolýan ekeni. Biz her gün agşam Ýehowa eden ýagşylyklarynyň biri hakda sag bolsun aýdyp doga edýärdik.

Men öň missioner bolup daşary ýurtda gulluk edip bilmerin öýdýärdim. Emma Ýehowanyň goldawy bilen hemme zady başarjakdygyma göz ýetirdim. Ýermeýanyň şu sözleri ýadyma düşýär: «Eý Ýehowa, meni geň galdyrdyň» (Ýer. 20:7). Hawa, Ýehowa meni geň galdyrdy. Ol maňa garaşylmadyk sowgatlary etdi, egsilmez bereketleri berdi we meniň çagalyk arzuwymy hasyl etdi. Men bäş materige aýlanyp, ençeme filiallary idärin diýip pikir hem etmeýärdim. Şeýle-de men mähriban aýalyma köp sag bolsun aýdýaryn. Ol Ýehowanyň maňa ynanan ähli işlerinde uly goldaw boldy.

Biz kim üçin, näme üçin zähmet çekýändigimizi hemişe özümize ýatladyp durýarys. Şu günler biz Ýehowanyň bereketlerinden dadýarys. Gelejekde bolsa olardan doýup ganarys. Sebäbi Mukaddes Kitapda şeýle wada berilýär: «(Hudaý) jomartlyk bilen elini açar, her bir adamy... näz-nygmatdan doýrar» (Zeb. 145:16).