26-NJY MAKALA
Ýehowanyň gününe taýýar boluň
«Ýehowanyň güni ogrynyň gije gelşi ýaly geler» (1 Sel. 5:2).
143-NJI AÝDYM Wagyz et, sabyrly garaş
MAZMUNY a
1. Ýehowanyň gününde halas bolmak üçin näme etmeli?
MUKADDES KITAPDA «Ýehowanyň güni» diýlende, hak Hudaýyň duşmanlaryna jeza berip, Öz halkyny halas eden güni göz öňünde tutulýar. Taryha ser salsak, Ýehowanyň käbir halklara jeza berendiginiň şaýady bolýarys (Işa. 13:1, 6; Hyz. 13:5; Sep. 1:8). Tizden syýasy ýolbaşçylar ýalan diniň dünýä imperiýasy bolan Beýik Wawilona hüjüm eder. Şonda Ýehowanyň güni başlar we Armageddon söweşi bilen tamamlanar. Biz Ýehowanyň gününde halas bolmak üçin häzirden taýýarlyk görmeli. Isa pygamber hem şägirtlerine «taýyn bolmagy» maslahat berdi (Mat. 24:21; Luka 12:40). Asyl nusgada şu jümle dowamly hereketi aňladýar. Diýmek, biz her gün Ýehowanyň gününe taýýar bolmaly.
2. 1 Selanikliler kitaby Hudaýyň gününe taýýarlyk görmäge nädip kömek edýär?
2 Pawlus resul selaniklilere ýazan birinji hatynda Ýehowanyň beýik gününe taýýar bolmaga kömek edýän ençeme mysallary aýtdy. Pawlus resul Ýehowanyň gününiň I asyrda gelmejekdigini bilýärdi (2 Sel. 2:1—3). Ýöne ol dogan-uýalara Ýehowanyň güni, göýä ertir geljek ýaly taýyn bolmagy maslahat berdi. Onuň maslahatyna biz hem eýerip bileris. Ýehowanyň güni nädip geler? Kimler halas bolar? Biz şol güne nädip taýýarlyk görüp bileris? Geliň, Pawlus resulyň şu soraglara nädip jogap berendigini bileliň.
ÝEHOWANYŇ GÜNI NÄDIP GELER?
3. Ýehowanyň güni haýsy manyda «ogry» ýaly geler? (Surata serediň).
3 «Ogry... ýaly geler» (1 Sel. 5:2). Pawlus resul Hudaýyň gününiň nädip geljekdigini üç mysal arkaly düşündirdi. Geliň, olaryň birinjisine seredeliň. Ogrular öý eýesi ýatyrka, ýarygije gelýär we çalt hereket edýär. Edil şonuň ýaly, Ýehowanyň güni ähli adamlaryň, hatda mesihçileriň hem üstüne duýdansyz geler. Hemmeler aňk-taňk bolar. Şol gün erbet adamlar ýok ediler, Hudaýyň halky aman galar.
4. Ýehowanyň güni näme üçin «göwreli aýalyň burgusynyň tutuşyna» meňzedilýär?
4 «Göwreli aýalyň burgusynyň tutuşy kimin» bolar (1 Sel. 5:3). Göwreli aýal burgusynyň tutjakdygyny bilýär, ýöne anyk gününi we sagadyny bilmeýär. Göwreli aýalyň burgusy duýdansyz tutýar we jebir-jepa çekdirýär. Edil şonuň ýaly, biz hem Ýehowanyň höküm gününiň tizden geljekdigini bilýäris, emma anyk gününi we sagadyny bilmeýäris. Ýehowanyň höküm güni erbet adamlaryň üstüne duýdansyz iner we olar gaçyp-gutulyp bilmez.
5. Ýehowanyň gününiň gelşi näme üçin daňyň atyşyna meňzedilýär?
5 Daňyň atyşy ýaly bolar. Pawlus resul üçünji mysalynda-da «ogryny» agzaýar, ýöne bu sapar Ýehowanyň gününiň gelşini daňyň atyşyna meňzedýär (1 Sel. 5:4). Ogry şeýle bir başagaý bolýar welin, Günüň doganyny bilmän galýar. Şeýdip, onuň ähli pyssy-pyjurlygynyň üsti açylýar. Edil şonuň ýaly, Ýehowanyň gününde erbet adamlar ogurlykda tutulan ýaly bolar. Olaryň ähli zalym işleri paş ediler. Emma olardan tapawutlylykda, biz Ýehowanyň gününe taýýar bolarys. Sebäbi biz Ýehowany her gün razy edýäris hem-de «ýagtylygyň miwesi» bolan «gowulyk, dogruçyllyk we hakykat» boýunça ýaşaýarys (Efes. 5:8—12). Pawlus resul Ýehowanyň gününde kimleriň ýok ediljekdigini ýene iki mysal arkaly düşündirýär. Geliň, olar hakda gürrüň edeliň.
ÝEHOWANYŇ GÜNÜNDE KIMLER ÝOK EDILER?
6. Pawlus resul Hudaýyň gününde ýok ediljekleri näme üçin «uklaýan adamlara» meňzedýär? (1 Selanikliler 5:6, 7).
6 «Uklaýan adamlar» (1 Selanikliler 5:6, 7-nji aýatlary okaň). Pawlus resul Hudaýyň gününde ýok ediljek adamlary uka giden adama meňzedýär. Süýji ukuda ýatan adam daş-töwereginde nämeleriň bolandygyny we wagtyň nädip geçendigini bilmeýär. Şu günler köp adamlar göçme manyda agyr ukuda ýatyr (Rim. 11:8). Olar «soňky günlerde» ýaşaýandygyny we uly betbagtçylygyň golaýdygyny bilmeýär. Käbirleri ýer ýüzünde bolýan wakalary görüp, ukudan oýanan ýaly bolýar we hoş habary diňleýär. Emma olar oýa bolandan uklap ýatmagy gowy görýär. Käbirleri bolsa ahyrzamanyň boljagyna ynanýar, ýöne «bu golaýda gelmez» diýip, irkilip ýörýär (2 Pet. 3:3, 4). Emma Ýehowanyň gününiň tizden geljegine ýürekden ynanýan adamlar her gün oýa bolýar.
7. Hudaýyň höküm gününde heläk boljaklar näme üçin «serhoş adamlara» meňzedilýär?
7 «Serhoş adamlar». Pawlus resul Hudaýyň gününde heläk boljak adamlary «serhoş adama» meňzedýär. Serhoş adam daş-töwereginde bolup geçýän zatlary doly aňşyrmaýar, näme edip, näme goýandygyny bilmeýär. Şu günler köpler serhoş adama meňzeýär. Olar heläkçilige eltýän ýoldan ýöreýär we Hudaýyň duýduryşlaryna gulak asmaýar. Ýöne Mukaddes Kitapda mesihçilere «sagdyn pikirlenmek» maslahat berilýär (1 Sel. 5:6). Mukaddes Kitaby öwrenýän alym şeýle diýýär: «Sagdyn pikirlenýän adamyň kalby rahat bolýar, daş-töweregindäki zatlary seljerip bilýär, agy-garany saýgaryp, paýhasly karara gelýär we gelen kararyndan dänmeýär». Biz näme üçin «sagdyn pikirlenmeli»? Ýehowanyň güni golaýlaşdygyça, syýasy we jemgyýetçilik meselelerinde belli bir tarapy tutmagy talap etmekleri mümkin. Şonda biz aljyrap, howsala düşüp bileris. Emma Ýehowanyň mukaddes ruhy bize rahat bolmaga we berk durup, bitaraplygy saklamaga kömek eder (Luka 12:11, 12).
ÝEHOWANYŇ GÜNÜNE TAÝÝAR BOLMAK ÜÇIN NÄME ETMELI?
8. 1 Selanikliler 5:8-e görä, halas bolmak üçin haýsy häsiýetler gerek? (Surata serediň).
8 «Sowudy... hem tuwulgany... geýiň». Pawlus resul mesihçileri söweşe taýyn we ähli ýaraglaryny dakynan esgere meňzedýär (1 Selanikliler 5:8-i okaň). Gulluk borjuny ýerine ýetirýän esger hemişe söweşe taýýar bolýar. Edil şonuň ýaly, mesihçiler hem Hudaýyň gününe taýýar bolmaly. Munuň üçin olar egnine iman we söýgi sowudyny, başyna umyt tuwulgasyny geýmeli. Şu häsiýetlere eýe bolan adam Ýehowanyň gazap gününde halas bolar.
9. Iman sowudy göçme manydaky ýüregimizi nädip goraýar?
9 Sowut esgeriň ýüregini goraýar. Iman we söýgi sowudy hem mesihçileriň göçme manydaky ýüregini goraýar. Şol sowut Ýehowa ýürekden gulluk etmäge we Halypamyz Isanyň yzyna gyşarnyksyz eýermäge kömek edýär. Imany berk adam Ýehowanyň sylaglajakdygyna şübhelenmeýär we Isa Mesihiň tabşyryklaryny ýürekden ýerine ýetirýär (Ýew. 11:6). Biz yzarlamalara mertlik bilen döz gelýän we pulsuzlykdan kösense-de, Ýehowa wepaly bolýan dogan-uýalaryň göreldesine eýersek, kynçylyklarda imanymyz gowşamaz. Şeýle-de baryna kaýyl bolup ýaşaýan we Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýýan mesihçiler barada oýlansak, baýlygyň duzagyna düşmeris b.
10. Söýgi häsiýeti näme etmäge höweslendirýär?
10 Söýgi häsiýeti oýa bolmaga we sagdyn pikirlenmäge kömek edýär (Mat. 22:37—39). Eger biz Ýehowany söýsek, kynçylyklara garamazdan, yhlasly wagyz ederis (2 Tim. 1:7, 8). Hak Allanyň ýaradan bendelerini söýsek, öýden-öýe, telefon we hat arkaly ýadaman wagyz ederis. Adamlar hoş habary diňlemese-de, olardan umydymyzy üzmeris. Belki-de, bir gün olar Ýehowa iman eder we doganymyz ýa-da uýamyz bolar (Hyz. 18:27, 28).
11. Biz näme üçin imandaşlarymyzy söýmeli? (1 Selanikliler 5:11).
11 Biz söýgi sowudyny geýsek, dogan-uýalary ruhlandyrarys we berkideris (1 Selanikliler 5:11-i okaň). Bir goşunda gulluk edýän esgerler biri-birini goldaýarlar we ruhlandyrýarlar. Emma söweş gidip durka, esger ýoldaşyny tötänden ýaralap biler. Ýöne ol bilgeşleýin ýoldaşynyň arkasyna pyçak urmaz. Edil şonuň ýaly, dogan-uýalar hem tötänden göwnümize degip biler, ýöne bilgeşleýin ýüregimize ýara salmaz (1 Sel. 5:13, 15). Şeýle-de biz söýgi sowudyny geýsek, ýaşuly doganlara hormat goýarys (1 Sel. 5:12). Pawlus resul selaniklilere hat ýazanda, şol şäherde ýygnagyň döränine bir ýyl hem bolmandy. Ýaşulular tejribesizdi we ýalňyşýardy, emma olar hormata mynasypdy. Biz uly betbagtçylykda ýaşulularyň kömegine has-da mätäç bolarys, sebäbi Baş edara ýa-da filial bilen habarlaşyp bilmeris. Şonuň üçin, geliň, sagdyn pikirleneliň! Ýaşuly doganlaryň ýalňyşyna üns bermän, Ýehowanyň we Isa Mesihiň olar arkaly görkezme berýändigi hakda oýlanalyň.
12. Gutulyş umydy oý-pikirimizi nädip goraýar?
12 Tuwulga esgeriň kellesini goraýar. Edil şonuň ýaly, gutulyş umydy biziň pikirlerimizi goraýar. Eger biziň umydymyz berk bolsa, dünýäniň teklip edýän zatlaryny zir-zibil hasaplarys, göwnümizi giň tutarys we Ýehowa wepaly bolarys (Flp. 3:8). Är-aýal Wolls bilen Laurinda Afrikada gulluk edýär. Üç hepdäniň içinde olaryň biriniň ejesi, biriniň kakasy aradan çykýar. Olar koronawirus keseli (COVID-19) sebäpli ýurduna-da dolanyp bilmeýär. Wolls şeýle gürrüň berýär: «Gutulyş umydy maňa aradan çykan dogan-garyndaşlarymy ýene görjek günüme sabyrsyzlyk bilen garaşmaga kömek edýär. Men olaryň ejir çekip ýatyşy barada däl-de, täze dünýäde bagryma basyşym barada oýlanýaryn. Gutulyş umydy kalbyma rahatlyk berýär we gaýgy-hasrata döz gelmäge kömek edýär».
13. Mukaddes ruhy almak üçin näme etmeli?
13 «Içiňizde lowlaýan mukaddes ruhuň oduny söndürmäň» (1 Sel. 5:19). Pawlus resul mukaddes ruhy «oda» meňzedýär. Eger mukaddes ruh lowlap ýansa, onda biz ýagşy işleri yhlasly ederis. Şeýle-de wagtymyzy we güýjümizi gaýgyrman Ýehowa ýürekden gulluk ederis (Rim. 12:11). Mukaddes ruhy almak üçin näme etmeli? Ýehowanyň mukaddes ruhuny dilemeli, Mukaddes Kitaby her gün okamaly we gurama bilen deň ýöremeli. Şonda «mukaddes ruhuň miwesini» ösdürip bileris (Gal. 5:22, 23).
14. «Mukaddes ruhuň oduny söndürmezlik» üçin näme etmeli? (Surata serediň).
14 Ýehowa bize mukaddes ruhuny bolluk bilen berýär. Emma biz «içimizde lowlaýan mukaddes ruhuň oduny söndürmekden» seresap bolmaly. Ýehowa mukaddes ruhuny arassa pikirlenýän we ýagşy işleri edýän adamlara berýär. Eger biz erbet zatlaryň pikirini etsek we günäli işlere baş goşsak, Ýehowa mukaddes ruhuny bermez (1 Sel. 4:7, 8). Şeýle-de biz Hudaýyň mukaddes ruhuny almak üçin «pygamberliklere biperwaý garamaly däl» (1 Sel. 5:20). «Pygamberlik» diýlende, Ýehowanyň mukaddes ruhy arkaly aýdýan habarlary göz öňünde tutulýar. Olara Ýehowanyň gününiň tizden geljekdigi we wagtyň az galandygy hakdaky pygamberlikler hem degişli. Biz: «Armageddon şu golaýda gelmez» diýip arkaýynlaşmaly däl. Gaýtam her gün «ýagşy işleri edip, Hudaýa wepaly bolmaly» we Ýehowanyň gününi çaltlandyrmaly (2 Pet. 3:11, 12).
«HER BIR ZADYŇ DOGRY ÝA NÄDOGRUDYGYNY BARLAŇ»
15. Jynlaryň ýalan habaryna ynanmaz ýaly näme etmeli? (1 Selanikliler 5:21).
15 Tizden Hudaýyň duşmanlary: «Parahatlyk we howpsuzlyk!» diýip, bütin ýer ýüzüne jar eder (1 Sel. 5:3). Adamlar şol habary «jynlaryň... ylhamy» bilen aýdar we köpler ýalan habara ynanar (Ylh. 16:13, 14). Ýöne biz «her bir zadyň dogry ýa nädogrudygyny barlaň» diýen maslahata eýersek, özümizi aldatmarys (1 Selanikliler 5:21-i okaň). «Barlamak» diýen grek işligi altynyň ýa-da kümşüň saplygyny anyklamak üçin barlamagy aňladýar. Biz eşidýän we okaýan habarlarymyzyň çynmy ýa ýalandygyny barlamaly. Pawlusyň beren maslahaty I asyrda Selanik şäherinde ýaşaýan mesihçiler üçin örän wajypdy. Onda şu maslahat dünýäniň soňunda ýaşaýan mesihçiler üçin has-da wajyp dälmi näme?! Biz her bir aýdylýan habara derrew ynanmaly däl. Gaýtam okaýan we eşidýän zatlarymyzy Mukaddes Kitapda hem-de Ýehowanyň guramasynda aýdylýanlar bilen deňeşdirmeli. Şonda biz jynlaryň ýalan habaryna ynanmarys (Nak. 14:15; 1 Tim. 4:1).
16. Biz nämä umyt edýäris we näme etmegi ýüregimize düwmeli?
16 Biz uly märekäniň Armageddondan sag-aman geçjekdigine doly ynanýarys. Emma özümize näme boljagyny bilmeýäris (Ýak. 4:14). Belki, biz uly betbagtçylykdan sag-aman geçeris ýa-da ondan öň aradan çykarys. Ýöne Ýehowanyň her birimize ebedi ýaşaýşy peşgeş berjegini unutmalyň. Saýlanan mesihçiler Isa Mesih bilen gökde hökümdarlyk eder, başga goýunlar bolsa ýer ýüzünde Jennetde ebedi ýaşar. Geliň, Ýehowanyň berjek ajaýyp durmuşyna umyt edip ýaşalyň we Onuň gününe taýyn bolalyň.
150-NJI AÝDYM Hudaýy agtaran halas bolar
a 1 Selanikliler 5-nji bapda Hudaýyň gününiň nädip geljekdigi ençeme mysallar arkaly beýan edilýär. Hudaýyň güni nämäni aňladýar? Şol gün nädip geler? Kimler halas bolar we kimler ýok ediler? Ýehowanyň gününde halas bolmak üçin näme etmeli? Makalada Pawlus resulyň selaniklilere ýazan haty hakda gürrüň ederis we şu soraglaryň jogabyny bileris.
b «Olar höwes bilen gulluk edýärler» diýen internet makalalary okap bilersiňiz.