28-NJI MAKALA
Hak Hudaýdan gorkýanlar bereket alar
«Dogrulyk ýolunda ýöreýän Ýehowadan gorkýar» (Nak. 14:2).
122-NJI AÝDYM Berk hem tutanýerli boluň
MAZMUNY a
1, 2. Biz Lut ýaly nähili kynçylyklar bilen göreşýäris?
GADYM döwürlerde Lut atly dogruçyl adam ýaşaýardy. Ol «zalym adamlaryň haýasyzlygyny görüp ejir çekýärdi», sebäbi Hudaýyň şeýle işleri ýigrenýändigini bilýärdi (2 Pet. 2:7, 8). Lut döwürdeşleriniň täsirine düşmedi, sebäbi Ýehowadan gorkýardy we ony ýürekden söýýärdi. Şu günlerem adamlar Hudaýyň ahlak kadalaryny äsgermän ýaşaýar. Eger biz Ýehowadan gorksak we ony ýürekden söýsek, şu dünýäniň akymy bilen gitmän, ahlak taýdan arassa ýaşarys (Nak. 14:2).
2 Ýehowa Nakyllar kitaby arkaly öwüt-ündew berip, bize ahlak kadalary boýunça ýaşamagy öwredýär. Aýal diýmän, erkek diýmän, garry diýmän, ýaş diýmän — biziň ählimiz şol maslahatlara eýersek, Ýehowany her gün razy edip ýaşarys we köp bereket alarys.
HUDAÝDAN GORKMAK BIZI GORAÝAR
3. Nakyllar 17:3-e görä, biz näme üçin ýüregimizi goramaly? (Surata serediň).
3 Biz ilki bilen ýüregimizi goramaly. Sebäbi Ýehowa her gün ýüregimizi barlaýar. Ol adamlar ýaly diňe daş keşbimizi däl-de, içki dünýämizi hem görýär (Nakyllar 17:3-i okaň). Eger biz Ýehowanyň öwüt-ündewine gulak asyp aňymyzy arassa saklasak, gökdäki Atamyz bizi ýürekden söýer (Ýah. 4:14). Munuň üçin biz ahlaksyz zatlaryň pikirini etmeli däl, Şeýtanyň aňymyzy zäherlemegine ýol bermeli däl (1 Ýah. 5:18, 19). Biz Ýehowa Atamyz bilen ýakyndan dostlaşsak, Ony ýürekden söýeris we çuňňur hormat goýarys. Biz Hudaýyň göwnüne degýän günäli işleri etmeris, ahlaksyz zatlar hakda pikirem etmeris. Eger wepalylygymyz synalsa: «Heý-de, men bilgeşleýin günä edip, Ýehowanyň göwnüne degerinmi?» diýip oýlanarys (1 Ýah. 4:9, 10).
4. Marta synagda wepaly bolmaga näme kömek etdi?
4 Geliň, Horwatiýada ýaşaýan Marta b hakda gürrüň edeliň. Ol ahlaksyz pikirlere garşy göreşmeli bolýar. Marta şeýle gürrüň berýär: «Maňa dury pikirlenmek kyn bolýardy. Az salymlyk bolsa-da ahlaksyzlyk edip, keýp çekesim gelýärdi. Emma Hudaýdan gorky meni gorady». Hudaýdan gorky Martany nädip gorady? Ol günäniň erbet netijesi hakda oýlandy. Bizem şeýle etsek gowy bolar. Günäniň ýetirýän iň uly zyýany: Hudaý bilen dostlugyny bozýar we ebedi ýaşaýyşdan mahrum edýär (1 Mus. 6:5, 6).
5. Biz Leonyň başdan geçiren wakasyndan näme sapak edinýäris?
5 Ýehowadan gorkýan adam günäli işleri etmeýär we erbet adamlar bilen dostlaşmaýar. Munuň dogrudygyna Kongoda ýaşaýan Leo göz ýetirdi. Onuň suwa çümdürilenine dört ýyl geçensoň, Ýehowanyň kada-kanunlaryny äsgermeýän adamlar bilen dostlaşýar. Ol: «Men olar bilen dostlaşsam, ýöne erbet işleri etmesem, Ýehowany gynandyrmaryn» diýip pikir edýär. Emma köp wagt geçmänkä, Leo dostlarynyň täsirine düşüp, aşa köp spirtli içgileri içýär we ahlaksyzlyk edýär. Birnäçe wagtdan soň ol ene-atasynyň beren terbiýesi we Ýehowa şatlyk bilen gulluk eden günleri hakda oýlanýar. Ol Ýehowa dolanmagy ýüregine düwýär we ýaşululardan kömek soraýar. Häzir Leo ýygnak ýaşulusy we ýörite pioner bolup gulluk edýär.
6. Makalada näme hakda gürrüň ederis?
6 Nakyllar 9-njy bapda akyldarlyk we akylsyzlyk hakda gürrüň edilýär hem-de olar aýallara meňzedilýär (Rimliler 5:14; Galatýalylar 4:24-nji aýatlary deňeşdiriň). Aýallaryň ikisem tejribesizleri myhmançylyga çagyrýar we saçagyny giňden ýazyp, näz-nygmatdan doldurýar (Nak. 9:1, 5, 6, 13, 16, 17). Emma akylsyz aýalyň myhmanlary mazara inýär, akyldar aýalyň myhmanlary uzak ömür sürýär. Nakyllar 9-njy bapdaky maslahatlar aýallara, erkeklere, oglanlara, gyzlara — biziň hemmämize peýdaly. Sebäbi Şeýtanyň dünýäsi ahlaksyzlykdan we pornografiýadan doly (Efes. 4:19). Eger biz Ýehowadan gorkup, oňa wepaly bolsak, erbet işlere baş goşmarys (Nak. 16:6).
AKYLSYZ AÝALYŇ ÇAKYLYGY
7. Nakyllar 9:13—18-nji aýatlara görä, akylsyz aýalyň myhmanlaryna näme garaşýar? (Surata serediň).
7 Geliň, «akylsyz aýal» hakda gürrüň edeliň (Nakyllar 9:13—18-nji aýatlary okaň). Ol utanman düşünjesizlere: «Bärik geliň!» diýip, öýüne myhmançylyga çagyrýar. Emma Mukaddes Kitapda: «Aýalyň öýi merhumlaryň mekanydyr, myhmanlary mazara inýär» diýilýär. Belki, şu sözler Nakyllar kitabynyň beýleki baplarynda agzalýan «ahlaksyz» we «azgyn aýaly» ýadyňyza salandyr. Mukaddes Kitapda: «Onuň öýüne baran diri çykmaz, ýollary mazara eltýär» diýilýär (Nak. 2:11—19). Şeýle-de Nakyllar 5:3—10-njy aýatlarda hem «azgyn aýal» hakda aýdylýar we «onuň aýaklary ölüme, ädimleri mazara alyp gidýär» diýilýär.
8. Her bir adam nähili karara gelmeli?
8 «Akylsyz aýal» hemmeleri öýüne myhmançylyga çagyrýar. Emma çakylygy kabul etmelimi ýa-da kabul etmeli däldigini her kimiň özi çözýär. Edil şonuň ýaly, Şeýtanyň dünýäsi ahlaksyzlyk etmegi we pornografiýa görmegi hemmelere hödürleýär. Eger tanyşlaryňyz size ahlaksyzlyk etdirjek bolsa ýa-da internetde ahlaksyz suratlara gözüňiz düşse näme edersiňiz?
9, 10. Biz näme üçin ahlaksyzlyk etmeli däl?
9 Ahlaksyzlyk etmek nähili zyýan ýetirýär? «Akylsyz aýal» myhmanlaryna: «Ogurlanan suw süýjüdir» diýýär. Ogurlanan suw nämäni aňladýar? Mukaddes Kitapda är-aýalyň arasyndaky jynsy gatnaşyk sowuk suwdan ganmak bilen deňeşdirilýär (Nak. 5:15—18). Är-aýalyň arasyndaky jynsy gatnaşyk olaryň ikisine-de lezzet berýär we maşgala ojagyny berkidýär. Emma «ogurlanan suw» Hudaýyň öňünde günä hasaplanýar we döwletiň kanunyna -da garşy gelýär. Ahlaksyzlyk edýän adamlar ogrular ýaly haýasyz işleri gizlinlikde edýär. Onda ogurlanan suw haýsy manyda «süýji» bolup biler? Ahlaksyzlar ogrular ýaly edýän işini hiç kim görmeýär diýip pikir edýär, emma olar gaty ýalňyşýar. Sebäbi Ýehowa ähli zady görýär. Şeýle işleri edýän adamlaryň Hudaý bilen dostlugy bozulýar. Şonuň üçin ogurlanan suwa süýji däl-de, ajy diýse bolar (1 Kor. 6:9, 10). Emma ahlaksyzlyk etmek başga-da köp zyýan ýetirýär.
10 Ahlaksyzlyk edýänler masgara bolýar, özüni dereksiz duýýar, islemeseler-de göwreli bolýar we olaryň maşgala ojagy dargaýar. Akyldar adamlar akylsyz aýalyň köçesinden hem geçmeýär. Sebäbi akylsyz aýalyň myhmanlary ruhy taýdan heläkçilige uçraýar, ýagny olaryň Hudaý bilen dostlugy bozulýar. Şeýle-de olar jynsy gatnaşyk arkaly geçýän kesele ýolugyp, ýaş aradan çykýar (Nak. 7:23, 26). Şonuň üçin Nakyllar 9:18-de: «Aýalyň... myhmanlary mazara inýär» diýilýär. Onda näme üçin köp adamlar akylsyz aýalyň çakylygyny kabul edýär? (Nak. 9:13—18).
11. Pornografiýa görmek nähili zyýan ýetirýär?
11 Şeýtan pornografiýa arkaly köp adamlary duzaga düşürýär. Pornografiýa görýän adamlar onuň hiç hili zyýany ýok diýýär. Emma olar özüni dereksiz duýýar we erbet endigiň guly bolýar. Ahlaksyz şekiller olaryň aňynda gaýta-gaýta janlanýar we olary ýatdan çykarmak gaty kyn bolýar. Pornografiýa görýän adamlar ahlaksyz isleglerini öldürmän, gaýtam güýçlendirýär (Kol. 3:5; Ýak. 1:14, 15). Adatça, pornografiýa görýän adamlar ahlaksyzlyk hem edýär.
12. Elektron enjamyňa birdenkä ahlaksyz suratlar çyksa näme etmeli?
12 Elektron enjamyňa birdenkä ahlaksyz suratlar çyksa näme etmeli? Ondan derrew ýüzüňi sowmaly, sebäbi biz Ýehowa bilen dostlugymyzy bozýan hiç bir zat etmek islemeýäris. Käbir suratlar pornografiýa degişli bolmasa-da, ahlaksyz höwesleri oýarýar. Biz şeýle suratlara-da seretmeli däl, sebäbi ahlaksyzlyga ýüregimizde hiç hili orun bermek islemeýäris (Mat. 5:28, 29). Taýlandda ýaşaýan ýaşuly dogan Deýwid şeýle gürrüň berýär: «Käbir suratlar pornografiýa gönüden-göni degişli bolmaýar. Emma men: „Eger olara seretsem, Ýehowa gynanmazmy?“ diýip oýlanýaryn. Şeýdip, paýhasly karara gelip bilýärin».
13. Bize paýhasly bolmaga näme kömek eder?
13 Biz Ýehowany gynandyrmakdan gorksak hemişe paýhasly bolarys. Mukaddes Kitapda: «Ýehowadan gorky akyldarlygyň başydyr» diýilýär (Nak. 9:10). Nakyllar 9-njy bapda ýene bir aýal hakda gürrüň edilýär we oňa «akyldarlyk» diýilýär.
AKYLDAR AÝALYŇ ÇAKYLYGY
14. Nakyllar 9:1—6-njy aýatlarda näme barada aýdylýar?
14 Nakyllar 9:1—6-njy aýatlary okaň. Şu aýatlarda «akyldarlyk» öýüne myhmançylyga çagyrýar. Aslynda, myhmançylyga Ýehowa çagyrýar, sebäbi Ol akyldarlygyň Gözbaşy (Nak. 2:6; Rim. 16:27). Şeýle-de aýatlarda akyldarlygyň «ýedi sütünli» uly jaý salandygy aýdylýar. Şu sözler Ýehowanyň jomart Hudaýdygyny görkezýär. Ol özünden dileýän adamlaryň hemmesine akyldarlygy gysganman berýär.
15. Ýehowa biziň näme etmegimizi isleýär?
15 Ýehowa adamlara akyldarlygy jomartlyk bilen berýär. Munuň şeýledigini Nakyllar 9-njy bap subut edýär. Ol ýerde akyldarlyk «aýala» meňzedilýär. Nakyllar 9:2-niň asyl nusgasynda şeýle diýilýär: «Akyldar aýal mallaryny soýdy, güýçli şerap ýasady, saçagyny näz-nygmatdan doldurdy». Şeýle-de Nakyllar 9:4, 5-nji aýatlarda akyldar aýalyň tejribesizlere ýüzlenip: «Bärik geliň... saçak başyna geçiň» diýip, çagyrýandygy hakda ýazylan. Biz näme üçin akyldar aýalyň öýüne myhmançylyga barmaly? Sebäbi Ýehowa biziň maňlaýymyzyň daşa degip sapak edinmegimizi däl-de, howp-hatary öňünden görüp goranmagymyzy we paýhasly bolmagymyzy isleýär. Mukaddes Kitapda: «Alla akyldarlygy dogruçyllara berýär» diýilýär (Nak. 2:7). Eger biz Ýehowadan gorksak, Ony her gün razy edip ýaşarys we gökdäki Atamyzyň öwüt-ündewine gulak asyp bagtly bolarys (Ýak. 1:25).
16. Alan Hudaýdan gorkýandygy üçin näme etdi we netijesi nähili boldy?
16 Ýaşuly dogan Alan mekdepde mugallym bolup işleýär. Hak Hudaýdan gorkmak oňa paýhasly bolmaga kömek edýär. Alanyň işdeşleri ahlaksyz filmleri görýärdiler we «şeýle filmler jynsy gatnaşygy dogry etmegi öwredýär» diýýärdiler. Emma Alan Hudaýdan gorkýandygy üçin ahlaksyz filmleri görmejekdigini çürt-kesik aýdýar we sebäbini düşündirýär. Alan Mukaddes Kitabyň maslahatyna eýerip, «düşünje ýoluna gadam basýar» (Nak. 9:6). Alanyň sarsmaz imanyny görüp, işdeşleriniň käbiri Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlaýar we ýygnak duşuşyklaryna barýar.
17, 18. Akyldarlyga gulak asýan adamlar şu günler we gelejekde nähili bereket alar? (Surata serediň).
17 Ýehowa Nakyllar kitabyna akyldarlyk we akylsyzlyk hakda ýazdyrýar hem-de olary aýallara meňzedýär. Eziz Atamyz biziň akyldar bolmagymyzy we bagtly ýaşamagymyzy isleýär. Akylsyz aýalyň çakylygyny kabul edýän adamlar gizlinlikde ahlaksyzlyk edýär we keýp çekip ýaşaýar. Olar: «Bir günüm — hoş günüm» diýip, gelejegi hakda pikir hem etmeýär. Şeýdip, olar öz aýagy bilen «mazara inýär» (Nak. 9:13, 17, 18).
18 Akyldar aýalyň çakylygyny kabul edýän adamlar köp bereket alýar. Sebäbi olar akyldar aýalyň giňden ýazan saçagyndaky näz-nygmatlardan iýip hezil edýär (Işa. 65:13). Ýehowa Işaýa pygamber arkaly: «Meni ünsli diňläň, ýokumly zatlary iýiň, tagamly naharlary iýip, janyňyz lezzet alsyn» diýdi (Işa. 55:1, 2). Biz Ýehowanyň giňden ýazan toý saçagyndan naharlansak, gökdäki Atamyzyň söýýän zatlaryny söýeris we ýigrenýän zatlaryny ýigreneris (Zeb. 97:10). Şeýle-de biz akýürekli adamlara Ýehowanyň akyldarlygy hakda wagyz ederis. Biz göýä şäher diňlerine çykyp: «Eý tejribesizler, bärik geliň!» diýýän ýaly bolarys. Akyldarlyga gulak assak, biziň özümiz hem, hoş habara seslenýän adamlar hem köp bereket alar. Şeýle-de biz gelejekde ebedi ýaşarys we düşünje ýolundan müdimilik ýöräris (Nak. 9:3, 4, 6).
19. Nesihat 12:13, 14-nji aýatlara görä, biz näme etmegi ýüregimize düwmeli? (« Hudaýdan gorkmagyň peýdasy» diýen çarçuwa serediň).
19 Nesihat 12:13, 14-nji aýatlary okaň. Şeýtanyň zalym dünýäsi tizden ýok ediler. Şonuň üçin, geliň, ýüregimizi goralyň, ahlak taýdan arassa ýaşalyň we Ýehowa bilen dostlugymyzy hiç zada bozdurmalyň! Şeýle-de Hudaýyň akyldarlygy hakda akýürekli adamlara yhlasly wagyz edeliň. Şonda biz hak Hudaý Ýehowadan her gün gorkup ýaşarys.
127-NJI AÝDYM Men nähili adam bolmaly?
a Biz Ýehowany gynandyrmakdan gorkýarys. Şeýle gorky akyldar bolup ýüregimizi goramaga, ahlaksyzlygyň we pornografiýanyň duzagyna düşmezlige kömek edýär. Nakyllar 9-njy bapda akyldarlyk we akylsyzlyk hakda gürrüň edilýär hem-de olar aýallara meňzedilýär. Şu makalada şol iki häsiýetiň arasyndaky ýer bilen gök ýaly tapawuda serederis we akyldarlygyň ebedilik peýda berýändigi hakda gürrüň ederis.
b Käbir atlar üýtgedildi.