Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

27-NJI MAKALA

Hak Hudaýdan gorkalyň

Hak Hudaýdan gorkalyň

«Diňe Ýehowa Hudaýyňyzdan gorkup, gulluk ediň» (5 Mus. 10:20).

8-NJI AÝDYM Ýehowa penamyz

MAZMUNY a

1, 2. 5 Musa 10:20-ä görä, Ýehowa bilen dostlaşmak üçin näme etmeli?

 KIMLERE hakyky dost diýse bolar? Hakyky dostlar biri-birine sylag-hormat goýýar we kömek etmäge taýyn bolýar. Ýöne dostlar biri-birinden gorkmalymy? Belki-de, siz: «Ýok!» diýip jogap berersiňiz. Emma şu makalanyň baş aýadynda älem-jahany ýaradan hak Hudaý Ýehowa bilen dostlaşmak üçin ondan «gorkmalydygy» aýdylýar (5 Musa 10:20-ni okaň).

2 Biz Ýehowa näçe ýyldan bäri gulluk edýän hem bolsak, Ondan gorkmaly. Ýehowadan gorkmak nämäni aňladýar? Biz Hudaýdan gorkmagy nädip öwrenip bileris? Baş wezir Abdyýardan, baş ruhany Ýehoýadadan we Ýehoýaş patyşadan näme öwrenip bileris?

HUDAÝDAN GORKMAK NÄMÄNI AŇLADÝAR?

3. Gorkynyň nähili peýdasy bar?

3 Gorky peýdalymy? Elbetde, peýdaly! Gorky adamy howply ýagdaýlardan goraýar. Meselem, adam beýiklikden gorksa, kert gaýanyň golaýyna barmaýar. Ýa-da el-aýagyny döwdürmekden gorkýan adam seresap bolýar. Dost-ýarlarynyň göwnüne degmekden gorkýan adam gödek bolmaýar we olaryň ýüregine ýara saljak sözleri aýtmaýar.

4. Şeýtan bizi nähili duzaga düşürjek bolýar?

4 Şeýtan Iblis adamlaryň Ýehowadan sandyrap gorkmagyny isleýär. Ol: «Ýehowa ar alýan, zalym we hiç göwnünden turup bolmaýan Hudaý» diýip ynandyrjak bolýar (Eýp. 4:18, 19). Şeýtan bizi şu duzaga düşürse, Hudaýa söýgimiziň sowap, gulluk etmegimizi goýjakdygymyzy bilýär. Şol sebäpli biz Ýehowadan sandyrap däl-de, Ony gynandyrmakdan we göwnüne degmekden gorkmaly.

5. Ýehowadan gorkmak nämäni aňladýar?

5 Ýehowany gynandyrmakdan gorkýan adam Onuň bilen dostlugyny bozýan işleri etmeýär. Isa pygamber Ýehowadan sandyrap däl-de, Ony närazy etmekden gorkýardy (Ýew. 5:7; Işa. 11:2, 3). Ol gökdäki Atasyny söýýärdi we höwes bilen gulak asýardy (Ýah. 14:21, 31). Biz Isa pygamberiň göreldesine eýersek, Ýehowany gynandyrmakdan gorkarys. Sebäbi biz Onuň söýgüden doly, akyldar, adalatly we Gudratygüýçli Hudaýdygyny bilýäris. Ol biziň aladamyzy edýär we öwüt-ündew berýär. Eger biz gulak assak, Ýehowa begenýär, gulak asmasak bolsa gynanýar (Zeb. 78:41; Nak. 27:11).

HUDAÝDAN GORKMAGY ÖWRENIŇ

6. Ýehowadan gorkmagy öwrenmek üçin näme etmeli? (Zebur 34:11).

6 Ýehowadan gorky nesilden-nesle geçmeýär. Adamyň özi Ýehowadan gorkmagy öwrenmeli (Zebur 34:11-i okaň). Eger biz Ýehowanyň ýaradan zatlaryna syn etsek we oýlansak, Onuň söýgüden doly, akyldar we Gudratygüýçli Hudaýdygyna düşüneris. Şonda Oňa çuňňur hormat goýarys we ýürekden söýeris (Rim. 1:20). Adriana uýa şeýle gürrüň berýär: «Men Ýehowanyň ýaradan zatlary hakda oýlananymda, Onuň akyldarlygyna haýran galýaryn. Diňe Ýehowanyň maňa nämäniň peýdaly boljakdygyny bilýändigine düşünýärin. Maňa ýaşaýyş demini beren Ýehowanyň göwnüne degjek we aramyzda beýik böwet boljak erbet işleri asla etmerin». Dogan-uýalar, siz hem şu hepdäniň dowamynda ýaradylan zatlar hakda oýlanyň. Şonda Ýehowadan gorkup, çuňňur hormat goýarsyňyz we ýürekden söýersiňiz (Zeb. 111:2, 3).

7. Ýehowadan gorkmagy öwrenmek üçin ýene näme etmeli?

7 Ýehowadan gorkmagy öwrenmek üçin ýene näme etmeli? Biz Hudaýa hemişe doga-dileg etmeli. Biz näçe köp doga etsek, şonça-da Ýehowa bilen dostlaşarys, Onuň göwnüne degýän we dostlugymyzy bozýan işleri etmeris. Sebäbi Ýehowa söýgüden doly Hudaý, ol biziň üçin ýeke-täk Ogluny gurban etdi. Şeýle-de Ýehowa Gudratygüýçli Hudaý, ol bize synaglara döz gelmäge güýç berýär. Onsoňam, Ýehowa akyldarlygyň Gözbaşy, ol bize kyn ýagdaýlardan baş alyp çykmak üçin akyldarlyk berýär. Eger biz şu zatlar hakda oýlanyp, doga etsek, Ýehowa çuňňur hormat goýarys we Ony gynandyrmakdan gorkarys.

8. Ýehowadan hemişe gorkmak üçin näme etmeli?

8 Biz Hudaýyň Sözüni her gün okasak, Ýehowadan gorkmagy öwreneris. Sebäbi Mukaddes Kitapdaky ýagşy we ýaman adamlar baradaky wakalar Ýehowadan gorkmaga kömek eder. Geliň, häzir iki sany hudaýhon adam hakda gürrüň edeliň. Olaryň biri Ahap patyşanyň baş weziri Abdyýar, beýlekisi baş ruhany Ýehoýada. Şeýle-de biz Ýahudanyň patyşasy Ýehoýaş hakda hem gürrüň ederis. Ilki ol dogry ýoldan ýöredi, soňra ýüreginde tekepbirlik döredi.

ABDYDAÝAR ÝALY BATYRGAÝ BOLUŇ

9. Ýehowadan gorky Abdyýara nähili adam bolmaga kömek etdi? (1 Patyşalar 18:3, 12).

9 Mukaddes Kitapda Abdyýar b hakda ilkinji sapar 1 Patyşalar 18:3-de agzalýar. Aýatda: «Abdyýar Ýehowadan gorkýan adamdy» diýilýär (1 Patyşalar 18:3, 12-nji aýatlary okaň). Ol dogruçyl we ynamdar adamdy, sebäbi Ýehowadan gorkýardy. Şonuň üçin Ahap patyşa ony baş wezir edip belleýär (Nehemýa 7:2-ni deňeşdiriň). Şeýle-de Ýehowadan gorky Abdyýara batyrgaý bolmaga kömek etdi. Ol zalym patyşa Ahabyň köşgünde hyzmat edýärdi. «Ahap Ýehowanyň ýigrenýän işlerine baş goşup, ýamanlyk etmekde öňki patyşalardan-da geçiripdi» (1 Pat. 16:30). Üstesine-de, Ahabyň Bagala sežde edýän aýaly Izabel Ýehowany ýigrenýärdi. Ol Demirgazyk patyşalykdan arassa seždäni ýok etmek isleýärdi we hak Hudaýyň pygamberleriniň köpüsini öldürdi (1 Pat. 18:4). Hawa, Abdyýar kyn döwürde ýaşasa-da, Ýehowa ýürekden wepaly boldy.

10. Abdyýar batyrgaýlygyny nädip görkezdi?

10 Abdyýar batyrgaýlygyny nädip görkezdi? Izabel Ýehowanyň pygamberleriniň hemmesini öldürmegi ýüregine düwdi. Emma Abdyýar «Ýehowanyň 100 pygamberini elli-elliden gowakda gizläp, çöregini, suwuny ýetirip durdy» (1 Pat. 18:13, 14). Eger Abdyýaryň eden işiniň üsti açylan bolsa, başy ölümli, maly talaňly bolardy. Elbetde, Abdyýar ölümden gorkýardy, sebäbi jan bir süýji zat. Emma ol Ýehowany öz şirin janyndan hem eý görýärdi.

Dogan wagyz işi gadagan edilen ýurtda ýaşaýar. Ol imandaşlaryna edebiýatlary eltip berýär (11-nji abzasa serediň) d.

11. Şu günler Ýehowanyň Şaýatlary nädip batyrgaýlygyny görkezýär? (Surata serediň).

11 Ýehowanyň Şaýatlarynyň käbiri wagyz işi gadagan edilen ýurtda ýaşaýar. Olar döwlet işgärlerine hormat goýýar, emma ilki bilen Hudaýa tabyn bolýar (Mat. 22:21). Olar: «Biz adamlara däl-de, Hökümdar Hudaýymyza gulak asmaly» diýen I asyrda ýaşan resullaryň göreldesine eýerýär (Res. 5:29). Olar yhlasly wagyz edýär we gizlinlikde ýygnak duşuşyklaryny geçirýär (Mat. 10:16, 28). Şeýle-de dogan-uýalara Mukaddes Kitaba esaslanan edebiýatlary eltip berýär. Geliň, Afrikanyň bir ýurdunda ýaşaýan Genri dogan hakda gürrüň edeliň. Onuň ýaşaýan ýurdunda birnäçe wagtlyk wagyz işi gadagan edilýär. Şol döwür Genri imandaşlaryna wagtly-wagtynda edebiýatlary eltip berýärdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men aslynda çekinjeň adam, ýöne Ýehowadan gorky maňa batyrgaý bolmaga kömek etdi». Dogan-uýalar, siz hem Genriniň göreldesine eýerip batyrgaý bolup bilersiňizmi? Elbetde, eger Ýehowadan gorksaňyz batyrgaý bolup bilersiňiz.

BAŞ RUHANY ÝEHOÝADA ÝALY WEPALY BOLUŇ

12. Ýehoýada bilen aýaly Ýehowa wepalydygyny nädip görkezdi?

12 Baş ruhany Ýehoýada Ýehowadan gorkýandygy üçin, Oňa ýürekden wepaly boldy we arassa seždäni dikeltdi. Izabeliň gyzy Atalýa Ýahudada şa tagtyna geçýär. Adamlar ondan öler ýaly gorkýardy. Atalýa rehimsiz we şöhratparaz aýaldy. Ol şa tagtyny hiç kime bermejek bolup agtyklaryny, ýagny şazadalaryň hemmesini öldürmegi ýüregine düwýär (2 Tar. 22:10, 11). Emma Ýehoýadanyň aýaly Ýehoşabet Ýehoýaş şazadanyň janyny gutarýar. Ýehoýada bilen aýaly çagajygy gizleýär. Şeýdip, olar Dawudyň neslinden bolan mirasdüşeri gorap saklaýar. Baş ruhany Ýehoýada Ýehowa wepaly bolany üçin Atalýadan gorkmady (Nak. 29:25).

13. Ýehoýaşyň ýedi ýaşy dolanda Ýehoýada ruhany näme etdi?

13 Ýehoýaşyň ýedi ýaşy dolanda, Ýehoýada ýene-de Ýehowa wepalydygyny subut edýär. Ol baştutanlar we lewiler bilen maslahatlaşyp, uly işiň başyny tutýar. Eger işi ugruna bolsa, Dawudyň neslinden bolan Ýehoýaş patyşa bolmalydy. Eger işi başa barmasa, onda ruhana ölüm jezasy berilmelidi. Ýehowanyň goldawy bilen Ýehoýadanyň tutan işi ugruna boldy. Ýehoýaş patyşa tagta geçdi, Atalýa öldürildi (2 Tar. 23:1—5, 11, 12, 15; 24:1). «Ýehoýada halka-da, patyşa-da Ýehowa bilen äht baglaşdyrdy. Şol ähte görä, olar Ýehowanyň halky bolmalydy» (2 Pat. 11:17). Baş ruhany «özüni tämizlemedik adamy Ýehowanyň öýüne salmaz ýaly, derwezeleriň agzynda garawullary goýdy» (2 Tar. 23:19).

14. Ýehowa Ýehoýadany nädip sylaglady?

14 Ýehowa: «Meni sylany sylaryn» diýip wada beripdi. Ol beren wadasynda durup, Ýehoýada uly sylag berdi (1 Şam. 2:30). Ýehowa bize öwüt-ündew bermek üçin Ýehoýadanyň eden ýagşy işlerini Mukaddes Kitaba ýazdyrdy (Rim. 15:4). Ýehoýada aradan çykandan soňra Ýehowa oňa has-da uly sylag berdi. Ony «Dawudyň şäherinde, patyşalaryň ýanynda jaýladylar, sebäbi ol Ysraýylda hak Hudaý we ybadathana üçin köp ýagşy işleri edipdi» (2 Tar. 24:15, 16).

Baş ruhany Ýehoýadanyň göreldesine eýerip, hak Hudaýdan gorkalyň we dogan-uýalara kömek edeliň (15-nji abzasa serediň) e.

15. Ýehoýada bilen bolan wakadan näme öwrenýäris? (Surata serediň).

15 Biz Ýehoýada ruhanynyň göreldesine eýersek, Ýehowadan gorkmagy öwreneris. Ýehoýada Hudaýyň halkyny zalym patyşadan goramak we arassa seždäni dikeltmek üçin batyrgaý hereket etdi (Res. 20:28). Şu günler ýygnak ýaşululary hem Hudaýyň halkyny howp-hatardan goramak üçin pena bolýar. Garry dogan-uýalar Ýehoýadanyň göreldesine eýerip, Hudaýa wepaly bolmaly. Şonda Ýehowa olary dereksiz, iş başarmaýan adam hasaplamaz. Gaýtam olar arkaly öz niýetini amala aşyrar. Ýehowa Ýehoýada uly sylag berdi. Ýaşlar Ýehowanyň göreldesine eýerse, garry dogan-uýalara, esasanam, onlarça ýyl bäri Ýehowa wepaly gulluk edýänlere sylag-hormat goýarlar (Nak. 16:31). Şeýle-de biziň ählimiz ysraýyl halkynyň baştutanlaryndan we lewilerden görelde almaly, ýagny «ýolbaşçylyk edýän doganlary» ýürekden goldamaly (Ýew. 13:17).

ÝEHOÝAŞ PATYŞADAN SAPAK EDINIŇ

16. Ýehoýaş nädip namartlyk etdi?

16 Ýehoýaş patyşa Ýehoýada ruhanynyň öwüt-ündewine gulak asýan wagty gowy hökümdarlyk edýärdi (2 Pat. 12:2). Ýehowa hem ondan razydy. Emma Ýehoýada ruhany aradan çykansoň, Ýehoýaş Ýehowa biwepalyk eden han-beglere gulak asdy. Ýehoýaş we han-begler «keramatly pürslere we butlara sežde edip başladylar» (2 Tar. 24:4, 17, 18). Şonda Ýehowa gaty gynanýar. Ol «halkyň toba etmegi üçin, ençeme pygamberlerini iberýär», emma halk gulak asmaýar. Olar Ýehoýada ruhanynyň ogly, Ýehowanyň pygamberi, bellän ruhanysy we Ýehoýaş patyşanyň ýegeni Zekerýany c hem diňlemeýärler. Üstesine-de, namart Ýehoýaş özüne uly ýagşylyk eden maşgalanyň ogluny, ýagny Zekerýa pygamberi öldürdýär (2 Tar. 22:11; 24:19—22).

17. Ýehoýaşyň durmuşy nähili pajygaly wakalar bilen tamamlandy?

17 Ýehoýaş patyşa Ýehowadan gorkmaýardy, oňa çuňňur hormat goýmaýardy. Şeýlelikde, onuň durmuşy pajygaly wakalar bilen tamamlandy. Ýehowa: «Meni... äsgermezlik edýäni äsgermerin» diýipdi (1 Şam. 2:30). Siriýalylaryň az goşuny Ýahudanyň «ägirt uly goşunyny» derbi-dagyn edýär we Ýehoýaş agyr ýaralanýar. Siriýalylar gidensoň, Ýehoýaşyň hyzmatkärleri dil düwüşýär we Zekerýanyň aryny almak üçin patyşany öldürýär. Halk Ýehoýaşy «patyşalaryň mazarynda» jaýlamaýar, sebäbi ony şeýle sylag-hormata mynasyp görmeýär (2 Tar. 24:23—25).

18. Ýehoýaş patyşadan näme sapak edinýäris? (Ýermeýa 17:7, 8).

18 Ýehoýaş patyşadan näme sapak edinýäris? Ýehoýaşy köki berkemedik agaja meňzetse bolar. Köki berkemedik agaç şemala ýykylmaz ýaly, oňa direg goýýarlar. Edil şonuň ýaly, Ýehoýaşyň diregi hem daýanjy Ýehoýadady. Emma baş ruhany aradan çykandan soňra, imandan dänenleriň täsiri bilen Ýehoýaş patyşa ýykyldy. Şu wakadan görnüşi ýaly, biziň Ýehowadan gorkymyz imany berk dogan-uýalara ýa-da maşgala agzalarymyza bagly bolmaly däl. Biziň özümiz Ýehowadan gorkmaly we wepaly bolmaly. Munuň üçin her gün Mukaddes Kitaby okamaly, oýlanmaly we doga etmeli (Ýermeýa 17:7, 8-nji aýatlary okaň; Kol. 2:6, 7).

19. Ýehowa bizden näme talap edýär?

19 Ýehowa Hudaý bizden köp zady talap etmeýär. Onuň näme talap edýändigi barada Nesihat 12:13-de ýazylan: «Hak Hudaýdan gorkmak we tabşyryklaryny berjaý etmek ynsanyň esasy borjudyr». Geliň, biz hem Abdyýardan we Ýehoýadadan görelde alyp, Ýehowadan gorkalyň. Şonda agyr synaglarda-da Ýehowa wepaly bolarys we gökdäki Atamyz bilen dostlugymyzy hiç zat bozup bilmez.

3-NJI AÝDYM Umydym, güýjüm, daýanjym

a Mukaddes Kitapda «gorky» diýen sözüň köp manysy bar. «Gorky» sözi gürrüň edilýän waka görä, sandyrap gorkmagy ýa-da çuňňur hormat goýmagy aňladýar. Şu makalada biz Ýehowadan gorkmagyň wepaly we batyrgaý bolmaga kömek edýändigi hakda gürrüň ederis.

b Abdyýar wezir Abdyýar pygamber däl. Abdyýar pygamber ondan birnäçe asyr soň ýaşapdy we Abdyýar kitabyny ýazypdy.

c Matta 23:35-de Zekerýanyň Berekýanyň ogludygy hakda ýazylan. Berekýa Ýehoýada ruhanynyň ikinji ady bolmaly. Gadymy döwürde käbirleriniň iki ady bolýardy (Matta 9:9; Markus 2:14-i deňeşdiriň). Belki-de, Berekýa Zekerýanyň atasynyň ýa-da garry atalarynyň biriniň ady bolmaly.

d SURAT: wagyz işi gadagan edilen ýurtda ýaşaýan dogan imandaşlaryna edebiýat eltip berýär.

e SURAT: ýaş uýa garry uýadan telefon arkaly wagyz etmegi öwrenýär. Garry dogan köpçülik ýerlerinde batyrgaýlyk bilen wagyz edip, ýaş dogana görelde görkezýär. Ýygnak jaýynyň abatlaýyş işlerine jogapkär dogan ýaşlara tälim berýär.