Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Okyjylaryň sowallary

Okyjylaryň sowallary

Isa dünýä inenden soňra Ýusup bilen Merýem näme üçin Nazarete dolanman, Beýtullahamda galýar?

Mukaddes Kitapda munuň anyk jogaby aýdylmaýar. Ýöne käbir aýatlar olaryň näme üçin Beýtullahamda galandygyna düşünmäge kömek edýär.

Günlerde bir gün perişde Merýem atly hudaýhon gyzyň ýanyna gelip, göwreli bolup bir ogul dogurjagyny aýdýar. Şol wagtlar Merýem bilen Ýusup Nazaretde ýaşaýardy. Jeliläniň Nazaret şäheri Ýusubyň dogduk mekanydy (Luka 1:26—31; 2:4). Soňra Ýusup maşgalasy bilen Müsürde ýaşaýar we birnäçe wagtdan Nazarete dolanýar. Isa pygamber Nazaretde önüp-ösýär we «nazaretli» diýip tanalýar (Mat. 2:19—23). Nazaret diýlende, Isa pygamber, Ýusup we Merýem göz öňümize gelýär.

Merýem Ýahudada ýaşaýan garyndaşy Elizabetlere myhmançylyga barýar. Elizabet Zekerýa ruhanynyň aýalydy, suwa çümdüriji Ýahýanyň ejesidi (Luka 1:5, 9, 13, 36). Merýem Elizabetlerde üç aýlap myhmançylykda bolýar. Soňra Nazarete dolanýar (Luka 1:39, 40, 56). Şol sebäpli Merýem Ýahudanyň obadyr şäherlerine belet bolmaly.

Ýusup «ilat ýazuwyndan» geçmek üçin permana gulak asyp, Nazaretden Beýtullahama ýola düşýär. Beýtullaham «Dawudyň dogduk mekanydy». Pygamberlige görä, şol şäherde Mesih dünýä inmelidi (Luka 2:3, 4; 1 Şam. 17:15; 20:6; Mik. 5:2). Merýem Isany Beýtullahamda dünýä inderýär. Ýusup aýaly Merýemiň we bäbejik Isanyň uzak ýola ýaramajakdygyny bilip, Nazarete dolanman, Beýtullahamda galýar. Beýtullaham Iýerusalimden dokuz kilometr uzaklykda ýerleşýärdi. Şol sebäpli Ýusuba maşgalasyny ybadathana äkitmek we gurbanlyk bermek aňsat bolandyr (3 Mus. 12:2, 6—8; Luka 2:22—24).

Hudaýyň perişdesi Merýemiň ýanyna gelip, oglunyň «Dawudyň tagtynda» oturjagyny we «patyşa boljagyny» aýdypdy. Belki-de, Ýusup bilen Merýem Isa «Dawudyň şäherinde» dünýä inse, gowy bolar öýdendir (Luka 1:32, 33; 2:11, 17). Şeýle-de olar Allatagala görkezme berýänçä, Beýtullahamda galmagy makul bilendir.

Ýusup bilen Merýem Beýtullahamda näçe wagt ýaşadyka? Matta 2:11-de müneçjimleriň çagany görmek üçin olaryň öýüne gelendigi aýdylýar. Diýmek, olar Beýtullahamda ornaşan bolmaly. Aýatda Isa bäbejik däl-de, «çaga» diýilýär. Biz mundan nämäni bilýäris? Ýusup Nazarete dolanman, Beýtullahamda ep-esli wagt ýaşan bolmaly.

Hirodes Beýtullahamdaky «iki ýaşa çenli oglanlaryň ählisini öldürmegi» tabşyrýar (Mat. 2:16). Perişde Ýusup bilen Merýeme Isany alyp Müsüre gitmegi we Hirodes ölýänçä şol ýerde ýaşamalydygyny aýdýar. Hirodes ölenden soňra Ýusup Beýtullahama däl-de, Nazarete barýar. Näme üçin? Sebäbi Hirodesiň ýerine onuň zalym ogly Arhelas tagta geçipdi. Ýusup zalym patyşadan gorkýardy. Şeýle-de oňa Ýehowa Nazarete gitmegi tabşyrypdy. Şeýlelikde, Ýusup bilen Merýem Isany Ýehowanyň öwüt-ündewi bilen terbiýeleýär (Mat. 2:19—22; 13:55; Luka 2:39, 52).

Ýusup ir aradan çykan bolmaly. Ol Isanyň janyny töleg hökmünde berendigini we ölümden direlip göge galandygyny görmändi. Şol sebäpli Ýusup gelejekde ýer ýüzünde boljak Jennetde direler. Şonda köp adamlar Ýusupdan Merýem Isany dünýä inderende näme üçin Beýtullahamda galandygy barada sorap bilerler.