Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

TERJIMEHAL

Ýehowa doga-dileglerime jogap berdi

Ýehowa doga-dileglerime jogap berdi

MEN bir güni agşam asmana seredip, petreşip duran ýyldyzlary synladym. Soňra tolgunyp dyza çökdüm-de, Hudaýa ilkinji sapar dileg etdim. Men Ýehowa barada köp zatlary bilmeýärdim. Ýöne şol günden başlap «dogalary eşidýän Hudaýa» her gün dileg edýärin we onuň bilen dostlugym berkeýär (Zeb. 65:2). On ýaşly oglanjyk Hudaýa näme üçin doga edýär? Geliň, men size gürrüň bereýin.

GARAŞYLMADYK MYHMANLAR

Men 1929-njy ýylyň 22-nji dekabrynda Nowil obasynda dünýä indim. Biziň obamyz Belgiýanyň Arden welaýatynyň Baston şäheriniň golaýynda ýerleşýärdi. Obada dokuz hojalyk bardy. Meniň çagalygym gaty gyzykly geçdi: inim Reýmond ikimiz sygyr sagardyk, orak döwri arman-ýadaman zähmet çekerdik. Obamyz kiçidi, bir maşgala ýaly agzybir ýaşaýardyk, biri-birimize kömek ederdik.

Maşgalamyz bilen mellekde işleýäris

Kakamyň ady Emil, ejemiňki Elisdi. Olar katolik dinine uýýardy we her hepdäniň dynç güni buthana barardy. Emma 1939-njy ýylda Angliýadan gelen pionerler kakama «Teselli» žurnalyna (häzir oňa «Oýanyň!» diýilýär) ýazylmagy teklip etdiler. Kakam žurnaly okap, hakykaty tapandygyna göz ýetirdi we her gün Mukaddes Kitaby okap başlady. Ol buthana gatnamagyny bes etdi. Öň süýtdeş dogan ýaly bolup gatnaşýan goňşulary kakama azar berip başladylar. Olar kakam bilen köp jedelleşdiler, üstüne gygyryp, imanyndan dändirjek boldular.

Goňşy-golamlaryň kakama azar berýändigini görenimde ýüregim para-para bolýardy. Şonda men ýokarda gürrüň berişim ýaly Hudaýa ýalbaryp doga etdim. Birdenkä olar kakama azar bermegini bes etdi. Men guş bolup uçaýjak boldum. Ýehowanyň «dogalary eşidýän Hudaýdygyna» göz ýetirdim.

URUŞ DÖWRI

1940-njy ýylyň 10-njy maýynda Germaniýa Belgiýa hüjüm etdi. Belgiýanyň ilaty watanyny taşlap gitmeli boldy. Bizem günorta Fransiýa göçmeli bolduk. Ýolda barýarkak nemes we fransuz goşunlarynyň arasyndaky gan döküşikli uruşlary köp gördük.

Obamyza dolanyp gelenimizde gözümize ynanmadyk, bar goş-golamymyzy ogurlapdyrlar. Her näme-de bolsa itimiz Bobbi diri eken. Ol öňümizden ylgap çykdy. Men pajygaly wakalary görüp: «Uruşlar näme üçin bolýar? Adamlar näme üçin ejir çekýär?» diýip oýlanýardym.

Ýetginjek wagtym Ýehowa bilen dostlugym has-da berkedi

Şol döwür Emil Şrantz dogan bize myhmançylyga geldi. Ol Hudaýa berk iman edýärdi, ýygnak ýaşulusydy, pioner bolup gulluk edýärdi. Emil Mukaddes Kitap arkaly adamlaryň näme üçin ejir çekýändigini düşündirdi we meni biynjalyk edýän başga-da soraglaryma jogap berdi. Şonda meniň Ýehowa imanym berkedi we söýgä baý Hudaýdygyna göz ýetirdim.

Uruş döwri biz dogan-uýalar bilen ýygy-ýygydan görşerdik we gürrüňdeş bolardyk. 1943-nji ýylyň awgustynda Žoze-Nikolos Minet dogan obamyza gelip nutuk bilen çykyş etdi. Soňra ol: «Kimiň suwa çümdürilesi gelýär?» diýip sorady. Kakam we men elimi galdyrdym. Biz golaýdaky derýada suwa çümdürildik.

1944-nji ýylyň dekabrynda Germaniýanyň goşuny bar güýjüni jemläp Günbatar Ýewropa hüjüme geçdi. Oňa «Arden hüjümi» diýip at berdiler. Biziň obamyzyň golaýynda gan döküşikli uruş boldy. Biz bir aýlap ýerzeminde ýaşamaly bolduk. Bir gün men mallaryma iým bermek üçin daşaryk çykdym. Şonda malýatagymyzyň üstüne bomba düşüp, üçegini çym-pytrak etdi. Bir amerikan esgeri maňa: «Ýere ýüzin ýat!» diýip gygyrdy. Menem onuň ýanyna ylgap bardym-da ýere ýüzin ýatdym. Ol meni goramak üçin baş gabyny geýdirdi.

HUDAÝA IMANYM HAS BERKEÝÄR

Toý tutan günümiz

Biz uruş gutaransoň 90 kilometr uzakda ýerleşýän Lýež şäherindäki ýygnaga yzygiderli gatnap başladyk. Wagtyň geçmegi bilen, Baston şäherinde kiçiräk topar döredildi. Men döwlet salgyt gullugynda işläp başladym we kanuny öwrenmäge mümkinçiligim boldy. Soňra men döwlet kepillendiriş edarasynda kätip bolup işledim. 1951-nji ýylda Baston şäherinde kiçiräk etrap kongresini gurnadyk. Kongrese 100-e golaý adam gatnaşdy. Kongrese Elli Rýuter atly yhlasly pioner uýa-da gatnaşdy. Ol kongrese gelmek üçin 50 kilometr ýoly tigirli geçäýipdir. Men gaýratly uýany sypdyrmaýyn diýdim. Biz biri-birimizi haladyk we duşuşyp başladyk. Şol wagtlar Elli Gilead mekdebinde okamaga çagyryldy. Elli duşuşyp başlandygymyz üçin mekdepde okap bilmejekdigi hakda Baş edara hat ýazdy. Şonda Norr dogan: «Belki, bir gün Gilead mekdebinde ýoldaşyň bilen okarsyň» diýip jogap ýazdy. Biz 1953-nji ýylyň fewral aýynda toý tutduk.

Elli bilen oglumyz Serž

Birnäçe aýdan Elli ikimiz Nýu-Ýork şäheriniň Ýanki stadionynda geçirilen «Täze dünýä jemgyýeti» atly kongrese gatnaşdyk. Şonda men bir dogan bilen tanyşdym. Ol köp pul tölenýän işi teklip etdi we Amerika gelmegi haýyş etdi. Aýalym ikimiz Ýehowa doga etdik we doganyň teklibini kabul etmedik, sebäbi Belgiýa dolanyp, Baston şäherindäki kiçijik topary goldasymyz geldi. Toparda on wagyzçy bardy. Bir ýyldan oglumyz dünýä indi. Adyna Serž dakdyk. Emma ýedi aýdan oguljygymyz syrkawlap aradan çykdy. Biz Ýehowa aglap doga edýärdik, gaýgy-hasratmyzy gürrüň berýärdik, şonda ýüregimiz giňäp gidýärdi. Direlişe bolan umyt hem derdimize derman bolýardy.

UZAK WAGTLY GULLUK

1961-nji ýylyň oktýabrynda ýarym günlük iş tapdym. Indi men pioner bolup gulluk edip bilýärdim. Şol güni Belgiýanyň filialynyň gözegçisi maňa jaň edip, etrap gullukçysy (häzir etrap gözegçisi diýilýär) bolup gulluk etmegi teklip etdi. Şonda men: «Ilki pioner bolup gulluk etsek nähili görýärsiňiz?» diýdim. Dogan razylaşdy. Sekiz aý pioner bolup gulluk etdik. Soňra 1962-nji ýylyň sentýabrynda bizi etrap gözegçisi edip bellediler.

Biz iki ýyl etrap gözegçisi bolup gulluk edenimizden soňra, Brýusseliň Beýteline çagyrdylar. 1964-nji ýylyň oktýabrynda Beýtelde gulluk edip başladyk. Men Beýtel gullugyny gowy gördüm we köp bereketleri aldym. Biraz wagtdan soň, ýagny 1965-nji ýylda Norr dogan Beýtelimizi idemäge geldi. Ol meni Beýteliň gözegçisi edip bellände haýran galdym. Soňra aýalym ikimizi Gilead mekdebiniň 41-nji klasyny okamaga çagyrdylar. Norr doganyň aýdyşy ýaly, biz 13 ýyldan soň Gilead mekdebinde okadyk. Mekdebi tamamlanymyzdan soň Belgiýanyň Beýteline dolandyk.

HUDAÝYŇ HALKYNY GORAÝARYN

Meniň kanundan we hukukdan başym çykýardy. Şonuň üçin Ýewropada we başga-da birnäçe döwletde dogan-uýalaryň wagyz etmek hukugyny goramak üçin elimde baryny etdim (Flp. 1:7). Şeýlelikde, wagyz işi gadagan edilen ýa-da çäklendirilen 55 ýurduň döwlet işgärleri bilen görüşdim. Men döwlet işgärleri bilen tanyşanymda özümi ýurist diýip däl-de, Hudaýyň gullukçysy diýip tanadýardym. Men patyşanyň ýa-da kazynyň «ýüreginiň Ýehowanyň elinde akar suw ýalydygyny, ony islän ugruna akdyrýandygyny» bilýärin. Şonuň üçin diňe Ýehowadan görkezme soraýaryn (Nak. 21:1).

Bir waka hiç ýadymdan çykmaýar. Men Ýewropanyň Parlamentiniň agzasy bilen duşuşjak bolup ençeme sapar hat ýazdym. Ahyry men onuň bilen görüşdim. Şonda ol: «Seniň bäş minudyň bar» diýdi. Men başymy aşak egip, Hudaýa doga edip başladym. Ol gaharlanyp: «Edýäniň näme?!» diýdi. Şonda men oňa: «Men guluna duşurandygy üçin Hudaýa sag bolsun aýtdym» diýdim. Ol: «Näme diýjek bolýarsyň?» diýdi. Şonda men oňa Rimliler 13:4-i okap berdim. Ol protestant dinine uýýandygy üçin Mukaddes Kitaba hormat goýýardy. Soň näme bolandyr öýdýärsiňiz? Ol meniň bilen bäş minut däl-de, otuz minut gürrüňdeş boldy. Gürrüňdeşlik örän netijeli boldy. Ol bize edýän işimiz üçin sag bolsun aýtdy.

Ýyllaryň dowamynda Ýewropanyň Kazyýetinde Ýehowanyň Şaýatlarynyň bitaraplyk, çaga hossarlyk etmek, salgyt tölemek we başga-da köp meseleleri seredildi. Şeýle kazyýet işlerine gatnaşmak we Ýehowanyň ýeňişlerini görmek meniň üçin uly hormat. Şu güne çenli Ýehowanyň Şaýatlary adam hukuklary boýunça Ýewropa kazyýetinde 140-dan gowrak ýeňiş gazandy.

KUBADAKY DOGAN-UÝALARA KÖMEK

Kubada Ýehowanyň Şaýatlarynyň işi gadagan edilipdi. 1990-njy ýyllarda men Baş edarada gulluk edýän Filip Bramleý we Italiýadan Wolter Farneti bilen Kubadaky dogan-uýalara kömek etmek üçin işleşip başladym. Men Belgiýadaky Kubanyň ilçihanasyna hat ýazdym we ilçi bilen görüşdim. Biz Kubada wagyz işini resmileşdirmek hakda birnäçe sapar söhbetdeş bolduk, emma gowy netije bermedi. Biz Kubadaky dogan-uýalara Mukaddes Kitap geçirmek isleýärdik. Şu hakda Ýehowa doga edip görkezme soradyk.

1990-njy ýyllarda Filip Bramleý, Wolter Farneti bilen Kuba bardyk

Soňra döwlet işgärlerinden 5000 sany Mukaddes Kitaby geçirmek üçin rugsatnama soradyk. Olar razylyk berdi. Ýehowanyň goldawy bilen dogan-uýalar Mukaddes Kitaply boldular. Soňra biz Kubanyň döwlet işgärlerinden 27 500 sany Mukaddes Kitaby geçirmek üçin rugsat soradyk, olar hem rugsat berdiler. Kubadaky dogan-uýalaryň her biriniň Mukaddes Kitabynyň bardygyny görenimde ýüregim şatlykdan doldy.

Kubada wagyz işini resmileşdirmek üçin birnäçe sapar bardym we köp tagalla etdim. Men ençeme döwlet işgärleri bilen görüşdim. Indi olar Ýehowanyň Şaýatlaryna hormat goýýarlar.

RUANDADAKY DOGAN-UÝALARA KÖMEK

1994-nji ýylda Ruandada iki taýpanyň arasynda turan uruş sebäpli 1000 000-dan gowrak adam gyryldy. Gynansak-da, dogan-uýalaryň käbiri öldürildi. Ruandadaky dogan-uýalary gerek-ýarak zatlar bilen üpjün etmek üçin ýörite topar döredildi.

Biz ýurduň paýtagty Kigalide ýerleşýän terjimeçileriň işleýän öýüne bardyk. Öý we edebiýat saklanýan ammar oka tutulypdyr, eleme-deşik bolupdyr. Biz dogan-uýalaryň gylyçdan geçirilendigi barada elhenç wakalary eşitdik. Şeýle-de dogan-uýalaryň imandaşlaryny goramak üçin janyndan geçmäge taýyn bolandygy hakda-da eşitdik. Meselem, huti taýpasyndan dogan-uýalar tutsi taýpasyndan bir dogany 28 günläp çukurda gizläpdirler. Biz Kigali şäherinde 900-den gowrak dogan-uýany ruhlandyrdyk.

Çepde: Terjimeçiler öýünde ok geçen kitap

Sagda: Doganlar bilen bosgunlar üçin gelen zatlary paýlaýarys

Soňra biz serhetden geçdik we Zair döwletine (häzir oňa Kongo Demokratik döwleti diýilýär) bardyk. Goma şäheriniň golaýyndaky gaçgaklaryň lagerine baranymyzda, Ruandadan gaçyp gelen dogan-uýalary gözledik, emma tapyp bilmedik. Şonda Ýehowa doga edip görkezme soradyk. Başymyzy galdyrdygam welin, bir adamyň bize tarap ýöräp gelýändigini gördük. Biz ondan: «Ýehowanyň Şaýatlaryny gören-ä dälsiň?!» diýdik. Ol: «Men-dä şol. Ýörüň, sizi doganlaryň ýanyna äkideýin» diýdi. Biz Betbagtçylykda kömek edýän komitetde gulluk edýän doganlar bilen görşüp örän begendik. Soňra 1 600 sany gaçgak dogan-uýa bilen gürrüňdeş bolduk, olary ruhlandyrdyk. Şeýle-de Ýolbaşçylyk maslahatynyň hatyny okap berdik. Hatdaky sözler dogan-uýalary galkyndyrdy. Hatda şeýle diýilýär: «Biz siziň üçin Ýehowa hemişe doga edýäris. Biz Ýehowanyň sizi taşlamajakdygyna berk ynanýarys». Ýolbaşçylyk maslahatynyň aýdan sözleri hak eken. Şu günler Ruandada 30 000-den gowrak Ýehowanyň Şaýady agzybir gulluk edýär.

HUDAÝA WEPALY GALMAGY ÝÜREGIME DÜWDÜM

Men aýalym Elli bilen 58 ýyl agzybir we bagtly ýaşadym. 2011-nji ýylda söwer ýarym dünýäden ötdi. Men gaýgy-hasratymy Ýehowa gürrüň berýärdim, şonda ýüregim giňäp gidýärdi. Şeýle-de men Patyşalyk baradaky hoş habary goňşy-golamlaryma wagyz edip teselli tapýaryn.

Men 90 ýaşlarymda, emma her hepde yhlas bilen hoş habary wagyz edýärin. Şeýle-de Belgiýanyň filialynyň hukuk bölüminde kömek edýärin we dogan-uýalar bilen tejribämi paýlaşýaryn. Ýaş beýtelçilere çopançylyk idegini edip hem ruhlandyrýaryn, hem ruhlanýaryn.

Men 84 ýyl mundan öň Ýehowa ilkinji sapar doga etdim. Men şol günden Ýehowa bilen gyzykly syýahata başladym. Onuň bilen dostlugym günsaýyn berkedi. Ýehowa Hudaýa ähli doga-dileglerime jogap berendigine örän minnetdar (Zeb. 66:19) a.

a Marsel Jillet dogan terjimehaly çapa taýýarlanýan wagty, ýagny 2023-nji ýylyň 4-nji fewralynda aradan çykdy.