Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

23-NJI MAKALA

28-NJI AÝDYM Kim Ýehowa dost bolup biler?

Hak Alla myhmançylyga çagyrýar

Hak Alla myhmançylyga çagyrýar

«Çadyrymy olaryň ýurdunda dikerin... Men olaryň Hudaýy bolaryn» (Hyz. 37:27).

ESASY PIKIR

Ýehowa mukaddes çadyryna myhmançylyga çagyrýar. Ol her bir myhmanyna hezzet-hormat edýär. Onuň myhmany bolmak uly hormat.

1, 2. Zebur 15:1-e görä, Ýehowa näme edýär?

 SIZ Ýehowa doga edeniňizde dostum, Atam, Hudaýym diýip ýüzlenýänsiňiz. Hawa, siz Ýehowanyň ýaradan bendeleri, perzentleri, jana-jan dostusyňyz. Siz Onuň mukaddes çadyrynda myhman bolmak barada oýlanyp gördüňizmi?

2 Dawut patyşa Allatagalanyň adamlary myhmançylyga çagyrýandygyny aýtdy. Ol: «Eý Ýehowa, çadyryňa kimi myhman alarsyň? Mukaddes dagyňda kim ýaşar?» diýdi (Zeb. 15:1). Mähriban dogan-uýalar, Ýehowa siziň her biriňizi mukaddes çadyryna myhmançylyga çagyrýar. Ýehowanyň myhmany bolmak uly hormat dälmi näme?!

ÝEHOWA KIMLERI MYHMANÇYLYGA ÇAGYRDY?

3. Ýehowa ilki kimi çagyrdy we myhmançylyk nähili geçdi?

3 Älem-jahan ýaradylmazdan öň Ýehowadan başga hiç kim ýokdy. Soňra Ýehowa ilkinji Ogluny, ýagny Isa pygamberi ýaratdy we mukaddes çadyryna myhmançylyga çagyryp, törden orun berdi. Ýehowa myhmanyndan göwni hoş boldy, oňa guwandy. Isa hem Ýehowa bilen söhbet edip şatlanýardy (Nak. 8:30).

4. Ýehowa ýene kimleri myhmançylyga çagyrdy?

4 Ýehowa soňra perişdeleri ýaradyp, olary hem mukaddes çadyryna myhmançylyga çagyrdy. Mukaddes Kitapda perişdelere Hudaýyň ogullary diýilýär (Eýp. 38:7; Dan. 7:10). Soňra Ýehowa saçagyny has giňden ýazyp, ýer ýüzünde ýaşaýan wepaly bendelerini hem mukaddes çadyryna çagyryp başlady. Olaryň arasynda Idris, Nuh, Ybraýym we Eýýup pygamberler hem bardy. Mukaddes Kitapda olara hak Allanyň dostlary we «Hudaýyň ýolundan ýöreýänler» diýilýär (1 Mus. 5:24; 6:9; Eýp. 29:4; Işa. 41:8).

5. Hyzkyl 37:26, 27-nji aýatlardaky pygamberlik şu günler nädip ýerine ýetýär?

5 Ýehowa asyrlarboýy wepaly bendelerini myhmançylyga çagyrýar (Hyzkyl 37:26, 27-nji aýatlary okaň). Ol myhmanlaryny ýürekden söýýär we olary dosty hasaplaýar. Hyzkyl pygamber Hudaýyň «olar bilen parahatlyk ähtini baglaşjakdygyny» aýdýar. Hyzkylyň pygamberligi biziň günlerimizde hem ýerine ýetýär. Şu günler saýlanan mesihçiler we ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýän adamlar Ýehowanyň mukaddes çadyrynda myhmançylykda otyrlar (Ýah. 10:16). Olar Ýehowanyň bereketli saçagyndan lezzet alýarlar.

ÝEHOWANYŇ MUKADDES ÇADYRY NIREDE?

6. Ýehowanyň myhmany bolmak üçin näme etmeli we onuň çadyry belli bir ýerde ýerleşýärmi? Düşündiriň.

6 Gadymy döwürde adamlar çadyrda ýaşapdyrlar. Olar ötegçileri myhman alyp, törden orun beripdiler. Çadyr adamlary jokrama yssydan, aňzak sowukdan gorapdyr. Adamlar çadyrda hezil edip dynç alypdyrlar. Biz Ýehowa ömrümizi bagyş edip suwa çümdürilenden soňra mukaddes çadyrda myhman bolup bilýäris (Zeb. 61:4). Ýehowa saçagyny giňden ýazyp, gelen myhmanlara hezzet-hormat edýär. Ýehowanyň çadyry belli bir ýerde ýerleşmeýär. Ýehowa wepaly bendeleriniň üýşen ýerinde çadyryny dikýär. Siz dünýäniň dürli künjeginde geçirilýän kongrese barsaňyz, Ýehowanyň çadyryndaky myhmanlar bilen tanşyp bilersiňiz we söhbet edersiňiz (Ylh. 21:3).

7. Ölüm ukusyna giden adamlar Ýehowanyň çadyrynda myhman bolup bilermi? (Surata serediň).

7 Ölüm ukusynda ýatan hudaýhon adamlar hem Ýehowanyň mukaddes çadyrynda myhmançylykda bolup bilýärler. Sebäbi Ýehowa olary hiç haçan unutmaýar. Olar Ýehowanyň nazarynda diridir. Munuň şeýledigini Isa pygamber hem nygtap geçýär: «Ölüleriň direljekdigi hakda Musa pygamber hem aýdypdy. Ol ýanyp duran ýandak baradaky wakany gürrüň berende, Ýehowa „Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýy“ diýdi. Ol ölüleriň däl, dirileriň Hudaýy. Sebäbi olaryň ählisi Hudaý üçin diridir» (Luka 20:37, 38).

Ölüm ukusynda ýatan hudaýhon adamlar hem Ýehowanyň mukaddes çadyrynda myhmançylykda bolup bilýärler (7-nji abzasa serediň).


BEREKET WE TALAP

8. Ýehowanyň çadyryndaky myhmanlar nähili bereket alýar?

8 Çadyr adamy jokrama yssydan, şatlama sowukdan goraýar. Adam çadyrynda rahat dynç alýar. Edil şonuň ýaly, mukaddes çadyr hem biziň Ýehowa bilen dostlugymyzy bozup biljek zatlardan goraýar we şu garaňky dünýäde ýagty gelejege umyt berýär. Ýehowa dostlaryny öz penasynda aman saklar we Şeýtanyň ýetiren islendik zyýanynyň öwezini dolar (Zeb. 31:23; 1 Ýah. 3:8). Täze dünýäde biziň Ýehowa bilen dostlugymyzy hiç kim we hiç zat bozup bilmez, hatda ölüm hem aýra salyp bilmez (Ylh. 21:4).

9. Ýehowa myhmanlaryndan näme garaşýar?

9 Biz Ýehowanyň çadyrynda myhman bolmagy uly hormat hasaplaýarys. Ýehowanyň çadyrynda ebedilik bolmak üçin näme etmeli? Aýdaly, siz dostuňyzyň öýüne myhmançylyga barýarsyňyz. Şonda siz dostuňyzyň halamaýan zadyny etmersiňiz. Meselem, hapa köwşüňiz bilen hemme otaglara aýlanyp çykmarsyňyz, gaýtam köwşüňizi gapynyň agzynda çykaryp, öý eýesine hormat goýarsyňyz. Edil şonuň ýaly, biz Ýehowanyň çadyrynda myhmançylykda bolanymyzda, Onuň halamaýan zatlaryny etmeris, gaýtam Onuň göwnüne ýaraýan zatlary etmek üçin jan ederis (Kol. 1:10). Ýehowa biziň diňe bir dostumyz däl-de, ol Ýaradan we ýaşaýyş demini beren hak Hudaýdyr (Zeb. 25:14). Şol sebäpli biz Oňa çuňňur hormat goýmaly. Biz älem-jahanyň eýesi Gudratygüýçliniň çadyrynda myhmançylykdadygymyzy unutmasak, haram işleri etmeris we «Hudaýyň öňünde pälimizi pes tutarys» (Mik. 6:8).

GADYMY DÖWÜR

10, 11. Ýehowanyň ala tutmaýan Hudaýdygyny haýsy waka görkezýär?

10 Ýehowa myhmanlarynyň hiç birini ala tutmaýar (Rim. 2:11). Geliň, muňa göz ýetirmek üçin Sinaý çölünde düşlän ysraýyl halky hakda gürrüň edeliň.

11 Ýehowa halkyny Müsür gulçulygyndan azat etdi. Soňra olar ençeme sapar ymgyr çölde düşlediler. Düşelgäniň ortarasynda Ýehowanyň mukaddes çadyry ýerleşýärdi. Ýehowa çadyrda gulluk etmäge Harunyň neslinden ruhanylary we lewileri belledi. Käbir maşgalalar mukaddes çadyryň golaýjygynda ýaşaýardy, käbirleri bolsa uzakda ýaşaýardy. Ýehowa çadyryň golaýynda ýaşaýanlara has köp bereket berýärdimi? Elbetde, ýok! Ýehowa halkyň aladasyny deň derejede edýärdi.

12. Ýehowa çölde ysraýyl halkyny ala tutmaýandygyny nädip görkezdi? (2 Musa 40:38; surata serediň).

12 Ysraýyllaryň käbiri çadyrda gulluk etmese-de, çadyrdan uzakda ýaşasa-da, Ýehowa bilen ýakyndan dostlaşyp bilýärdi. Bütin halk çadyryň depesinde peýda bolan bulut ýa-da ot sütünini görýärdi (2 Musa 40:38-i okaň). Bulut sütüni hereket edip başlanda, çadyrdan uzakda ýaşaýan maşgalalar hem ony görüp, goş-golamyny ýygnap ýola düşýärdiler (4 Mus. 9:15—23). Şeýle-de halka ýola düşmelidigini duýdurmak üçin iki sany kümüşden ýasalan surnaý çalynýardy. Surnaýyň sesini düşelgedäki bütin halk eşidýärdi (4 Mus. 10:2). Diýmek, çadyryň golaýynda ýaşasyn ýa-da uzakda ýaşasyn, ähli halk Ýehowa bilen ýakyndan dostlaşyp bilýärdi. Şeýle-de Ýehowa tutuş halkynyň aladasyny edipdir, gorapdyr we gerekli görkezmäni beripdir. Şu günler Ýehowa dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan halkyny ýürekden söýýär, aladasyny edýär we goraýar.

Ysraýyllaryň käbiri çadyrda gulluk etmese-de, çadyrdan uzakda ýaşasa-da, Ýehowa bilen ýakyndan dostlaşyp bilýärdi (12-nji abzasa serediň).


ŞU GÜNLER

13. Ýehowa uzak wagtly gulluk edýänlere has köp ak pata berýärmi? Düşündiriň.

13 Şu günler käbir mesihçiler Ýehowanyň Şaýatlarynyň baş edarasynda ýa-da filialda gulluk edýär, ýa-da şol ýerleriň golaýynda ýaşaýar. Olar her gün köp ruhy çärelere gatnaşýar, ýolbaşçylyk edýän doganlar bilen eginme-egin işleşýär. Käbirleri etrap gözegçisi bolup gulluk edýär, käbirleri bolsa uzak wagtly gullugyň dürli görnüşine gatnaşýar. Şeýle mümkinçiligi bolmadyk mesihçiler ruhdan düşmelimi? Elbetde, ýok! Sebäbi Ýehowa mukaddes çadyryna gelen ähli myhmanlary söýýär (1 Pet. 5:7). Ýehowa tutuş halkyny ruhlandyrýar, aladasyny edýär, görkezme berýär we goraýar.

14. Mukaddes Kitaby her bir adamyň ene dilinde okap bilmegi nämäni subut edýär?

14 Ýehowa mukaddes çadyryna gelen myhmanlaryň ählisine deň derejede hezzet-hormat edýändigini ýene bir zat subut edýär. Ýehowa dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan adamlaryň Mukaddes Kitaby ene dilinde okap bilmeginiň aladasyny etdi. Mukaddes Kitabyň asyl nusgasy ýewreý, arameý we grek dilinde ýazylan. Hudaýyň Sözüni şu dillerde okap bilýän adamlar Ýehowa bilen ýakyndan dostlaşýarmy? Elbetde, ýok (Mat. 11:25).

15. Ýehowa bilen dostlaşmak üçin hökman ýokary bilimli bolmalymy? (Surata serediň).

15 Ýehowanyň dosty bolmak üçin ýokary bilimli bolmak ýa-da Mukaddes Kitabyň asyl nusgasyny okap bilmek hökman däl. Ýehowa diňe bilimli adamlaryň däl-de, sada adamlaryň hem Mukaddes Kitaby okap bilmeginiň aladasyny etdi. Şu günler Mukaddes Kitap müňlerçe dile terjime edildi. Her bir adam ony okap, maslahatlaryna eýerip, Ýehowa bilen dostlaşyp bilýär we köp peýda alýar (2 Tim. 3:16, 17).

Ýehowa sada adamlaryň hem Mukaddes Kitaby okap bilmeginiň aladasyny etdi (15-nji abzasa serediň).


BEÝIK HOJAÝYNY RAZY EDIŇ

16. Resullar 10:34, 35-nji aýatlara görä, mukaddes çadyrda ebedi myhman bolmak üçin näme etmeli?

16 Ýehowanyň mukaddes çadyrynda myhman bolmak uly hormat. Olaryň arasynda dürli milletden, medeniýetden we dürli ýaşly erkekdir aýallar bar. Ýehowa myhmanlaryny ala tutmaýar, olaryň ählisini gujak açyp garşy alýar, olary ýürekden söýýär we hezzet-hormat edýär. Emma diňe Ýehowanyň kada-kanunlaryny ýerine ýetirýän adamlar mukaddes çadyrda ebedi myhman bolup biler (Resullar 10:34, 35-nji aýatlary okaň).

17. Indiki makalada näme hakda gürrüň ederis?

17 Zebur 15:1-de Dawut pygamber şeýle diýýär: «Eý Ýehowa, çadyryňa kimi myhman alarsyň? Mukaddes dagyňda kim ýaşar?» Ol Hudaýyň ylhamy bilen şu soraglara jogap hem berýär. Indiki makalada Ýehowanyň mukaddes çadyrynda ebedi galmak üçin näme etmelidigi hakda jikme-jik gürrüň ederis.

32-NJI AÝDYM Ýehowanyň tarapyna geçiň