Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Okyjylaryň sowallary

Okyjylaryň sowallary

«Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesinde» Zebur 12:7-nji aýatda: «Sen ejizleri aman saklarsyň» diýilýär. Aýat dogry terjime edilenmi?

Muňa düşünmek üçin Zebur 12-nji baby doly okamaly.

Dawut Zebur 12:1—4-nji aýatlarda: «Adamlaryň arasynda ynamdar galmady» diýýär. 5—7-nji aýatlarda bolsa şeýle diýýär:

«Ýehowa diýýär: „Ejizler ezilýär,

Garyplar ahy-nala edýär.

Men aýaga galaryn!

Olary kemsidýänleriň elinden halas ederin“.

Ýehowanyň sözi arassadyr.

Ol ojakda ýedi sapar arassalanan kümüş ýalydyr.

Eý Ýehowa, sen ejizleri aman saklarsyň,

Her birini şu nesilden ebedilik gorarsyň».

Görşümiz ýaly, Zebur 12:5-de Ýehowa ejizleri halas etjekdigini aýdýar.

6-njy aýatda Ýehowanyň sözüniň «ýedi sapar arassalanan kümüş ýalydygy» aýdylýar. Wepaly mesihçiler Hudaýyň sözüniň päkdigine doly ynanýar (Zeb. 18:30; 119:140).

Mukaddes Kitabyň käbir terjimesinde Zebur 12:7: «Sen olary gorarsyň» diýip terjime edilýär.

Käbir adamlar «olar» diýen söz Ýehowanyň sözüni aňladýar diýip pikir edýärler, sebäbi 6-njy aýatda Ýehowanyň sözi hakda gürrüň edilýär. Elbetde, asyrlarboýy köp adamlar Mukaddes Kitaby ýok etmek üçin elinde baryny etdiler. Emma Allatagala öz Sözüni, ýagny Mukaddes Kitaby gorap saklady (Işa. 40:8; 1 Pet. 1:25).

5-nji aýatda hak Hudaýyň ejizleri gorajakdygy hakda aýdylýar. Ýehowa gadymy döwürde ejiz adamlary gorady, diýmek, şu günlerem, gelejekde-de gorar (Eýp. 36:15; Zeb. 6:4; 31:1, 2; 54:7; 145:20).

Onda 7-nji aýatdaky «olar» diýen söz Ýehowanyň öz Sözüni gorajakdygyny aňladýarmy ýa-da ejiz adamlary?

Zebur 12-nji baby ünsli okasaňyz, 7-nji aýatdaky «olar» diýen sözüň ejizlere degişlidigine göz ýetirersiňiz.

Zebur 12:1, 2-nji aýatlarda hilegärleriň hudaýhon adamlary aldaýandygy aýdylýar. 3-nji aýatda Ýehowanyň hilegärleri ýok etjekdigi nygtalýar. Biz Ýehowanyň sözünde durjakdygyna doly ynanyp bileris, sebäbi mezmurçy «Ýehowanyň sözi arassadyr» diýýär.

Käbir adamlar näme üçin 7-nji aýatda ejiz adamlar hakda däl-de, Hudaýyň Sözi hakda aýdylýar diýýär?

Mukaddes Kitabyň asyl nusgasynda Zebur 12:7-däki «olar» diýen söz hem ejiz adamlary, hem Hudaýyň Sözüni aňladyp bilýär. Emma grek diline terjime edilen Töwratda («Grek Septuagintasynda») 7-nji aýat «ol bizi gorar» diýilýär, ýagny Hudaý hilegärler tarapyndan ezilýän hudaýhon adamlary halas etjekdigi göz öňünde tutulýar (Zeb. 12:7, 8). Zebur 12:7 arameý dilinde şeýle terjime edilen: «Sen, ýa Reb, hudaýhon adamlary aman saklarsyň. Olary bu nesilden ebedilik gorarsyň». Diýmek, şu aýatda Hudaýyň Sözi hakda däl-de, ejiz adamlar hakda gürrüň edilýär.

Hawa, Zebur 12:7 «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesinde» dogry terjime edilipdir.