Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

22-NJI MAKALA

Ýehowanyň akyldarlygyna eýeriň

Ýehowanyň akyldarlygyna eýeriň

«Ýehowa akyldarlyk berýär» (Nak. 2:6).

89-NJY AÝDYM Diňle, gulak as, bereket al

MAZMUNY *

1. Bize näme üçin akyldarlyk gerek? (Nakyllar 4:7).

 SIZ karara gelmezden öň, Ýehowa doga edip akyldarlyk soraýansyňyz (Ýak. 1:5). Süleýman pygamber: «Iň wajyp zat — akyldarlyk» diýdi (Nakyllar 4:7-ni okaň). Süleýman ynsan akyldarlygyny däl-de, Ýehowanyň berýän akyldarlygyny göz öňünde tutdy (Nak. 2:6). Hudaýyň akyldarlygy kynçylyklara döz gelmäge kömek edýärmi? Elbetde! Makalada şu barada gürrüň ederis.

2. Akyldar bolmak üçin näme etmeli?

2 Akyldarlykda deňi-taýy bolmadyk iki pygamberiň öwüt-ündewine gulak assak, bizem akyldar bolup bileris. Olaryň biri Süleýman pygamber. Mukaddes Kitapda: «Hudaý Süleýmana çäksiz akyldarlyk, pähim-parasat... berdi» diýilýär (1 Pat. 4:29). Ikinjisi bolsa Isa pygamber (Mat. 12:42). Mukaddes Kitapda ol hakda: «Ýehowanyň ruhy üstüne iner, ol akyl-paýhasly, düşünjeli bolar» diýilýär (Işa. 11:2).

3. Makalada näme hakda gürrüň ederis?

3 Hudaýyň beren akyldarlygy arkaly Süleýman we Isa pygamber peýdaly maslahatlary berdiler. Şu makalada olaryň pula, işe we özüňe dogry garaýyşda bolmak barada beren öwüt-nesihaty hakda gürrüň ederis.

PULA DOGRY GARAÝYŞDA BOLUŇ

4. Süleýman we Isa nähili durmuşda ýaşaýardy?

4 Süleýman patyşanyň mal-mülki dünýä sygmaýardy, eli uzadan ýerine ýetýärdi (1 Pat. 10:7, 14, 15). Isa pygamber bolsa baý däldi, onuň öýi hem ýokdy (Mat. 8:20). Emma olaryň ikisi hem baýlyga dogry garaýyşda boldular. Mal-mülki Süleýmanyň gözüni gapmady; Isa pygamber baýlygyň ugrunda hars urmady, sebäbi olaryň ikisine-de Ýehowa akyldarlyk beripdi.

5. Süleýman pygamber pul we baýlyk hakda näme diýdi?

5 Süleýman pygamber «puluň... gorag bolýandygyny» aýtdy (Nes. 7:12). Puluň bolsa gerek-ýarak zatlaryňy satyn alyp bolýar. Käte arzuw edýän zadyňa-da ýetip bolýar. Süleýman tüçjar baý bolsa-da, altyn-kümüşden hem wajyp zadyň bardygyna düşündi. Ol: «At-abraý köp baýlykdan gowudyr» diýdi (Nak. 22:1). Süleýman puluň yşkyna düşýän adamyň bagtsyz bolýandygyny bilýärdi (Nes. 5:10, 12). Şeýle-de ol baýajak bolýan adamyň lapykeç bolýandygyny düşündirip: «Gözüňi baýlyga dikersiň welin, ol gaýyp bolar» diýdi (Nak. 23:4, 5).

Pula dogry garaýyşda bolmasak, Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýup bilmeris (6, 7-nji abzaslara serediň) *.

6. Isa pygamber nähili ýaşaýardy? (Matta 6:31—33).

6 Isa baý bolmasa-da, gowy iýip içýärdi (Luka 19:2, 6, 7). Bir gün ol toýa baranda, suwy gowy şeraba öwrüp, ilkinji gudratyny görkezdi (Ýah. 2:10, 11). Isa gowy eşik geýýärdi, hatda ol ölende esgerler eşigini almak üçin bije atdylar (Ýah. 19:23, 24). Ýöne Isa köp baýlyk toplajak bolup hars urmaýardy. Ol şägirtlerine: «Hiç kim iki hojaýynyň hyzmatkäri bolup bilmez... Siz hem Hudaýyň, hem baýlygyň guly bolup bilmersiňiz» diýdi (Mat. 6:24). Şeýle-de ol Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýsak, gerekli zatlary Ýehowanyň ýetirjekdigini aýtdy (Matta 6:31—33-nji aýatlary okaň).

7. Danyýel dogry karara gelip nähili bereketleri aldy?

7 Dogan-uýalaryň köpüsi Ýehowanyň pul babatda beren maslahatlaryna eýerip, dogry karara geldiler. Sallah dogan Danyýel şeýle gürrüň berýär: «Men ýetginjek wagtym Ýehowa köpräk gulluk etmegi maksat goýdum». Ol baýlyga kowalaşmady, güýjüni, wagtyny we ukyp-başarnygyny Ýehowa gulluk etmek üçin ulandy. Danyýel şeýle diýýär: «Men gelen kararyma hiç haçan ökünmeýärin. Elbetde, men köp işläp, köp gazanç edip bilerdim. Emma men wepaly dostlary pula satyn alyp bilerdimmi? Men Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýup, köp şatlyk tapdym. Pul maňa şeýle şatlygy bererdimi? Ýehowanyň beren bereketlerini, şu dünýäniň hiç bir baýlygyna çalyşmaryn». Eger bizem baýlygyň yzynda hars urman, Ýehowa köpräk gulluk etsek özümizi bagtly duýarys.

IŞE DOGRY GARAÝYŞDA BOLUŇ

8. Süleýman patyşanyň işe dogry garaýyşda bolandygyny nireden bilýäris? (Nesihat 5:18, 19).

8 Süleýman pygamber: «Çeken zähmetiň hözirini görmek Hudaýyň sowgadydyr» diýdi (Nesihat 5:18, 19-njy aýatlary okaň). Şeýle-de ol: «Agyr zähmetiň peýdasy köpdür» diýdi (Nak. 14:23). Süleýman ýalta däl-de, zähmetsöýerdi. Ol şäherleri gurýar, jaýlary salýar, üzüm agaçlaryny ekýär, seýilgähleri gurýar we howdanlary gazýar (1 Pat. 9:19; Nes. 2:4—6). Ol şu zatlary etmek üçin der döküp zähmet çekdi we zähmetiniň hözirini görüp begendi. Süleýman bagtly bolmak üçin diňe bir agyr zähmet çekmän, Ýehowanyň islegini hem ýerine ýetirmelidigine düşünýärdi. Meselem, Süleýman Ýehowa sežde ediljek şan-şöhratly ybadathanany gurdy. Gurluşyk ýedi ýyl dowam etdi (1 Pat. 6:38; 9:1). Süleýman köp işleri etdi, ýöne Ýehowanyň islegini ýerine ýetirmegiň adamy bagtly edýändigine göz ýetirdi. Ol şeýle diýdi: «Ähli zady jemläp aýtsam: hak Hudaýdan gorkmak we tabşyryklaryny berjaý etmek ynsanyň esasy borjudyr» (Nes. 12:13).

9. Isa pygamber nämäni wajyp hasaplaýardy?

9 Isa pygamber zähmet çekmegi gowy görýärdi. Ol ýaş wagty agaç ussasydy (Mar. 6:3). Ol arman-ýadaman zähmet çekip, ene-atasyna maşgalasyny eklemäge kömek edýärdi. Isa kämil bolansoň işini ussatlyk bilen ederdi. Köp adamlar oňa hojalyk üçin gerek zatlary ýasatmak isländir. Isa işini gowy görýärdi, ýöne ol Ýehowa sežde etmegi hemme zatdan wajyp hasaplaýardy (Ýah. 7:15). Soňra ol ussaçylygyny goýup, Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz edip başlady. Ol adamlara: «Zaýalanýan çöregi däl, zaýalanmaýan, ýagny ebedi ýaşaýyş berýän çöregi almaga jan ediň» diýip maslahat berdi (Ýah. 6:27). Şeýle-de ol Dagdaky wagzynda: «Gökde baýlyk ýygnaň» diýdi (Mat. 6:20).

Işe dogry garaýyşda bolmasak, Ýehowa sežde etmäge wagtymyz bolmaz (10, 11-nji abzaslara serediň) *.

10. Näme üçin işe dogry garaýyşda bolmaly?

10 Ýehowanyň berýän akyldarlygy işe dogry garaýyşda bolmaga kömek edýär. Mukaddes Kitapda: «Öz elleriňiz bilen zähmet çekiň» diýilýär (Efes. 4:28). Başlyklar biziň dogruçyldygymyz we zähmetsöýerdigimiz üçin sag bolsun aýdýarlar. Biz başlygymyzyň Ýehowanyň Şaýatlary barada gowy pikirde bolmagy üçin has köp işläp başlamagymyz mümkin. Şeýlelikde, biziň maşgalamyz üçin wagtymyz bolmaz we Ýehowa edýän seždämiz ikinji orna geçer. Işe dogry garaýyşda bolmaga näme kömek eder?

11. Wilýam dogan ýaşuludan näme öwrendi?

11 Geliň, Wilýam dogan hakda gürrüň edeliň. Ol ýaşuly dogan bilen işleşipdi we her zadyň öz ýeriniň bardygyna göz ýetiripdi. Wilýam şeýle gürrüň berýär: «Men doganyň işleýşine haýran galýardym. Ol ýadamany-ýaltanmany bilmeýärdi, eden işiniň kemini goýmaýardy. Müşderiler hem ondan razydy. Ýöne ol bar wagtyny işe bermezdi. Iş gutaran badyna öýüne gaýdardy. Maşgalasynyň aladasyny ederdi we ruhy işler bilen meşgullanardy. Men ömrümde onuň ýaly bagtly adamy görmändim» *.

ÖZÜŇIZE DOGRY GARAÝYŞDA BOLUŇ

12. Süleýman patyşa näme üçin Ýehowanyň kada-kanunlaryny bozdy?

12 Süleýman patyşa Ýehowa wepaly gulluk edýän wagty özüni öwüp arşa çykarmaýardy ýa-da kembaha garamaýardy. Ol mümkinçiliginiň çäklidigine düşünip, Ýehowadan görkezme soraýardy (1 Pat. 3:7—9). Ol patyşa bolan wagty tekepbirligiň howpludygy barada şeýle ýazdy: «Heläkçilikden öň tekepbirlik, ýykylmakdan öň ulumsylyk gelýär» (Nak. 16:18). Gynansak-da, ol öz beren maslahatyna özi eýermedi. Birnäçe wagtdan ol tekepbirlik edip, Ýehowanyň kada-kanunlaryna eýermeýär. Kanunda: «Patyşanyň ýüregi Hudaýdan daşlaşmaz ýaly, ol özüne köp aýal almasyn» diýilýär (5 Mus. 17:17). Süleýman patyşa kanuny bozup, 700 aýal we 300 gyrnak alýar. Olaryň köpüsi ýalan taňrylara sežde edýärdi (1 Pat. 11:1—3). Belki-de, Süleýman özüne göwni ýetip: «Hiç zat bolasy ýok-la» diýip pikir edendir. Şeýlelikde, Süleýman Hudaýa gulak asmady we eli bilen edenini egni bilen çekdi (1 Pat. 11:9—13).

13. Isa bize nähili görelde galdyrdy?

13 Isa pygamber pesgöwünlidi. Ol ýer ýüzüne gelmänkä ençeme ýyl Ýehowa bilen eginme-egin işleşipdi. «Gökdäki we ýerdäki ähli zatlar» Isa arkaly ýaradyldy (Kol. 1:16). Isa suwa çümdürilip çykan badyna Atasy bilen gökde eden işler ýadyna düşendir (Mat. 3:16; Ýah. 17:5). Emma Isa hiç haçan tekepbirlik etmeýärdi, özüni öwüp arşa çykarmaýardy. Ol şägirtlerine: «Ynsan ogly-da özüne hyzmat etdirmek üçin däl, hyzmat etmek we köpleriň ugrunda janyny töleg hökmünde bermek üçin geldi» diýdi (Mat. 20:28). Şeýle-de ol hiç bir zady öz güýji bilen etmeýändigini boýun alýardy (Ýah. 5:19). Gör, nähili pesgöwünli pygamber! Biz onuň göreldesine eýerip bileris.

14. Isanyň sözleri özüne kembaha garaýan adamlara nädip göwünlik berýär?

14 Isa pygamber özüne kembaha garaýan adamlara göwünlik berip: «Siziň bolsa saçyňyz hem sanalgy» diýdi (Mat. 10:30). Şu sözler ruhdan düşen adamyň göwnüni galkyndyrýar. Gökdäki Atamyz bizi söýýär we ýürekden aladamyzy edýär. Şonuň üçin «men Ýehowanyň söýgüsine we ebedi ýaşaýşa mynasyp däl» diýip, Hudaýa derek höküm çykarmalyň.

Özümize dogry garaýyşda bolmasak, Ýehowanyň bereketlerinden mahrum bolarys (15-nji abzasa serediň) *.

15. a) Özüňe dogry garaýyşda bolmak barada «Garawul diňi» žurnalynda näme diýilýär? b) Özümize dogry garaýyşda bolmasak nähili bereketlerden mahrum bolarys? (24-nji sahypadaky surata seredip jogap beriň).

15 15 ýyl mundan öň «Garawul diňi» žurnalynda özüňe dogry garaýyşda bolmagyň wajypdygy barada şeýle diýlipdi: «Biz hondanbärsi bolup, tekepbirligiň duzagyna düşmekden ýa-da özümize kembaha garap, göwünçökgünlige düşmekden seresap bolmaly. Biz özümize dogry garaýyşda bolmaly. Munuň üçin diňe bar ýalňyşlarymyzy däl-de, ukyp-başarnygymyzy hem göz öňünde tutmaly. Bir uýa şeýle diýýär: „Men belanyň körügi hem däl, ýer ýüzüniň diregi hem däl. Ähli adamlar ýaly meniň ýagşy häsiýetlerim hem, erbet häsiýetlerim hem bar“» *. Görşümiz ýaly, özümize dogry garaýyşda bolmak örän wajyp.

16. Biz näme etmegi ýüregimize düwmeli we näme üçin?

16 Ýehowa Mukaddes Kitap arkaly paýhasly bolmaga kömek edýär. Ol bizi ýürekden söýýär we bagtly bolmagymyzy isleýär (Işa. 48:17, 18). Biz Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýsak paýhasly karara geleris we bagtly bolarys. Emma biz baýlygyň yzynda hars ursak, gije-gündiz işlesek we tekepbir bolsak köp kynçylyklara uçrarys. Geliň, her gün paýhasly karara gelmegi we Ýehowany begendirmegi ýüregimize düweliň (Nak. 23:15).

94-NJI AÝDYM Sözüň üçin minnetdar

^ Ýehowa Süleýman patyşa we Isa pygambere akyldarlyk berýär. Makalada olaryň pula, işe we özüňe dogry garaýyşda bolmak barada beren öwüt-ündewlerine serederis. Şeýle-de olaryň maslahatyna eýerip, bereket alan dogan-uýalar hakda gürrüň ederis.

^ «Edýän işiňizden şatlyk tapyň» diýen makalany okap bilersiňiz (w15-U 1/2).

^ «Mukaddes Kitap şatlyk berýär» diýen makalany okap bilersiňiz (w05-U 1/8).

^ SURAT: Jon we Tom bir ýygnakda gulluk edýär. Jon köp wagtyny maşynyna guwanyp geçirýär. Tom bolsa maşynynda dogan-uýalary wagza we ýygnaga äkidýär.

^ SURAT: Jon başlygynyň göwnünden turjak bolup, agşama çenli işleýär. Başlygy işden soň hem işlemelidigini aýtsa, Jon onuň sözüni ýykmaýar. Tom ýygnak hyzmatçysy. Ol ýaşuly dogan bilen çopançylyk idegini edýär. Tom başlygyna Ýehowa sežde edýändigini we hepdäniň käbir günleri giçlik işläp bilmejekdigini aýdypdy.

^ SURAT: Jon diňe öz aladasyny edýär. Tom bolsa öz bähbidine çapman, Ýehowa üçin köp işleri edýär. Ol Ýygnak jaýynyň abatlaýyş işlerine kömek edip, dogan-uýalar bilen dostlaşýar.