23-NJI MAKALA
Ene-atalar, çagalaryňyza Ýehowany söýmäge kömek ediň
«Ýehowa Hudaýyňy bütin ýüregiň, bütin janyň we bütin aň-düşünjäň bilen söý» (Mat. 22:37).
134-NJI AÝDYM Çagalar Hudaýdan miras
MAZMUNY *
1, 2. Durmuşymyz üýtgände aýatlara bolan garaýşymyzyň hem üýtgeýändigini düşündiriň.
TOÝ GÜNI owadan geýnen ýigit bilen gyz Mukaddes Kitaba esaslanan toý nutugyny ünsli diňleýärler. Olar nutukdaky aýatlary öň köp eşidenem bolsa, indi has-da wajyp hasaplaýarlar. Sebäbi şol aýatlar olara agzybir we bagtly ýaşamaga kömek eder.
2 Är-aýallar çaga terbiýesi hakda ençeme nutuklary diňländirler we Mukaddes Kitapdan köp aýatlary okandyrlar. Indi olar ene-ata boldular. Ýehowa olara uly jogapkärçilik ynandy. Şol sebäpli olar çaga terbiýelemek hakdaky aýatlary has-da wajyp hasaplaýarlar. Diýmek, adamyň durmuşy üýtgese, onuň Mukaddes Kitapdaky aýatlara bolan garaýşy hem üýtgeýär. Şol sebäpli Ýehowa biziň Mukaddes Kitaby «ömrümiziň ähli günlerinde okamagymyzy» isleýär (5 Mus. 17:19).
3. Şu makalada näme hakda gürrüň ederis?
3 Ene-atalar, Ýehowa size uly jogapkärçilik ynandy. Siz çagalaryňyzy Hudaýyň ýolunda terbiýelemeli. Munuň üçin diňe bir Ýehowa hakda bilim bermek ýeterlikli däl. Siz çagalaryňyzyň ýaş kalbynda Hudaýa bolan söýgini ösdürmeli (2 Tim. 3:16). Makalada ene-atalara çagalaryny terbiýelemäge kömek etjek Mukaddes Kitabyň dört maslahatyna serederis. Şeýle-de olara eýerip peýda alan ene-atalar hakda gürrüň ederis.
MUKADDES KITABYŇ DÖRT MASLAHATY
4. Ene-atalar çagalaryna Ýehowa bilen dostlaşmaga nädip kömek edip biler? (Ýakup 1:5).
4 Birinji maslahat: Ýehowanyň görkezmesine eýeriň. Çagalaryňyza Ýehowany söýmäge we Onuň bilen dostlaşmaga kömek etmek üçin Beýik Biribardan akyldarlyk soraň (Ýakup 1:5-i okaň). Iň gowy maslahaty diňe Ýehowa berýär. Näme üçin? Birinjiden, Ýehowa aladaçyl Ata (Zeb. 36:9). Ikinjiden, Onuň maslahatlary hemişe peýdaly (Işa. 48:17).
5. a) Ýehowa ene-atalara çagalaryny terbiýelemäge nädip kömek edýär? b) Amorimleriň maşgalasyndan näme öwrendiňiz? (Wideonyň esasynda jogap beriň).
5 Ene-atalar, Ýehowa size Mukaddes Kitap we oňa esaslanan edebiýatlar arkaly çagalaryňyzy terbiýelemäge kömek edýär (Mat. 24:45). Meselem, siz «Maşgalalara kömek» diýen makalalary okap bilersiňiz. Öň şol makalalar «Oýanyň!» žurnalynda çap edilýärdi. Indi bolsa jw.org saýtyndan okap bilersiňiz. Şeýle-de siz saýtymyzdan çaga terbiýelemäge kömek edýän söhbetdeşlikleri we wideolary görüp bilersiňiz * (Nak. 2:4—6).
6. Ýehowanyň görkezmesine eýerýän ene-ata hakda gürrüň beriň.
6 Ene-atalaryň köpüsi Ýehowanyň guramasy arkaly berýän kömegine minnetdar bolýarlar. Joý dogan şeýle gürrüň berýär: «Çagalary Ýehowanyň öwüt-ündewi boýunça terbiýelemek aňsat däl. Aýalym ikimiz hemişe Ýehowa doga edip kömek soraýarys. Şonda Ýehowanyň tüýs wagtynda gerekli makalalary we wideolary berýändigine haýran galýarys. Biz hemişe Ýehowanyň görkezmesine eýerýäris». Joý bilen aýaly Mukaddes Kitaba esaslanan edebiýatlar we wideolar arkaly çagalaryna Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek edýärler.
7. Ene-atalar çagalaryna göreldesi bilen öwretmek üçin näme etmeli? (Rimliler 2:21).
7 Ikinji maslahat: göreldäňiz bilen öwrediň. Çagalar köplenç ene-atasyndan görelde alýar. Elbetde, ähli ene-atalar bikämil (Rim. 3:23). Muňa garamazdan paýhasly ene-atalar çagalaryna görelde bolmak üçin elinde baryny edýärler (Rimliler 2:21-i okaň). Bir dogan şeýle diýýär: «Çagalar edil suwy özüne siňdirýän pagta ýaly. Çagalara etmeli zatlary aýdyp, özüň etmeseň, olar muny derrew duýarlar we ýüzüňe aýdarlar». Ene-atalar, siziň kalbyňyzda Hudaýa bolan söýgi lowlap ýansa, çagalaryňyz hem Ýehowany söýerler.
8, 9. Endrýu bilen Emminiň beren gürrüňinden näme öwrendiňiz?
8 Ene-atalar çagalaryna Ýehowany söýmäge kömek etmek üçin ýene näme etmeli? 17 ýaşly Endrýu şeýle diýýär: «Ene-atam Hudaýa doga-dileg etmegiň wajypdygyny gaýta-gaýta aýdýardy. Men Hudaýa doga eden hem bolsam, kakam her gün agşam otagyma gelip, meniň bilen ýene-de doga ederdi. Kakam, ejem maňa we jigime: „Siz Ýehowa islendik wagt näçe sapar doga edesiňiz gelse edip bilersiňiz“ diýerdiler. Ene-atamyň öwüt-ündewi ýüregimde öçmejek yz galdyrdy. Indi men Ýehowany Atam hasaplaýaryn we Oňa arkaýyn doga edip bilýärin». Ene-atalar, siz Ýehowany ýürekden söýseňiz, çagalaryňyza-da Hudaýy söýmäge kömek edersiňiz.
9 Geliň, Emmi uýa hakda gürrüň edeliň. Kakasy olary taşlap gidýär. Üstesine-de, maşgalasyny bergä batyrýar. Onuň bergisini Emminiň ejesi üzmeli bolýar. Emmi şeýle diýýär: «Ejem pulsuzlykdan köp kösenýärdi. Emma hemişe bize Ýehowanyň wepaly bendeleriniň iýjek-içjegini ýetirip durýandygy hakda gürrüň berýärdi. Ejemiň Ýehowany hak Howandary hasaplaýandygyny her gün görýärdim. Hawa, ejem öwredýän zatlaryna görä ýaşaýardy». Biz mundan näme öwrenýäris? Ene-atalar kyn ýagdaýlarda hem çagalaryna göreldesi bilen öwredip bilerler (Gal. 6:9).
10. Ysraýyllar çagalaryna Ýehowa bilen dostlaşmaga nädip kömek edýärdiler? (5 Musa 6:6, 7).
10 Üçünji maslahat: çagalaryňyz bilen gürrüňdeş boluň. Ysraýyllar çagalaryna Ýehowanyň ajaýyp häsiýetleri hakda her gün gürrüň bermelidiler (5 Musa 6:6, 7-nji aýatlary okaň). Olar her bir mümkinçilikden peýdalanyp çagalaryna Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek etmelidiler. Meselem, kakasy ogly bilen ekin ekende ýa-da hasyl ýygnanda günuzyn gürrüňdeş bolup bilýärdi. Ýa-da ejesi gyzyna tikin tikmegi, dokma dokamagy we öýüň beýleki işlerini öwredende, uzakly gün onuň bilen söhbet edip bilýärdi. Şeýdip, olar çagalaryna Ýehowanyň ýagşylyga baý Hudaýdygy we wepaly bendelerine kömek edýändigi hakda gürrüň berýärdiler.
11. Maşgala okuwy nähili mümkinçilik döredýär?
11 Döwür üýtgedi, zamana özgerdi. Köp ýurtlarda ene-atalar uzakly gün işleýär, çagalar bolsa mekdepde okaýar. Şol sebäpli ene-atalar çagalary bilen gürrüňdeş bolmak üçin ýörite wagt tapmaly bolýar (Efes. 5:15, 16; Flp. 1:10). Maşgala okuwy çagalar bilen gürrüňdeş bolmaga mümkinçilik döredýär. Aleksandr atly ýaş dogan şeýle diýýär: «Kakam her hepde maşgala okuwyny geçirýär. Maşgala okuwyny geçmegimize hiç zada päsgel berdirmeýär. Okuwdan soňra biz gyzykly gürrüň edýäris».
12. Maşgala okuwy gyzykly geçer ýaly näme etmeli?
12 Maşgalabaşylar, maşgala okuwy gyzykly geçer ýaly näme edip bilersiňiz? Belki, maşgala okuwynda «Ebedi ýaşaň!» kitabyny okarsyňyz. Ol kitap size çagalaryňyz bilen gyzykly gürrüňleri etmäge kömek eder. Siz çagalaryňyzyň gaýgy-aladasyny, derdini, biynjalyk edýän zadyny açyk aýtmagyny isleýärsiňizmi? Onda çagalaryňyza käýäp we temmi berip, maşgala okuwyny edep sapagyna öwürmäň. Çagaňyz Mukaddes Kitabyň käbir kada-kanunlary bilen ylalaşmaýadygyny aýtsa, gaharlanmaň, pikirini açyk aýdýandygy üçin öwüň we mundan beýläk hem şeýle etmäge höweslendiriň. Siz çagalaryňyzy näçe gowy tanasaňyz, şonça-da olara kömek edip bilersiňiz.
13. Ene-atalar çagalaryna Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek etmek üçin ýene näme edip biler?
13 Ene-atalar, her bir mümkinçilikden peýdalanyp çagalaryňyza Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek ediň. Munuň üçin Mukaddes Kitap okuwyny geçjek günüňize garaşyp oturmaň. Liza uýa şeýle gürrüň berýär: «Biz çagalarymyz bilen tebigat we haýwanlar barada gürrüň edip, Ýehowany tanamaga kömek edýäris. Käte çagalarymyz itiň geň-taň hereketlerine hezil edip gülýärler. Şonda biz çagalara Ýehowanyň degişgen Hudaýdygyny we biziň durmuşdan lezzet alyp ýaşamagymyzy isleýändigini gürrüň berýäris».
14. Ene-atalar näme üçin çagalaryna gowy dostlar tapmaga kömek etmeli? (Nakyllar 13:20).
14 Dördünji maslahat: çagalaryňyza gowy dostlary tapmaga kömek ediň. Mukaddes Kitapda dostlaryň bize gowy ýa-da erbet täsir edip bilýändigi hakda ýazylan (Nakyllar 13:20-ni okaň). Ene-atalar, siz çagalaryňyzyň dostlaryny tanaýarsyňyzmy? Olary myhmançylyga çagyryp gürrüňdeş bolup gördüňizmi? Çagalaryňyza Ýehowany söýýän adamlar bilen dostlaşmaga nädip kömek edip bilersiňiz? (1 Kor. 15:33). Belki-de, siz maşgala okuwyna imany berk dogan-uýalary çagyrarsyňyz (Zeb. 119:63).
15. Ene-atalar çagalaryna Hudaýy söýýän adamlar bilen dostlaşmaga kömek etmek üçin näme etmeli?
15 Toni we aýaly çagalaryna Ýehowany söýýän adamlar bilen dostlaşmaga kömek etdiler. Toni şeýle diýýär: «Biz köp ýyllaryň dowamynda dürli medeniýetli we ýaşdaky dogan-uýalary myhmançylyga çagyrýardyk. Olar bilen saçak başynda we maşgala okuwynda gürrüňdeş bolýardyk. Ýehowany jany-teni bilen söýýän we Oňa yhlasly gulluk edýän dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolmak imanyňy berkidýär. Biz etrap gözegçilerini, missionerleri we beýleki dogan-uýalary birnäçe günlük myhman alýardyk. Olaryň yhlasy, janaýamazlygy, berýän gyzykly gürrüňleri çagalarymyzyň ýüregine güýçli täsir etdi we Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek etdi». Ene-atalar, çagalaryňyza Hudaýa wepaly adamlar bilen dostlaşmaga kömek ediň.
UMYDYŇYZY ÜZMÄŇ!
16. Çagalar Ýehowa gulluk etmek islemeýändigini aýdanda ene-atalar näme üçin ruhdan düşmeli däl?
16 Ene-atalar, siziň edýän tagallaňyza garamazdan çagalaryňyz Ýehowa gulluk etmek islemeýändigini aýtsa näme? Onda siz: «Menden ene-ata bolmaz» diýip, özüňizi günäkärlemäň. Ýehowa her bir adama, hatda çagalara-da erkinlik berýär. Ol hiç kimi özüne mejburlap gulluk etdirmeýär. Eger çagaňyz Ýehowa gulluk etmegini bes etse, ol bir güni yzyna dolanar diýip umyt edip ýaşaň. Ýiten ogul hakdaky mysaly ýada salyň (Luka 15:11—19, 22—24). Ýaş ýigit hak ýoldan sowulsa-da, yzyna dolanýar. Käbirleriniň şeýle diýmegi mümkin: «Ol bolan waka däl, ýöne bir mysal». Emma dogan-uýalaryň durmuşynda hem şeýle wakalar boldy. Muny Eli bilen bolan waka subut edýär.
17. Eli bilen bolan wakany gürrüň beriň.
17 Eli şeýle gürrüň berýär: «Ene-atam ýaş kalbymda Ýehowa bolan söýgini ösdürmek we Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryny öwretmek üçin elinde baryny etdi. Emma men ýetginjekkäm ene-atamy diňlemän, goh-galmagal turuzýardym». Eli ene-atasyndan ogrynça erbet işleri edip başlaýar. Kakasy, ejesi ogluna Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek etmek üçin elinde baryny etdiler, emma bary biderek boldy. Ahyry Eli öýünden gidýär we erbet işlere baş goşýar. Emma ol käte dosty bilen Mukaddes Kitapdan gürrüňdeş bolýan eken. Eli şeýle diýýär: «Men dostuma Ýehowa barada näçe köp gürrüň berdigimçe, Hudaýa imanymyň berkeýändigini duýýardym. Ýuwaş-ýuwaşdan ene-atamyň ýaş kalbyma eken hakykat tohumy gögerip başlady». Şeýdip, Eli Ýehowa dolandy *. Onuň ene-atasy çagasynyň ýaş kalbyna Ýehowa bolan söýgini guýandygyna diýseň begenendirler (2 Tim. 3:14, 15).
18. Çagalaryny Ýehowanyň ýolunda terbiýeleýän ene-atalara näme üçin berekella diýse bolar?
18 Ene-atalar, Ýehowa size uly jogapkärçilik ynandy. Siz çagalaryňyza Hudaý bilen dostlaşmaga kömek etmeli (Zeb. 78:4—6). Siz güýjüňizi we wagtyňyzy gaýgyrman çagalaryňyzy Ýehowanyň ýolunda terbiýeleýärsiňiz. Berekella! Mundan beýläk hem çagalaryňyza Ýehowany söýmegi we Oňa gulak asmagy öwrediň. Şonda gökdäki Atamyz sizden razy bolar (Efes. 6:4).
135-NJI AÝDYM Ýehowa: «Oglum, paýhasly bol» diýýär
^ Ene-atalar, siz çagalaryňyzy ýürekden söýýärsiňiz, olaryň mähir bilen aladasyny edýärsiňiz, iýjek-içjegini we geýjegini ýetirip durýarsyňyz. Şeýle-de siz çagalaryňyzyň ýaş kalbynda Ýehowa bolan söýgini ösdürmek isleýärsiňiz. Şu makalada Hudaýyň Sözüne esaslanan dört maslahata serederis. Eger siz olara eýerseňiz, çagalaryňyza Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek edersiňiz.
^ JW.ORG saýtyndan «Ýehowa bize çagalary terbiýelemegi öwretdi» diýen wideony görüp bilersiňiz.
^ «Mukaddes Kitap durmuşyňy üýtgedýär» diýen makalany okap bilersiňiz (w12-U 1/4).
^ SURAT: kakasy ogly we onuň dosty bilen basketbol oýnaýar. Şeýdip, oglunyň dosty bilen tanyşýar.