Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

20-NJI MAKALA

Ylham kitabynda Hudaýyň duşmanlary hakda nähili pygamberlik aýdylýar?

Ylham kitabynda Hudaýyň duşmanlary hakda nähili pygamberlik aýdylýar?

«Olar patyşalary ýewreýçe Armageddon diýen ýere ýygnadylar» (Ylh. 16:16).

150-NJI AÝDYM Hudaýy agtaran halas bolar

MAZMUNY *

1. Ylham kitabynda Hudaýyň halkyna degişli nähili pygamberlik ýazylan?

 YLHAM KITABYNDA gökde Hudaýyň Patyşalygynyň berkarar edilendigi we Şeýtanyň ýer ýüzüne zyňlandygy hakda pygamberlik edilipdi (Ylh. 12:1—9). Biz şol pygamberligiň ýerine ýetýän döwründe ýaşaýarys. Şeýtan Iblis ýere zyňlandan soňra gökde parahatlyk höküm sürýär. Şeýtan Hudaýa wepaly gulluk edýän adamlary yzarlaýar, sebäbi olar Beýik Biribara jany-teni bilen gulluk edýärler (Ylh. 12:12, 15, 17).

2. Bize Ýehowa wepaly bolmaga näme kömek eder?

2 Şeýtan bizi gahar-gazap bilen yzarlasa-da Ýehowa nädip wepaly bolup bileris? (Ylh. 13:10). Munuň üçin Ylham kitabynda ýazylan gelejek hakdaky pygamberlikler barada oýlanmaly. Gelejekde Hudaý duşmanlaryny ýok eder, wepaly bendelerine bol bereket berer. Geliň, Ylham kitabyndaky käbir aýatlara seredip, Hudaýyň duşmanlarynyň kimdigini we olara tizden näme boljakdygyny bileliň.

HUDAÝYŇ DUŞMANLARY NÄHILI SURATLANDYRYLÝAR?

3. Ylham kitabynda Hudaýyň duşmanlary nähili suratlandyrylýar?

3 Ylham kitabynyň 1-nji babynyň 1-nji aýadynda pygamberlikleriň «alamat» hökmünde, ýagny göçme manyda düşündiriljekdigi ýazylan (Ylh. 1:1). Biz kitapda Hudaýyň duşmanlarynyň wagşy haýwanlara meňzedilýändigi hakda okaýarys. Meselem, deňizden çykan on şahly, ýedi kelleli wagşy haýwan (Ylh. 13:1); aždarha ýaly gepleýän we gökden ýere ot ýagdyrýan başga bir wagşy haýwan (Ylh. 13:11—13); üstünde ahlaksyz aýal oturan gyrmyzy reňkli wagşy haýwan. Şu üç wagşy haýwan Hudaýyň Patyşalygyna köp ýyldan bäri garşy çykyp gelýär. Biz Ylham kitabynda suratlandyrylan Hudaýyň duşmanlarynyň kimdigini bilmeli (Ylh. 17:1, 3).

DÖRT SANY ULY HAÝWAN

Olar «deňizden» çykyp gelýär (Dan. 7:1—8, 15—17). Olar Danyýar pygamberiň döwründe we şondan soň höküm süren patyşalyklary aňladýar. Olar Hudaýyň halkynyň üstünden agalyk etdiler ýa-da yzarladylar (4, 7-nji abzaslar).

4, 5. Danyýar 7:15—17-nji aýatlar Ylham kitabyndaky alamatlara düşünmäge nädip kömek edýär?

4 Ylham kitabyndaky wagşy haýwanlaryň nämäni aňladýandygyny bilmäge näme kömek eder? Ylham kitabyndaky alamatlar Mukaddes Kitabyň beýleki kitaplarynda düşündirilýär. Meselem, Danyýar pygamber düýşünde deňizden çykan «dört sany wagşy haýwany» görýär (Dan. 7:1—3). Danyýar pygamberiň ýazmagyna görä, dört wagşy haýwan «dört patyşany» ýa-da hökümdarlygy aňladýar (Danyýar 7:15—17-nji aýatlary okaň). Diýmek, Ylham kitabyndaky wagşy haýwanlar hem patyşalyklary aňladýan bolmaly.

5 Geliň, Ylham kitabyndaky alamatlaryň käbiri hakda gürrüň edeliň. Mukaddes Kitabyň beýleki kitaplary şol alamatlara düşünmäge kömek edýär. Şu makalada wagşy haýwanlaryň nämäni aňladýandygyny we olara näme boljakdygyny bileris. Şeýle-de Hudaýyň duşmanlary baradaky pygamberlikleriň bize nähili degişli ýeriniň bardygyna serederis.

WAGŞY HAÝWANLAR NÄMÄNI AŇLADÝAR?

ÝEDI KELLELI WAGŞY HAÝWAN

Ol deňizden çykyp gelýär, onuň ýedi kellesi, on şahy we on täji bar (Ylh. 13:1—4). Ol adamzat taryhyndaky ähli patyşalyklary aňladýar. Onuň ýedi kellesi Hudaýyň halkynyň üstünden agalyk eden ýa-da olary yzarlan ýedi patyşalygy aňladýar (6—8-nji abzaslar).

6. Ylham 13:1—4-nji aýatlarda aýdylýan ýedi kelleli wagşy haýwan nämäni aňladýar?

6 Ýedi kelleli wagşy haýwan nämäni aňladýar? (Ylham 13:1—4-nji aýatlary okaň). Muňa düşünmäge Danyýar kitaby kömek edýär. Danyýar kitabynyň 7-nji babynda dört sany wagşy haýwan hakda gürrüň edilýär. Olaryň birinjisi ýolbarsa, ikinjisi aýa, üçünjisi alajabarsa meňzeýär, dördünjisiniň bolsa on şahy bar. Şu dört wagşy haýwanyň alamatlary Ylham kitabyndaky bir wagşy haýwanda jemlenýär, ýagny ol alajabarsa meňzeýär, aýaklary aýynyňky, agzy bolsa ýolbarsyňky ýaly; onuň on şahy bar. Şeýle-de oňa «ähli taýpalaryň, halklaryň, dilleriň we milletleriň üstünden höküm sürmäge ygtyýar hem berilýär» (Ylh. 13:7). Diýmek, Ylham kitabyndaky wagşy haýwan bir patyşalygy däl-de, adamzat taryhyndaky ähli patyşalyklary aňladýar * (Nes. 8:9).

7. Wagşy haýwanyň ýedi kellesi nämäni aňladýar?

7 Wagşy haýwanyň ýedi kellesiniň her biri nämäni aňladýar? Munuň jogabyny Ylham kitabynyň 17-nji babyndan tapsa bolýar. Ylham 17:10-da şeýle diýilýär: «Olar ýedi patyşany aňladýar: olaryň bäşisi ýykyldy, biri häzirem bar, ýene biri indi gelmeli. Ýöne ol gelende, az wagtlyk galmaga rugsat berler». Adamzat taryhyna ser salanyňda, ýedi patyşalyk iň güýçli patyşalyklar bolupdyr. Olar wagşy haýwanyň ýedi kellesine meňzedilýär. Şol patyşalyklar Hudaýyň halkynyň üstünden agalyk etdi ýa-da zalymlyk bilen yzarlady. Ýahýa resulyň ýaşan döwründe altynjy patyşalyk, ýagny Rim hökümdarlyk edýärdi we şol döwre çenli bäş patyşalyk: Müsür, Assiriýa, Wawilon, Midiýa-Pars, Gresiýa höküm sürüpdi. Onda wagşy haýwanyň ýedinji kellesi haýsy patyşalygy aňladýar?

8. Wagşy haýwanyň ýedinji kellesi haýsy patyşalygy aňladýar?

8 «Halypamyzyň gününde», ýagny soňky günlerde haýsy patyşalyk höküm sürýär? (Ylh. 1:10). Beýik Britaniýa we Amerikanyň Birleşen Ştatlary bileleşip, Angliýa-Amerika dünýä imperiýasyny döretdiler. Ol «Halypamyzyň gününde», ýagny soňky günlerde hökümdarlyk edýär. Şeýlelikde, biz wagşy haýwanyň ýedinji kellesiniň Angliýa-Amerika dünýä imperiýasydygyna şübhelenmän bileris (Ylh. 13:1—4).

GUZYNYŇKY ÝALY IKI ŞAHY BOLAN WAGŞY HAÝWAN

Ol «ýerden çykýar», «aždarha ýaly gepleýär» we «gökden ýere ot ýagdyrýar». Oňa «ýalan pygamber» hem diýilýär (Ylh. 13:11—15; 16:13; 19:20). Iki şahly wagşy haýwan we ýalan pygamber Angliýa-Amerika dünýä imperiýasyny aňladýar. Olar ýer ýüzüniň ilatyny aldaýar we ýedi kelleli, on şahly «wagşy haýwanyň şekilini ýasamagy buýurýar» (9-njy abzas).

9. «Guzynyňky ýaly iki şahy» bolan wagşy haýwan nämäni aňladýar?

9 Ylham kitabynyň 13-nji babynda wagşy haýwanyň ýedinji kellesi, ýagny Angliýa-Amerika dünýä imperiýasy «ýerden çykan başga bir wagşy haýwan» hökmünde suratlandyrylýar. «Onuň guzynyňky ýaly iki şahy bardy, ýöne ol aždarha ýaly gepleýärdi... Ol uly alamatlar görkezýärdi, hatda bütin adamzadyň gözüniň alnynda gökden ýere ot ýagdyrýardy» (Ylh. 13:11—15). Ylham kitabynyň 16-njy we 19-njy baplarynda şol wagşy haýwana «ýalan pygamber» hem diýilýär (Ylh. 16:13; 19:20). Danyýar Angliýa-Amerika dünýä imperiýasynyň «öňde-soňda görülmedik weýrançylygy getirjekdigini» pygamberlik etdi (Dan. 8:19, 23, 24). Şu pygamberlikler Ikinji jahan urşunda ýerine ýetdi. Uruş Ýaponiýa iki sany atom bombasynyň taşlanmagy bilen tamamlandy. Şol atom bombalaryny Beýik Britaniýa bilen Amerikanyň alymlary ýasadylar. Şeýlelikde, Angliýa-Amerika dünýä imperiýasy göçme manyda «gökden ýere ot ýagdyrdy».

GYRMYZY REŇKLI WAGŞY HAÝWAN

Onuň üstünde «Beýik Wawilon» atly ahlaksyz aýal otyr. Wagşy haýwan «sekizinji patyşa» hökmünde suratlandyrylýar (Ylh. 17:3—6, 8, 11). Ahlaksyz aýal wagşy haýwanyň üstünden agalyk etmek isleýär, emma wagşy haýwan ony ýok edýär. Ahlaksyz aýal ähli ýalan dinleri, wagşy haýwan bolsa Birleşen Milletler Guramasyny aňladýar. BMG bütin ýer ýüzündäki syýasy guramalary goldaýar (10, 14—17-nji abzaslar).

10. «Gyrmyzy reňkli wagşy haýwan» nämäni aňladýar? (Ylham 13:14, 15; 17:3, 8, 11).

10 Ylham kitabynda ýene bir wagşy haýwan hakda pygamberlik edilýär. Ol ýedi kelleli wagşy haýwana meňzeýärdi, emma ol gyrmyzy reňklidi. Ylham kitabynda oňa «wagşy haýwanyň şekili» diýilýär we «sekizinji patyşa» hökmünde suratlandyrylýar. Şeýle-de «ol öň bolupdy, ýöne ýok boldy, indi täzeden çykar» diýip pygamberlik edilýär * (Ylham 13:14, 15; 17:3, 8, 11-nji aýatlary okaň). Ol Birleşen Milletler Guramasyny (BMG) aňladýar. Pygamberlik nädip ýerine ýetdi? Başda Milletler Ligasy döredildi. Ikinji jahan urşunda Milletler Ligasy ýatyryldy. Uruşdan soň ol BMG hökmünde täzeden döredildi. «Gyrmyzy reňkli wagşy haýwan», ýagny BMG bütin ýer ýüzündäki syýasy guramalary goldaýar.

11. Ýer ýüzüniň patyşalary näme eder we biz näme üçin gorkmaly däl?

11 Wagşy haýwana meňzedilýän syýasy guramalar adamlary Ýehowa we onuň halkyna garşy öjükdirýär. Olar bütin ýer ýüzüniň patyşalaryny Armageddon söweşine, ýagny «Gudratygüýçli Hudaýyň beýik gününde boljak söweşe ýygnarlar» (Ylh. 16:13, 14, 16). Emma biz hiç zatdan gorkmarys, sebäbi Arkadagymyz Ýehowa derrew aýaga galar we Patyşalygyny goldaýan adamlary halas eder (Hyz. 38:21—23).

12. Wagşy haýwanlara näme bolar?

12 Wagşy haýwanlara näme bolar? Ylham 19:20-de şeýle diýilýär: «Wagşy haýwan we ýalan pygamber tutuldy. Ýalan pygamber wagşy haýwanyň öňünde alamatlar görkezip, onuň belligini alanlary we şekiline sežde edýänleri aldaýardy. Olaryň ikisi-de diriligine kükürt bilen ýanýan ot kölüne zyňyldy». Şu günler Hudaýyň duşmanlary höküm sürseler-de ebedilik ýok edilerler.

13. Bitaraplygy saklamak näme üçin kyn bolýar?

13 Ylham kitabyndaky pygamberligiň bize nähili degişli ýeri bar? Biz Ýehowa wepaly bolmaly we Onuň Patyşalygyna doly tabyn bolmaly (Ýah. 18:36). Biz bitaraplygy saklamaly we syýasy işlere goşulmaly däl. Elbetde, bitaraplygy saklamak aňsat däl, sebäbi häkimiýetler syýasaty goldamagy talap edýärler. Olar göçme manyda elimize we maňlaýymyza bellik goýmak isleýärler (Ylh. 13:16, 17). Şol belligi kabul eden adamlar Ýehowanyň gaharyny getirerler we ebedi ýaşaýyşdan mahrum bolarlar (Ylh. 14:9, 10; 20:4). Häkimiýetleriň talaby näçe güýçli bolsa-da, geliň, bitarap bolmagy ýüregimize berk düweliň!

ADY BELLI AHLAKSYZ AÝAL

14. Ýahýa resul nämä haýran galýar? (Ylham 17:3—5).

14 Ylham 17:3—5-nji aýatlary okaň. Ýahýa resul «gyrmyzy reňkli wagşy haýwanyň» üstünde ahlaksyz aýalyň oturandygyny görüp aňk-taňk bolýar. Ylham kitabynda şol ahlaksyz aýala «Beýik Wawilon» diýilýär. Ol «ýer ýüzüniň patyşalary bilen ahlaksyzlyk edýär» (Ylh. 17:1, 2, 6).

15, 16. Beýik Wawilon nämäni aňladýar? Düşündiriň.

15 «Beýik Wawilon» nämäni aňladýar? Ylham kitabynda onuň «ýer ýüzüniň patyşalary bilen ahlaksyzlyk edýändigi» aýdylýar. Diýmek, ol patyşalary, ýagny syýasy guramalary aňlatmaýar (Ylh. 18:9). Ahlaksyz aýalyň gyrmyzy reňkli wagşy haýwanyň üstünde oturmagy patyşalaryň üstünden agalyk etmek isleýändigini görkezýär. Ahlaksyz aýal Şeýtanyň dünýäsindäki açgöz söwda-satyk guramalaryny hem aňlatmaýar. Sebäbi Ylham kitabynda olar «söwdagärler» hökmünde suratlandyrylýar (Ylh. 18:11, 15, 16).

16 Mukaddes Kitapda Hudaýa göz üçin sežde edip, emma buta çokunýan ýa-da dünýäniň dosty bolýan adam «ahlaksyz aýala» meňzedilýär (Hyz. 16:2, 35, 36; Ýak. 4:4). Hudaýa jany-teni bilen gulluk edýän adamlar «päk gyza» meňzedilýär (2 Kor. 11:2; Ylh. 14:4). Gadymy Wawilon şäheri ýalan dinleriň merkezidi. Şonuň üçin «Beýik Wawilon» ähli ýalan dinleri aňladýar (Ylh. 17:5, 18; jw.org saýtyndan «Beýik Wawilon näme?» diýen makalany okap bilersiňiz).

17. Beýik Wawilona näme bolar?

17 Beýik Wawilona näme bolar? Ylham 17:16, 17-nji aýatlarda şeýle diýilýär: «Seniň gören on şahyň we wagşy haýwanyň ahlaksyz aýaly ýigrenip, talarlar hem-de ýalaňaçlarlar. Olar aýalyň etini iýerler, soňra otda ýakyp, kül ederler. Sebäbi şeýle pikiri olaryň ýüregine Hudaý guýdy». Diýmek, Ýehowa ähli ýalan dinleri ýok etmegi gyrmyzy reňkli wagşy haýwanyň, ýagny Birleşen Milletler Guramasynyň «ýüregine guýar» (Ylh. 18:21—24).

18. Biz Beýik Wawilony goldamaýandygymyzy nädip görkezip bileris?

18 Pygamberligiň bize nähili degişli ýeri bar? Biz Beýik Wawilony goldamaly däl, ýagny ýalan dini däp-dessurlary, baýramçylyklary bellemeli däl, jadygöýlik bilen meşgullanmaly däl we ahlaksyz işleri etmeli däl. Biz «Hudaýyň öňünde arassa, päk sežde etmeli» (Ýak. 1:27). Şeýle-de adamlar Beýik Wawilonyň günälerine şärik bolmaz ýaly «ol ýerden çykmaga» kömek etmeli (Ylh. 18:4).

GANYM DUŞMANA ÇYKARYLAN HÖKÜM

GYZYL REŇKLI AŽDARHA

Şeýtan wagşy haýwana erk-ygtyýar berýär (Ylh. 12:3, 9, 13; 13:4; 20:2, 10). Ýehowanyň ganym duşmany Şeýtan 1 000 ýyl baglanar. Soňra az wagtlyk boşadylar hem-de «ot we kükürt kölüne zyňlar» (19, 20-nji abzaslar).

19. «Gyzyl reňkli aždarha» kim?

19 Ylham kitabynda «gyzyl reňkli aždarha» hakda hem aýdylýar (Ylh. 12:3). Aždarha Isa we perişdeler bilen söweşýär (Ylh. 12:7—9). Ol Hudaýyň halkyny yzarlaýar we wagşy haýwana, ýagny syýasy guramalara agalyk etmäge erk-ygtyýar berýär (Ylh. 12:17; 13:4). «Gyzyl reňkli aždarha» kim? Ol «Iblis we Şeýtan diýip atlandyrylýan köne ýylan» (Ylh. 12:9; 20:2). Ol Ýehowanyň ähli duşmanlarynyň serkerdesi.

20. Aždarha näme bolar?

20 Aždarha näme bolar? Ylham 20:1—3-nji aýatlarda bir perişdäniň aždarhany düýpsüz çuňluga taşlap, 1 000 ýyl baglajakdygy pygamberlik edilen. Şeýtan 1 000 ýyl dolýança adamlary azdyryp bilmez. 1 000 ýyldan soň ol az wagtlyk boşadylar. Soňra Şeýtan bilen jynlar «ot we kükürt kölüne zyňlar» hem-de hemişelik ýok ediler (Ylh. 20:10). Biz Şeýtanyň we jynlaryň täsirinden doly azat bolarys. Gör, nähili ajaýyp durmuş!

21. Ylham kitabyndaky pygamberliklere düşünýän adama näme üçin bagtly diýse bolar?

21 Ylham kitabyndaky alamatlaryň manysyna düşünmek imanymyzy berkidýär. Biz Ýehowanyň duşmanlarynyň kimdigini we olara näme boljakdygyny bildik. Dogrudan-da, Ylham kitabyndaky «pygamberlik sözlerini sesli okaýan, eşidýän we ýazylan zatlary berjaý edýän adam bagtlydyr» (Ylh. 1:3). Hudaýyň duşmanlary ýok edilenden soň nähili bereketleri alarys? Munuň jogabyny indiki makalada bileris.

23-NJI AÝDYM Ýehowa höküm sürýär

^ Ylham kitabynda Hudaýyň ganym duşmanlary wagşy haýwanlara meňzedilýär. Danyýar kitabyndaky pygamberlikler şol wagşy haýwanlaryň nämäni aňladýandygyna düşünmäge kömek edýär. Şu makalada Danyýar kitabyndaky käbir pygamberlikleri Ylham kitabyndaky pygamberlikler bilen deňeşdireris. Biz Hudaýyň duşmanlarynyň kimdigini we olara näme boljakdygyny bileris.

^ Ýedi kelleli wagşy haýwanyň on şahy bardy. Mukaddes Kitapda onluk san dolulygy aňladýar. Diýmek, on şahly, ýedi kelleli wagşy haýwan adamzat taryhyndaky ähli patyşalyklary aňladýar.

^ Birinji wagşy haýwandan tapawutlylykda gyrmyzy reňkli wagşy haýwanyň şahlarynda täç ýok (Ylh. 13:1). Sebäbi ol «ýedi patyşadan döredi» we olar oňa erk-ygtyýar berdi (jw.org saýtyndan «Ylham 17-nji bapda agzalýan gyrmyzy reňkli wagşy haýwan nämäni aňladýar?» diýen makalany okap bilersiňiz).