Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

19-NJY MAKALA

Ylham kitabynda Hudaýyň halky hakda nähili pygamberlik aýdylýar?

Ylham kitabynda Hudaýyň halky hakda nähili pygamberlik aýdylýar?

«Pygamberlik sözlerini sesli okaýan... adam bagtlydyr» (Ylh. 1:3).

15-NJI AÝDYM Ýehowanyň Nowbaharyna alkyş aýdyň

MAZMUNY *

1, 2. Ylham kitaby kimler üçin ýazylan?

 AÝDALY, dostuňyz sizi myhmançylyga çagyrýar we surat albomyny görkezýär. Siz suratlary bir-birden görüp başlaýarsyňyz. Albomdaky suratlaryň biri gözüňize has yssy görünýär, sebäbi suratda sizem bar. Siz surata nirede, haçan düşendigiňiz hakda oýlanýarsyňyz we ýanyňyzdaky adamlaryň atlaryny ýatlap başlaýarsyňyz. Siziň üçin albomdaky suratlaryň ählisi bir aýry, şol surat bir aýry bolýar.

2 Ylham kitabyny hem surat albomyna meňzetse bolar. Näme üçin? Birinjiden, ol kitap biziň üçin ýazylan. Kitabyň birinji aýadynda: «Hudaý gullaryna tizden boljak zatlary Isa Mesih arkaly äşgär etdi» diýilýär (Ylh. 1:1). Diýmek, Ylham kitaby ähli adamlar üçin däl-de, ömrüni Ýehowa bagyş eden wepaly adamlar üçin ýazylan. Göçme manydaky surat albomynda, ýagny Ylham kitabynda biziňem suratymyz bar, sebäbi ondaky pygamberlikleriň ýerine ýetmegine goşant goşýarys.

3, 4. Ylham kitabyndaky pygamberlikler haçan ýerine ýetip başlady we biz näme etmeli?

3 Ikinjiden, biz Ylham kitabyndaky pygamberlikleriň ýerine ýetýän döwründe ýaşaýarys. Ýahýa resul Hudaýyň ylhamy bilen: «Mukaddes ruh meni Halypamyzyň gününe alyp gitdi» diýdi (Ylh. 1:10). Ol şu sözleri b. e. 96-njy ýylynda ýazypdy, ýöne şol wagt «Halypamyzyň güni» gelmändi (Mat. 25:14, 19; Luka 19:12). Mukaddes Kitapdaky pygamberliklere görä, «Halypamyzyň güni» 1914-nji ýylda başlady, sebäbi Isa Mesih gökde patyşalyk tagtynda oturdy. Şondan bäri Ylham kitabynda ýazylan Hudaýyň halky baradaky pygamberlikler ýerine ýetýär. Hawa, biz «Halypamyzyň gününde» ýaşaýarys.

4 Biz hiç haçan gaýtalanmajak tolgundyryjy döwürde ýaşaýarys. Ylham 1:3-de: «Pygamberlik sözlerini sesli okaýan, eşidýän we ýazylan zatlary berjaý edýän adam bagtlydyr, sebäbi bellenen wagt golaýlady» diýilýär. Diýmek, biz pygamberlik sözlerini «sesli okamaly», «eşitmeli» we «berjaý etmeli». Geliň, olaryň käbirine seredeliň.

ÝEHOWA ARASSA SEŽDE EDELIŇ

5. Isanyň kiçi Aziýadaky ýygnaklara ýazan hatyndan nämäni bilse bolýar?

5 Ylham kitabynyň 1-nji babyndan bilşimiz ýaly, Isa Mesih ýygnakda bolýan ähli zady görýär. Muny Isanyň kiçi Aziýadaky ýedi ýygnaga ýazan haty hem subut edýär (Ylh. 1:12—16, 20; 2:1). Ol I asyrdaky mesihçilere arassa sežde etmek barada anyk görkezme berýär. Onuň beren görkezmesi bize-de degişli. Patyşamyz Isa hemme zady görýär, imanymyzyň berkdigini ýa-da berk däldigini bilýär. Ol bizi goraýar, aladamyzy edýär we Ýehowa seždämizi kabul eder ýaly näme etmelidigimizi aýdýar. Isa Mesih kiçi Aziýadaky ýygnaklara nähili maslahat berdi? Biz onuň maslahatyna nädip eýerip bileris?

6. a) Ylham 2:3, 4-nji aýatlara görä, Isa Efesdäki ýygnaga näme diýdi? b) Biz Isanyň sözlerine nädip eýerip bileris?

6 Ylham 2:3, 4-nji aýatlary okaň. Ýehowa bolan başdaky söýgimizi sowatmaly däl. Isa Efesdäki ýygnagy kynçylyklara döz gelendigi we berk durandygy üçin öwýär. Emma olaryň Ýehowa bolan başdaky söýgüsi sowapdy. Olar Ýehowany razy etmek üçin bütin jany-teni bilen söýmelidiler. Şu günler bizem her dürli kynçylyklara duş gelýäris. Kynçylyklara gözýaş bilen däl-de, şatlyk bilen döz gelmeli. Ýehowa biziň niýetimizi barlaýar we diňe bir näme edýändigimize däl-de, näme üçin edýändigimize-de üns berýär. Biz Ýehowany ýürekden söýsek we minnetdar bolsak, Ol hoşal bolar (Nak. 16:2; Mar. 12:29, 30).

7. a) Ylham 3:1—3-nji aýatlara görä, Isa Sardisdäki ýygnaga näme diýdi? b) Biz Isanyň sözlerine nädip eýerip bileris?

7 Ylham 3:1—3-nji aýatlary okaň. Hemişe oýa bolmaly. Sardisdäki dogan-uýalar başda Ýehowa yhlasly gulluk edýärdiler. Emma olaryň imany şeýle bir gowşady welin, Isa olara: «Sen diri bolup görünýärsiň, ýöne ölüsiň» diýdi. Şol sebäpli Isa olara oýa bolmagy maslahat berdi. Biz mundan näme öwrenip bileris? Elbetde, Ýehowa biziň çeken zähmetimizi ýadyndan çykarmaýar (Ýew. 6:10). Emma biz: «Geçmişde Ýehowa üçin köp işleri etdim» diýip, gol gowşuryp oturmaly däl. Belki, biz öňkimiz ýaly Ýehowa köpräk gulluk edip bilýän däldiris. Emma Hudaýa imanymyz gowşamaz ýaly oýa bolmaly we «Halypamyzyň işinde elmydama köp zähmet çekmeli» (1 Kor. 15:58; Mat. 24:13; Mar. 13:33).

8. Isanyň Laodikiýadaky ýygnaga aýdan sözlerinden näme öwrenýäris? (Ylham 3:15—17).

8 Ylham 3:15—17-nji aýatlary okaň. Ýehowa yhlasly we ýürekden sežde etmeli. Isa Laodikiýadaky ýygnaga: «Sen ýyly; ne gyzgyn, ne-de sowuk» diýdi. Olar gözgyny we betbagt ýagdaýdady. Olar Ýehowa yhlasly we jany-teni bilen sežde etmelidiler (Ylh. 3:19). Biz mundan näme öwrenýäris? Eger biz yhlasymyzyň gowşandygyny duýsak, onda Ýehowanyň bolluk bilen berýän bereketleri hakda oýlanmaly we ýürekden minnetdar bolmaly (Ylh. 3:18). Biz baýlygyň yzynda hars urmaly däl, ýogsam yhlasymyz gowşap, Ýehowa edýän seždämizi birinji orunda goýup bilmeris.

9. Isa Pergamdaky we Tiýatiradaky ýygnaga nähili maslahat berdi we biz nämeden seresap bolmaly?

9 Imandan dänenleriň täsirine düşmeli däl. Isa Pergamdaky ýygnakda gulluk edýän dogan-uýalara käýedi (Ylh. 2:14—16). Sebäbi olaryň käbiri ýygnakda bölünişik döredýärdi. Şeýle-de ol Tiýatiradaky ýygnagy «Şeýtanyň syrlaryna» eýermeýändigi üçin öwdi we olary «dogry ýolda berk durmaga» höweslendirdi (Ylh. 2:24—26). Hawa, ýalan taglymatlara eýerýän dogan-uýalar toba etmelidiler. Biz mundan näme öwrenýäris? Ýehowanyň kada-kanunlaryna garşy gelýän her bir taglymatdan ýüz öwürmeli. Imandan dänenler «Hudaýyň ýolunda ýörän bolup, şoňa görä ýaşamaýarlar» (2 Tim. 3:5). Biz Mukaddes Kitaby okasak we çuňňur gözleg geçirsek, imandan dänenleriň duzagyna düşmeris (2 Tim. 3:14—17; Ýahd. 3, 4).

10. Isanyň Pergamdaky we Tiýatiradaky ýygnaga aýdan sözlerinden näme öwrenýäris?

10 Ahlaksyzlyk etmeli däl, ahlaksyz işlere göz ýummaly däl we olara bolaýmaly zat ýaly garamaly däl. Isa Pergamdaky we Tiýatiradaky ýygnagy ahlaksyzlyga göz ýumýandyklary üçin ýazgardy (Ylh. 2:14, 20). Biz mundan näme öwrenýäris? Biz Ýehowa köp ýyldan bäri gulluk etsek-de ýa-da ýygnakda jogapkärli borçlarymyz bolsa-da, edýän ahlaksyz işlerimize Ýehowa göz ýumar öýtmeli däl (1 Şam. 15:22; 1 Pet. 2:16). Şeýtanyň dünýäsi ahlak taýdan gün-günden azsa-da, Ýehowa biziň ýokary ahlak kadalary boýunça ýaşamagymyzy isleýär (Efes. 6:11—13).

11. Biz nämeleri öwrendik? (« Biziň üçin sapak» diýen çarçuwa serediň).

11 Diýmek, edýän seždämiz Ýehowa ýarar ýaly hemişe tagalla etmeli. Eger günä edip, Ýehowany gynandyran bolsak, onda toba edip aýgytly ädimleri ätmeli (Ylh. 2:5, 16; 3:3, 16). Isa I asyrdaky ýygnaklara ýene-de käbir maslahatlary berdi. Geliň, olar hakda gürrüň edeliň.

YZARLAMALARA DÖZ GELELIŇ

Şeýtan ýer ýüzüne zyňlandan soň Hudaýyň halkyna gazaply hüjüm edýär (12—16-njy abzaslara serediň).

12. Isa Smirnadaky we Filadelfiýadaky ýygnaga nähili maslahat berdi we biz mundan näme öwrenýäris? (Ylham 2:10).

12 Geliň, Isanyň Smirnadaky we Filadelfiýadaky ýygnaklara näme maslahat berendigini bileliň. Isa olara synaglardan gorkman Hudaýa wepaly bolsalar, sylag aljakdyklaryny aýtdy (Ylham 2:10-y okaň; 3:10). Biz mundan näme öwrenýäris? I asyrdaky mesihçileri yzarlan bolsalar, onda bizi hem yzarlarlar (Mat. 24:9, 13; 2 Kor. 12:10). Isanyň maslahaty bize-de degişli.

13, 14. Ylham 12-nji bapda näme barada aýdylýar?

13 Ylham kitabynda «Halypamyzyň gününde», ýagny şu günler Hudaýyň halkynyň yzarlanjakdygy barada pygamberlik ýazylan. Ylham kitabynyň 12-nji babynda Hudaýyň Patyşalygy berkarar edilensoň, gökde urşuň turandygy barada aýdylýar. Mikaýyl, ýagny Isa Mesih perişdeleri bilen Şeýtana we jynlara garşy söweşdiler (Ylh. 12:7, 8). Netijede, Hudaýyň duşmanlary ýeňildiler we masgara bolup ýer ýüzüne zyňyldylar. Indi olar gahar-gazabyny adamlaryň üstüne pürkýär (Ylh. 12:9, 12). Şu wakalar Hudaýyň halkyna nähili täsir edýär?

14 Ylham kitabynda soňra näme bolandygy hakda aýdylýar. Şeýtan gökdäki ornuny elden gidirendigi üçin gahardan ýaňa ýarylaýjak bolýar. Şeýtanyň Isa güýji ýetmeýär. Şonuň üçin ol Hudaýyň Patyşalygynyň ýer ýüzündäki wekillerinden, ýagny saýlanan mesihçilerden we «Isa hakda wagyz edýänlerden» ar aljak bolýar (Ylh. 12:17; 2 Kor. 5:20; Efes. 6:19, 20). Şu pygamberlik nädip ýerine ýetýär?

15. Ylham kitabynyň 11-nji babyndaky «iki şaýat» kim we olara näme boldy?

15 Şeýtan Hudaýyň Patyşalygy hakda wagyz edýän saýlanan doganlara garşy hüjüm edýär. Ylham kitabynda «iki şaýadyň» öldüriljekdigi hakda pygamberlik edilen * (Ylh. 11:3, 7—11). 1918-nji ýylda sekiz dogana töhmet atýarlar we uzak möhletli türmä basýarlar. Şeýlelikde, pygamberlikdäki «iki şaýat» göçme manyda öldi. Şonda adamlar wagyz işi togtadyldy diýip pikir etdiler.

16. 1919-njy ýylda nähili waka boldy we Şeýtan näme etdi?

16 Ylham kitabynyň 11-nji babynda «iki şaýadyň» köp wagt geçmänkä direljekdigi barada pygamberlik ýazylan. Pygamberlik nädip ýerine ýetdi? Doganlaryň tussag edilenine bir ýyl geçip-geçmänkä azatlyga çykdylar. 1919-njy ýylyň martynda olary türmeden boşatdylar we biraz wagtdan akladylar. Doganlar derrew wagyz işini ýola goýdular, emma Şeýtan hem gol gowşuryp oturmady; Hudaýyň halkyna gazaply hüjüm etdi. Ylham kitabynda Şeýtanyň hüjümleri «joşup akýan derýa» bilen deňeşdirilýär (Ylh. 12:15). Şol sebäpli biziň her birimiz «çydamly bolmaly we iman etmeli» (Ylh. 13:10).

BATYRGAÝLYK BILEN WAGYZ EDELIŇ

17. Ylham kitabyna görä, Hudaýyň halkyna nähili kömek berildi?

17 Ylham 12-nji bapda Hudaýyň halkyna kömek ediljekdigi barada hem aýdylýar. Şeýtanyň «derýa kimin» akdyrýan synaglaryny «ýer ýuwudan» ýaly boldy, ýagny adalatly kazylar Hudaýyň halkynyň peýdasyna karar çykardy (Ylh. 12:16). Ýehowanyň halky ençeme sapar kazyýetde ýeňiş gazandy. Indi olar erkin ýagdaýda Ýehowa sežde edip bilýärler we onuň tabşyran işini ýerine ýetirmek üçin güýjüni gaýgyrmaýarlar (1 Kor. 16:9). Ýehowa nähili iş tabşyrdy?

Hudaýyň halky haýsy iki habary wagyz edýär? (18, 19-njy abzaslara serediň).

18. Soňky günlerde haýsy iş uly depginde alnyp barylýar?

18 Isa Hudaýyň halkynyň dünýäniň soňuna çenli «Patyşalyk baradaky hoş habary» wagyz etjekdiklerini pygamberlik etdi (Mat. 24:14). Wagyz işine perişdeler hem gatnaşýar. Ylham kitabynda olaryň «ýerde ýaşaýanlaryň ählisine: her millete, her taýpa, her dile we her halka ebedi hoş habary yglan edýändigi» ýazylan (Ylh. 14:6).

19. Ýehowanyň halky ýene haýsy habary wagyz etmeli?

19 Hudaýyň halky diňe bir Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmeýär. Olar Ylham 8—10-njy baplarda aýdylýan perişdeleriň işini hem goldaýarlar. Olar perişdeler bilen bilelikde Hudaýyň Patyşalygyna tabyn bolmaýan adamlaryň üstüne injek betbagtçylygy yglan edýärler. Şeýle-de olar Hudaýyň Şeýtanyň dünýäsini ýok etjekdigi baradaky höküm habaryny wagyz edýärler. Şol habar Ylham kitabynda «buz bilen... oda» meňzedilýär (Ylh. 8:7, 13). Adamlar dünýäniň soňunyň golaýdygyna we Ýehowanyň gahar güni gelmänkä durmuşyny üýtgetmelidigine düşünmeli (Sep. 2:2, 3). Höküm habaryny wagyz etmek üçin batyrgaý bolmaly, sebäbi bu habar köp adamlaryň gulagyna hoş ýakmaýar. Biz uly betbagtçylykda soňky höküm habaryny aýdarys. Şol habar adamlar üçin juda elhenç bolar (Ylh. 16:21).

PYGAMBERLIGIŇ ÝERINE ÝETMEGINE GOŞANT GOŞALYŇ

20. Indiki iki makalada näme hakda gürrüň ederis?

20 Biz Ylham kitabyndaky pygamberlikleriň ýerine ýetmegine goşant goşýarys (Ylh. 1:3). Biz şu makalada Şeýtanyň ýowuz yzarlamalaryna döz gelýändigimiz we hoş habary hem-de höküm habaryny batyrgaýlyk bilen wagyz edýändigimiz hakda bildik. Indiki iki makalada bolsa, Ylham kitabynda ýazylan Hudaýyň duşmanlary we aljak bereketlerimiz baradaky pygamberliklere serederis. Pygamberlikleriň ýerine ýetýändigini bilsek, Ýehowa soňuna çenli wepaly bolarys.

32-NJI AÝDYM Ýehowanyň tarapyna geçiň

^ Biz Ylham kitabyndaky pygamberlikleriň ýerine ýetýän döwründe ýaşaýarys. Pygamberlikler bize nähili täsir edýär? Biz şu we indiki iki makalada Ylham kitabyndaky pygamberlikler hakda gürrüň ederis. Şeýle-de Hudaýa arassa sežde etmek üçin näme etmelidigini bileris.

^ «Okyjylaryň sowallaryny» okap bilersiňiz (w14 15/11 sah. 29).