Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

21-NJI MAKALA

Ylham kitabynda gelejek hakda nähili pygamberlik aýdylýar?

Ylham kitabynda gelejek hakda nähili pygamberlik aýdylýar?

«Omyn! Gel, Halypam Isa!» (Ylh. 22:20).

142-NJI AÝDYM Umyda berk ýapyşalyň

MAZMUNY *

1. Adamlaryň öňünde nähili saýlaw dur?

 SIZ kime tabyn bolýarsyňyz? Älemiň hökümdary Ýehowamy ýa-da zalym duşman Şeýtan Iblise? Adamlar şu ikisiniň birini saýlamaly, sebäbi üçünji saýlaw ýok. Siziň gelen kararyňyz bütin ömrüňize täsir eder (Mat. 25:31—33, 46). Uly betbagtçylykda Ýehowa gulak asan adamlar halas bolar, gulak asmadyklar bolsa heläk bolar (Ylh. 7:14; 14:9—11; Hyz. 9:4, 6).

2. a) Ýewreýler 10:35—39-njy aýatlar näme etmäge höweslendirýär? b) Ylham kitabyndaky pygamberliklere düşünmekligiň nähili peýdasy bar?

2 Ýewreýler 10:35—39-njy aýatlary okaň. Eger siz Ýehowanyň hökümdarlygyny goldamagy ýüregiňize düwen bolsaňyz, onda paýhasly karara gelipsiňiz. Indi siz adamlara dogry karara gelmäge kömek etmek isleýänsiňiz. Size Ylham kitabyndaky pygamberlikler kömek eder. Ol kitapda Ýehowanyň duşmanlarynyň ýok ediljekdigi we Hudaýa wepaly adamlaryň bereket aljakdygy ýazylan. Biz Ylham kitabyndaky pygamberliklere düşünsek, Ýehowa soňky demimize çenli wepaly bolarys. Şeýle-de biz adamlara dogry karara gelmäge we şoňa görä ýaşamaga kömek ederis.

3. Şu makalada haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

3 Makalada şu soraglaryň jogabyny bileris: Hudaýyň Patyşalygyna ýürekden tabyn bolýan adamlara nähili bereket garaşýar? Gyrmyzy reňkli wagşy haýwany goldaýan adamlara näme bolar?

ÝEHOWA WEPALY ADAMLARA NÄME BOLAR?

4. Ýahýa Isa Mesih bilen höküm sürjek haýsy topary görýär?

4 Ýahýa resul Ýehowanyň hökümdarlygyna tabyn boljak we ebedi ýaşaýyş sylagyny aljak iki topary görýär. Birinji topar 144 000 adamdan ybarat (Ylh. 7:4). Olar Hudaýyň Patyşalygynda Isa Mesih bilen höküm sürmek üçin ýer ýüzünden saýlandy (Ylh. 5:9, 10; 14:3, 4). Ýahýa resul olaryň Isa Mesih bilen bile Sion dagynda durandygyny görýär (Ylh. 14:1).

5. Ýer ýüzünde ýaşaýan saýlanan mesihçilere tizden näme bolar?

5 Asyrlarboýy müňlerçe adamlar 144 000-leriň hataryna goşulmak üçin ýer ýüzünden saýlandy (Luka 12:32; Rim. 8:17). Ýahýa resul soňky günlerde şol toparyň az sanlysynyň ýer ýüzünde ýaşajakdygyny aýtdy. Uly betbagtçylygyň öň ýany Ýehowa olardan razy bolup, soňky möhürini basar (Ylh. 7:2, 3; 12:17). Uly betbagtçylykda saýlanan mesihçiler göge alnar we 144 000-leriň hataryna goşular. Olar Hudaýyň Patyşalygynda Isa Mesih bilen bile hökümdarlyk ederler (Mat. 24:31; Ylh. 5:9, 10).

6, 7. a) Ýahýa resul başga haýsy topary görýär we ol topara kimler degişli? b) Näme üçin iki topar hem Ylham 7-nji bapdaky pygamberligiň ýerine ýetmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýar?

6 Ýahýa resul gökde ýaşajak topary görenden soň «uly märekäni» hem görýär. Gökdäki toparyň sany 144 000-di, emma uly märekäniň san-sajagy ýokdy (Ylh. 7:9, 10). Uly märeke kim? Ýahýa resul: «Olar uly betbagtçylykdan geçenler, olar eşiklerini Guzynyň gany bilen ýuwup, ap-ak etdiler» diýdi (Ylh. 7:14). Uly betbagtçylykdan sag-aman geçjek uly märeke ýer ýüzünde boljak Jennetde ebedi ýaşar (Zeb. 37:9—11, 27—29; Nak. 2:21, 22; Ylh. 7:16, 17).

7 Gökde ýa-da ýerde ýaşamaga umyt edýän adamlar Ylham kitabynyň 7-nji babyndaky pygamberligiň ýerine ýetjekdigine ýürekden ynanmaly. Sebäbi gelejekde saýlanan mesihçiler hem, uly märeke hem Hudaýyň Patyşalygyna tabyn bolandygyna örän begenerler. Ylham kitabynda uly betbagtçylyk hakda ýene nähili pygamberlik ýazylan? (Mat. 24:21).

ÝEHOWANYŇ DUŞMANLARYNA NÄME BOLAR?

8. Uly betbagtçylyk haçan başlar we köp adamlar nähili karara geler?

8 Geçen makalada syýasy guramalaryň Beýik Wawilonyň, ýagny ýalan dinleriň üstüne topuljakdygy hakda gürrüň edipdik (Ylh. 17:16, 17). Şonda uly betbagtçylyk başlar. Şol döwür köp adamlar Ýehowa sežde etmek kararyna gelerlermi? Ýok! Ylham kitabynyň 6-njy babyna görä, olar daga meňzedilýän syýasy we söwda-satyk guramalaryndan pena gözlärler. Şeýdip, olar Hudaýyň gökdäki Patyşalygyna tabyn bolman, Ýehowanyň duşmany bolarlar (Luka 11:23; Ylh. 6:15—17).

9. Uly betbagtçylykda Hudaýyň duşmanlary näme eder we näme üçin?

9 Uly betbagtçylyk başlanda Ýehowanyň wepaly bendeleri adamlardan düýbünden tapawutlanar. Olar «wagşy haýwany» goldamaýan we Ýehowa sežde edýän ýeke-täk topar bolar (Ylh. 13:14—17). Olaryň berk imanyny görüp, Ýehowanyň duşmanlary gahar atyna atlanar. Şeýlelikde, milletleriň üýşmegi bütin ýer ýüzünde ýaşaýan Hudaýyň halkyna hüjüm eder. Mukaddes Kitapda şol hüjüme Mäjit ýurdundaky Äjidiň hüjümi diýilýär (Hyz. 38:14—16).

10. Ylham 19:19—21-nji aýatlara görä, Ýehowa halkyny nädip gorar?

10 Ýehowa halkyna hüjüm edilýändigini görende «gaharym ot bolup tutaşar» diýer (Hyz. 38:18, 21—23). Ylham kitabynyň 19-njy babynda Ýehowanyň halkyny goramak we duşmanlaryny ýok etmek üçin Ogluny iberjekdigi hakda pygamberlik edilen. Hudaýyň Ogly Isa Mesih wepaly perişdeler we 144 000 saýlanan mesihçiler bilen bilelikde söweşe çykar (Ylh. 17:14; 19:11—15). Olar Ýehowa Hudaýa garşy çykan ähli adamlary we guramalary ýok eder (Ylham 19:19—21-nji aýatlary okaň).

SÖWEŞDEN SOŇ BOLJAK TOÝ

11. Ylham kitabynda nähili şatlykly waka hakda aýdylýar?

11 Uly betbagtçylykda Hudaýyň duşmanlary ýok ediler, wepaly adamlar aman galar. Şonda olar begenip Ýehowa alkyş aýdarlar. Ylham kitabynda Beýik Wawilon ýok edilende gökde uly şatlygyň boljakdygy aýdylýar (Ylh. 19:1—3). Soňra «Guzynyň toýy» başlanar we gökde has uly şatlyk bolar (Ylh. 19:6—9).

12. Ylham 21:1, 2-nji aýatlara görä, «Guzynyň toýy» haçan bolar?

12 «Guzynyň toýy» haçan bolar? Armageddon söweşi başlanmanka 144 000 saýlanan mesihçileriň ählisi gökde jemlener, emma şol wagt «Guzynyň toýy» bolmaz (Ylham 21:1, 2-nji aýatlary okaň). «Guzynyň toýy» Armageddon söweşinde Hudaýyň duşmanlary ýok edilenden soň bolar (Zeb. 45:3, 4, 13—17).

13. «Guzynyň toýy» nädip geçiriler?

13 «Guzynyň toýy» nädip geçiriler? Öýlenjek ýigit bilen gyzyň nikadan geçişi ýaly, Patyşa Isa Mesih bilen gelni, ýagny 144 000-ler göçme manyda nikalaşar. Şeýlelikde, olar ýer ýüzüniň üstünden 1 000 ýyl höküm sürer (Ylh. 20:6).

ŞAN-ŞÖHRATLY ŞÄHER BEREKET BERER

Ylham 21-nji bapda «Hudaýyň ýanyndan aşak inip gelýän... Täze Iýerusalim» hakda ýazylan. Hudaýyň Patyşalygynyň Müňýyllyk hökümdarlygynda «Täze Iýerusalim» adamlara köp bereketleri eçiler (14—16-njy abzaslara serediň).

14, 15. Ylham 21-nji bapda 144 000-ler nämä meňzedilýär? (Daşky sahypadaky surata serediň).

14 Ylham 21-nji bapda 144 000-ler «Täze Iýerusalim» diýip atlandyrylýar we owadan şähere meňzedilýär (Ylh. 21:2, 9). Şäheriň düýbi 12 daşdan tutulan we her daşyň ýüzüne «Guzynyň 12 resulynyň ady ýazylan». Ýahýa resul daşlaryň birinde öz adyny görüp örän begenendir we başy göge ýetendir (Ylh. 21:10—14; Efes. 2:20).

15 «Täze Iýerusalim» beýleki şäherlerden düýbünden tapawutlanýardy. Şäheriň şaýoly sap altyndandy, derwezeleri merjendendi we diwarynyň düýbi gymmatbaha daşlar bilen bezelendi. «Şäher dörtburç şekildedi, uzynlygy ini bilen deňdi» (Ylh. 21:15—21). Emma Ýahýa resul şäherde bir zadyň ýokdugyna üns berýär. Ol şeýle diýýär: «Men şäherde ybadathana görmedim, sebäbi onuň ybadathanasy Gudratygüýçli Hudaý Ýehowa we Guzudy. Şähere Günüň şöhlesi, Aýyň ýagtysy gerek däldi, sebäbi Hudaýyň şöhraty şähere ýagty saçýardy, çyrasy bolsa Guzudy» (Ylh. 21:22, 23). Aýatda Ýehowa bilen Isa näme üçin «ybadathana» meňzedilýär? 144 000-lere Hudaýyň huzuryna barmak üçin ybadathana gerek bolmaz, sebäbi «olar Hudaýyň ýüzüni görerler» we Baş ruhany Isa Mesih arkaly Hudaýa mukaddes gullugy berjaý ederler (Ýew. 7:27; Ylh. 22:3, 4).

«Derýanyň suwy» we «ýaşaýyş agaçlarynyň ýapraklary» kimlere melhem bolar? (16, 17-nji abzaslara serediň).

16. Hudaýyň Patyşalygynyň Müňýyllyk hökümdarlygynda gulak asýan adamlar nähili bereket alar?

16 Saýlanan mesihçiler hem, ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýän adamlar hem «Täze Iýerusalim» hakda oýlananlarynda ýürekleri şatlykdan dolýar. Hudaýyň Patyşalygynyň Müňýyllyk hökümdarlygynda «Täze Iýerusalim» adamlara köp bereketleri eçiler. Ýahýa resul şäheriň ortasyndan ýaşaýyş berýän suwuň akýandygyny, suwuň iki tarapynda ýaşaýyş agaçlarynyň pajarlap ösýändigini we agajyň ýapraklarynyň adamlara melhem berýändigini görýär (Ylh. 22:1, 2). Ýer ýüzünde ebedi ýaşajak adamlar şu sözleriň ýerine ýetýändigini gözi bilen görerler. Olar tut ýaly sagdyn bolar, «indi... ne hasrat, ne agy, ne-de agyry bolar» (Ylh. 21:3—5). Hudaýa gulak asýan adamlar kämil bolar.

17. Ylham 20:11—13-nji aýatlara görä, Hudaýyň Patyşalygy kimlere bereket berer?

17 Hudaýyň Patyşalygy kimlere bereket berer? Armageddondan sag-aman geçjek adamlar we täze dünýäde doguljak çagalar bereket alarlar. Ylham kitabynyň 20-nji babynda ölen adamlaryň hem direljegi pygamberlik edilýär (Ylham 20:11—13-nji aýatlary okaň). Täze dünýäde hem «dogruçyllar», hem «erbetler» direler. Dogruçyllara Hudaýa wepaly bolup ölen adamlar, erbetlere bolsa Hudaýy tanamaga mümkinçiligi bolmadyk adamlar degişli (Res. 24:15; Ýah. 5:28, 29). Hudaýyň Müňýyllyk hökümdarlygynda ähli ölen adamlar direlermi? Ýok! Ýehowa sežde etmäge mümkinçiligi bolan, emma Oňa bilgeşleýin tabyn bolmadyk adamlar Jennetde ebedi ýaşamak üçin direlmez (Mat. 25:46; 2 Sel. 1:9; Ylh. 17:8; 20:15).

SOŇKY SYNAG

18. Müňýyllyk hökümdarlygyň soňunda näme bolar?

18 Müňýyllyk hökümdarlygyň soňunda ähli adamlar kämillige ýeter. Adamlar günäniň gulçulygyndan azat bolarlar we Adam atadan geçen günäden nam-nyşan galmaz (Rim. 5:12). Hawa, 1 000 ýylyň soňunda ähli adamlar ebedi ýaşarlar (Ylh. 20:5).

19. Müňýyllyk hökümdarlygyň soňunda adamlary synamaga Şeýtana näme üçin ýol berler?

19 Şeýtan Isa pygamberi synady, emma ol Hudaýa wepaly bolup imanyndan dänmedi. Müňýyllyk hökümdarlygyň soňunda Şeýtan düýpsüz çuňlukdan boşadylar (Ylh. 20:7). Şonda ol ähli kämil adamlary synar. Adamlar Ýehowanyň hökümdarlygyna tabyn bolarmy ýa-da Şeýtanyň tarapyna geçer? Gelejekde her bir adam belli bir karara gelmeli bolar. Hudaýa wepaly bolan adamlar doly azatlyga çykarlar we ebedi ýaşaýşy sylag alarlar (Rim. 8:21). Hudaýa garşy çykan adamlar bolsa, Şeýtan we onuň jynlary bilen bilelikde ebedilik ýok ediler (Ylh. 20:8—10).

20. Ylham kitabyndaky pygamberlikleri öwrenmegiň nähili peýdasy bar?

20 Ylham kitabyndaky pygamberlikleri öwrenmek imanyňy berkidýär. Biz pygamberlikleriň ýerine ýetmegine goşant goşýandygymyza örän begenýäris. Şeýle-de akýürekli adamlara hem hak Hudaýy tanamaga kömek etmek isleýäris (Ylh. 22:17). Hawa, gelejekde ýerine ýetjek pygamberlikler hakda bilmek diýseň ruhlandyrýar. Biziň ählimiz Ýahýa resulyň: «Omyn! Gel, Halypam Isa!» diýen sözlerine goşulýarys (Ylh. 22:20).

27-NJI AÝDYM Hudaýyň perzentleri äşgär bolar

^ Şu Ylham kitabyndaky pygamberlikleri düşündirýän üç makalanyň soňkusy. Makalada Hudaýa wepaly adamlaryň bereket aljakdygy we Onuň duşmanlarynyň ýok ediljekdigi hakda gürrüň ederis.