Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

21-NJI MAKALA

Ýehowa dogalary eşidýän Hudaý

Ýehowa dogalary eşidýän Hudaý

«(Hudaý) dilegimizi eşidýän bolsa, diýmek, ondan dilän zadymyzy hem alarys» (1 Ýah. 5:15).

41-NJI AÝDYM Dilegimi eşit

MAZMUNY a

1, 2. Doga-dileg bilen bagly nähili soraglar döräp biler?

 DÜNÝÄNIŇ dört künjeginde ýaşaýan dogan-uýalar agyr kynçylyklary başdan geçirýärler. Olar Ýehowa ýalbaryp doga edýärler, ýöne kynçylyklary aýrylmansoň dogalary jogapsyz galýan ýaly bolup görünýär. Siz hem yzy üzülmeýän kynçylyklar bilen göreşýärsiňizmi? Doga-dilegleriňiz jogapsyz galýan ýaly bolup görünýärmi?

2 Biz makalada şu soraglaryň jogabyny bileris: Ýehowanyň wepaly bendeleriniň dogalaryna jogap berýändigine näme üçin ynamly bolup bileris? (1 Ýah. 5:15). Näme üçin käte dogalarymyz jogapsyz galýan ýaly görünmegi mümkin? Ýehowa dogalarymyza nädip jogap berýär?

ÝEHOWA DOGALARYMYZA HEMIŞE ISLEÝŞIMIZ ÝALY JOGAP BERMEÝÄR

3. Ýehowa näme üçin doga etmegimize garaşýar?

3 Mukaddes Kitapda Ýehowanyň bizi söýýändigi we gymmatly dürdäne hasaplaýandygy ýazylan (Hag. 2:7; 1 Ýah. 4:10). Hak Alla kyn ýagdaýlara düşenimizde doga etmegimize garaşýar (1 Pet. 5:6, 7). Ol biziň synaglara döz gelip, wepaly bolmagymyzy isleýär.

Ýehowa Dawut pygamberi duşmanlaryndan halas etdi. Şeýdip, Ol wepaly bendesiniň dilegine jogap berdi (4-nji abzasa serediň).

4. Ýehowanyň wepaly bendeleriniň dogalaryna jogap berýändigini nireden bilýäris? (Surata serediň).

4 Mukaddes Kitapda Ýehowanyň wepaly bendeleriniň dogalaryna jogap berendigi ýazylan. Duşmanlar Dawut pygamberi ençeme sapar öldürjek boldular. Şonda ol Ýehowa ýalbaryp doga edýär. Bir gezek ol: «Eý Ýehowa, dogamy eşit, perýadymy diňle. Maňa jogap ber, sebäbi sen wepaly hem adalatly» diýip doga etdi (Zeb. 143:1). Ýehowa hem onuň dogasyna jogap berdi (1 Şam. 19:10, 18—20; 2 Şam. 5:17—25). Şonuň üçin Dawut ynam bilen: «Ýehowa... ýürekden çagyrýanlaryň ählisine ýakyndyr» diýdi. Biz hem Ýehowanyň dogalarymyzy eşidýändigine şübhelenmän bileris (Zeb. 145:18).

Pawlus resula bolsa derdine döz gelmäge güýç berdi. Şeýdip, Ol wepaly bendesiniň dilegine jogap berdi (5-nji abzasa serediň).

5. Ýehowa dogalarymyza hemişe isleýşimiz ýaly jogap berýärmi? Mysal getiriň. (Surata serediň).

5 Ýehowa biziň dogalarymyza isleýşimiz ýaly jogap bermezligi mümkin. Pawlus resul bilen hem şeýle bolupdy. Ol Ýehowa üç gezek ýalbaryp, «bedenindäki tikeni» aýyrmagy haýyş edýär. Ol biynjalyk edýän zadyny Hudaýa jikme-jik gürrüň berýär. Ýehowa onuň dogasyna jogap berdimi? Hawa! Ýehowa onuň kynçylygyny aýyrmady, ýöne göreşer ýaly güýç berdi hem-de wepaly bolmaga kömek etdi (2 Kor. 12:7—10).

6. Näme üçin käte dogalarymyza jogap berilmeýän ýaly görünmegi mümkin?

6 Käte Hudaý doga-dileglerimize garaşmaýan jogabymyzy berip biler. Sebäbi Ýehowa bize nähili kömegiň gerekdigini gowy bilýär. Mukaddes Kitapda: «Hudaý dileýän we düşünýän zatlarymyzdan-da has köp zatlary edip bilýär» diýilýär (Efes. 3:20). Hawa, Ýehowa biziň doga-dileglerimize garaşmaýan wagtymyz we dürli usullar bilen jogap berýär.

7. Biz näme üçin doga-dileglerimizi üýtgetmäge taýýar bolmaly?

7 Ýehowanyň bizden nämä garaşýandygyna düşünsek, doga-dileglerimizi üýtgetmäge taýyn bolarys. Geliň, Martin Pýotsinger dogan hakda gürrüň edeliň. Martiniň öýlenenine köp wagt geçmändi. Ony tussag edip, konslagere iberýärler. Ol başda Ýehowa: «Haýyş edýärin, meni azatlyga çykar!» diýip doga edýär. Şeýdip, ol maşgalasyna gowşup, yhlasly wagyz etmek isleýärdi. Şondan iki hepde geçýär, ýöne Martin dogasyna jogap almaýar. Soňra ol Ýehowa: «Atam, maňa islegiňe düşünmäge kömek et» diýip doga edýär. Martin konslagerdäki doganlaryň ýagdaýy hakda oýlanyp başlaýar. Olar hem aýalynyň we çagalarynyň aladasyny edip ruhdan düşýärdiler. Martin Ýehowanyň özünden nämä garaşýandygyna düşünýär we dogasyny üýtgedýär. Martin şeýle doga edýär: «Ýehowa, tabşyran ýumşuň üçin köp sag bol! Maňa doganlarymy ruhlandyrmaga kömek et». Şeýlelikde, Martin dokuz ýylyny konslagerde geçirýär we doganlaryň imanyny berkidýär.

8. Biz doga edenimizde nämäni unutmaly däl?

8 Biz Ýehowanyň niýetini bellän wagtynda amala aşyrjakdygyny unutmaly däl. Ol adamzat durmuşyna awy gatan tebigy betbagtçylygy, keselçiligi we ölümi köki-damary bilen aýyrmak isleýär. Ol muny Patyşalygy arkaly eder (Dan. 2:44; Ylh. 21:3, 4). Ýöne Ýehowa häzir Şeýtanyň höküm sürmegine ýol berýär b (Ýah. 12:31; Ylh. 12:9). Ýehowa adamlaryň kynçylyklaryny häzirden aýyrsa, Şeýtan gowy hökümdarlyk edýän ýaly görner. Şonuň üçin biz Ýehowanyň niýetiniň amala aşjak gününe sabyrly garaşmaly. Geliň, häzir Ýehowanyň nähili usullar bilen kömek edýändigi hakda gürrüň edeliň.

ÝEHOWA DOGALARYMYZA NÄDIP JOGAP BERÝÄR?

9. Ýehowa paýhasly karara gelmäge nädip kömek edýär?

9 Ýehowa akyldarlyk berýär. Biz durmuşda wajyp kararlara gelmeli bolýarys. Esasanam, maşgala gurmak ýaly bütin ömrüňe täsir edýän kararlara gelmek üçin akyldarlyk gerek bolýar (Ýak. 1:5). Pioner uýa Mariýa c hakda gürrüň edeliň. Ol bir dogan bilen tanyşýar. Mariýa şeýle gürrüň berýär: «Biziň tanyşlygymyz dostluga ýazdy we biri-birimizi halap başladyk. Men wajyp karara gelmelidigime düşünýärdim we Ýehowa ençeme sapar doga etdim. Şeýle-de Ýehowanyň maňa derek karara gelmejegini bilýärdim». Ýehowa Mariýanyň dogasyna jogap berýär. Nädip? Mariýa edebiýatlardan gözleg geçirýär we tüýs özüne gerek makalalary tapýar. Imany berk ejesi hem oňa peýdaly maslahatlary berýär. Şeýlelikde, Mariýa ýüregini barlap, paýhasly karara gelýär.

Ýehowa kynçylyklara çydamaga nädip güýç berýär? (10-njy abzasa serediň).

10. Filipililer 4:13-e görä, Ýehowa dogamyza nädip jogap berýär? Mysal getiriň. (Surata serediň).

10 Ýehowa kynçylyklara çydamaga güýç berýär. Ol Pawlus resuly goldaýşy ýaly, bize-de kömek edýär (Filipililer 4:13-i okaň). Geliň, Ýehowanyň kömegi bilen agyr kynçylyga döz gelen Benjamin hakda gürrüň edeliň. Ol ýaş wagty maşgalasy bilen Afrikadaky bosgunlaryň lagerinde ýaşaýar. Benjamin şeýle diýýär: «Men Ýehowa: „Seni razy edip ýaşamaga kömek et“ diýip, her gün doga edýärdim. Ýehowa dogama jogap berdi. Ol kalbyma rahatlyk, wagyz eder ýaly batyrgaýlyk we imanymy berkider ýaly edebiýatlary berdi. Men edebiýatlardan kyn ýagdaýlara döz gelen dogan-uýalaryň wakasyny okanymda imanym has-da berkeýärdi».

Ýehowa dogan-uýalar arkaly nädip kömek edýär? (11, 12-nji abzaslara serediň) d.

11, 12. Ýehowa biziň dogalarymyza dogan-uýalar arkaly nädip jogap berýär? (Surata serediň).

11 Ýehowa dogan-uýalar arkaly kömek edýär. Isa pygamber ölmeziniň öň ýanyndaky gijesi: «Atam... şu käseden içirme» diýip doga edýär. Sebäbi ol Atasynyň adyna dil ýetirýän jenaýatçy hökmünde höküm edilmek islemeýärdi. Ýehowa Isa pygamberiň dilegine üýtgeşik ýol bilen jogap berýär. Ol perişdesini iberip, Isany ruhlandyrýar (Luka 22:42, 43). Edil şonuň ýaly, Ýehowa dogan-uýalar arkaly bizi ruhlandyrýar. Käte imandaşlarymyz jaň edip ýa-da myhmançylyga gelip, biziň göwnümizi galkyndyrýar. Geliň, bizem «hoş söz» aýdyp dogan-uýalary ruhlandyralyň (Nak. 12:25).

12 Mariýam uýanyň söwer ýary aradan çykýar. Bir güni Mariýam öýde ýeke özüdi. Ol birine ýüregini dökesi gelýär, ýöne dogan-uýalara jaň etmäge ysgyn-mydary ýokdy. Mariýam ruhdan düşüp, ajy hasrata döz gelip bilmän aglap başlaýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men aglap Ýehowa doga edip otyrdym welin, birdenkä jaň geldi. Telefony alsam, ýaşuly dogan bilen aýaly hal-ýagdaýymy soramak üçin jaň eden ekeni. Olar biziň ýakyn dostumyzdy. Şonda men Ýehowanyň ýaşuly dogana jaň etdirendigine düşündim».

Ýehowa iman etmeýän adamlar arkaly nädip goldaýar? (13, 14-nji abzaslara serediň).

13. Ýehowa halkynyň doga-dilegine iman etmeýän adamlar arkaly nädip jogap berýär? Mysal getiriň.

13 Ýehowa iman etmeýän adamlar arkaly kömek edýär (Nak. 21:1). Ol biziň dogalarymyza hakykaty bilmeýän adamlar arkaly jogap berýär. Meselem, Ýehowa Nehemýanyň dilegine Ardaşir patyşa arkaly jogap berýär. Patyşa Nehemýa Iýerusalime gidip şäheriň diwarlaryny dikeltmäge rugsat berýär (Neh. 2:3—6). Şu günler hem Ýehowa iman etmeýän adamlar arkaly bize gerekli goldawy berýär.

14. Sýu Hing uýa bilen bolan wakadan näme öwrendiňiz? (Surata serediň).

14 Geliň, Sýu Hing uýa hakda gürrüň edeliň. Onuň ogly psihiki keselden ejir çekýär. Bir gün onuň ogly belent ýerden ýykylyp, agyr ýaralanýar. Şonda Sýu Hing we äri ogluna seretmek üçin işden çykýar. Şeýlelikde, olar pulsuzlykdan kösenýär. Sýu Hing uýa: «Ýehowa, men indi çydamok, kömek et!» diýip doga edýär. Ogluna seredýän lukman olaryň kösenýändigini görüp kömek etmek isleýär. Soňra olara döwlet tarapyndan pul we jaý berilýär. Sýu Hing uýa: «Ýehowanyň eli gysga däl ekeni. Ol „dogalary eşidýän Hudaý“» diýýär (Zeb. 65:2).

HUDAÝA IMAN BILEN DOGA EDIŇ

15. Ýoko uýa Ýehowanyň dogalaryna jogap berendigine nädip göz ýetirdi?

15 Ýehowa edýän dogalarymyza hemişe gudrat bilen jogap bermese-de, Ol biziň dileglerimizi eşidýär we wepaly galmaga kömek edýär. Şonuň üçin doga-dileglerimize Ýehowanyň jogap berýändigini görjek bolalyň. Ýoko uýa: «Ýehowa dogalaryma jogap bermeýär» diýip pikir edýärdi. Bir gün ol edýän dogalaryny depdere ýazýar we biraz wagt geçensoň depderine ýazan belliklerini okaýar. Ýokonyň eden käbir dilegleri ýadyndan çykan ekeni, emma Ýehowa onuň dogalarynyň köpüsine jogap beripdir. Geliň, biz hem wagtal-wagtal yzymyza ser salyp, Ýehowanyň doga-dileglerimize berýän jogabyny görjek bolalyň (Zeb. 66:19, 20).

16. Biz näme üçin Ýehowa iman bilen doga etmeli? (Ýewreýler 11:6).

16 Ýehowa doga etmek üçin iman gerek. Ýöne Ýehowanyň berýän jogabyny kabul etmek üçin has köp iman gerek (Ýewreýler 11:6-ny okaň). Är-aýal Maýk bilen Kristina Beýtelde gulluk etmek isleýärdi. Maýk: «Biz Beýtelde gulluk etmek üçin birnäçe sapar arza ýazdyk. Maksadymyz barada Ýehowa köp doga etdik. Ýöne bizi Beýtele çagyrmadylar» diýýär. Emma olar ruhdan düşmediler we Ýehowa bil bagladylar. Maýk bilen Kristina Ýehowa nirä iberse, şol ýerde gitmäge taýyndylar. Şol sebäpli olar pioner bolup wagyzçylaryň az ýerinde gulluk etdiler we guramanyň gurluşyk işlerine gatnaşdylar. Häzir Maýk bilen aýaly etrap gözegçisi bolup gulluk edýär. Maýk şeýle gürrüň berýär: «Ýehowa edýän dogalarymyza hemişe isleýşimiz ýaly jogap bermeýär, sebäbi bize nämäniň gowy boljakdygyny bilýär. Ol dogalarymyzy jogapsyz hem goýmaýar. Ýehowa bize ýatsak-tursak kellämize gelmejek bereketleri berýär».

17, 18. Zebur 86:6, 7-nji aýatlara görä, biz nämä ynamly bolup bileris?

17 Zebur 86:6, 7-nji aýatlary okaň. Dawut pygamber Ýehowanyň dogalaryna jogap berýändigine asla şübhelenmeýärdi. Bizem Dawut pygamberiň göreldesine eýerip bileris. Makalada ýazylan wakalar Ýehowanyň dogalarymyza jogap berýändigini subut edýär. Ol dogalarymyza nädip jogap berýär? Allatagala bize akyldarlyk berýär, kynçylyklara çydamaga güýç berýär we dogan-uýalar, iman etmeýän adamlar arkaly gerekli goldawy berýär.

18 Ýehowa biziň dogalarymyza hemişe isleýşimiz ýaly jogap bermeýär, emma jogapsyz hem goýmaýar we tüýs wagtynda gerekli kömegi berýär. Şonuň üçin Ýehowa iman bilen doga edeliň. Onuň şu günler aladamyzy etjekdigine we geljekde bol bereket berjekdigine şübhelenmäliň (Zeb. 145:16).

46-NJY AÝDYM Ýehowa şükür

a Ýehowanyň islegine görä doga etsek, Ol hökman jogap berer. Ýehowa bize synaglarda wepaly bolmaga kömek etmek isleýär. Şu makalada Ýehowanyň doga-dileglerimize nädip jogap berýändigine serederis.

b Ýehowanyň näme üçin Şeýtana höküm sürmäge ýol berýändigi hakda köpräk bilmek üçin «Ünsümizi Ýehowanyň hökümdarlygynyň aklanmagyna gönükdireliň» diýen makalany okaň (w17.06).

c Käbir atlar üýtgedildi.

d SURAT: ejeli-gyz öýüni goýup, daşary ýurda gitmeli bolýar. Dogan-uýalar olary güler ýüz bilen garşy alýar we gerekli kömegi berýär.