Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

20-NJI MAKALA

Doga-dilegleriňiz ýürekden çyksyn!

Doga-dilegleriňiz ýürekden çyksyn!

«Hudaýa... ýüregiňizi döküň» (Zeb. 62:8).

45-NJI AÝDYM Ýüregimiň oý-pikirleri

MAZMUNY a

Biz Ýehowa islendik ýerde we islendik wagty doga-dileg edip bilýäris (1-nji abzasa serediň).

1. Ýehowa biziň näme etmegimizi isleýär? (Surata serediň).

 BIZ kynçylyklar sebäpli ruhdan düşenimizde hak Alla ýalbaryp doga edýäris. Biz Onuň doga-dilegimize jogap berjekdigine şübhelenmeýäris. Ýehowa Hudaý biziň doga-dileg etmegimizi isleýär. Mukaddes Kitapda: «Hemişe doga-dileg ediň» diýilýär (1 Sel. 5:17). Biz Ýehowa islendik ýerde, islendik wagty doga-dileg edip bilýäris (Nak. 3:5, 6). Ol näçe sapar doga etmelidigi hakda belli bir çäk goýmaýar.

2. Makalada näme hakda gürrüň ederis?

2 Biz Ýehowa doga-dileg etmegi uly hormat hasaplaýarys, emma käte doga etmek üçin wagt tapmak kyn bolýar. Käte bolsa özümizi ýürekden doga etmeýän ýaly duýmagymyz mümkin. Mukaddes Kitapda şu babatda gowy maslahat berilýär. Geliň, Isa pygamberiň göreldesine eýerip, doga etmek üçin nädip wagt tapmalydygyny we ýürekden doga etmek üçin näme etmelidigini bileliň.

ISA PYGAMBERIŇ GÖRELDESINE EÝERIŇ

3. Isa pygamber şägirtlerine näme üçin hemişe doga etmelidigini aýtdy?

3 Isa pygamber Ýehowa doga-dileg etmegi uly hormat hasaplaýardy. Ol Ýehowanyň doga-dilegleri diňleýändigini bilýärdi. Isa pygamber gökde wagty Hanna, Dawut we Ylýas ýaly hudaýhon adamlaryň dogalaryna Ýehowanyň jogap berendiginiň şaýady bolupdy (1 Şam. 1:10, 11, 20; 1 Pat. 19:4—6; Zeb. 32:5). Şol sebäpli Isa pygamber şägirtlerine iman edip, hemişe doga etmegi öwretdi (Mat. 7:7—11).

4. Isa pygamber doga-dileg etmek babatda nähili görelde galdyrdy?

4 Isa pygamber doga etmek babatda şägirtlerine gowy görelde galdyrdy. Ol hemişe Atasyna doga edýärdi. Isa şäher-şäher we oba-oba aýlanyp hoş habary wagyz edýärdi. Şol sebäpli oňa doga etmek üçin wagt tapmak aňsat bolmaýardy (Mar. 6:31, 45, 46). Emma ol Atasyna doga etmek üçin säher bilen turýardy (Mar. 1:35). Bir sapar ol wajyp karara gelmek üçin uzak gije doga etdi (Luka 6:12, 13). Ölüminiň öň ýanyndaky gijesi bolsa Atasynyň tabşyran ýumşuny ýerine ýetirmek üçin gaýta-gaýta doga etdi (Mat. 26:39, 42, 44).

5. Biz doga etmek babatda Isa pygamberiň göreldesine nädip eýerip bileris?

5 Biz näçe işli bolsak-da, Isa pygamberiň göreldesine eýerip, Ýehowa doga-dileg etmek üçin wagt tapmaly. Belki-de, doga etmek üçin säher bilen turarys ýa-da gijräk ýatarys. Şeýdip, Ýehowa doga-dileg etmegi uly hormat saýýandygymyzy görkezeris. Geliň, Linda uýa hakda gürrüň edeliň. Ol Hudaýyň dogalary diňleýändigini bilende örän begenýär we şeýle gürrüň berýär: «Men islendik wagty doga edip bolýandygy hakda bilenimde, Ýehowa bilen ýakyndan dostlaşdym. Men ýürekden doga etmek üçin aýtjak her bir sözüm hakda oýlanmalydygyma düşündim». Biziň köpümiz şeýle duýgulary başdan geçirendiris. Geliň, häzir haýsy bäş zat hakda doga etmelidigini bileliň.

ÝÜREKDEN DOGA ETMÄGE KÖMEK EDÝÄN BÄŞ ZAT

6. Ýahýa resulyň gören görnüşinden nämäni bilse bolýar? (Ylham 4:10, 11).

6 Ýehowa alkyş aýdyň. Ýahýa resul gökde 24 ýaşulynyň Ýehowanyň tagtynyň öňünde sežde edýändigini görýär. Olar Allatagalany wasp edip: «Sen şöhrata, hormata, alkyşa mynasypsyň!» diýýär (Ylham 4:10, 11-nji aýatlary okaň). Perişdeler Ýehowanyň huzurynda her gün hyzmat edýär we Ýaradany gowy tanaýar. Şeýle-de olar Ýehowanyň edýän işlerinden Onuň ýagşy häsiýetlerini görýär. Görşümiz ýaly, perişdelerde Ýehowany şöhratlandyrmaga ençeme sebäpler bar (Eýp. 38:4—7).

7. Doga-dileg edenimizde Ýehowa näme hakda alkyş aýdyp bileris?

7 Biz doga edenimizde Ýehowany şöhratlandyrmaly we Ony söýýändigimizi, hormat goýýandygymyzy aýtmaly. Biz Mukaddes Kitaby okanymyzda Ýehowanyň häsiýetlerini görjek bolmaly (Eýp. 37:23; Rim. 11:33). Şonda doga edenimizde Ýehowanyň haýsy häsiýetini gowy görendigimizi aýdyp bileris. Şeýle-de biziň we dogan-uýalaryň aladasyny edýändigi hem-de pena bolýandygy üçin Ýehowa alkyş aýtmaly (1 Şam. 1:27; 2:1, 2).

8. Biz näme üçin Ýehowa minnetdar bolmaly? (1 Selanikliler 5:18).

8 Ýehowa minnetdar boluň. Ýehowa minnetdar bolmak üçin bizde ençeme sebäpler bar (1 Selanikliler 5:18-i okaň). Mukaddes Kitapda Hudaýyň «her bir gowy we kämil sowgady» berendigi hakda ýazylan (Ýak. 1:17). Meselem, ol owadan Ýer şaryny, gözel tebigaty ýaratdy we bize ýaşaýyş demini, gelejege bolan umydy berdi. Şeýle-de biz hak Hudaýyň maşgala agzalarymyzy we dost-ýarlarymyzy penasynda aman saklaýandygy üçin, Oňa minnetdar bolup bileris. Galyberse-de, biziň bilen dostlaşýandygy üçin Ýehowa sag bolsun aýtmaly.

9. Biz näme üçin Ýehowanyň eden ýagşylyklary hakda oýlanmaly?

9 Ýehowa minnetdarlyk bildirip doga etmek üçin, Onuň eden ýagşylyklary hakda oýlanmaly. Biz gadyr bilmez adamlaryň arasynda ýaşaýarys. Olar baryna kaýyl bolman, öz bähbidine çapýar. Eger biz seresap bolmasak, olaryň täsirine düşeris we doga edenimizde Ýehowa minnetdar bolman, diňe öz isleg-arzuwlarymyzy aýdarys. Geliň, gadyr bilmez adamlara meňzemäliň! Her gün Ýehowanyň edýän ýagşylyklaryna minnetdar bolalyň (Luka 6:45).

Ýehowa minnetdar bolsak, kynçylyklara aňsatlyk bilen döz geleris (10-njy abzasa serediň).

10. Uýa keseline döz gelmäge näme kömek etdi? (Surata serediň).

10 Ýehowa minnetdar bolýan adamlara kynçylyklar bilen göreşmek aňsat bolýar. Geliň, 2015-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda çykan «Garawul diňi» žurnalynda ýazylan Kýuň-suk uýa hakda gürrüň edeliň. Lukmanlar onuň öýkeninde rak keseliniň bardygyny anyklaýarlar. Uýa şeýle gürrüň berýär: «Kesellemegim maňa gaty agyr degdi. Men hemme zadymy ýitiren ýaly boldum we gaty aljyradym». Uýa kesele döz gelmäge näme kömek etdi? Ol sözüni şeýle dowam edýär: «Men her gün agşam ýatmazdan öň jaýymyzyň üçegine çykyp, Ýehowa doga edip, onuň her günki maňa berýän bäş zadyna alkyş aýdýaryn. Şonda men köşeşýärin we Ýehowa bolan söýgimi bildirýärin». Kýuň-suk uýa eden dogalary nädip kömek etdi? Ol şeýle diýýär: «Ýehowanyň kyn günlerimde goldaýandygyna we görýän görgülerimden onuň berýän bereketleriniň köpdügine göz ýetirdim». Belki, biz hem Kýuň-suk uýa ýaly agyr kynçylyklary başdan geçirýändiris. Ýöne Ýehowa minnetdar bolmaga bizde ençeme sebäpler bar. Eger Ýehowanyň edýän ýagşylyklary üçin her gün minnetdar bolsak, biziň göwnümiz giňär we kalbymyz rahat bolar.

11. Isanyň şägirtleri näme üçin batyrgaý bolmalydy?

11 Batyrgaýlyk bilen wagyz etmek üçin Ýehowadan kömek soraň. Isa pygamber göge galmazyndan öň resullaryna «Iýerusalimde, tutuş Ýahudada, Samariýada we bütin ýer ýüzünde» wagyz etmegi tabşyrdy (Res. 1:8; Luka 24:46—48). Şondan köp wagt geçmänkä dini ýolbaşçylar Petrus bilen Ýahýany tutup Mejlisiň öňüne getirdiler. Olar resullara haýbat atdylar we wagyz etmegi gadagan etdiler (Res. 4:18, 21). Petrus bilen Ýahýa näme ederkä?

12. Resullar 4:29, 31-nji aýatlara görä, şägirtler näme etdiler?

12 Petrus bilen Ýahýa Mejlisiň agzalaryna şeýle diýdiler: «Oýlanyp görüň, Hudaýa gulak asmak dogrumy ýa-da size? Biz gören-eşidenlerimizi aýtman durup bilmeris» (Res. 4:19, 20). Soňra Petrus bilen Ýahýany boşadýarlar. Olar şägirtleriň ýanyna barýarlar we hemmesi bilelikde batly ses bilen Ýehowa: «Bize sözüňi batyrgaý wagyz etmäge kömek et» diýip, ýalbaryp doga edýärler. Ýehowa-da olaryň ak ýürekden eden dogalaryna jogap berýär (Resullar 4:29, 31-nji aýatlary okaň).

13. Jen-hýuk dogandan näme öwrenip bileris?

13 Döwlet işgärleri wagyz etmegi gadagan edýän bolsa, onda siz I asyrda ýaşan resullaryň göreldesine eýeriň. Jen-hýuk dogany harby gullugyna gitmekden boýun gaçyrandygy üçin tussag edýärler. Oňa bir adamlyk kamerada oturan tussaglara nahar paýlamagy tabşyrýarlar. Emma ol tussaglar bilen edýän işinden başga hiç zat hakda gepleşmeli däldi. Dogan wagyz edip biler ýaly Ýehowadan batyrgaýlyk we akyldarlyk sorap doga edýär (Res. 5:29). Ol şeýle gürrüň berýär: «Men Ýehowanyň dogama jogap berendigine örän begendim. Men kameranyň gapysynda tussaglar bilen bäş minutlyk Mukaddes Kitap okuwyny geçirip başladym. Men agşamlaryna olara hat ýazýardym, ertesi güni hatlary paýlaýardym». Bizem doganyň göreldesine eýerip, Ýehowadan batyrgaýlyk we akyldarlyk sorap doga etmeli. Ýehowa bize-de mertlik bilen wagyz etmäge kömek eder.

14. Bize kynçylyklara döz gelmäge näme kömek eder? (Zebur 37:3, 5).

14 Kyn ýagdaýlara döz gelmek üçin Ýehowa doga ediň. Biz keselçilik, göwnüçökgünlik, dogan-garyndaşlarymyzyň aradan çykmagy, maşgala kynçylyklary, döwlet işgärleri tarapyndan yzarlamalar ýa-da başga kynçylyklar bilen her gün göreşmeli bolýarys. Şeýle-de keselçiligiň ýaýramagy we uruşlaryň bolmagy derdimize dert goşýar. Şol sebäpli Ýehowa ýüregimizi döküp doga etmeli. Edil dostumyza ähli zady gürrüň berişimiz ýaly, dert-aladamyzy ýekän-ýekän Ýehowa gürrüň bermeli. Şonda Ýehowanyň «ýardam etjekdigine» hiç hili şübhelenmeris (Zebur 37:3, 5-nji aýatlary okaň).

15. Ýehowa doga etmek kynçylyklara döz gelmäge nädip kömek edýär? Mysal getiriň.

15 Her gün Ýehowa doga etmek «kynçylyklara çydamaga» kömek edýär (Rim. 12:12). Ýehowa wepaly bendeleriniň kynçylyklaryny görýär we olaryň dady-perýadyny eşidýär (Zeb. 145:18, 19). Geliň, 29 ýaşly pioner uýa Kristina hakda gürrüň edeliň. Ol agyr kesele duçar bolýar we göwnüçökgünlige düşýär. Soňra ol ejesiniň agyr kesele ýolugyp, tizden aradan çykjakdygyny bilýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men Ýehowadan her gün güýç-kuwwat sorap doga edýärdim. Men Ýehowa sežde etmegi birinji ýerde goýmak üçin elimde baryny edýärdim, ýagny ýygnak duşuşyklaryndan galmaýardym we şahsy okuwyny geçirýärdim. Men doga edenimde gara bulut kimin inip gelýän kynçylyklar zym-zyýat bolýardy we Ýehowanyň her gün ýanymda durýandygyny duýýardym. Şonda ýüregim aram tapýardy. Elbetde, men derdimden derrew gutulmadym. Ýöne Ýehowa meniň dogalarymy diňläp, kalbyma rahatlyk berdi». Geliň, bizem Ýehowanyň «wepaly adamlary synaglarda halas etmegi başarýandygyny» unutmalyň (2 Pet. 2:9).

Synaga garşy durmak üçin 1) Ýehowa doga etmeli, 2) dogaňa görä hereket etmeli we 3) imanyňy berkitmeli (16, 17-nji abzaslara serediň).

16. Synaga garşy durmaga näme kömek eder?

16 Biz synaglara garşy durmak üçin Ýehowa doga etmeli. Biz bikämil bolandygymyz üçin her gün erbet pikirler bilen göreşmeli bolýarys. Şeýtan hem biziň aňymyzy zäherlemek isleýär. Şol sebäpli ol ahlaksyz filmler we telegepleşikler arkaly duzagyna düşürmek isleýär. Şeýtan biziň aňymyzy zäherlese ýüregimizi eýelejekdigini we Ýehowa garşy günä etjekdigimizi bilýär (Mar. 7:21—23; Ýak. 1:14, 15).

17. Ýehowa dogamyza jogap berer ýaly näme etmeli? (Surata serediň).

17 Ýehowa bize kömek etmese synaglara döz gelip bilmeris. Isa pygamber nusgalyk dogasynda: «Bize synaga düşmäge ýol berme, Şeýtanyň elinden halas et» diýdi (Mat. 6:13). Hawa, Ýehowa bize kömek etmek isleýär, ýöne doga etmegimize garaşýar. Şeýle-de biz eden dogamyza görä hereket etmeli. Biz aňymyzy zäherleýän we erbet höwesleri oýarýan aýdymlary diňlemeli däl, kitapdyr žurnallary okamaly däl (Zeb. 97:10). Biz her gün Mukaddes Kitaby okasak, ýygnak duşuşyklaryna barsak we yhlasly wagyz etsek, aňymyzy arassa pikirlerden doldurarys. Ýehowa hem biziň edýän tagallamyza ak pata berer we «döz gelip bilmejek synaglarymyza ýol bermez» (1 Kor. 10:12, 13).

18. Biz Ýehowa doga-dileg etmek babatda näme öwrendik?

18 Biz soňky günlerde ýaşaýarys. Şol sebäpli Ýehowa wepaly bolmak üçin has köp doga etmeli. Ýehowa biziň «ýüregimizi döküp» doga etmegimizi isleýär (Zeb. 62:8). Geliň, Ýehowa doga-dileg eder ýaly wagt tapalyň, oňa alkyş aýdalyň we eden ýagşylyklary üçin minnetdar bolalyň! Şeýle-de batyrgaýlyk bilen wagyz eder ýaly kömek soralyň, synaglara we kynçylyklara döz geler ýaly güýç-kuwwat diläliň! Goý, hiç kim we hiç zat Ýehowa doga etmegimize päsgel bermesin! Ýehowa dogalarymyza nädip jogap berýär? Şu soragyň jogabyny indiki makalada bileris.

42-NJI AÝDYM Hudaýyň bendesiniň dilegi

a Allatagala doga-dileg etmegi dostuňa hat ýazmak bilen deňeşdirse bolýar. Käte doga etmek üçin wagt tapmak kyn bolýar. Käte bolsa Hudaýa doga edeniňde näme aýtjagyňy bilmeýärsiň. Şu makalada Ýehowa ýürekden doga etmäge kömek edýän käbir maslahatlara serederis.