Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

24-NJI MAKALA

Maksadyňa ýetmek üçin näme etmeli?

Maksadyňa ýetmek üçin näme etmeli?

«Ýagşy işleri etmegi goýmalyň, sebäbi ýagşylyk etmekden ýadamasak, öz wagtynda miwesini orarys» (Gal. 6:9).

84-NJI AÝDYM Kömegiňi gaýgyrma!

MAZMUNY a

1. Bize näme etmek kyn bolýar?

 SIZE ruhy maksatlara ýetmek kyn bolýarmy? b Geliň, käbir dogan-uýalar hakda gürrüň edeliň. Filip Ýehowa ýürekden we ýygy-ýygydan doga etmegi maksat goýýar, emma ol doga etmäge wagt tapmaýar. Erika wagyz duşuşygyna irräk barmagy maksat edinýär, ýöne her sapar gijä galyp barýar. Tomas bolsa Mukaddes Kitaby tutuşlygyna okamagy maksat goýýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men kitap okamagy halamaýaryn, emma şonda-da Mukaddes Kitaby okamak üçin üç sapar synanyşdym, her sapar hem 3 Musa kitabyndan geçip bilmeýärdim».

2. Goýan maksadyňa ýetip bilmeseň näme üçin ruhdan düşmeli däl?

2 Siz goýan maksadyňyza ýetip bilmeýän bolsaňyz ruhdan düşmäň, sebäbi islendik maksada ýetmek üçin wagt gerek we tagalla etmeli. Siziň maksat goýmagyňyzyň özi Ýehowa bilen dostlaşyp, iň gowy zadyňyzy bermek isleýändigiňizi görkezýär. Ýehowa siziň tagallaňyzy gymmat saýýar we güýjüňizden artyk zady talap etmeýär (Zeb. 103:14; Mik. 6:8). Şol sebäpli ýagdaýyňyzy göz öňüne tutup, ýetip biljek maksatlaryňyzy goýuň. Şu makalada goýan maksatlaryňa ýetmäge kömek edýän käbir maslahatlara serederis.

HÖWES BILEN ÝAPYŞYŇ

Ýüregiňizde höwes dörär ýaly doga ediň (3, 4-nji abzaslara serediň).

3. Maksadyňa ýetmäge näme kömek edýär we näme üçin?

3 Adamyň höwesi bolsa maksadyna ýetip bilýär. Höwesjeň adamlar maksada okgunly bolýar. Höwesi şemala meňzetse bolýar. Şemal gaýygyň ýelkenini dolduryp öňe äkidýär. Şemal güýçli bolsa gaýyk barmaly ýerine tiz ýetýär. Edil şonuň ýaly, höwesjeň adamlar maksadyna tiz ýetip bilýärler. Salwadorda ýaşaýan Deýwid dogan şeýle diýýär: «Adamyň höwesi bolsa maksat-myradyna ýetmek üçin elinde baryny edýär we öňündäki islendik böwedi böwsüp geçýär». Siz nädip höwesiňizi artdyryp bilersiňiz?

4. Biz näme hakda doga etmeli? (Filipililer 2:13; surata serediň).

4 Ýüregiňizde höwes dörär ýaly doga ediň. Ýehowa size mukaddes ruhuny berip maksadyňyza ýetmäge kömek eder (Filipililer 2:13-i okaň). Biz käte: «Iller şeýdýär, menem şeýtjek» diýip maksat goýýarys, ýöne maksadymyza ýetmäge höwesimiz bolmaýar. Geliň, Ugandada ýaşaýan Norina uýa hakda gürrüň edeliň. Ol Mukaddes Kitapdan okuw geçirmegi maksat goýýar, emma özüni ökde mugallym hasaplamaýandygy üçin höwesi bolmaýar. Norina näme kömek etdi? Ol şeýle gürrüň berýär: «Men Ýehowa Mukaddes Kitap okuwyny geçirer ýaly ýüregimde höwes döret diýip, her gün doga edýärdim. Şeýle-de men mugallymçylyk tärlerini hem öwrenip başladym. Birnäçe aýdan ýüregimde höwes dörändigini duýdum we şol ýylyň özünde iki adam bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçip başladym».

5. Höwesiňi artdyrmak üçin näme barada oýlanmaly?

5 Ýehowanyň eden ýagşylyklary hakda oýlanyň (Zeb. 143:5). Pawlus resul Ýehowanyň eden ýagşylyklary hakda oýlananda, Oňa has-da köp gulluk edesi geldi (1 Kor. 15:9, 10; 1 Tim. 1:12—14). Siz hem Ýehowanyň berýän bereketleri barada oýlansaňyz maksadyňyza ýetmäge höwesiňiz artar (Zeb. 116:12). Gondurasda ýaşaýan uýa pioner gullugyna başlamaga nämäniň kömek edendigini şeýle düşündirýär: «Ýehowa meni şu dünýäden saýlady we halkynyň arasyna goşdy. Ol meni ýürekden söýýär, aladamy edýär we goraýar. Şu zatlar hakda oýlanmak, Ýehowany janym-tenim bilen söýmäge we Oňa höwes bilen gulluk etmäge kömek edýär».

6. Höwesiňi artdyrmaga ýene näme kömek eder?

6 Maksadyňyza ýetip, aljak bereketleriňiz hakda oýlanyň. Erika uýa maksadyna ýetmäge nämäniň kömek edendigi hakda şeýle diýýär: «Men wagyz duşuşygyna giç barsam, nämelerden galjakdygym hakda oýlandym. Şeýle-de wagyz duşuşygyna irräk barsam, dogan-uýalaryň hal-ýagdaýyny sorap, olar bilen gürrüňdeş bolup biljekdigim we ökdelik bilen wagyz etmäge kömek edýän pikirleri diňläp biljekdigim barada oýlandym». Erika aljak bereketleri hakda oýlanyp, maksadyna ýetip bildi. Eger siz Mukaddes Kitaby okamagy we doga etmegi maksat goýan bolsaňyz, Ýehowanyň dosty boljakdygyňyz hakda oýlanyň. Ýa-da Hudaýa ýaraýan häsiýetleri ösdürmegi maksat goýan bolsaňyz, ähli adamlar bilen hoşniýetli gatnaşykda boljagyňyz hakda oýlanyň (Zeb. 145:18, 19). Belki, siz maksadyňyza ýetip aljak bereketleriňiziň sanawyny düzersiňiz we wagtal-wagtal oňa seredip durarsyňyz (Kol. 3:14). Ýokarda agzalan Tomas şeýle gürrüň berýär: «Meniň aljak bereketlerim näçe köp bolsa, şonça-da maksadyma ýetmäge höwesim artýar».

7. Huliýo bilen aýaly maksadyna ýetmek üçin näme etdi?

7 Goldaw berjek adamlar bilen dostlaşyň (Nak. 13:20). Huliýo bilen aýaly köpräk gulluk etmek isleýärdi. Huliýo şeýle gürrüň berýär: «Biz maksadymyza ýetmäge kömek etjek dogan-uýalar bilen dostlaşdyk we olara maksadymyz hakda gürrüň berdik. Olar eýýäm biziň goýan maksadymyza ýetipdiler we peýdaly maslahatlary berýärdiler. Şeýle-de olar gazanan üstünliklerimiz hakda gyzyklanýardylar we ýene-de aýgytly ädimleri ätmäge höweslendirýärdiler».

HÖWESIŇ BOLMASA NÄME ETMELI?

Maksadyňyza ýetmek üçin tagalla ediň (8-nji abzasa serediň).

8. Höwesiň bolmasa, gol gowşuryp oturmalymy? Düşündiriň. (Surata serediň).

8 Käte biziň işe elimiz barman hiç zada höwesimiz bolmaýar. Şeýle ýagdaýda gol gowşuryp oturmalymy? Elbetde, ýok! Ýokarda gürrüň edişimiz ýaly, şemal ýelkenli gaýyga barmaly ýerine ýetmäge kömek edýär. Emma käte deňizde şemal bolman biler. Şonda deňizçi näme eder? Käbir gaýyklarda motor ýa-da kürek bolýar. Deňizçi şolaryň kömegi bilen ýoluny dowam edýär. Deňizde şemalyň bolmaýşy ýaly, biziň hem maksadymyza ýetmäge höwesimiz bolman biler. Biz ýüregimizde höwes döreýänçä garaşyp otursak maksadymyza hiç haçan ýetmeris. Biz maksat-myradymyza ýetmek üçin dürli usullary ulanmaly. Muny etmek aňsat bolmaz, ýöne eden tagallamyza deger. Höwesiň bolmasa-da maksadyňa ýetmäge haýsy maslahatlar kömek edýär? Geliň, ilki gyzykly soragyň jogabyny bileliň, soňra şol maslahatlara seredeliň.

9. Höwesiň bolmasa-da maksadyňa ýetmek üçin jan etmelimi? Düşündiriň.

9 Ýehowa biziň şatlyk we höwes bilen gulluk etmegimizi isleýär (Zeb. 100:2; 2 Kor. 9:7). Emma maksadymyza ýetmäge islegimiz bolmasa näme?! Geliň, Pawlus resul hakda gürrüň edeliň. Ol: «Bedenimi jylawlap, gul kimin tabyn edýärin» diýdi (1 Kor. 9:25—27). Käte Pawlusyň höwesi bolmasa-da özüni mejburlap, ýagşy işleri edýärdi. Ýehowa ondan razydymy? Hawa, razydy! Ýehowa Pawlus resula bol bereket berdi (2 Tim. 4:7, 8).

10. Höwesiň bolmasa-da maksadyňa ýetmek üçin jan etmegiň nähili peýdasy bar?

10 Biz höwesimiz bolmasa-da maksadymyza ýetmek üçin jan etsek, Ýehowany razy ederis. Biz Ýehowany söýýändigimiz üçin öz islegimizden geçmäge taýyn bolarys. Şonda gökdäki Atamyz bize örän guwanar. Ol Pawlus resula bereket berişi ýaly, bizi hem sylaglar (Zeb. 126:5). Biz Ýehowanyň bereketlerini görenimizde höwesimiz artyp, maksadymyza ýetmäge dyrjaşarys. Polşada ýaşaýan Lusinýa uýa şeýle diýýär: «Meniň wagyz edesim gelmeýär, esasanam, ýadaw wagtym kyn bolýar. Emma hoş habary wagyz edenimde begenjimiň çeni-çaky bolmaýar». Geliň, indi höwesiň bolmasa-da maksadyňa ýetmäge kömek edýän maslahatlara seredeliň.

11. Ýehowa özümize erk etmäge nädip kömek edýär?

11 Özüňize erk etmek üçin Hudaýa doga ediň. Özüne erk edýän adam duýgularyna we etjek işlerine erk edip bilýär. Ol erbet işleri etmez ýaly özüne buýrup bilýär we ýagşy işleri etmek üçin özüne erk edýär, ýagny höwesi bolmasa-da özüni mejburlap, şol işi edýär. Özüňe erk etmek — Hudaýyň mukaddes ruhunyň miwesi. Şonuň üçin Ýehowadan mukaddes ruhuny sorap doga ediň (Luka 11:13; Gal. 5:22, 23). Ýokarda agzalan Deýwid dogan yzygiderli şahsy okuwyny geçirmek isleýärdi. Ol doga-dilegiň özüne eden kömegi barada şeýle diýýär: «Men Ýehowa özüme erk etmäge kömek et diýip doga etdim. Ýehowa dogama jogap berdi. Indi men yzygiderli we çuňňur şahsy okuwyny geçirýärin».

12. Nesihat 11:4-däki maslahat maksadyňa ýetmäge nädip kömek edýär?

12 Amatly wagta garaşmaň. Amatly wagta garaşsaňyz maksadyňyza hiç haçan ýetip bilmersiňiz (Nesihat 11:4-i okaň). Deniýel dogan şeýle gürrüň berýär: «Şu dünýäde amatly wagt bolmaýar. Biz bilimizi guşap işe başlanymyzda özümiz amatly wagty döredýäris». Ugandada ýaşaýan Pol dogan işiňi soňa goýmazlygyň sebäbini şeýle düşündirýär: «Biz kynçylyklara garamazdan hereket etsek, Ýehowa bereket berer» (Mel. 3:10).

13. Tiz ýetip bolýan maksatlary goýmagyň nähili peýdasy bar?

13 Tiz ýetip bolýan maksatlary goýuň. Eger adam maksadyna köp wagtlap ýetip bilmese höwesi gaçar. Şol sebäpli käbir maksatlara ýetmek üçin tiz ýetip bolýan maksatlary goýmaly. Aýdaly, siz Hudaýa ýaraýan häsiýetleriň birini ösdürjek bolýarsyňyz. Ýöne unutmaň, ýagşy häsiýeti bir günde ösdürip bolmaýar. «Az bolsun, uz bolsun» diýlişi ýaly, siz kiçi ädimleri ädiň we şol häsiýeti her gün görkezmäge jan ediň. Ýa-da siz Mukaddes Kitaby her gün okamagy maksat goýýarsyňyz. Käbir baplaryň uly bolandygy üçin Mukaddes Kitaby okamaga höwesiňiz bolýan däldir. Belki, siz şeýle baplary birnäçe bölege bölüp okarsyňyz. Ýokarda agzalan Tomas Mukaddes Kitaby bir ýylyň dowamynda okamagy maksat goýupdy. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men güýjümiň ýetmejek zadyny maksat goýupdyryn. Şonuň üçin Mukaddes Kitaby okamaga höwesim ýokdy. Soňra men oýlandym we tiz ýetip boljak maksat goýdum. Men Mukaddes Kitabyň bir babyny birnäçe böleklere bölüp okadym we okan zatlarym hakda oýlandym. Şeýlelikde, men Mukaddes Kitaby hezil edip okap başladym». Tomasyň höwesi artdygyça Mukaddes Kitaby köpräk okap başlaýar we ony tutuşlygyna okap çykýar c.

BÖWETLERI BÖWSÜP GEÇIŇ

14. Maksadymyza ýetmäge näme päsgel berýär?

14 Biz maksadymyza ýetmek üçin ynamly ädimleri ädýäris. Emma «garaşylmadyk ýagdaý» döräp biler (Nes. 9:11). Belki, kynçylykdan ýaňa ruhdan düşüp, tagalla etmäge güýjümiz bolmaz (Nak. 24:10). Ýa-da bikämillik sebäpli ýalňyşyp, aýagymyzyň taýmagy mümkin (Rim. 7:23). Belki-de, durmuşyň gaýgy-aladalary sebäpli ýadap, maksadymyzdan elimiz sowap biler (Mat. 26:43). Bize ýolumyzda çykýan böwetleri ýeňip geçmäge, ýykylsak-da aýaga galmaga näme kömek eder?

15. Böwet ýoluň soňumy? Düşündiriň (Zebur 145:14).

15 Böwet ýoluň soňy däl. Mukaddes Kitapda biziň köp kynçylyklara duş geljekdigimiz ýazylan. Şeýle-de ol ýerde Ýehowanyň kömegi bilen ählisini ýeňip geçjekdigimiz hem aýdylýar (Zebur 145:14-i okaň). Ýokarda agzalan Filip dogan maksadyna ýetmäge nämäniň kömek edendigini şeýle düşündirýär: «Men näçe gezek ýykylandygym hakda däl-de, näçe gezek ýerimden galyp, ýolumy dowam edendigim hakda oýlanýaryn». Deýwid şeýle gürrüň berýär: «Men ýolumdan çykýan böwetlere päsgelçilik hökmünde däl-de, Ýehowa söýgümi bildirmäge mümkinçilik hökmünde garaýaryn». Biz kynçylyklara garamazdan ýolumyzy dowam etsek, Ýehowany razy etmek isleýändigimizi subut ederis. Gökdäki Atamyz biziň maksadymyza ýetmek üçin edýän tagallamyzy görüp diýseň begenýändir.

16. Ýalňyşlaryňdan nädip sapak edinmeli?

16 Ýalňyşyňyzdan sapak ediniň. Käte aýagyňyz taýyp ýykylsaňyz, näme sebäpden ýykylandygyňyz barada oýlanyň we özüňizden: «Şu ýalňyşy gaýtalamaz ýaly näme edip bilerin?» diýip soraň (Nak. 27:12). Käte ýoluňyzdan çykýan böwetler elýetmez maksat goýandygyňyzy aýan eder. Şonda goýan maksadyňyz barada oýlanyň we ýetip boljak maksat goýuň d. Ýehowa maksadyňyza ýetip bilmeýändigiňiz üçin sizi dereksiz adam hasaplamaýar (2 Kor. 8:12).

17. Biz näme üçin gazanan üstünliklerimiz barada oýlanmaly?

17 Gazanan üstünlikleriňiz hakda oýlanyň. Mukaddes Kitapda: «Hudaý... işleriňizi we adyna bildiren söýgiňizi unutmaz. Sebäbi ol adalatsyz däldir» diýilýär (Ýew. 6:10). Hawa, Ýehowa siziň ýagşy işleriňizi unutmaýan bolsa, onda geçmişiňize ser salyp, gazanan üstünlikleriňiz hakda oýlanyň. Meselem, siz Ýehowa bilen dostlaşdyňyz, hoş habary yhlasly wagyz etdiňiz we suwa çümdürildiňiz. Siz şu maksatlaryňyza ýeten bolsaňyz, indiki maksatlaryňyza hem hökman ýetersiňiz (Flp. 3:16).

Ýehowanyň bereketleri barada oýlanyň (18-nji abzasa serediň).

18. Maksadyna tarap ilerleýän adam näme etmeli? (Surata serediň).

18 Deňizçiniň uzak ýollary söküp, barmaly ýerine ýetişi ýaly, Ýehowa-da bize maksadymyza ýetmäge kömek eder. Ýöne deňizçi açyk deňizde wagty daş-töweregini synlap lezzet alýar. Şonuň ýaly sizem maksadyňyza ýetmek üçin barýan ýoluňyzda Ýehowanyň berýän kömegini we bereketlerini görjek boluň. Maksadyňyza ýetmek üçin eliňizde baryny ediň (2 Kor. 4:7). Şonda Ýehowa Atamyz size gelejekde bol bereketleri berer (Gal. 6:9).

126-NJY AÝDYM Oýa, berk hem batyr boluň!

a Ýehowa guramasy arkaly bizi maksat goýmaga höweslendirýär. Emma maksat goýsak-da, käte oňa ýetip bilmeýäris. Şu makalada goýan maksadymyza ýetmäge kömek edýän käbir maslahatlara serederis.

b DÜŞÜNDIRILIŞ: «ruhy maksatlar» Ýehowa köpräk gulluk etmek we ony begendirip ýaşamak üçin goýulýan maksatlary aňladýar. Meselem, siz Hudaýa ýaraýan häsiýetleri ösdürmegi, Mukaddes Kitaby her gün okamagy, şahsy okuwyny geçirmegi ýa-da yhlasly wagyz etmegi maksat goýup bilersiňiz.

c «Wagyz mekdebi» kitabyny okap bilersiňiz (be sah. 10, 11, abz. 4).

d «Ýetip boljak maksatlary goýuň we şatlanyň» diýen makalany okap bilersiňiz (w08-U 15/07).