Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

18-NJI MAKALA

1-NJI AÝDYM Ýehowanyň häsiýetleri

Ýer ýüzüniň Kazysyna ynanyň!

Ýer ýüzüniň Kazysyna ynanyň!

«Heý-de, ýer ýüzüniň Kazysy adalatsyzlyk edermi?!» (1 Mus. 18:25).

ESASY PIKIR

Rehimdar Ýehowa Hudaýyň ölen adamlary direldende adalatly karar çykarjakdygyna ýürekden ynanyň.

1. Ýehowa Ybraýym pygambere nähili wajyp hakykaty açdy?

 ALLATAGALA Ybraýym pygambere Sodom we Gomorra şäherlerini ýok etjekdigini aýtdy. Pygamber ör-gökden gelip: «Sen gowy adamlary erbetler bilen bile ýok edäýjekmi?.. Heý-de, ýer ýüzüniň Kazysy adalatsyzlyk edermi?!» diýdi. Şonda Ýehowa Ybraýym pygambere wajyp hakykaty açdy, ýagny dogruçyl adamy hiç haçan ýok etmejekdigini sabyr-takat bilen düşündirdi (1 Mus. 18:23—33). Ybraýym pygamber şol güni hiç haçan ýadyndan çykarmasa gerek!

2. Ýehowanyň adalatly we rehimdar Hudaýdygyna näme üçin ynamly bolup bileris?

2 Biz Ýehowanyň adalatly we rehimdar Hudaýdygyna doly ynanyp bileris. Mukaddes Kitapda «Ýehowanyň ýürege seredýändigi» aýdylýar (1 Şam. 16:7). Şeýle-de Ýehowa «ynsanyň... oý-pikirini we niýetini bilýär» (1 Tar. 28:9; 1 Pat. 8:39). Biz Ýehowanyň çykarýan kararlaryna doly düşünip bilmeýäris. Pawlus resul hem Ýehowanyň «hökümlerine... akyl ýetirip bolmaýandygyny» aýtdy (Rim. 11:33).

3, 4.Nähili soraglaryň döremegi mümkin we makalada näme hakda gürrüň ederis? (Ýahýa 5:28, 29).

3 Belki, käbirleri Ybraýym pygamber ýaly adamlaryň janyny alada edip, şeýle soraglary berýändir: «Sodom we Gomorranyň halky direlmezmi näme?! Iň bolmanda birnäçesi „erbetleriň“ hatarynda direlmezmi?» (Res. 24:15).

4 Ýaňy-ýakynda «dogruçyllaryň hem-de erbetleriň direljekdigi» hakda täzeçe düşündirilişi bildik. Biz gözleg-barlag geçirdik we Ýehowanyň ak patasy bilen ýene-de käbir hakykatlar açyldy a (Ýahýa 5:28, 29-njy aýatlary okaň). Şu we indiki makalada şolar hakda gürrüň ederis. Geliň, ilki Ýehowanyň adalatly hökümleri barada 1) nämeleri bilmeýändigimiz we 2) nämeleri bilýändigimiz hakda gürrüň edeliň.

BIZ NÄMELERI BILMEÝÄRIS?

5. Öň edebiýatlarda Sodom we Gomorranyň ilaty hakda näme diýilýärdi?

5 Öňler edebiýatlarda Ýehowanyň höküm eden adamlarynyň direlmejekdigi aýdylypdy. Meselem, Sodom we Gomorra şäherleriniň ilatynyň asla direlmejekdigi düşündirilipdi. Biz Hudaýa doga-dileg etdik, gözleg-barlag geçirdik we şeýle netijä geldik: olar direlmez diýip anyk aýdyp bolmaýar. Näme üçin?

6. Ýehowa kimleri ýok etdi we biz nämäni bilmeýäris?

6 Mukaddes Kitapda Ýehowanyň erbet adamlary ýok edendigi hakda ençeme wakalar ýazylan. Meselem, tupanda Ýehowa ähli adamlary gark edip, diňe Nuh pygamberiň maşgalasyny, ýagny sekiz adamy halas etdi. Ýehowa ysraýyl halkyna wada edilen ýurdy basyp almagy we ýerli ýedi halky gyrmagy tabşyrdy. Şeýle-de Allatagalanyň emri bilen perişde assiriýalylaryň 185 000 esgerini gyrdy (1 Mus. 7:23; 5 Mus. 7:1—3; Işa. 37:36, 37). Ol adamlar ebedilik ýok edildimi? Ýehowa olary hiç haçan direltmezmi? Biz muny bilmeýäris, sebäbi Mukaddes Kitapda bu barada anyk aýdylmaýar.

7. Tupanda ýok edilen adamlar barada nämeleri bilmeýäris? (Surata serediň).

7 Biz Ýehowanyň höküm çykaranda nämeleri göz öňünde tutandygyny bilmeýäris. Ol her bir adamyň ýagdaýyny göz öňünde tutdymy ýa-da tutmady? Olara Özüni tanadyp, eden günälerine toba etmäge mümkinçilik berdimi ýa-da bermedi? Elbetde, biz muny bilmeýäris! Meselem, Mukaddes Kitapda tupandan öň Nuh pygamberiň «dogruçyllyk hakda wagyz edendigi» aýdylýar (2 Pet. 2:5). Emma ol uly gämi-de gurmalydy. Nuh pygamberiň her bir adamyň öýüne baryp wagyz etmäge wagty boldumyka? Ýa-da Kengan topragynda ýaşaýan her bir erbet adamyň Ýehowany tanap, toba etmäge we durmuşyny üýtgetmäge mümkinçiligi boldumyka? Biz muny bilmeýäris.

Nuh maşgalasy bilen uly gämi gurdy. Biz Nuh pygamberiň her bir adamyň öýüne baryp wagyz edendigi ýa-da etmändigi barada bilmeýäris (7-nji abzasa serediň).


8. Biz Sodom we Gomorra şäherleriniň ilaty hakda nämäni bilmeýäris?

8 Sodom we Gomorra şäherleriniň halky barada näme diýse bolar? Hudaýhon adam Lut olaryň ählisine wagyz etdimi? Biz muny anyk bilmeýäris! Sodom we Gomorranyň halky örän zalymdylar we ahlaksyz ýaşaýardylar. Olar hak Allanyň kada-kanunlaryny bilýärdimi? Bir gün Lutuň öýüne myhmanlar gelýär welin, «Sodomdaky erkekleriniň 7 ýaşdan 70 ýaşlysyna çenli» ählisi Lutuň öýüni gabaýar we gelen myhmanlar bilen azgynçylyk etmek isleýär (1 Mus. 19:4; 2 Pet. 2:7). Ýehowa adalatly höküm çykaryp, olaryň baryny gyrýar, sebäbi halkyň arasynda 10 sanjak hem dogruçyl adamy tapmaýar (1 Mus. 18:32). Rehimdar Hudaý Ýehowa olaryň ählisini ebedilik ýok etdimi? Ýehowa Sodom we Gomorra şäherleriniň ilatynyň käbirlerini erbet adamlaryň arasynda direltmezmi? Biz muny anyk bilmeýäris.

9. Biz Süleýman patyşa babatda nämäni bilmeýäris?

9 Mukaddes Kitapda dogruçyl adamlaryň Ýehowadan ýüz öwrendigi hakda ýazylan. Meselem, Süleýman patyşa Ýehowany çagalykdan tanaýardy. Hak Alla oňa köp bereketleri berdi. Emma Süleýman Ýehowadan ýüz öwrüp, butlara sežde etdi. Ýehowanyň oňa gahary geldi. Süleýmanyň eden günäsi sebäpli ysraýyl halky ençeme asyr kösenip ýaşady. 1 Patyşalar 11:43-de: «Süleýman aradan çykyp, kakasy Dawudyň şäherinde jaýlandy» diýilýär. Şu aýadyň asyl nusgasynda «Süleýmanyň ata-babalarynyň ýanynda jaýlanandygy» aýdylýar (1 Pat. 11:5—9, 43; 2 Pat. 23:13). Süleýmanyň ata-babalarynyň ýanynda jaýlanandygy, onuň direljekdigine kepil geçýärmi? Mukaddes Kitapda bu barada hiç zat aýdylmaýar. Belki, käbirleri: «Ölen adam günäden azat bolýar. Eger men ölsem, ähli günälerim ýuwlar. Men täze dünýäde hökman direlerin» diýer (Rim. 6:7). Emma her bir adam direlişe mynasyp bolup bilmez. Ýehowa diňe özüne ebedi gulluk etmäge mynasyp gören adamlaryny direlder (Eýp. 14:13, 14; Ýah. 6:44). Direliş söýgüden doly Hudaýyň sylagydyr. Onda Süleýman patyşa direlermi? Biz muny bilmeýäris. Muny diňe hak Alla bilýär. Emma bir zady bilýäris: Ýehowa hemişe adalatly höküm çykarar.

BIZ NÄMELERI BILÝÄRIS?

10. Adam ölende Hudaýyň gynanýandygyny nireden bilýäris? (Hyzkyl 33:11; surata serediň).

10 Hyzkyl 33:11-i okaň. Hyzkyl pygamberiň sözlerinden görnüşi ýaly, erbet adam ölende Allatagala begenmeýär. Petrus resul Hudaýyň ylhamy bilen: «Ýehowa hemmeleriň halas bolmagyny isleýär» diýdi (2 Pet. 3:9). Diýmek, Ýehowa örän rehimdar Hudaý, erbet adamy hem ebedilik ýok etmek islemeýär. Eger degerli sebäp tapsa, erbet adama rehim edýär.

Jennetde direlen ençeme erbet adamlar hak Hudaýy tanarlar (10-njy abzasa serediň).


11. Kimler direlmez we muny nireden bilýäris?

11 Ebedilik ýok ediljek adamlar barada näme bilýäris? Bu soraga Mukaddes Kitap jogap berýär b. Meselem, Isa pygamber Iuda Iskariýotyň direlmejekdigini aýtdy (Mar. 14:21; Ýah. 17:12) c. Sebäbi Iuda Ýehowa we Isa pygambere garşy bilgeşleýin günä etdi (Mar. 3:29) d. Şeýle-de Isa özüne garşy çykan dini ýolbaşçylaryň hem ebedilik ýok ediljekdigini aýtdy (Mat. 23:33; Ýah. 19:11). Pawlus resul imandan dänenleriň direlmejekdigini ýazdy (Ýew. 6:4—8; 10:29).

12. Ýehowanyň rehimdar Hudaýdygyny haýsy wakalar subut edýär?

12 Ýehowa örän rehimdar Hudaý. Ol «hemme adamlaryň halas bolmagyny isleýär». Taryha ser salyp, käbir wakalar hakda gürrüň edeliň. Dawut patyşa zyna edýär we bigünä adamyň ganyna galýar. Emma günäsine ýürekden toba edende, Ýehowa oňa rehim edýär (2 Şam. 12:1—13). Manaşa patyşa barypýatan zalym adamdy. Emma eden erbet işlerine ökünende, Ýehowa ony bagyşlaýar (2 Tar. 33:9—16). Şu wakalardan görşümiz ýaly, Ýehowa degerli sebäp tapsa, günäkäre rehim edýär. Diýmek, hak Alla agyr günäsine toba eden adamlary gelejekde direlder.

13. a) Ýehowa ninewiýalylara näme üçin rehim etdi? b) Isa pygamber ninewiýalylar barada näme diýdi?

13 Biz Ýehowanyň ninewiýalylara rehim edendigini bilýäris. Hak Alla Ýunus pygambere ninewiýalylaryň «erbet işlerini görendigini» aýdýar. Emma şäheriň ilaty eden günälerine ökünýär we ýürekden toba edýär, Ýehowa olary bagyşlaýar. Ýunus Ýehowanyň halka rehim edendigini görende gahar-gazaba münýär. Ýehowa gahardan ýarylaýjak bolýan pygamberini köşeşdirýär we ninewiýalylaryň «ýagşy-ýamany bilmeýändigini» düşündirýär (Ýun. 1:1, 2; 3:10; 4:9—11). Birnäçe asyrdan soň Isa pygamber toba eden ninewiýalylaryň «Kyýamat güni direljekdigini» aýdyp, Ýehowanyň adalatly we rehimdar Hudaýdygyny düşündirýär (Mat. 12:41).

14. Isa pygamber «Kyýamat güni» diýende nämäni göz öňünde tutdy?

14 Isa pygamber «Kyýamat güni» diýende nämäni göz öňüne tutdy? Ol «höküm edilmek üçin direljekler» hakda aýtdy (Ýah. 5:29). Ol döwür Isa Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygyny aňladýar. Müňýyllyk hökümdarlykda «dogruçyllar we erbetler» direler (Res. 24:15). Erbetler höküm edilmek üçin direler. Belki, Ýehowa gelejekde ninewiýalylardan käbirini direlder. Şonda olara Ýehowa hem-de Isa hakda bilim berler. Olar durmuşyny bütinleý üýtgetmeli bolar. Eger ninewiýalylar Ýehowa arassa sežde etmek islemese, ebedilik ýok ediler (Işa. 65:20). Ýehowa wepaly bolup, arassa sežde etjek adamlar ebedi ýaşarlar (Dan. 12:2).

15. a) Gelejekde Sodom bilen Gomorranyň halky direlermi? Düşündiriň. b) Ýahudanyň sözleri nämäni aňladýar? (« Ýahuda nämäni göz öňünde tutdy?» diýen çarçuwa serediň).

15 Isa pygamberi diňlemedik adamlaryň dat gününe! Isa pygamber olara garanyňda, «Kyýamat güni Sodom bilen Gomorranyň halkynyň» ýagdaýy has gowy bolar diýdi (Mat. 10:14, 15; 11:23, 24; Luka 10:12). Isa nämäni göz öňünde tutdy? Belki, käbirleri: «Heý-de, gelejekde Sodom we Gomorranyň halky direlermi? Isa pygamber ulaldyp aýdan bolmaly» diýmegi mümkin. Isa pygamber Ninewiýanyň halkynyň «Kyýamat güni» direljekdigini aýdanda hiç zady ulaltmandy. Diýmek, ol Sodom we Gomorra şäherleriniň ilaty hakda hem hakykaty aýtdy, hiç zady ulaltmandy. Dogry, ninewiýalylar ýaly Sodom bilen Gomorranyň halky erbet, zalym işleri edipdi. Emma ninewiýalylardan tapawutlylykda, olaryň toba etmäge mümkinçiligi bolmady. Şeýle-de Isa pygamber «erbet adamlaryň höküm edilmek üçin direljekdigini» hem aýdypdy (Ýah. 5:29). Belki, gelejekde Sodom bilen Gomorranyň ilatynyň käbiri direler. Şonda biz olara Ýehowa hem Isa hakda tälim bereris.

 

16. Biz direliş hakda nämäni bildik? (Ýermeýa 17:10).

16 Ýermeýa 17:10-y okaň. Biz nämeleri bilýäris? Ýehowa adamyň oý-pikirini barlaýar, onuň saýlan ýoluna seredip direltmelimi ýa-da direltmeli däldigini çözýär. Ýehowa hemişe adalatly kada-kanunlaryna eýerer. Eger adam mynasyp bolmasa, ony direltmez. Emma degerli sebäp tapsa, oňa rehim edip direlder. Diýmek, Mukaddes Kitapda anyk aýdylmaýan bolsa, biz «plany direlmez» diýip bilmeýäris.

«ÝER ÝÜZÜNIŇ KAZYSY» ADALATLYDYR

17. Ölümiň penjesine düşen adamlara näme bolar?

17 Adam ata bilen How ene Şeýtanyň tarapyna geçip, Ýehowa garşy gozgalaň turuzdy. Olar bütin adamzat nesline günäni we ölümi miras galdyrdy. Ganym «duşman ölüm» sansyz-sajaksyz adamlaryň ömür tanapyny kesdi (1 Kor. 15:26). Ölümiň penjesine düşen adamlara näme bolar? Olaryň käbiri, ýagny 144 000 saýlananlar Mesih bilen höküm sürmek üçin gökde direler we baky ýaşaýşy sylag alar (Ylh. 14:1). Ýehowa wepaly bolup aradan çykan erkekdir aýallaryň köpüsi bolsa, «dogruçyllaryň» hatarynda direler. Eger olar Isanyň Müňýyllyk hökümdarlygyň soňuna çenli we soňky synagda Ýehowa wepaly bolsalar ebedi ýaşaýyş sylagyny alarlar (Dan. 12:13; Ýew. 12:1). Hak Hudaýy tanamadyk zalym adamlar «erbetleriň» hatarynda direler. Müňýyllygyň dowamynda olara Ýehowa sežde edip, durmuşyny üýtgetmäge mümkinçilik berler (Luka 23:42, 43). Emma käbir adamlar hiç haçan direlmez, sebäbi erbetlik olaryň aňyna, ganyna siňip, Ýehowa aç-açan garşy çykypdylar (Luka 12:4, 5).

18, 19. a) Biz Ýehowanyň hemişe adalatly höküm çykarjakdygyna näme üçin ynamly bolup bileris? (Işaýa 55:8, 9). b) Indiki makalada haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

18 Biz Ýehowanyň ähli hökümleriniň adalatlydygyna ynanyp bilerismi? Elbetde! Ybraýym pygamber Ýehowanyň adalatly, kämil we rehimdar Kazydygyna göz ýetirdi. Ýehowa Ogluna-da kazylyk etmegi tabşyrdy (Ýah. 5:22). Isa pygamber hem Atasy ýaly ynsan ýüregini bilýär (Mat. 9:4). Biz Ýehowanyň hem, Isanyň hem her bir adama adalatly höküm çykarjagyna doly ynamly bolup bileris.

19 Geliň, Ýehowanyň hemişe adalatly höküm çykarýandygyna ynamly bolalyň! (Işaýa 55:8, 9-njy aýatlary okaň). Ýehowanyň adalata bolan garaýşy ynsanyňkydan düýbünden tapawutlanýar. Şol sebäpli Ýehowanyň we Isanyň adalatly kazylyk etjekdigine doly ynanalyň. Isa rehimdar we adalatly Atasynyň göreldesine kämil derejede eýerýär (Işa. 11:3, 4). Ýehowanyň we Isanyň uly betbagtçylykda çykarjak hökümleri barada näme diýse bolar? Biz nämeleri bilmeýäris? Biz nämeleri bilýäris? Indiki makalada şu soraglaryň jogabyny bileris.

57-NJI AÝDYM Hemmelere wagyz edeliň

a «Garawul diňi» žurnalyny okap bilersiňiz (w22.09 sah. 14—19).

b «Garawul diňi» žurnalyndan Adam ata, How ene we Kabyl hakda makalany okap bilersiňiz (w13-U 1/1 sah. 12, çykgyt).

c Ýahýa 17:12-de Iuda Iskariýot «heläk bolar» diýilýar. Şu jümle onuň ebedilik ýok edilendigini we hiç haçan direlmejekdigini aňladýar.

d JW.ORG saýtyndan «Bagyşlanylmaýan günä näme?» diýen makalany okap bilersiňiz.