ŞAHSY OKUWY ÜÇIN TEKLIP
Adalatsyzlyk etseler
1 Musa 37:23—28; 39:17—23-nji aýatlary okap, Ýusuba nähili adalatsyzlyk edilendigi hakda biliň.
Baby tutuşlygyna okaň. Ýusuba näme üçin adalatsyzlyk edildi? (1 Mus. 37:3—11; 39:1, 6—10). Ýusup näçe wagtlap adalatsyzlyga döz gelmeli boldy? (1 Mus. 37:2; 41:46). Şol döwri Ýehowa Ýusuby nädip goldady? Ol gudrat bilen Ýusuby synaglardan azat etdimi? (1 Mus. 39:2, 21; w23.01 sah. 17, abz. 13).
Gözleg geçiriň. Mukaddes Kitapda Ýusubyň atylan töhmete garşy çykyp, öz adyny goramak üçin bir zat diýendigi hakda ýazylmandyr. Getirilen aýatlary okap, Ýusubyň näme üçin Potifara ýagdaýy düşündirmändigi hakda oýlanyň. Mukaddes Kitapda näme üçin ähli jikme-jiklikler gürrüň berilmeýär? (Nak. 20:2; Ýah. 21:25; Res. 21:37). Ýusuba Hudaýa wepaly galmaga näme kömek etdi? (Mik. 7:7; Luka 14:11; Ýak. 1:2, 3).
Sapak ediniň. Özüňize şeýle sorag beriň:
-
Isanyň şägirtleri nähili adalatsyzlyga duş gelýär? (Luka 21:12, 16, 17; Ýew. 10:33, 34).
-
Adalatsyzlyga döz gelmek üçin häzirden näme edip bilerin? (Zeb. 62:7, 8; 105:17—19; w19.07 sah. 2—7).