Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

10-NJY MAKALA

«Öňki häsiýetleriňizi... egniňizden çykaryň»

«Öňki häsiýetleriňizi... egniňizden çykaryň»

«Öňki häsiýetleriňizi... egniňizden çykaryň» (Kol. 3:9, çykgyt).

29-NJY AÝDYM Adymyza mynasyp bolalyň

MAZMUNY *

1. Mukaddes Kitap okuwyny geçmänkäňiz nähili ýaşaýardyňyz?

 SIZ Ýehowanyň Şaýatlary bilen Mukaddes Kitap okuwyna başlamankaňyz nähili ýaşaýardyňyz? Belki, şol günleri ýatlasymyz hem gelýän däldir. Biz şu dünýäniň akymyna görä ýaşaýardyk, agy-garany saýgaryp bilmeýärdik, umytsyzdyk we Hudaýy tanamaýardyk (Efes. 2:12). Emma Mukaddes Kitap okuwy durmuşymyzy düýpgöter üýtgetdi.

2. Mukaddes Kitap okuwyny geçeniňizde nämelere göz ýetirdiňiz?

2 Mukaddes Kitap okuwyny geçeniňizde Ýehowanyň sizi ýürekden söýýändigini bildiňiz. Siz hak Allany razy etmek we onuň halkyna goşulmak üçin garaýşyňyzy, pikiriňizi, durmuşyňyzy üýtgetmelidigine düşündiňiz. Ýehowanyň ýokary ahlak kadalary boýunça ýaşamak üçin aýgytly ädimleri ädip başladyňyz (Efes. 5:3—5).

3. Koloslylar 3:9, 10-njy aýatlara görä, Ýehowa bizden näme talap edýär we makalada näme hakda gürrüň ederis?

3 Ýehowa ähli zady ýaradan hak Hudaýdyr. Ol biziň Atamyz, biz bolsa onuň perzentleri. Şol sebäpli Ýehowanyň ýagşy-ýaman babatda kanun çykarmaga haky bar. Ol biziň suwa çümdürilmänkäk «öňki häsiýetlerimizi we köne işlerimizi egnimizden çykarmagymyzy» talap edýär * (Koloslylar 3:9, 10-njy aýatlary okaň, çykgyt). Makalada şu üç soraglaryň jogabyny bileris: 1) «Öňki häsiýetler» näme? 2) Ýehowa näme üçin «öňki häsiýetlerimizi egnimizden çykarmagymyzy» isleýär we 3) biz olary çykarmak üçin näme etmeli? Şu soraglaryň jogaby suwa çümdürilmek isleýän adamlara aýgytly ädimleri ätmäge kömek eder. Makaladaky pikirler suwa çümdürilen mesihçilere-de «öňki häsiýetlerini» geýmezlige kömek eder.

«ÖŇKI HÄSIÝETLER» NÄME?

4. «Öňki häsiýetlerini egninden çykarmadyk» adam nähili bolýar?

4 «Öňki häsiýetlere» günäli işler we erbet pikirler degişli. «Öňki häsiýetlerini egninden çykarmadyk» adam diňe özüni bilýär, gaharjaň, gadyrbilmez, ulumsy bolýar we ahlaksyz, zorluk-sütemli filmleri hem-de pornografiýa görýär. Belki-de, onuň gowy häsiýetleri bardyr ýa-da eden erbet işleri üçin ynsaby ezýet berýändir, ýöne durmuşyny üýtgedesi gelýän däldir (Gal. 5:19—21; 2 Tim. 3:2—5).

«Öňki häsiýetlerimizi egnimizden çykarsak», günäli işleriň we erbet pikirleriň guly bolmarys (5-nji abzasa serediň) *.

5. «Öňki häsiýetlerimizi egnimizden» derrew çykaryp bilmesek näme üçin ruhdan düşmeli däl? (Resullar 3:19).

5 Biziň ählimiziň bikämil bolandygymyz üçin günäli işler we erbet pikirler aňymyza, ganymyza siňipdir. Şol sebäpli biz käte aýdan sözümize ýa-da eden işimize ökünýäris (Ýer. 17:9; Ýak. 3:2). Eger «öňki häsiýetlerimizi egnimizden çykarsak», günäli işleriň, erbet pikirleriň guly bolmarys we günäniň üstümizden agalyk etmegine ýol bermeris (Işa. 55:7; Resullar 3:19-y okaň).

6. Ýehowa näme üçin erbet pikirleriň guly bolmazlygymyzy isleýär?

6 Ýehowa biziň erbet endikleri we pikirleri ýüregimizden köki-damary bilen sogrup taşlamagymyza garaşýar. Sebäbi ol bizi söýýär we bagtly ýaşamagymyzy isleýär (Işa. 48:17, 18). Allatagala erbet pikirleriň guly bolan adamyň hem özüne, hem başgalara zyýan ýetirýändigini bilýär we olaryň kösenip ýaşamagyny islemeýär.

7. Rimliler 12:1, 2-nji aýatlara görä, biziň öňümizde nähili saýlaw bar?

7 Biziň dost-ýarlarymyz we dogan-garyndaşlarymyz «öňki häsiýetlerimizi egnimizden çykarjak» bolýandygymyzy görüp, üstümizden gülmekleri mümkin (1 Pet. 4:3, 4). Belki, olar: «Öz eliň — öz ýakaň. Erk-ygtyýaryň öz eliňde. Başgalaryň pikiri bilen ýöreme» diýýändirler. Emma olar Ýehowanyň kada-kanunlarynyň gulçulykdan azat edýändigine düşünmeýärler. Olar özüni erkin adam hasaplasalar-da, Şeýtanyň dünýäsiniň guludygyny bilmeýärler (Rimliler 12:1, 2-nji aýatlary okaň). Biz şularyň haýsy bolsa-da birini saýlamaly: «öňki häsiýetlerimizi egnimizden çykarman» günäniň we Şeýtanyň guly bolmaly ýa-da Ýehowanyň terbiýesini kabul edip ýagşy adam bolmaly. Elbetde, muny her kimiň özi saýlaýar (Işa. 64:8).

«ÖŇKI HÄSIÝETLERI EGNIŇDEN ÇYKARMAK» ÜÇIN NÄME ETMELI?

8. Ýehowa bize erbet endikleri we pikirleri aýyrmaga nädip kömek edýär?

8 Ýehowa biziň erbet endikleri we pikirleri derrew aýryp bilmejekdigimizi bilýär (Zeb. 103:13, 14). Şol sebäpli Ýehowa Sözi we mukaddes ruhy arkaly akyldarlyk, güýç berýär hem-de gerekli özgerişikleri etmäge kömek edýär. Siz durmuşyňyzda Ýehowanyň goldawyny ençeme sapar gören bolsaňyz gerek. Geliň, «öňki häsiýetleri egniňden çykarmaga» we suwa çümdürilmäge kömek etjek käbir maslahatlara seredeliň.

9. Hudaýyň Sözi näme etmäge kömek edýär?

9 Mukaddes Kitap arkaly ýüregiňizi barlaň. Hudaýyň Sözi edil aýna ýaly adamyň içki dünýäsini görkezýär (Ýak. 1:22—25). Eger siz Mukaddes Kitaby okasaňyz we oýlansaňyz pikirleriňize, aýdýan sözleriňize, gylyk-häsiýetleriňize baha berip bilersiňiz. Şeýle-de okuw geçýän wagyzçydan we imany berk dogan-uýalardan maslahat sorap bilersiňiz. Olar ýagşy häsiýetleriňizi görmäge we ýene-de nämäniň üstünde işlemelidigiňizi bilmäge kömek eder; Mukaddes Kitaba esaslanan edebiýatlardan gözleg geçirmegi öwreder. Siz edebiýatlarymyzdaky maslahatlara eýerip, erbet endikleriňizi taşlap bilersiňiz. Sebäbi Ýehowa siziň ýüregiňizi görýär, nämä mätäçdigiňizi bilýär we size hemişe kömek etmäge taýyn (Nak. 14:10; 15:11). Şol sebäpli Ýehowa doga etmegi we Mukaddes Kitaby her gün okamagy endik ediniň.

10. Eli bilen bolan wakadan näme öwrendiňiz?

10 Ýehowanyň kada-kanunlarynyň peýdalydygyna ýürekden ynanyň. Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşasak, ynsabymyz arassa bolar, mertebämizi saklarys, durmuşymyz manyly bolar we bagtly ýaşarys (Zeb. 19:7—11). Eger Ýehowanyň kada-kanunlaryny äsgermesek, görjegimiz görgi bolar. Geliň, Eli hakda gürrüň edeliň. Ene-atasy ony Ýehowanyň öwüt-ündewi bilen terbiýeleýär. Emma Eli ýetginjek wagty erbet oglanlar bilen dostlaşýar. Ol ahlaksyzlyk edýär, neşe çekýär we ogurlyk edýär. Eli şeýle gürrüň berýär: «Men gaharjaňdym, zalymdym. Men Ýehowanyň etme diýen zatlarynyň hemmesini etdim». Ýöne Eli ene-atasynyň öwreden zatlaryny hem unutmandy. Şeýlelikde, ol Mukaddes Kitap okuwyna başlaýar we öz üstünde işläp erbet endiklerini taşlaýar. Şeýdip, 2000-nji ýylda suwa çümdürilýär. Ol Ýehowanyň kada-kanunlarynyň peýdalydygyna göz ýetirýär. Eli: «Indi meniň kalbym rahat, ynsabym arassa» diýýär *. Görşümiz ýaly, Ýehowanyň kada-kanunlaryny äsgermeýän adam öz aýagyna özi palta urýar. Ýöne Ýehowa şeýle adamlara-da aýaga galmaga kömek edýär.

11. Ýehowa nämäni ýigrenýär?

11 Ýehowanyň ýigrenýän zatlaryny ýigreniň (Zeb. 97:10). Ýehowa «tekepbir gözleri, ýalançy dili, bigünä gany dökýän elleri» nejis hasaplaýar (Nak. 6:16, 17). Ol «zalym we hilegär» adamlary ýigrenýär (Zeb. 5:6). Şeýle adamlary Ýehowa Nuh pygamberiň günlerinde ýok etdi. Sebäbi «olardan ýaňa ýer ýüzi zalymlykdan doldy» (1 Mus. 6:13). Ýehowa Melek pygamber arkaly ýanýoldaşyna biwepalyk edýänleri we maşgalasyny bozýanlary ýigrenýändigini aýdýar. Hudaý olaryň seždesini kabul etmeýär we olardan hasabat sorar (Mel. 2:13—16; Ýew. 13:4).

Zaýalanyp porsap giden zady görenimizde aňrymyz bärimize gelýär. Şonuň ýaly Ýehowanyň ýigrenýän zatlary hakda pikirlenmegiň özi-de nejis we ýürekbulanyjy bolmaly (11, 12-nji abzaslara serediň).

12. «Erbetligi ýigrenmek» nämäni aňladýar?

12 Ýehowa biziň «erbetligi ýigrenmegimizi» we nejis hasaplamagymyzy isleýär (Rim. 12:9). Biz ýigrenji, nejis zady görenimizde aňrymyz bärimize gelýär. Aýdaly, kimdir biri zaýalanan, porsap giden nahary öňüňize goýýar. Siz ondan dadarsyňyzmy? Elbetde, ýok! Şeýle ýagdaý barada pikir etmegiň özi hem ýüregiňi bulaýar. Edil şonuň ýaly, Ýehowanyň ýigrenýän zatlary hakda oýlanmagy hem nejis hasaplamaly.

13. Biz näme üçin erbet zatlar barada pikir etmeli däl?

13 Erbet pikirleriň aňyňyzy eýelemigine ýol bermäň. Adamyň oý-pikiri edýän işlerine täsir edýär. Isa pygamber hem erbet pikirler bilen aňyny zäherlän adamyň agyr günä etjekdigini aýdypdy (Mat. 5:21, 22, 28, 29). Biziň her birimiz gökdäki Atamyz Ýehowany begendirmek isleýäris. Geliň, erbet pikirleriň aňymyzy eýelemegine ýol bermäliň!

14. Näme üçin aýtjak sözleriňi ünsli saýlamaly we haýsy soraglar hakda oýlanmaly?

14 Aýtjak sözüňizi ünsli saýlaň. Isa pygamber: «Adamyň agzyndan çykýan söz, aslynda, ýüreginden çykýar» diýdi (Mat. 15:18). Adamyň edýän gürrüňleri onuň kimdigini aýan edýär. Şu soraglar size özüňizi tanamaga kömek eder: men zyýanyma bolsa-da dogrymy aýdýarynmy? Ýanýoldaşymdan başga biri bilen näz-kereşme edýärinmi? Biri göwnüme degende gahardan ýaňa ýarylaýjak bolýarynmy? Men hapa, sögünç sözleri aýdýarynmy ýa-da edepsiz gürrüňleri edýärinmi? Şeýle sözleri köýnegiň iligine meňzetse bolýar. Eger «öňki häsiýetleri egnimizden çykarmak» islesek, göçme manydaky ilikleri açmaly, ýagny sögünç, ýalan, ahlaksyz gürrüňlerden gaçmaly.

15. «Öňki häsiýetleriňi» «pürse çüýlemek» nämäni aňladýar?

15 Aýgytly ädim ädiň. Pawlus resul durmuşyňy üýtgetmegiň wajypdygyny düşündirmek üçin täsin deňeşdirme getirdi. Ol «öňki häsiýetlerimizi» «pürse çüýlemelidigini» aýtdy (Rim. 6:6, çykgyt). Isa Atasynyň islegini ýerine ýetirmek üçin jebir pürsündäki ölüme razy boldy. Bizem Ýehowany begendirmek islesek «öňki häsiýetlerimizi» göçme manyda «pürse çüýlemeli». Şonda ynsabymyz arassa bolar we Ýehowany razy edip ebedi ýaşarys (Ýah. 17:3; 1 Pet. 3:21). Unutmaň, Ýehowa biziň ýagdaýymyza görä kada-kanunlaryny üýtgetmeýär, gaýtam biz onuň kada-kanunlaryna görä durmuşymyzy üýtgetmeli (Işa. 1:16—18; 55:9).

16. Biz näme üçin günäli höwesler bilen hemişe göreşmeli?

16 Günäli höwesler bilen göreşiň. Suwa çümdürilen mesihçiler hem günäli höwesleriň guly bolmaz ýaly aýgytly söweş alyp barýarlar. Geliň, Mawrisiýo hakda gürrüň edeliň. Ol ýaş wagty erkekler bilen jynsy gatnaşyk edýärdi. Bir gün ol Ýehowanyň Şaýatlary bilen tanyşýar we Mukaddes Kitap okuwyny geçip başlaýar. Ol durmuşyny bütinleý üýtgedip, 2002-nji ýylda suwa çümdürilýär. Ol Ýehowa köp ýyldan bäri gulluk etse-de, günäli höwesler bilen göreşmeli bolýandygyny boýun alýar, ýöne ruhdan düşmeýär. Ol şeýle diýýär: «Men günäli höwesleriň guly bolmasam, Ýehowany begendirýändigim hakda oýlanýaryn. Şonda güýjüme güýç goşulýar» *.

17. Nabiha bilen bolan waka näme etmäge höweslendirýär?

17 Öz güýjüňize däl-de, Ýehowa bil baglaň we mukaddes ruhuny sorap doga ediň (Gal. 5:22; Flp. 4:6). «Öňki häsiýetleri egniňden çykarmak» we asla «egniňe geýmezlik» üçin tagalla etmeli. Geliň, Nabiha hakda gürrüň edeliň. Ol alty ýaşyndaka kakasy öýünden gidýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Kakamyň bizi taşlap gitmegi ýaş kalbyma bitmejek ýara saldy». Nabiha gaharjaň we gödek bolup ýetişýär. Ol neşe satandygy üçin tussag edilýär we birnäçe ýyl türmede oturýar. Bir gün türmä Ýehowanyň Şaýatlary wagyz etmäge gelýär. Olaryň berýän gürrüňi Nabihanyň ýüregine täsir edýär we ol Mukaddes Kitap okuwyna başlaýar. Ol erbet endikleri bilen göreşip başlaýar. Nabiha şeýle diýýär: «Men käbir zyýanly endiklerimi derrew goýdum. Ýöne näçe jan etsem-de çilimi taşlap bilmedim». Nabiha bir ýyldan gowrak aldym-berdimli göreş alyp baryp, ahyry çilimini goýýar. Oňa näme kömek etdi? Nabiha şeýle diýýär: «Men hemişe Ýehowadan güýç sorap doga edýärdim. Men erbet endiklerimi taşlap, Ýehowany razy edip bilen bolsam, muny her bir adam başarar» *.

DURMUŞYŇYZY ÜÝTGEDIP, SUWA ÇÜMDÜRILIP BILERSIŇIZ

18. 1 Korinfliler 6:9—11-nji aýatlara görä, Hudaýyň halky näme etmegi başardy?

18 I asyrdaky saýlanan mesihçileriň käbiri suwa çümdürilmänkä günäli işleriň guludylar. Olar azgynçylyk, ahlaksyzlyk we ogrulyk edýärdiler. Emma olar Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen durmuşyny bütinleý üýtgetdiler (1 Korinfliler 6:9—11-nji aýatlary okaň). Şu günler hem millionlarça adamlar Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna eýerip, «öňki häsiýetlerini egninden çykardylar» we ganyna siňen erbet endiklerini taşladylar *. Diýmek, siz hem durmuşyňyzy üýtgedip, suwa çümdürilip bilersiňiz.

19. Indiki makalada näme hakda gürrüň ederis?

19 Suwa çümdürilmek üçin «öňki häsiýetleri çykarmak» ýeterlikli däl, «täze häsiýetleri hem geýmeli». Indiki makalada «täze häsiýetleri geýmek» üçin näme etmelidigi we başgalaryň bize nädip kömek edip biljekdigi hakda gürrüň ederis.

41-NJI AÝDYM Dilegimi eşit

^ Suwa çümdürilmek üçin durmuşyňy bütinleý üýtgetmeli. Mukaddes Kitapda munuň üçin «öňki häsiýetleriňi... egniňden çykarmalydygy» aýdylýar. «Öňki häsiýetler» näme? Olary näme üçin we nädip egniňden çykarmaly? Makalada şu soraglaryň jogabyny bileris. Indiki makalada suwa çümdürilenden soň hem «täze häsiýetleri geýmelidigi» barada gürrüň ederis.

^ DÜŞÜNDIRILIŞ: «öňki häsiýetleri egniňden çykarmaklyk» Ýehowanyň ýigrenýän häsiýetlerini goýmagy we endiklerini taşlamagy aňladýar. Biz muny suwa çümdürilmezden öň etmeli (Efes. 4:22).

^ Köpräk bilmek üçin «Mukaddes Kitap durmuşyňy özgerdýär. „Ýehowa dolanmak kararyna geldim“» atly makalany okaň (w12-U 1/4).

^ Köpräk bilmek üçin «Mukaddes Kitap durmuşyňy özgerdýär. „Olar meniň bilen mähirli gepleşdi“» atly makalany okaň (w12 1/5).

^ Köpräk bilmek üçin «Mukaddes Kitap durmuşyňy özgerdýär. „Men gaharjaň hem gödekdim“» atly makalany okaň (w12-U 1/10).

^ « Mukaddes Kitap durmuşyňy özgerdýär» diýen çarçuwa serediň.

^ SURAT: köne eşigi çykaryp zyňşymyz ýaly, erbet pikirleri aňymyzdan aýyrmaly we erbet endikleri taşlamaly.