Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

14-NJI MAKALA

Ýaşulular, Pawlusyň göreldesine eýeriň

Ýaşulular, Pawlusyň göreldesine eýeriň

«Menden görelde alyň» (1 Kor. 11:1).

99-NJY AÝDYM Müňlerçe dogan-uýalar

MAZMUNY *

1, 2. Ýaşulular näme üçin Pawlus resulyň göreldesine eýermeli?

 PAWLUS RESUL dogan-uýalary söýýärdi we olaryň ýürekden aladasyny edýärdi (Res. 20:31). Dogan-uýalar hem Pawlusy gowy görýärdiler. Bir gezek Efesdäki ýaşulular Pawlusy indi hiç haçan görmejegini bilenlerinde aglaşdylar (Res. 20:37). Şu günlerem Pawlus resul ýaly aladaçyl ýaşulular dogan-uýalary ýürekden söýýärler we olara kömek etmek üçin janyny gaýgyrmaýarlar (Flp. 2:16, 17). Emma käte ýaşulular borçlaryny gowy ýerine ýetirip bilmeýändikleri üçin ruhdan düşýärler. Olara Ýehowa şatlanyp gulluk etmäge näme kömek eder?

2 Janaýamaz ýaşulular Pawlus resuldan köp zatlary öwrenip bilerler (1 Kor. 11:1). Pawlus bikämildi, hemişe gowy işleri edip bilmeýändigini boýun alýardy (Rim. 7:18—20). Ol köp kynçylyklara duş gelýärdi, ýöne ruhdan düşmeýärdi we Ýehowa şatlanyp gulluk edýärdi. Ýaşulular hem Pawlusyň göreldesine eýerseler, kynçylyklara döz gelerler we Ýehowa begenip gulluk ederler.

3. Makalada näme hakda gürrüň ederis?

3 Şu makalada ýaşulularyň Pawlus resulyň göreldesine haýsy dört ýagdaýda eýerip biljegi hakda gürrüň ederis. Ýaşululara 1) yhlasly wagyz etmek, 2) dogan-uýalary ruhlandyrmak, 3) öz üstünde işlemek we 4) dogan-uýalaryň ýagşy häsiýetini görmek aňsat bolmaýar. Ýehowa olara gudrat görkezer ýaly güýç bermeýär. Emma olar Pawlus resulyň göreldesine eýerseler, şatlygyny ýitirmän dogan-uýalara hyzmat ederler.

YHLASLY WAGYZ EDIŇ

4. Ýaşululara hoş habary wagyz etmäge wagt tapmak näme üçin kyn bolýar?

4 Näme üçin aňsat bolmaýar? Ýaşulularyň hoş habary wagyz etmekden başga-da ýygnakda köp borçlary bar. Olar hepdäniň başyndaky duşuşygy alyp barýarlar, Mukaddes Kitaby öwrenmek duşuşygyny geçirýärler, nutuk bilen çykyş edýärler, hyzmatçylara tälim berýärler we dogan-uýalary ruhlandyrýarlar (1 Pet. 5:2). Şeýle-de ýaşulular Ýygnak jaýynyň we guramanyň binalarynyň gurluşyk hem-de abatlaýyş işlerine gatnaşýarlar. Ýaşulular ýygnakda köp işleri etseler-de, olaryň esasy borjy hoş habary wagyz etmek (Mat. 28:19, 20).

5. Pawlus resulyň yhlasly wagyz edendigini nireden bilýäris?

5 Pawlus resulyň göreldesi. Pawlus filipililere: «Iň wajyp zatlara düşüniň» diýip maslahat berdi (Flp. 1:10). Ol beren maslahatyna özi hem eýerýärdi. Pawlus hoş habary wagyz etmegi hemme zatdan wajyp hasaplaýardy. Ol «jemagatyň öňünde we öýden-öýe aýlanyp» wagyz edýärdi (Res. 20:20). Pawlus günüň belli bir wagty ýa-da hepdäniň belli bir güni däl-de, her bir mümkinçilikden peýdalanyp wagyz edýärdi. Meselem, Pawlus Afinada Silas bilen Timoteosa garaşýarka atly-abraýly adamlara wagyz etdi we olaryň käbiri iman etdiler (Res. 17:16, 17, 34). Hatda ol gollary zynjyrly türmede otursa-da, ýanyna gelýän adamlara wagyz edýärdi (Flp. 1:13, 14; Res. 28:16—24).

6. Pawlus resul ýaş doganlara nädip tälim berýärdi?

6 Pawlus resul wagtyny paýhasly ulanýardy. Ol ýaş doganlar bilen wagyz edýärdi. Meselem, Pawlus birinji wagyz syýahatyna Markusy alyp gitdi, ikinjisinde bolsa Timoteos bilen wagyz etdi (Res. 12:25; 16:1—4). Pawlus olara ýygnagyň işlerini ýola goýmagy, çopançylyk ideglerini etmegi öwredendir we ökde mugallym bolmaga kömek edendir (1 Kor. 4:17).

Pawlus resulyň göreldesine eýeriň we her bir mümkinçilikden peýdalanyp wagyz ediň (7-nji abzasa serediň) *.

7. Ýaşulular Pawlusyň Efesliler 6:14, 15-nji aýatlardaky maslahatyna nädip eýerip bilerler?

7 Ýaşulular üçin sapak. Ýaşulular Pawlus resulyň göreldesine nädip eýerip bilerler? Olar diňe bir öýden-öýe däl-de, her bir mümkinçilikden peýdalanyp wagyz etmeli (Efesliler 6:14, 15-nji aýatlary okaň). Meselem, olar dükana baranlarynda wagyz edip biler ýa-da işdeşlerine hoş habary gürrüň berip biler. Ýaşulular gurluşyk işlerine gatnaşanlarynda şol töwerekde ýaşaýan adamlara ýa-da gurluşyk harytlaryny satýanlara wagyz edip bilerler. Olar Pawlus resulyň göreldesine eýerip wagtyny paýhasly ulanyp bilerler. Olar wagyzda imandaşlaryna we hyzmatçy doganlara hem tälim berip bilerler, hem şägirt taýýarlamaga kömek edip bilerler.

8. Ýaşulular goşmaça iş berlende näme hakda oýlanmaly?

8 Käte ýaşulular ýygnagyň we etrabyň işleri bilen başagaý bolup, wagyz etmäge wagty bolmazlygy mümkin. Emma ýaşulular beýle ýagdaýa ýol bermeli däl. Eger ýaşululara goşmaça işi ýerine ýetirmegi haýyş etseler näme edip bilerler? Olar Hudaýa doga edip oýlanmaly. Eger goşmaça işi ýerine ýetirse, esasy borçlaryny, ýagny maşgala okuwyny geçirmäge, yhlasly wagyz etmäge we çagalaryna tälim bermäge wagty galmasa näme? Şeýle ýagdaýda paýhasly ýaşuly goşmaça işi ýerine ýetirip bilmejekdigini aýdar. Käbir ýaşulular ýygnakda berilýän goşmaça işi uly hormat hasaplap, ondan ýüz öwresi gelmeýär. Ýaşulular, ýok diýmäge çekinmäň! Ýehowa siziň ýagdaýyňyza düşünýär we esasy borçlaryňyzy gowy ýerine ýetirýäniňizi görüp begenýär.

DOGAN-UÝALARY RUHLANDYRYŇ

9. Ýehowa ýaşululara näme etmegi tabşyrdy?

9 Näme üçin aňsat bolmaýar? Biz soňky günlerde ýaşaýarys. Kynçylyklar gün-günden köpelýär. Şol sebäpli ýaşulular dogan-uýalary ruhlandyrmaly we goldamaly (1 Sel. 5:14). Käbirlerine bolsa hakykat ýolundan sowulmaz ýaly kömek etmeli. Elbetde, ýaşulular gudrat bilen dogan-uýalaryň ähli kynçylygyny aýryp bilmeýär. Emma Ýehowa ýaşululara halkynyň aladasyny etmegi, ruhlandyrmagy we goramagy tabşyrdy. Ýaşulularyň işi köp bolsa-da, dogan-uýalary goldamak üçin wagt tapmaly.

Dogan-uýalary her bir mümkinçilikden peýdalanyp öwüň we ruhlandyryň (10, 12-nji abzaslara serediň) *.

10. 1 Selanikliler 2:7-ä görä, Pawlus resul dogan-uýalaryň nädip aladasyny etdi?

10 Pawlus resulyň göreldesi. Pawlus dogan-uýalary her bir mümkinçilikden peýdalanyp öwýärdi we ruhlandyrýardy. Ýaşulular onuň göreldesine eýerip, imandaşlarynyň mähir bilen aladasyny etmeli (1 Selanikliler 2:7-ni okaň). Pawlus dogan-uýalary gowy görýärdi we Ýehowanyň olary söýýändigini aýdýardy. Pawlus olar bilen dostlaşýardy we dynç alýardy (2 Kor. 2:4; Efes. 2:4, 5). Ol özüni biynjalyk edýän ýagdaýlary we goýberýän ýalňyşlaryny aýtmaga çekinmeýärdi (2 Kor. 7:5; 1 Tim. 1:15). Pawlus diňe bir kynçylyklary hakda gürrüň bermän, dogan-uýalara kömek edýärdi.

11. Pawlus resul näme üçin dogan-uýalara maslahat berýärdi?

11 Pawlus resul käte dogan-uýalara käýäp maslahat berýärdi. Emma ol gahar-gazap bilen däl-de, ýumşaklyk bilen maslahat berýärdi. Olary her hili howp-hatardan goramak isleýärdi. Pawlus dogan-uýalara käýese-de, göwnüne degmeýärdi. Şonuň üçin olar Pawlusyň maslahatyna ýürekden eýerýärdiler. Meselem, Pawlus Korinfdäki dogan-uýalara berk maslahat berýär. Soňra olaryň maslahata nähili seslenendigini bilmek üçin Titusy iberýär. Pawlus olaryň maslahaty ýürekden kabul edendigini eşidip begenýär (2 Kor. 7:6, 7).

12. Ýaşulular dogan-uýalary ruhlandyrmak üçin näme etmeli?

12 Ýaşulular üçin sapak. Ýaşulular dogan-uýalar bilen ýygy-ýygydan gürrüňdeş bolmaly. Munuň üçin olara köp wagt gerek bolmaz. Eger olar ýygnaga irräk gelseler, dogan-uýalary birki agyz söz bilenem ruhlandyryp bilerler (Rim. 1:12; Efes. 5:16). Pawlusyň göreldesine eýerýän ýaşuly aýatlar arkaly dogan-uýalary ruhlandyrýar. Olary gowy görýändigini we Ýehowanyň söýýändigini aýdýar. Ol dogan-uýalaryň halyndan habar alyp durýar we her bir mümkinçilikden peýdalanyp öwýär. Ol maslahat berende Mukaddes Kitaba esaslanýar we nämäniň üstünde işlemelidigini açyk aýdýar, ýöne mähirli bolmagy unutmaýar (Gal. 6:1).

ÖZ ÜSTÜŇIZDE IŞLÄŇ

13. Ýaşulular ýalňyşanda özüni nähili duýýarlar?

13 Näme üçin aňsat bolmaýar? Ýaşulular kämil däl, ähli adamlar ýaly olaram ýalňyşýar (Rim. 3:23). Käbirleri ýalňyşanda öz etini özi iýip ruhdan düşýärler. Käbirleri bolsa özüni aklap: «Aý, men bir bikämil adam» diýýärler we ýalňyşyny düzetjek bolmaýarlar.

14. Filipililer 4:13-e görä, Pawlus resul ejizliklerine nädip döz geldi?

14 Pawlus resulyň göreldesi. Pawlus resul ejizliklerini ýeke özüniň ýeňip bilmejekdigini boýun alýardy we Ýehowanyň kömegine mätäçdigine düşünýärdi. Ol mesihçileri zalymlyk bilen yzarlaýardy. Soňra ýalňyşyna düşünip, garaýşyny we häsiýetlerini üýtgedýär (1 Tim. 1:12—16). Pawlus Ýehowanyň kömegi bilen mähirli, duýgudaş, pesgöwünli ýaşuly bolýar we dogan-uýalaryň aladasyny edýär. Ol goýberen ýalňyşlary sebäpli ruhdan düşýär (Rim. 7:21—25). Emma ejizlikleri hakda çendenaşa biynjalyk bolmagyň deregine, Ýehowanyň geçirimli Hudaýdygy hakda oýlanýar. Pawlus özünden köp zada garaşmaýar. Ol ýagşy häsiýetleri ösdürýär. Ýehowa bil baglap, tabşyrylan işleri ýürekden ýerine ýetirýär (1 Kor. 9:27; Filipililer 4:13-i okaň).

Ýalňyşyňyzy boýun alyň we öz üstüňizde işläň (14, 15-nji abzaslara serediň) *.

15. Ýaşululara borjuny şatlyk bilen ýerine ýetirmäge näme kömek eder?

15 Ýaşulular üçin sapak. Doganlar kämil bolandygy üçin ýaşuly bellenmeýärler. Ýehowa ýaşulularyň ýalňyşyny boýun almagyny we ruhuň miwesini ösdürmegini isleýär (Efes. 4:23, 24). Munuň üçin olar Mukaddes Kitaby okamaly, oýlanmaly we öz üstünde işlemeli. Şonda Ýehowa olara borjuny şatlyk bilen ýerine ýetirmäge kömek eder (Ýak. 1:25).

DOGAN-UÝALARYŇ ÝAGŞY HÄSIÝETINI GÖRÜŇ

16. Ýaşulular näme üçin öte talapkär ýa-da tankytçyl bolmaly däl?

16 Näme üçin aňsat bolmaýar? Ýaşulular dogan-uýalar bilen eginme-egin işleşýärler. Olaryň gylyk-häsiýetini we ejizliklerini bilýärler. Şol sebäpli ýaşulularyň dogan-uýalaryň bolşuna gahary gelip, gödek gepleşmegi we olary ýazgaryp başlamagy mümkin. Emma ýaşulular öte talapkär ýa-da tankytçyl bolmaly däl, ýogsam Şeýtanyň duzagyna düşerler (2 Kor. 2:10, 11).

17. Pawlus resul dogan-uýalara nähili garaýardy?

17 Pawlus resulyň göreldesi. Pawlus hemişe dogan-uýalaryň ýagşy häsiýetine üns berýärdi. Elbetde, dogan-uýalar käte ýalňyşýardylar, hatda Pawlusyň göwnüne degýärdiler. Emma Pawlus olary erbet adam hasaplamaýardy. Ol dogan-uýalary janyndan eý görýärdi, ýagşy häsiýetlerini gymmat saýýardy. Dogan-uýalar ýalňyşanda, Pawlus olaryň niýetine şübhelenmeýärdi, gaýtam güýjüni gaýgyrman kömek edýärdi.

18. Pawlus resulyň uýalara eden kömeginden näme öwrenýäris? (Filipililer 4:1—3).

18 Geliň, Pawlus resulyň Filipidäki ýygnakda gulluk eden iki uýa nädip kömek edendigini bileliň (Filipililer 4:1—3-nji aýatlary okaň). Ewodiýa bilen Sintihiýanyň arasynda düşünişmezlik döreýär we olar gepleşmän ýörýärler. Emma Pawlus uýalary ýazgarmaýar, gaýtam olaryň ýagşy häsiýetlerine üns berýär. Ewodiýa bilen Sintihiýa köp ýyldan bäri Ýehowa wepaly gulluk edýärdiler. Pawlus Ýehowanyň olary söýýändigini bilýärdi. Ol uýalary gowy görýärdi. Şonuň üçin olary düşünişmezligi çözüp, ýaraşmaga höweslendirdi. Şeýlelikde, Pawlus olar bilen jana-jan dost boldy we Ýehowa şatlanyp gulluk etdi.

Dogan-uýalary ýazgarmaň (19-njy abzasa serediň) *.

19. a) Ýaşulular Pawlus resulyň göreldesine nädip eýerip bilerler? b) Suratdaky Ýygnak jaýyny arassalaýan ýaşuludan näme öwrenip bileris?

19 Ýaşulular üçin sapak. Ýaşulular, Pawlus resulyň göreldesine eýeriň we dogan-uýalaryň ýagşy häsiýetine üns beriň (Flp. 2:3). Elbetde, dogan-uýalar bikämil, ýöne olaryň her birinde Ýehowa ýaraýan häsiýetler bar. Ýaşulular käte dogan-uýalara maslahat bermeli, emma olaryň her bir aýdýan sözünden ýa-da edýän işinden bahana gözläp ýörmeli däl. Gaýtam dogan-uýalaryň Ýehowany söýýändigi, kynçylyklara döz gelýändigi we gelejekde köp ýagşy işleri etjekdikleri hakda oýlanmaly. Şonda dogan-uýalar ýygnakda özüni öýünde ýaly duýarlar.

PAWLUSYŇ GÖRELDESINE HEMIŞE EÝERIŇ

20. Ýaşulular Pawlus resulyň göreldesine eýermek üçin näme etmeli?

20 Ýaşulular, edebiýatlarymyzdan Pawlus resul hakda gözleg geçirseňiz gowy bolar. Meselem, «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlarynyň indeksiniň»(rus.) «Pawlus» diýen bölüminiň «Ýaşulular üçin görelde» diýen sözbaşysyna seredip bilersiňiz. Şol ýerdäki makalalary okanyňyzda, özüňize şu soragy beriň: Pawlus resulyň göreldesi borçlarymy şatlyk bilen ýerine ýetirmäge nädip kömek eder?

21. Ýaşulular nämä ynamly bolup bilerler?

21 Ýaşulular, Ýehowa sizden kämillige garaşmaýar. Ol siziň wepaly bolmagyňyzy isleýär (1 Kor. 4:2). Ýehowa Pawlus resulyň çeken zähmetini we wepalylygyny gymmat saýýardy. Ýehowa siziňem edýän işleriňiziň gadyryny bilýär. Sebäbi «siz mukaddeslere häzire çenli hyzmat edip gelýärsiňiz. Hudaý şol işleriňizi we adyna bildiren söýgiňizi unutmaz» (Ýew. 6:10).

87-NJI AÝDYM Geliň, ýygnakda ruhlanalyň!

^ Biz janyny aýaman dogan-uýalara kömek edýän ýaşululara örän minnetdar. Şu makalada ýaşulularyň duş gelýän dört kynçylygy hakda we Pawlusyň göreldesine eýermek üçin näme etmelidigi barada gürrüň ederis. Makaladaky pikirler ýaşulularyň ýagdaýyna düşünmäge, duýgudaş bolmaga we olary goldamaga höweslendirer.

^ SURAT: dogan işdeşine hoş habary wagyz edýär.

^ SURAT: ýaşuly çekinjeň dogan bilen mähirli gepleşýär.

^ SURAT: dogan öýke-kine saklamazlygy maslahat berýär.

^ SURAT: dogan Ýygnak jaýyny arassalamaga kömek edýän wagty telefona güýmenýär, ýöne ýaşuly ony ýazgarmaýar.