12-NJI MAKALA
Imanyňy berkidýän görnüş
«Aýdan zatlarym goşun ýa-da ynsan güýji bilen däl-de, meniň ruhum bilen amala aşar — muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar» (Zek. 4:6).
73-NJI AÝDYM Batyrgaýlyk diläliň
MAZMUNY *
1. Näme üçin ýehudylaryň begenjiniň çägi bolan däldir?
ÝEHUDYLAR gökdäki dilegine ýerde gowuşdylar. «Ýehowa Pars patyşasy Kiri bir perman çykarmaga höweslendirdi». Permana laýyklykda, ýehudylar watanyna dolanyp, «Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň Iýerusalimdäki ybadathanasyny gaýtadan dikeltmelidi» (Hyd. 1:1, 3). Hawa, ýehudylar dogduk mekanyna dolanyp, hak Hudaý Ýehowa edilýän arassa seždäni dikeltmelidiler. Olaryň begenjiniň çägi bolan däldir.
2. Ýehudylar sürgünden haçan azat boldular we olar näme etdiler?
2 B. e. öň 537-nji ýylda sürgünden azat bolan ýehudylar günorta Ýahuda patyşalygynyň paýtagty Iýerusalime geldiler. Olar Iýerusalime gelen badyna bilini berk guşap gurluşyga başladylar we b. e. öň 536-njy ýylda ybadathananyň düýbüni tutdylar.
3. Ýehudylar nähili kynçylyga duş geldiler?
3 Ýehudylara ybadathanany gurmak aňsat düşmedi, sebäbi goňşy halklar olaryň «sustuny basyp, elini işden sowadyp başladylar» (Hyd. 4:4). B. e. öň 522-nji ýylda Pars patyşasy Ardaşir tagta geçende, ýehudylaryň ýagdaýy hasda kynlaşdy *. Duşmanlar ybadathananyň gurluşygyny togtatmak üçin «kanunyň adyndan adalatsyzlyk etdiler» (Zeb. 94:20). Olar Ardaşir patyşa hat ýazyp, ýehudylary gozgalaň turuzmakda aýyplaýarlar (Hyd. 4:11—16). Patyşa olaryň ýalan sözüne ynanyp, ybadathananyň gurluşygyny togtatmagy buýurýar (Hyd. 4:17—23). Şeýlelikde, hyjuw bilen işe başlan ýehudylar gurluşygy bes etdiler (Hyd. 4:24).
4. Ýehowa ýehudylary ruhlandyrmak üçin näme etdi? (Işaýa 55:11).
4 Butparaz halklar we Pars patyşalygynyň atly-abraýly adamlary ybadathananyň gurluşygyny togtatmak üçin elinde baryny etdiler. Emma olar Ýehowanyň niýetinden bihabardy. Hak Alla ýehudylaryň ybadathanany dikeltmegini isleýärdi. Ýehowanyň isleginiň amala aşmagyna hiç kim päsgel berip bilmez (Işaýa 55:11-i okaň). Hudaý batyrgaý Zekerýany pygamber edip belledi we oňa sekiz sany görnüş görkezdi. Zekerýa görnüşi gürrüň berip halky ruhlandyrdy. Ýehudylar Ýehowa bil baglap, duşmandan gorkmaly däldigine we gurluşygy dowam etmelidigine düşündiler. Pygamber bäşinji görnüşde şemdan bilen iki zeýtun agajyny görýär.
5. Makalada näme hakda gürrüň ederis?
5 Zekerýa pygamberiň gören bäşinji görnüşi ýehudylaryň güýjüne güýç goşdy. Şol görnüş biziňem imanymyzy berkider, sebäbi bizem käte kynçylyklardan ýaňa ruhdan düşýäris. Şu görnüş bize yzarlamalarda, durmuşymyz bütinleý üýtgände we berilýän görkezmeler bilen ylalaşmak kyn bolanda Ýehowa bil baglamaga kömek eder.
YZARLAMALARA ÇYDAMAK
6. Zekerýa 4:1—3-nji aýatlardaky görnüş halky nädip ruhlandyrdy? (Daşky sahypadaky surata serediň).
6 Zekerýa 4:1—3-nji aýatlary okaň. Şemdan we iki zeýtun agajy baradaky görnüş ýehudylara bilini berk guşap gurluşygy dowam etmäge kömek etdi. Siz şemdanyň ýagynyň hiç haçan gutarmaýandygyna üns berdiňizmi? Iki zeýtun agajyndan ýag jama akýar. Jamdaky ýag bolsa turbajyklar arkaly şemdanyň ýedi çyrasyna akýar. Şemdan bolsa hemişe ýanyp durýar. Zekerýa pygamber perişdeden: «Olaryň manysy näme?» diýip soraýar. Perişde şeýle jogap berýär: «Aýdan zatlarym goşun ýa-da ynsan güýji bilen däl-de, meniň ruhum bilen amala aşar — muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar» (Zek. 4:4, 6). Görnüşdäki zeýtun ýagy Ýehowa Hudaýyň mukaddes ruhuny aňladýar. Ol gudratlydyr, hiç haçan ýadaýan däldir. Serkerdebaşy Ýehowanyň ýanynda Pars patyşasynyň goşuny hiç zat bolup galýar. Ýehudylar Ýehowany arkadaýanjy hasaplap, duşmanlardan gorkman ybadathananyň gurluşygyny tamamlap biljekdigine düşünmelidiler. Perişdäniň habary ýehudylaryň ysgyndan gaçan goluna kuwwat berendir. Olar Ýehowa bil baglap, ýeňini çermäp gurluşyga başlamalydylar. Ybadathanany gurmak gadagan edilen hem bolsa, ýehudylar gurluşygy dowam etdiler.
7. B. e. öň 520-nji ýylda nähili waka bolýar?
7 B. e. öň 520-nji ýylda ýehudylar üçin garaşylmadyk waka boldy. Dariý I hökümdarlygynyň ikinji ýylynda ybadathananyň gurluşygynyň bikanun togtadylandygyny bilýär. Ol ýehudylaryň ybadathananyň gurluşygyny tamamlamalydygy hakda perman çykarýar (Hyd. 6:1—3). Patyşa goňşy halklara ýehudylara päsgel bermezligi, hatda gurluşygyň çykdajysyny ödemegi tabşyrýar (Hyd. 6:7—12). Şeýlelikde, ýehudylar dört ýyldan soň, ýagny b. e. öň 515-nji ýylda gurluşygy tamamladylar (Hyd. 6:15).
8. Biz näme üçin hiç kimden we hiç zatdan gorkmaly däl?
8 Şu günler Ýehowanyň halkyny yzarlaýarlar. Wagyz işi çäklendirilen ýa-da gadagan edilen ýurtlarda dogan-uýalary tussag edýärler. Olary «hökümdarlaryň, patyşalaryň öňüne alyp barýarlar». Şonda dogan-uýalar döwlet işgärlerine hem wagyz edip bilýärler (Mat. 10:17, 18). Käte döwlet baştutany çalyşýar ýa-da adalatly kazylar biziň peýdamyza karar çykarýar. Şeýlelikde, dogan-uýalar hoş habary arkaýyn wagyz edip bilýär. Käbir ýurtlarda Ýehowanyň Şaýatlarynyň wagyz işine rugsat edilen, emma olara dogan-garyndaşlary garşy çykyp, imandan dändirjek bolýarlar (Mat. 10:32—36). Olar Ýehowa söýgimizi sowadyp bilmejegine düşünenlerinde azar bermegini bes etdiler, hatda käbirleri Ýehowanyň Şaýady boldular. Eger sizem yzarlamalara ýa-da garşylyklara duş gelýän bolsaňyz ruhdan düşmäň. Hiç zatdan gorkmaň, mert boluň! Ýehowa siziň sag eliňizden tutup, mukaddes ruhy arkaly goldar!
GARAŞYLMADYK ÝAGDAÝLARA DÖZ GELMEK
9. Aksakgal gojalar näme üçin agladylar?
9 Aksakgal gojalar ybadathananyň «düýbüniň tutulandygyny görüp, ses edip agladylar» (Hyd. 3:12). Sebäbi olar Süleýman patyşanyň guran kaşaň ybadathanasyny gözi bilen görüpdiler. Olar ybadathananyň «öňki şöhratyndan nam-nyşan galmandygyny» görüp agladylar (Hag. 2:2, 3). Olar Süleýmanyň ybadathanasy bilen täze gurulýan ybadathananyň arasynda ýer bilen gök ýaly tapawudy görüp lapykeç boldular. Emma Zekerýanyň görnüşi olaryň göwnüni galkyndyrdy. Nädip?
10. Zekerýa 4:8—10-njy aýatlardaky haýsy sözler ýehudylary ruhlandyrdy?
10 Zekerýa 4:8—10-njy aýatlary okaň. Perişde «halk Zerubabeliň elindäki ölçeg daşyny görüp begener» diýende nämäni göz öňünde tutdy? Gurluşykda jaýyň diwarlaryny, burçlaryny dogry we göni çykarmak üçin ölçeg daşy ulanylýardy. Perişdäniň aýdan habary ýehudylara ybadathananyň öz wagtynda guruljakdygyna we Ýehowanyň gurluşykdan hoşaldygyna düşünmäge kömek etdi. Diýmek, ýehudylar ybadathana guwanmalydylar. Ýehowa üçin ybadathananyň kaşaňlygy däl-de, adamlaryň arassa sežde etmegi wajypdy. Eger ýehudylar Hudaýyň kada-kanunlaryny ýürekden berjaý etseler, olaryň gaýgysy şatlyga öwrülerdi.
11. Dogan-uýalar nähili kynçylyklara duş gelýärler?
11 Bize durmuşda bolýan garaşylmadyk ýagdaýlara öwrenişmek aňsat bolmaýar. Meselem, uzak wagtly gulluk edýän dogan-uýalaryň borçlary üýtgeýär. Käbirleri bolsa garrylyk sebäpli gowy görýän borjuny goýmaly bolýar. Şeýle ýagdaýlarda biz ruhdan düşýäris. Gelnen karara düşünmek ýa-da onuň bilen ylalaşmak kyn bolýar. Biz öňki gullugymyzy küýseýäris we «Ýehowa üçin köp işleri edip bilmeýärin» diýip göwnüçökgünlige düşýäris (Nak. 24:10). Şeýle ýagdaýlarda Zekerýanyň gören görnüşi nädip kömek eder?
12. Zekerýa pygamberiň görnüşi ruhdan düşmezlige nädip kömek edýär?
12 Durmuşymyzda bolýan garaşylmadyk ýagdaýlar sebäpli ruhdan düşmez ýaly näme kömek eder? Biz Ýehowanyň şu günler guramasy arkaly beýik işleri edýändigi we onuň bilen işleşmegiň uly hormatdygy hakda oýlanmaly (1 Kor. 3:9). Guramada borçlarymyz üýtgese-de, Ýehowanyň bize bolan söýgüsi hiç haçan sowamaz. Eger siziň hem borjuňyz üýtgese: «Näme üçin? Näme sebäpden?» diýip, özüňizi kösemäň. Siz «geçen günler şu günümden gowy eken» diýmegiň deregine, Hudaýa doga ediň we alýan bereketleriňiz hakda oýlanyň (Nes. 7:10). Geçeni geçdi biliň! Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin näme edip biljegiňiz hakda oýlanyň. Hawa, Zekerýanyň görnüşi imanymyzy berkidýär. Durmuşda garaşylmadyk ýagdaýlar bolsa-da, şatlygymyzy ýitirmän Ýehowa wepaly bolmaga kömek edýär.
GÖRKEZMELERE EÝERMEK
13. Ýehudylaryň käbiri näme üçin ybadathananyň gurluşygyny dowam etmegi akmaklyk hasaplandyr?
13 Ybadathananyň gurluşygy gadagan edilipdi. Emma baş ruhany Ýoşuw (ýagny Ýuşa) we Zerubabel häkim «Hudaýyň... ybadathanasyny dikeldip başlady» (Hyd. 5:1, 2). Belki, käbir ýehudylar olaryň kararyny akmaklyk hasaplandyr. Şeýle uly gurluşygy duşmanlara bildirmän dowam etmek mümkin däldi. Şol sebäpli Ýehowa Zekerýa pygamber arkaly Zerubabel bilen Ýuşany goldaýandygyny düşündirdi. Nädip?
14. Ýehowa baş ruhany Ýuşany we Zerubabel häkimi goldaýandygyny nädip görkezdi? (Zekerýa 4:12, 14).
14 Zekerýa 4:12, 14-nji aýatlary okaň. Perişde Zekerýa pygambere iki zeýtun agajynyň «iki saýlanany», ýagny Ýuşa bilen Zerubabeli aňladýandygyny düşündirýär. Olar ýer ýüzüniň Hojaýyny Ýehowanyň «gapdalynda durdylar». Gör, nähili uly hormat! Ýehowa olara ýürekden ynanýardy. Şol sebäpli ýehudylar hem Allatagalanyň olar arkaly beren görkezmesine gyşarnyksyz eýermelidiler.
15. Hudaýyň Mukaddes Kitap arkaly berýän öwüt-ündewiniň gadyryny bilýändigimizi nädip görkezmeli?
15 Ýehowa şu günler halkyna Mukaddes Kitap arkaly görkezme berýär we arassa sežde etmek üçin näme etmelidigini öwredýär. Biz Hudaýyň Mukaddes Kitap arkaly berýän öwüt-ündewiniň gadyryny bilýändigimizi görkezmek üçin näme etmeli? Biz Hudaýyň Sözüni her gün okamaly we çuňňur oýlanmaly. Munuň üçin özümize şeýle soraglary bermeli: men Mukaddes Kitaby we edebiýatlary okanymda oýlanmak üçin wagt sarp edýärinmi? Bir aýada düşünmesem çuňňur gözleg geçirýärinmi ýa-da ýüzleý okaýaryn? (2 Pet. 3:16). Eger biz Hudaýyň Sözüni okap oýlansak, onuň görkezmesine eýereris we yhlasly wagyz ederis (1 Tim. 4:15, 16).
16. «Wepaly hem paýhasly hyzmatkäriň» görkezmesine düşünmesek-de eýermäge näme kömek eder?
16 Ýehowa halkyna «wepaly hem paýhasly hyzmatkär» arkaly görkezme berýär (Mat. 24:45). Emma käte bize wepaly hyzmatkäriň berýän görkezmesine düşünmek kyn bolýandyr. Aýdaly, wepaly hyzmatkär tebigy betbagtçylyga taýýarlanmak hakda görkezme berýär. Şonda biz: «Bu görkezme maňa degişli däl. Sebäbi meniň ýaşaýan ýurdumda tebigy betbagtçylyk bolmaýar» diýýändiris. Ýa-da biz wepaly hyzmatkäriň koronawirus keseli (COVID-19) bilen bagly berýän görkezmelerini ýerliksiz hasaplaýandyrys. Emma bize görkezmelere ýürekden eýermäge näme kömek eder? Biz Ýuşa bilen Zerubabele gulak asyp, Ýehowany razy eden ysraýyllardan görelde alyp bileris. Şeýle-de biz Mukaddes Kitapdaky başga wakalar hakda oýlanyp bileris. Käte ysraýyl halkyna Ýehowanyň beren görkezmesine eýermek mümkin däl ýaly bolup görünýärdi. Ýöne görkezmä eýeren adamlar janyny halas etdiler (Ser. 7:7; 8:10).
ZEKERÝANYŇ GÖRNÜŞI — ÜÝTGEDÝÄNDIR DURMUŞY
17. Zekerýanyň bäşinji görnüşi ýehudylara nähili täsir etdi?
17 Zekerýa pygamberiň bäşinji görnüşi gysga bolsa-da, ýehudylary işini dowam etmäge we Ýehowa arassa sežde etmäge höweslendirdi. Görnüş ýehudylaryň ýüregine şeýle bir täsir etdi welin, olar Ýehowanyň söýgi bilen berýän goldawyny duýdular we bilini berk guşap gurluşyga başladylar. Hawa, Ýehowa mukaddes ruhy arkaly olaryň şatlygyna şatlyk goşdy we gurluşygy doly tamamlamaga kömek etdi (Hyd. 6:16).
18. Zekerýanyň görnüşi nädip imanymyzy berkidýär?
18 Zekerýa pygamberiň şemdan we iki zeýtun agajy baradaky görnüşi biziň imanymyzy berkidýär. Görnüş bize yzarlamalara we garşylyklara döz gelmäge güýç berýär. Durmuşymyzda garaşylmadyk ýagdaý bolanda ruhdan düşmän, Ýehowa şatlyk bilen gulluk etmäge kömek edýär we berilýän görkezmelere düşünmesek-de, Ýehowa bil baglap, olara eýermäge höweslendirýär. Eger kyn ýagdaýa düşseňiz Zekerýa pygamberiň görnüşi hakda oýlanyň we Ýehowanyň halkynyň söýgi bilen aladasyny edýändigine ynanyň. Ýehowa ýürekden bil baglap, oňa arassa sežde ediň (Mat. 22:37). Şonda Ýehowa ebedilik şatlanyp gulluk edersiňiz (Kol. 1:10, 11).
7-NJI AÝDYM Ýehowa güýç berýär
^ Ýehowa Zekerýa pygambere täsin görnüşleri görkezýär. Şol görnüşler Zekerýa pygamberiň we Hudaýyň halkynyň güýjüne güýç goşdy hem-de garşylyklara garamazdan arassa seždäni dikeltmäge kömek etdi. Zekerýanyň gören görnüşleri bize-de kynçylyklara garamazdan Ýehowa wepaly bolmaga kömek eder. Şu makalada Zekerýa pygamberiň şemdan we iki zeýtun agajy baradaky görnüşinden näme öwrenip biljekdigimize serederis.
^ Birnäçe ýyldan soň Nehemýa häkimiň döwründe Ardaşir atly başga bir patyşa ýehudylara ýagşylyk edýär.