Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

13-NJI MAKALA

Çagalara ýaradylan zatlar arkaly Ýehowany tanamaga kömek ediň

Çagalara ýaradylan zatlar arkaly Ýehowany tanamaga kömek ediň

«Olary kim ýaratdy?» (Işa. 40:26).

11-NJI AÝDYM Älem-jahan Hudaýy şöhratlandyrýar

MAZMUNY a

1. Ene-atalar nämäni arzuw edýär?

 MÄHRIBAN ene-atalar, siz çagalaryňyzyň Hudaýy ýürekden söýmegini we Onuň bilen dost bolmagyny isleýänsiňiz. Emma Hudaýy görüp bolmaýar. Onda siz çagalaryňyza görünmez Hudaýa iman etmäge we oňa ýakynlaşmaga nädip kömek edip bilersiňiz? (Ýak. 4:8).

2. Çagalara Ýehowanyň häsiýetlerini görmäge nädip kömek etmeli?

2 Çagalara Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek etmegiň iň gowy usuly — Mukaddes Kitapdan okuw geçmek (2 Tim. 3:14—17). Ýöne Hudaýyň Sözünde başga-da gowy usul hakda aýdylýar. Nakyllar kitabynda bir atanyň ogluna beren öwüt-ündewi ýazylan. Ol ogluna ýaradylan zatlardan Ýehowanyň häsiýetlerini öwrenip bolýandygyny we olary hiç haçan unutmaly däldigini aýdýar (Nak. 3:19—21). Ene-atalar, makaladaky maslahatlara eýerseňiz, çagalaryňyza janly tebigat arkaly Ýehowanyň häsiýetlerini görmäge kömek edip bilersiňiz.

ÇAGALARA NÄDIP ÖWRETMELI?

3. Ene-atalar çagalara Ýehowany tanamaga nädip kömek edip biler?

3 Mukaddes Kitapda: «Hudaý göze görünmese-de, ýaradan zatlaryndan gudratly güýjüni we häsiýetlerini görüp bolýar» diýilýär (Rim. 1:20). Ene-atalar, siz çagalaryňyz bilen dynç almagy halaýarsyňyzmy? Eger janly tebigata dynç almaga gitseňiz, çagalaryňyza ýaradylan zatlar arkaly Ýehowany tanamaga kömek edip bilersiňiz. Geliň, Isa pygamberiň göreldesine eýerip, nädip tälim bermelidigine seredeliň.

4. Isa şägirtlerine ýaradylan zatlar arkaly nädip tälim berýärdi? (Luka 12:24, 27—30).

4 Isa Allatagalanyň ýaradan zatlary arkaly adamlara tälim berdi. Bir gezek ol şägirtlerine: «Gökde uçup ýören gargalara we sährada ösüp oturan çigildemlere serediň» diýdi (Luka 12:24, 27—30-njy aýatlary okaň). Isa näme üçin Hudaýyň ýaradan başga zatlary hakda däl-de, gargalar we çigildemler hakda gürrüň berdi? Sebäbi şägirtler çagalygyndan bäri şolary görüp gelýärdi. Göz öňüne getiriň, Isa gürrüň berende eli bilen gargalary we çigildemleri görkezýär. Ýöne ol wajyp bir zady düşündirmek isledi. Eger Ýehowa gargalara her gün iýjegini berýän bolsa, çigildem güllerini owadan geýindirýän bolsa, onda wepaly bendeleriniň iýjegini we geýjegini ýetirmezmi näme?! Elbetde, ýetirer! Sebäbi Ýehowa ýagşylyga baý we jomart Hudaý.

5. Ene-atalar Isa pygamberiň göreldesine eýerip nädip tälim berip biler?

5 Ene-atalar, sizem Isanyň göreldesine eýerip, çagalaryňyza tälim berip bilersiňiz. Belki, siz çagalaryňyza gowy görýän haýwanlaryňyz we gülleriňiz barada gürrüň berip, Ýehowanyň ajaýyp häsiýetlerini görmäge kömek edersiňiz. Ýa-da çagalaryňyzdan haýsy haýwany, ýa-da güli gowy görýändigini sorap bilersiňiz. Olaryň gowy görýän haýwany ýa-da güli arkaly Ýehowany nädip gowy tanap bolýandygyny düşündiriň. Eger çagalaryňyzy gyzyklandyrýan zatlar hakda gürrüň berseňiz, olar sizi höwes bilen diňlär.

6. Ene-atalar Kristofer doganyň ejesiniň göreldesine nädip eýerip biler?

6 Ene-atalar, Ýehowanyň ýaradan zatlary arkaly tälim bermek üçin gözleg-barlag geçirmäge köp wagt sarp etmelidirin öýtmäň. Isa pygamber gargalaryň nädip iýmit tapyşy ýa-da çigildem gülleriniň nädip ösüşi hakda jikme-jik gürrüň bermedi. Elbetde, çagalaryň tebigat hakda köp zatlary bilesi gelýär. Emma ýönekeý soraglar arkaly olaryň ýüregine täsir edip bolýar. Kristofer dogan çagalygyny ýatlap şeýle diýýär: «Ejem ýönekeý sözler, soraglar arkaly tebigat barada köp zatlary düşündirerdi. Dagyň deňinden geçenimizde: „Gojaman, beýik daglara serediň. Ýehowanyň gudratyna haýran galaýmaly!“ diýerdi. Ummanyň kenaryna baranymyzda bolsa: „Äpet tolkunlara serediň. Güýç-kuwwatly Ýehowa taý geljek barmy?!“ diýerdi. Ejemiň ýönekeýje soraglary ýaş kalbymyzda öçmejek yz galdyrdy».

7. Çagalara Ýehowanyň ýaradan zatlary hakda oýlanmaga nädip kömek edip bolar?

7 Çagalaryňyz ulaldygyça ýaradylyş arkaly Ýehowany has gowy tanamaga kömek edip bilersiňiz. Allatagalanyň tebigatda ýaradan zatlarynyň birini gürrüň berip: «Şundan Ýehowanyň haýsy häsiýetini görse bolýar?» diýip soraň. Çagaňyzyň beren jogaby sizi haýran galdyrar (Mat. 21:16).

ÇAGALARA HAÇAN ÖWRETMELI?

8. Ysraýylda ýaşaýan ene-atalar ýolda barýarkalar çagalaryna nädip tälim berýärdiler?

8 Ysraýylda ýaşaýan ene-atalar diňe bir öýde däl-de, «ýolda-da» çagalaryna Ýehowanyň kanunyny öwretmelidi (5 Mus. 11:19). Ysraýylda ýollar obalaryň üstünden geçýärdi. Şonda ene-atalar çagalaryna dürli-dürli haýwanlary we gülleri görkezip, Ýehowa barada gyzykly gürrüň berip bilýärdiler. Gadyrly ene-atalar, sizde-de şeýle mümkinçilikler bolýandyr. Geliň, käbir ene-atalaryň çagalaryna nädip öwredýändigi hakda gürrüň edeliň.

9. Ene-atalar Punitadan we Katýadan näme öwrenip biler?

9 Hindistanda ýaşaýan Punita şeýle diýýär: «Obadaky garyndaşlarymyza myhmançylyga gidenimizde, çagalarymyz hezil edýär. Olar Ýehowanyň ýaradan zatlaryny görüp, örän begenýär. Goh-galmagally we köp maşynly şäherde şeýle mümkinçilik bolmaýar». Mähriban ene-atalar, siz hem çagalaryňyz bilen janly tebigata gezelenje gitseňiz, olar muny hiç haçan unutmaz. Moldowada ýaşaýan Katýa şeýle diýýär: «Çaga wagtym oba gezelenje giderdim. Şol günler hiç ýadymdan çykanok. Men ene-atama örän minnetdar. Olar maňa ýaradylan zatlary synlap, Ýehowanyň häsiýetleri hakda oýlanmaga wagt tapmagyň wajypdygyny öwretdiler».

Siz şäherde ýaşasaňyz-da ýaradylan zatlar arkaly çagalaryňyza Ýehowany tanamaga kömek edip bilersiňiz (10-njy abzasa serediň).

10. Uzak ýere syýahat etmäge mümkinçiligi bolmadyk ene-atalar näme edip biler? (« Ene-atalar üçin kömek» diýen çarçuwa serediň).

10 Ene-atalar, siziň uzak ýere gidip gezelenç etmäge mümkinçiligiňiz bolmasa näme? Hindistanda ýaşaýan Amol dogan şeýle diýýär: «Kakam bilen ejem uzakly gün işleýär. Biziň gezelenje gitmäge pulumyz ýok. Ýöne seýilgählere aýlananymyzda, balkonda oturanymyzda ýaradylan zatlary synlap, Ýehowanyň häsiýetleri barada gürrüň edýäris». Sizem uzaga gitmän, daş-töweregiňizdäki zatlar arkaly çagalaryňyza Ýehowany gowy tanamaga kömek edip bilersiňiz (Zeb. 104:24). Belki, öýüňiziň töwereginde guşlar, mör-möjekler ýa-da güller bardyr. Germaniýada ýaşaýan Karina şeýle diýýär: «Ejem gülleri gowy görýär. Aýlanmaga çykanymyzda gül gördügi saklanyp synlaýar». Ene-atalar, ýaradylyş baradaky wideolary we edebiýatlary ulanyp, çagalaryňyza tälim berýärsiňizmi? Siz obada ýa-da şäherde ýaşasaňyz-da, çagalaryňyza ýaradylan zatlar arkaly Ýehowany tanamaga kömek edip bilersiňiz. Geliň, häzir çagalara Ýehowanyň häsiýetleri hakda nädip öwredip bolýandygyna seredeliň.

ÝARADYLAN ZATLAR HUDAYŇ HÄSIÝETLERINI AÝAN EDÝÄR

11. Ene-atalar çagalaryna Ýehowanyň adamlary söýýändigini nädip düşündirip biler?

11 Ene-atalar, ýaradylan zatlar arkaly Ýehowanyň adamlary söýýändigini çagalaryňyza gürrüň beriň. Meselem, siz haýwanlaryň mähir bilen çagalarynyň aladasyny edýändigini aýdyp bilersiňiz (Mat. 23:37). Şeýle-de daş-töweregiňizi gurşap alan tebigatyň dürli-dürlüligi we gözelligi hakda gürrüň berip bilersiňiz. Ýokarda agzalan Karina şeýle diýýär: «Ejem maňa gülleriň dürli-dürlüligine we owadanlygyna syn etmegi öwretdi. Şondan bäri ençeme ýyl geçdi. Men gül görsem, deňinden geçip bilmeýärin. Olaryň owadanlygy meni haýran galdyrýar. Gülleri näçe synladygymça, Ýehowanyň meni söýýändigine ynamym artýar».

Siz täsin ýaradylan ynsan bedeni arkaly Ýehowanyň akyldar Hudaýdygy hakda öwredip bilersiňiz (12-nji abzasa serediň).

12. Ene-atalar çagalaryna Ýehowanyň akyldar Hudaýdygyny nädip düşündirip biler? (Zebur 139:14; surata serediň).

12 Çagalaryňyza Ýehowanyň akyldarlygyna düşünmäge kömek ediň. Hawa, Ýehowanyň akyldarlygynyň deňi-taýy ýok (Rim. 11:33). Belki, siz çagalaryňyza: «Bulutlara serediň. Olarda näçe tonna suwuň bardygyny bilýärsiňizmi? Bulutlar nähili agyr bolsa-da, asmanyň ýüzünde ýelek ýaly gaýyp ýörler» diýip bilersiňiz (Eýp. 38:36, 37). Şeýle-de adam bedeniniň täsin ýaradylandygyny gürrüň beriň (Zebur 139:14-i okaň). Wladimir şeýle diýýär: «Bir sapar oglumyz tigirden ýykylyp, dyzyny sypjyrtdy. Aradan birnäçe gün geçensoň ýarasy bitdi. Şonda aýalym ikimiz oglumyza: „Ýehowa ynsan bedenini täsin ýaradypdyr. Tötänden elimiz kesilse, ol öz-özünden bitip gidýär. Ýöne maşyna zeper ýetse, ol öz-özünden bejerilmeýär“ diýdik. Şol gürrüňdeşlikden soňra oglumyz Ýehowanyň akyldarlygynyň deňi-taýy ýokdugyna göz ýetirdi».

13. Ene-atalar çagalaryna Ýehowanyň Gudratygüýçli Hudaýdygyny nädip düşündirip biler? (Işaýa 40:26).

13 Ýehowa bizi «göklere seredip», güýç-kuwwaty hakda oýlanmaga höweslendirýär. Sansyz-sajaksyz ýyldyzlar Ýehowanyň gudratly güýji bilen öz bellenen ýerinde durlar (Işaýa 40:26-ny okaň). Sizem çagalaryňyza ýyldyzlary synlap, Ýehowanyň Gudratygüýçli Hudaýdygy hakda oýlanmaga kömek ediň. Taýwanda ýaşaýan uýa çagalygyny ýatlap şeýle diýýär: «Bir gezek ejem meni tebigatda dynç almaga alyp gitdi. Şäheriň çyralaryndan uzakda bolandygymyz üçin ýyldyzlar petreşip durdy. Şol wagtlar synpdaşlarym maňa azar berýärdi. Men: „Ýehowa wepaly galyp bilerinmi?“ diýip alada edýärdim. Şonda ejem: „Asmandaky ägirt ýyldyzlary gudraty bilen ýaradan Ýehowa saňa synaglarda wepaly bolmaga güýç bermezmi?“ diýdi. Şol dynç alyşdan soň Gudratygüýçli Ýehowany tanamagy we oňa bütin ömrüme gulluk etmegi ýüregime düwdüm».

14. Ene-atalar çagalaryna Ýehowanyň şadyýan Hudaýdygyny nädip düşündirip biler?

14 Ýaradylan zatlar Ýehowanyň şadyýan we degişgen Hudaýdygyny subut edýär. Alymlar haýwanlaryň, şol sanda guşlaryň we balyklaryň oýnamagy halaýandygyna göz ýetirdiler (Eýp. 40:20). Belki, siz çagalaryňyzyň haýwanlaryň oýnap ýörendigini görende jykyr-jykyr gülýändigine üns berensiňiz. Meselem, olar ýumak bilen oýnaýan pişijegi görende ýa-da biri-birini kowalap, basalaşýan güjüjekleri görende hezil edip gülýändirler. Çagalaryňyz haýwanlaryň geň-taň hereketlerine gülenlerinde, Ýehowanyň bagytly we şadyýan Hudaýdygyny gürrüň berip bilersiňizmi? (1 Tim. 1:11).

ÇAGALARYŇYZ BILEN GÖZEL TEBIGATDA DYNÇ ALYŇ

Çagalar janly tebigatda özüni arkaýyn duýup, biynjalyk edýän zatlaryny aýdyp biler (15-nji abzasa serediň).

15. Ene-atalar çagalaryny alada goýýan zatlary bilmek üçin näme edip biler? (Nakyllar 20:5; surata serediň).

15 Ene-atalar, käte çagalaryňyzy bir zadyň biynjalyk edýändigini duýýansyňyz, ýöne olaryň hiç zat aýdasy gelýän däldir. Şonda siz eýdip-beýdip näme bolandygyny biljek bolýansyňyz (Nakyllar 20:5-i okaň). Köp ene-atalar tebigatda dynç alanlarynda çagalary bilen gürrüňdeş bolmagyň aňsat bolýandygyna göz ýetirdiler. Sebäbi ene-atalaryň hem, çagalaryň hem ünsüni hiç zat bölmeýär. Taýwanda ýaşaýan dogan tebigatda çagalary bilen dynç almagyň ýene bir peýdasy hakda şeýle diýýär: «Çagalar bilen daga gidenimizde ýa-da kenarda aýlananymyzda, olar özlerini rahat duýýarlar. Şonda olaryň ýüregindäki zatlary bilmek aňsat bolýar». Ýokarda agzalan Katýa şeýle diýýär: «Mekdepden soňra köplenç ejem bilen seýilgähe aýlanmaga gidýärdik. Şonda mekdepde bolýan wakalary we özümi biynjalyk edýän zatlary ejeme ýekän-ýekän gürrüň berýärdim. Sebäbi özümi arkaýyn duýýardym».

16. Ýehowa ene-atalaryň çagalary bilen göwün açmagy üçin nähili mümkinçilikleri döretdi?

16 Ene-atalar çagalary bilen Ýehowanyň ýaradan gözel tebigatynda dynç alsalar, göwün açsalar, oýnasalar maşgalasy agzybir we jebis bolýar. Mukaddes Kitapda «gülmegiň öz wagtynyň... tans etmegiň öz wagtynyň» bardygy aýdylýar (Nes. 3:1, 4). Ýehowa adamlaryň gowy görýän zatlary bilen meşgullanmagy üçin gözel Ýer şaryny ýaratdy. Käbir ene-atalar çagalary bilen tokaýda gezelenç edýärler, daga gidýärler ýa-da kenarda aýlanýarlar. Çagalar seýilgähde, kenarda ylgamagy, oýnamagy halaýarlar we haýwanlara syn etmegi gowy görýärler. Ýehowa ene-atalaryň çagalary bilen owadan tebigatda dynç almagy üçin ähli mümkinçilikleri döretdi.

17. Ene-atalar çagalaryna tebigaty synlamagy näme üçin öwretmeli?

17 Mähriban ene-atalar, täze dünýä ýetip gelýär! Jennetde siz çagalaryňyz bilen Ýehowanyň ýaradan tebigatyndan lezzet alyp bilersiňiz. Şonda adamlar haýwanlardan gorkmaz, haýwanlar hem adamlardan ürkmez (Işa. 11:6—9). Siz ebedi ýaşarsyňyz we Ýehowanyň ýaradan tebigatyndan lezzet almaga köp wagtyňyz bolar (Zeb. 22:26). Emma çagalaryňyzy tebigata gezelenje alyp gitmek üçin häzirden wagt tapyň, täze dünýä gelýänçä garaşyp oturmaň. Ýaradylan zatlar arkaly olara Ýehowany tanamaga kömek ediň. Şonda çagalaryňyz Dawut patyşanyň şu sözlerine goşular: «Ýehowa, saňa taý geljek barmy? Seniň edýän işleriňi kim edip biler?» (Zeb. 86:8).

134-NJI AÝDYM Çagalar Hudaýdan miras

a Köp dogan-uýalar çagalygynda ene-atasy bilen tebigatda dynç alandyklaryny ýatlaýarlar. Olara kakasy bilen ejesi ýaradylan zatlar arkaly Ýehowany tanamaga kömek etdiler. Ene-atalar, siz çagalaryňyza janly tebigat arkaly Ýehowa bilen dostlaşmaga nädip kömek edip bilersiňiz? Makalada şu soragyň jogabyny bileris.