Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

14-NJI MAKALA

Isa pygamberiň şägirtlerini nädip tanap bolýar?

Isa pygamberiň şägirtlerini nädip tanap bolýar?

«Biri-biriňizi söýseňiz, siziň meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler» (Ýah. 13:35).

106-NJY AÝDYM Söýmegi öwreneliň

MAZMUNY a

Köp adamlar Hudaýyň halkynyň biri-birini ýürekden söýýändigini görüp haýran galýar (1-nji abzasa serediň).

1. Ýygnak jaýyna ilkinji gezek gelen adamlar nämä haýran galýar? (Surata serediň).

 GÖZ ÖŇÜNE GETIRIŇ, är-aýal Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýygnak jaýyna gelýär. Olar dogan-uýalaryň güler ýüz bilen garşy alandygyny we biri-birini ýürekden söýýändigini görenlerinde haýran galýarlar. Öýüne barýarkalar aýaly ärine: «Ýehowanyň Şaýatlary üýtgeşik adamlar eken. Men olary haladym» diýýär.

2. Käbirleri näme üçin Ýehowa gulluk etmegini goýdular?

2 Hudaýyň halkynyň arasyndaky söýgi haýran galdyrýar. Elbetde, Ýehowanyň Şaýatlary kämil däl (1 Ýah. 1:8). Şol sebäpli dogan-uýalary ýakyndan tanasak, olaryň ýalňyşlaryny görmegimiz mümkin (Rim. 3:23). Gynansak-da, käbirleri dogan-uýalaryň ýalňyşyna aşa köp üns berip, Ýehowa gulluk etmegini goýdular.

3. Isa pygamberiň şägirtlerini nädip tanap bolýar? (Ýahýa 13:34, 35).

3 Geliň, makalanyň baş aýadyna üns bereliň (Ýahýa 13:34, 35-nji aýatlary okaň). Isa pygamber şägirtleriniň kämilligi bilen däl-de, birek-birege bolan söýgüsi bilen tanaljakdygyny aýtdy. Şeýle-de Isa: «Biri-biriňizi söýseňiz siziň meniň şägirdimdigiňizi siz bilersiňiz» diýmedi, gaýtam: «Meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler» diýdi. Isa pygamber şägirtleriniň biri-birine bolan söýgüsini hemme adamlaryň, şol sanda Ýehowa iman etmeýän adamlaryň hem görjekdigini aýtdy.

4. Käbir adamlaryň nähili soraglary bermegi mümkin?

4 Ýehowanyň Şaýady bolmadyk adamlar: «Isa pygamberiň şägirtleri näme üçin söýgi häsiýeti bilen tanalmaly? Isa pygamber şägirtlerini nädip söýdi? Biz Isa pygamberiň göreldesine nädip eýerip bileris?» diýip, soramagy mümkin. Şu soraglar hakda Ýehowanyň Şaýatlary hem oýlanmaly. Şonda biz dogan-uýalaryň bikämildigine düşüneris we olary ýürekden söýeris (Efes. 5:2).

ISA PYGAMBERIŇ ŞÄGIRTLERI NÄME ÜÇIN SÖÝGI HÄSIÝETI BILEN TANALMALY?

5. Isa pygamberiň Ýahýa 15:12, 13-nji aýatlarda aýdan sözleri nämäni aňladýar?

5 Isa pygamber şägirtlerniň üýtgeşik söýgi häsiýeti bilen tanaljakdygyny aýtdy (Ýahýa 15:12, 13-nji aýatlary okaň). Onuň aýdan söýgi häsiýetine näme üçin üýtgeşik diýse bolar? Muny Isanyň şägirtlerine beren şu tabşyrygyndan bilse bolýar: «Meniň sizi söýşüm ýaly, siz hem biri-biriňizi söýüň». Isa pygamber näme diýjek boldy? Ol şägirtleriniň biri-birini ýürekden söýmelidigini, gerek bolsa şirin janyndan geçmäge taýyn bolmalydygyny düşündirdi b.

6. Mukaddes Kitapda söýginiň wajyplygy nädip nygtalýar?

6 Mukaddes Kitapda söýgi sözi eriş-argaç bolup geçýär. Köp adamlar şu aýatlary ýatdan bilýär: «Hudaý söýgüdir» (1 Ýah. 4:8); «ýakynyňy özüňi söýüşiň ýaly söý» (Mat. 22:39); «söýgi köp günäleriň üstüni ýapýandyr» (1 Pet. 4:8); «söýgi hiç haçan gutarmaz» (1 Kor. 13:8). Mukaddes Kitabyň şu we beýleki aýatlary biziň ýüregimizde imandaşlarymyza bolan söýginiň alaw ýaly ýanyp durmalydygyny görkezýär.

7. Şeýtan nämäni başarmaz?

7 Köp adamlar: «Hemme dinler öz taglymatyny dogry hasaplaýar, emma olaryň Hudaý barada öwredýän zatlary biri-biriniňkiden tapawutlanýar. Onda haýsy diniň hakykydygyny nädip bilip bolar?» diýip oýlanýar. Şeýtan Iblis köp ýalan dinleri döredip, adamlaryň başyny çaşyrdy. Ýöne ol ýeriň dört künjeginde ýaşaýan her milletden, her halkdan bolan adamlary jebisleşdirýän hakyky dini döredip bilmez. Muny diňe Ýehowa başarar, sebäbi Ol söýginiň Gözbaşy. Ýehowa kime mukaddes ruhuny we berekedini berse, olar birek-biregi ýürekden söýer (1 Ýah. 4:7). Ine şonuň üçin hem Isa pygamber şägirtleriniň öz bähbidine çapman, biri-birini ak ýürekden söýmelidigini atdy.

8, 9. Ýehowanyň Şaýatlarynyň biri-birine bolan söýgüsi adamlara nähili täsir edýär?

8 Köp adamlar Isa pygamberiň şägirtleriniň söýgi häsiýeti bilen tanalýandygyna göz ýetirdi. Ýan dogan ilkinji sapar kongrese barşyny ýatlaýar. Kongres onuň öýüniň golaýyndaky stadionda geçirilipdi. Ýan birnäçe aý mundan öň şol stadiona sport oýnuna tomaşa etmäge barypdy. Ol şeýle gürrüň berýär: «Kongres bilen sport oýnunyň arasynda ýer bilen gök ýaly tapawut bardy. Ýehowanyň Şaýatlary mähirlidi, salykatly geýnendi, çagalary edeplidi we tertiplidi. Ýöne meni geň galdyran zat, olar parahatdy we bagtlydy. Bu meniň köpden bäri gözläp ýören zadymdy. Kongresde nämeleriň aýdylandygy ýadyma düşenok, emma Ýehowanyň Şaýatlarynyň özüni alyp barşyny hiç haçan unutmaryn». Hawa, biz biri-birimizi ýürekden söýýäris. Şol sebäpli imandaşlarymyz bilen mähirli gepleşýäris we birek-birege hormat goýýarys c.

9 Jon dogan ilkinji sapar Ýygnak jaýyna baran gününi mähirli ýatlap: «Dogan-uýalaryň gujak açyp garşy alanyna haýran galdym. Göwnüme bolmasa, olar mukaddes adamlar ýalydy. Men olaryň birek-birege bolan söýgüsini görenimde hakyky dini tapandygyma göz ýetirdim» diýýär d. Şeýle wakalar Ýehowanyň Şaýatlarynyň hakyky mesihçidigini subut edýär.

10. Biz haýsy ýagdaýlarda dogan-uýalary söýýändigimizi subut edip bileris? (Çykgyda serediň).

10 Ýokarda aýdyşymyz ýaly, dogan-uýalar bikämil. Şol sebäpli käte olar sözleri we özüni alyp barşy bilen göwnümize degip biler e (Ýak. 3:2). Şeýle ýagdaýda imandaşlarymyzy söýýändigimizi subut etmäge gowy mümkinçilik döreýär. Biz göwnümize degenlerinde, Isa pygamberiň göreldesine nädip eýerip bileris? (Ýah. 13:15).

ISA PYGAMBER ŞÄGIRTLERINI SÖÝÝÄNDIGINI NÄDIP GÖRKEZDI?

Isa pygamber şägirtleri ýalňyşsa-da, olary ýürekden söýdi (11—13-nji abzaslara serediň).

11. Ýakup bilen Ýahýanyň erbet häsiýeti haçan mälim bolýar? (Surata serediň).

11 Isa pygamber şägirtlerinden kämillige garaşmaýar. Ol söýgi bilen şägirtlerine öz üstünde işlemäge we Ýehowany razy edip ýaşamaga kömek edýär. Bir güni Ýakup bilen Ýahýa ejesini Isa pygamberiň ýanyna iberip, gökdäki Patyşalykda hormatly orun bermegini haýyş etdirýärler (Mat. 20:20, 21). Şeýlelikde, Ýakup bilen Ýahýanyň ulumsy we şöhratparaz adamdygy mälim bolýar (Nak. 16:18).

12. Tekepbirligiň duzagyna diňe Ýakup bilen Ýahýa düşdümi? Düşündiriň.

12 Gynansak-da, diňe Ýakup bilen Ýahýa däl, beýleki resullar hem tekepbir boldular. Mukaddes Kitapda: «Beýleki on şägirt muny eşidip, iki dogana gaharlandylar» diýilýär (Mat. 20:24). Göz öňüne getiriň, Ýakup bilen Ýahýa we beýleki resullaryň arasynda uly dawa turýar. Olar biri-biriniň ýüregine ýara saljak sözleri aýdýar. Belki, on şägirt iki dogana: «Siz Hudaýyň Patyşalygynda hormatly orun soramaga neneň milt etdiňiz? Özüňiz kim hasaplaýarsyňyz? Halypamyz bilen diňe siz zähmet çekdiňizmi? Biziň sizden näme kem ýerimiz bar?» diýendir. Hawa, resullar şol pursat biri-birini ýürekden söýmegi we hormat goýmagy unutdylar.

13. Isa pygamber şägirtleri dawalaşanda näme etdi? (Matta 20:25—28).

13 Şägirtleriň arasynda dawa turanda Isa pygamber näme etdi? Ol gaharlanmady, öýkelemedi. Şägirtlerine: «Men özüme has pesgöwünli we biri-birini ýürekden söýýän başga şägirtleri taparyn» diýmedi. Gaýtam Isa akýürekli şägirtlerine sabyrly düşündirdi (Matta 20:25—28-nji aýatlary okaň). Gynansak-da, şägirtler ýene-de köp gezek kimiň uludygy hakda dawa-jenjel etdiler. Emma Isanyň olara bolan söýgüsi asla sowamady (Mar. 9:34; Luka 22:24).

14. Isa pygamber şägirtlerine näme üçin gaharlanmady?

14 Isa şägirtleriniň alan terbiýesini we önüp-ösen ýurduny göz öňünde tutdy (Ýah. 2:24, 25). I asyrda dini ýolbaşçylar ulumsydy we şöhratparazdy. Olar myhmançylykda törde oturmagy halaýardy (Mat. 23:6; «Isa we şägirtleri sinagogada wagyz edýärdi» diýen makalany deňeşdiriň (w10-U 1/4 sah. 16—18). Şeýle-de dini ýolbaşçylar özüni dogruçyl hasaplap, başga adamlary äsgermeýärdi f (Luka 18:9—12). Isa pygamber şeýle garaýşyň şägirtleriniň aňyna siňendigini bilýärdi (Nak. 19:11). Şonuň üçin olardan başarmajak zadyny talap etmedi we ýalňyşlyk goýberenlerinde gaharlanmady. Isa şägirtleriniň akýürekli adamlardygyny bilýärdi. Şol sebäpli olara sabyrly boldy, tekepbir we şöhratparaz şägirtlerine biri-birini ýürekden söýmegi öwretdi.

ISA PYGAMBERIŇ GÖRELDESINE NÄDIP EÝERIP BILERIS?

15. Ýakup we Ýahýa bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?

15 Biz Ýakup bilen Ýahýanyň goýberen ýalňyşyndan näme sapak edinip bileris? Olar gökdäki Patyşalykda hormatly orun soramaly däldi. Beýleki resullar hem iki dogana gaharlanyp, agzybirligi bozmaly däldi. Emma Isa pygamber 12 resulyna mähirli bolup, söýgi bilen düzetdi. Biz Isa pygamberiň göreldesine nädip eýerip bileris? Dogan-uýalar bikämillik sebäpli ýalňyşanda, biziň gaharymyz gelýärmi? Eger şeýle bolsa, şu soraglar hakda oýlansak gowy bolar: «Men doganyň ýa-da uýanyň goýberen ýalňyşyna näme üçin gaharlandym? Şu ýagdaý meniň haýsy erbet häsiýetimi ýüze çykardy? Belki, ol agyr günleri başdan geçirýän bolaýmasyn? Meniň öýkelemäge sebäbim bolsa-da, ony söýüp ýürekden bagyşlap bilerinmi?» Eger dogan-uýalary ak ýürekden söýsek we olar üçin janymyzdan geçmäge taýyn bolsak, Isa pygamberiň şägirdidigimizi subut ederis.

16. Biz Isa pygamberiň göreldesine nädip eýerip bileris?

16 Biz Isa pygamberiň göreldesine eýersek, dogan-uýalaryň ýagdaýyna has gowy düşüneris (Nak. 20:5). Elbetde, biz Isa ýaly adamlaryň ýüregini görüp bilmeýäris, emma göwnümize degen dogan-uýalara sabyrly bolup, olary bagyşlap bilýäris (Efes. 4:1, 2; 1 Pet. 3:8). Dogan-uýalary gowy tanasak geçirimli bolarys. Geliň, bir waka seredeliň.

17. Etrap gözegçisi näme etmegi ýüregine düwdi we netijesi nähili boldy?

17 Gündogar Afrikada etrap gözegçisi bolup gulluk edýän ýaşuly bir dogan bilen tanyşýar. Ol dogan örän gödekdi. Etrap gözegçisi: «Men dogandan gaça durmagyň deregine, ony gowy tanamagy ýüregime düwdüm» diýýär. Şonda ol doganyň alan terbiýesi sebäpli özüni gödek alyp barýandygyna düşünýär. Ol sözüni şeýle dowam edýär: «Men doganyň öz üstünde işlemek üçin edýän tagallasyny görenimde we gazanan üstünliklerini bilenimde haýran galdym. Biz jana-jan dost bolduk». Dogrudanam, biz dogan-uýalary näçe gowy tanasak, şonça-da olary ýürekden söýmek aňsat bolar.

18. Dogan-uýalar göwnümize degse, haýsy soraglar hakda oýlanmaly? (Nakyllar 26:20).

18 Belki, biz: «Göwnüme degen adam bilen hökman düşünişmeli» diýýändiris. Emma ilki bilen şu soraglar hakda oýlansak gowy bolar: «Men bolan ýagdaýa gowy düşünýärinmi? (Nak. 18:13). Ol göwnüme bilgeşleýin degen däldir-ä? (Nes. 7:20). Meniň özüm hem ýalňyşmaýarynmy näme? (Nes. 7:21, 22). Men dogan bilen düşünişjek bolup, ýagdaýy has-da beterleşdirmerinmi?» (Nakyllar 26:20-ni okaň). Şu soraglar hakda oýlansaňyz belli bir netijä gelip bilersiňiz. Belki, doganyňyza bolan söýgi sizi meseläni ulaltman, geçirimli bolmaga höweslendirer.

19. Siz näme etmegi ýüregiňize düwdüňiz?

19 Ýehowanyň Şaýatlary biri-birini ýürekden söýýär. Şeýdip, olar Isanyň hakyky şägirtleridigini subut edýär. Biziň her birimiz bikämil. Biz dogan-uýalary ýürekden söýsek we olar üçin şirin janymyzdan geçmäge taýyn bolsak, Isa Mesihiň şägirdidigimizi subut ederis. Şonda akýürekli adamlar biziň söýgimizi görüp, hakyky dine goşular we söýgüden doly Ýehowa Hudaýa sežde eder. Geliň, Isa pygamberiň şägirtlerine mahsus bolan söýgi häsiýetini hemişe bildireliň!

17-NJI AÝDYM «Isleýärin»

a Köp adamlar hak Hudaý Ýehowa barada öwrenmek islediler, sebäbi olar Hudaýyň halkynyň biri-birini ýürekden söýýändigini gördüler. Emma bikämil bolandygymyz üçin käte dogan-uýalary ýürekden söýmek kyn bolýar. Şu makalada Isa pygamberiň göreldesine eýerip, biri-birimizi ýürekden söýmelidigi we geçirimli bolmalydygy hakda gürrüň ederis.

b «Meniň şägirdim bol» (rus.) kitabyny okap bilersiň (17 bap, 10, 11 abz.).

c «Ahyry, durmuşym manyly boldy» diýen makalany okap bilersiňiz (w12 1/11 sah. 13, 14).

d «Durmuşym ýag ýalydy» diýen makalany okap bilersiňiz (w12 1/5 sah. 18, 19).

e Makalada ýaşulularyň seretmeli agyr günäleri hakda gürrüň edilmeýär. 1 Korinfliler 6:9, 10-njy aýatlarda agyr günäleriň käbirleri sanalýar.

f Bir ýehudy mugallymy şeýle diýdi: «Ýer ýüzünde Ybraýym pygamber ýaly otuz sany dogruçyl adam bar bolsa, olaryň ikisi: men we oglumdyr. Eger on sany dogruçyl adam bar bolsa, olaryň ikisi: men we oglumdyr. Bäş sany dogruçyl adam bar bolsa, olaryň ikisi: men we oglumdyr. Iki sany dogruçyl adam bar bolsa, olar men we oglumdyr. Eger ýer ýüzünde ýekeje dogruçyl adam bar bolsa, ol mendirin».