Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

10-NJY MAKALA

Näme üçin suwa çümdürilmeli?

Näme üçin suwa çümdürilmeli?

«Suwa çümdüriliň» (Res. 2:38).

34-NJI AÝDYM Wepaly bolaryn

MAZMUNY a

1, 2. Suwa çümdüriliş dabarasyna gatnaşýanlar nämäniň şaýady bolýarlar we şu makalada näme hakda gürrüň ederis?

 GÖZ ÖŇÜNE GETIRIŇ, siz suwa çümdüriliş dabarasyna gatnaşýarsyňyz. Suwa çümdüriljekler iki sany wajyp soraga ynam bilen «hawa» diýip jogap berýär. Şonda olaryň dogan-garyndaşlary we dost-ýarlary örän begenýär. Olar suwa çümdürilende, dabara gatnaşýanlaryň hemmesi el çarpyşýar. Hawa, her hepde müňlerçe adam özüni Ýehowa bagyş edip suwa çümdürilýär we Hudaýyň halkyna goşulýar.

2 Siz suwa çümdürilmegi maksat goýduňyzmy? Onda şu makala siziň üçin niýetlenen. Sebäbi siz «Ýehowany gözleýärsiňiz» we şu garaňky dünýäde daňýyldyzy kimin ýagty saçýarsyňyz (Zeb. 14:1, 2). Şu makaladaky maslahatlar ýaşlara-da, garrylara-da aýgytly ädimleri ädip, suwa çümdürilmäge kömek eder. Şeýle-de suwa çümdürilenine köp wagt bolan dogan-uýalary imanyny berkitmäge we her gün Ýehowany razy edip ýaşamaga höweslendirer. Geliň, häzir Ýehowa ebedi gulluk etmäge kömek edýän üç zat hakda gürrüň edeliň.

HAKYKATY WE DOGRUÇYLLYGY SÖÝMELI

Şeýtan müňlerçe ýyldan bäri Ýehowanyň adyny garalap gelýär (3, 4-nji abzaslara serediň).

3. Ýehowanyň halky näme üçin hakykaty we dogruçyllygy söýmeli? (Zebur 119:128, 163).

3 Ýehowa bize «hakykaty... söýmegi» tabşyrýar (Zek. 8:19). Isa pygamber şägirtlerine adalatly bolmagy ündeýär (Mat. 5:6). Biz Ýehowanyň dogry, ýagşy we halal hasaplaýan işlerini etmeli. Siz hakykaty we dogruçyllygy söýýärsiňizmi? Elbetde, biz muňa asla şübhelenmeýäris. Sebäbi siz ýalan sözlemegi, erbet we haram işleri ýigrenýärsiňiz (Zebur 119:128, 163-nji aýatlary okaň). Ýalan sözleýän adamlar şu dünýäniň hökümdary Şeýtanyň yzyna eýerýär (Ýah. 8:44; 12:31). Şeýtan Ýehowanyň mukaddes adyny garalamak isleýär. Ol Erem bagyndan bäri Hudaý hakda ýalan zatlary aýdýar. Şeýtan Iblis: «Ýehowa diňe özüni bilýän Hökümdar. Ol adamlardan gowy zady gizleýär» diýip töhmet atýar (1 Mus. 3:1, 4, 5). Şeýtan şu günler hem hak Hudaý Ýehowa hakda ýalan zatlary aýdyp, adamlaryň aňyny zäherleýär. Hakykaty ýigrenýän adamlar Şeýtanyň duzagyna düşüp, haram we ýigrenji işleri edýär (Rim. 1:25—31).

4. Ýehowa «hakykatyň Hudaýydygyny» nädip subut edýär? (Surata serediň).

4 Ýehowa «hakykatyň Hudaýy» (Zeb. 31:5, çykgyt). Ol hudaýhon adamlara hakykaty öwredýär we Şeýtanyň duzagyndan azat edýär. Ýehowa halkyna dogruçyl bolmagy we halal ýaşamagy öwredýär. Hudaýyň tälimini kabul edýän adamlaryň kalby rahat we ynsaby arassa bolýar (Nak. 13:5, 6). Siz munuň şeýledigine göz ýetirdiňizmi? Belki-de, Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlanyňyzda, Hudaýyň kada-kanunlarynyň peýdalydygyna düşünensiňiz (Zeb. 77:13). Indi siz Hudaýyň adalatly kada-kanunlary boýunça ýaşamak isleýänsiňiz (Mat. 6:33). Şeýle-de adamlara Hudaý barada hakykaty aýdyp, Şeýtanyň ýalançydygyny subut edesiňiz gelýändir. Siz muny nädip edip bilersiňiz?

5. Siz hakykat boýunça ýaşamak isleýändigiňizi nädip subut edip bilersiňiz?

5 Siz hakykat boýunça ýaşamagy ýüregiňize düwseňiz, onda ynam bilen: «Men Şeýtanyň ýalan gep-gürrüňlerine däl-de, hakykata ynanýaryn. Men Ýehowany Hökümdarym hasaplaýaryn we Onuň dogry, ýagşy hasaplaýan işlerini etmek isleýärin» diýip bilerseňiz. Siz muny iş ýüzünde nädip görkezip bilersiňiz? Munuň üçin siz Hudaýa doga edip, ömrüňizi Oňa bagyş etmeli. Soňra suwa çümdürilip şeýle aýgytly ädim edeniňizi subut etmeli. Hawa, hakykaty we dogruçyllygy ýürekden söýseňiz, suwa çümdürilmäge hiç zat päsgel berip bilmez.

ISA MESIHI SÖÝMELI

6. Zebur 45:4-e görä, biz näme üçin Isa Mesihi söýmeli?

6 Biz näme üçin Isa Mesihi söýmeli? Şu soragyň jogabyny Zebur 45:4-den (okaň) tapyp bilersiňiz. Isa Mesih kiçigöwünlidi, adalatlydy we hakykaty söýýärdi. Eger bizem adalatly bolsak we hakykaty aýtsak, Isa Mesihi ýürekden söýeris. Ol hakykat we adalat üçin janyndan geçmäge-de taýyndy (Ýah. 18:37). Ol kiçigöwünlidigini nädip subut etdi?

7. Isa pygamberiň kiçigöwünliligi sizi näme etmäge höweslendirýär?

7 Isa Mesih kiçigöwünli bolmakda kämil görelde galdyrdy. Meselem, ol özüni däl-de, hemişe Atasyny şöhratlandyrýardy (Mar. 10:17, 18; Ýah. 5:19). Isa pygamberiň kiçigöwünligi hakda okanyňyzda özüňizi nähili duýýarsyňyz? Siz Hudaýyň Ogluny söýüp, onuň göreldesine eýermek isleýänsiňiz. Isa pygamber näme üçin kiçigöwünlidi? Sebäbi ol kiçigöwünli Hudaý Ýehowany söýýärdi we Onuň göreldesine eýerýärdi (Zeb. 18:35; Ýew. 1:3). Siz Ýehowanyň häsiýetlerini kämil derejede görkezen Isa pygamberiň dosty bolmak isleýärsiňizmi?

8. Biz näme üçin Isa pygamberi söýmeli?

8 Biz Isany söýýäris, sebäbi ol biziň Patyşamyz. Oňa taý geljek ýokdur! Oňa Ýehowa tälim berdi we hökümdar edip belledi (Işa. 50:4, 5). Isa adamlary şeýle bir güýçli söýýärdi welin, janyny bermäge-de taýyndy (Ýah. 13:1). Isa biziň söýgimize mynasypdyr. Ol hudaýhon adamlara «dostlarym» diýip ýüzlenýär we olaryň söýgüsini iş ýüzünde görkezmegini, ýagny tabşyryklaryny berjaý etmegini isleýär (Ýah. 14:15; 15:14, 15). Ýehowanyň Ogly bilen dostlaşmak uly hormat!

9. Biz Halypamyzyň göreldesine nädip eýerip bileris?

9 Isa pygamber şägirtlerine suwa çümdürilmegi tabşyrdy (Mat. 28:19, 20). Ol suwa çümdürilip görelde görkezdi. Isanyň suwa çümdürilişi biziňkiden tapawutlanýar (« Isa Mesihiň we şägirtleriniň suwa çümdürilişiniň tapawudy» diýen çarçuwa serediň). Ýöne munuň meňzeş taraplary hem bar. Isa pygamber suwa çümdürilip, Atasynyň islegi boýunça ýaşajakdygyny görkezdi (Ýew. 10:7). Edil şonuň ýaly, şu günler Isanyň şägirtleri ömrüni Hudaýa bagyş edendigini suwa çümdürilip, köpçüligiň öňünde subut edýär. Olar öz isleginden geçip, Hudaýy razy edip ýaşaýar. Şeýdip, Halypasy Isanyň göreldesine eýerýär.

10. Isa Mesihe bolan söýgi näme etmäge höweslendirýär?

10 Isa Mesih — Ýehowanyň ýeke-täk Ogly. Hudaý ony Patyşa edip belledi. Isa kämildi we Atasynyň göreldesine pesgöwünlilik bilen eýerýärdi. Ol ýer ýüzünde ýaşanda açlary doýurdy, hasrat çekýänlere göwünlik berdi we syrkawlary sagaltdy (Mat. 14:14—21). Şu günler Isa bütin ýer ýüzündäki ýygnaklara ýolbaşçylyk edýär (Mat. 23:10). Patyşamyz Isa gulak asýan adamlara gelejekde köp bereketleri berer. Eger siz Isanyň göreldesine eýerseňiz, ony söýýändigiňizi subut edersiňiz (Ýah. 14:21). Munuň üçin ömrüňi Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilmeli.

ÝEHOWA HUDAÝY SÖÝMELI

11. Suwa çümdürilmegiň esasy sebäbi näme?

11 Suwa çümdürilmegiň esasy sebäbi näme? Isa pygamber tabşyryklaryň iň wajybyny şeýle düşündirdi: «Ýehowa Hudaýyňy bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin aň-düşünjäň we bütin güýjüň bilen söý» (Mar. 12:30). Sizem Hudaýy bütin ýüregiňiz bilen söýýärsiňizmi?

Ýehowa size şu günler we gelejekde bol bereket berer (12, 13-nji abzaslara serediň).

12. Biz Ýehowany näme üçin söýmeli? (Surata serediň).

12 Ýehowa Hudaýy söýmäge ençeme sebäpler bar. Ol «ýaşaýşyň Gözbaşy», «her bir gowy we kämil sowgatlary» Ýehowa berýär (Zeb. 36:9; Ýak. 1:17). Hawa, söýgüden doly we jomart Hudaý Ýehowa bize bol bereketleri berýär.

13. Töleg gurbanyna näme üçin iň gymmatly sowgat diýse bolar?

13 Töleg gurbany Ýehowanyň adamzada beren iň gymmatly sowgady. Näme üçin şeýle diýse bolar? Geliň, Ýehowa bilen Ogly Isanyň arasyndaky dostluk hakda oýlanyp göreliň. Isa pygamber: «Atam meni söýýär» diýdi. Onuň özi hem Atasyny ýürekden söýýärdi (Ýah. 10:17; 14:31). Isa pygamber ýer ýüzüne gelmezden öň, milliardlarça ýyl Atasy bilen eginme-egin işleşdi we olar ýakyn dost boldy (Nak. 8:22, 23, 30). Ýehowa eziz Oglunyň ejir çekip ölüşini görende, Onuň ýüregi gyýym-gyýym bolandyr. Ýehowa adamlary, şol sanda sizi söýýändigi üçin ýeke-täk Ogluny gurban etdi. Şeýdip, ebedi ýaşaýşa ýol açdy (Ýah. 3:16; Gal. 2:20). Allatagalany söýmek üçin şundan uly sebäp ýok bolsa gerek!

14. Biz nähili maksat goýup bileris?

14 Siz Ýehowany näçe gowy tanadygyňyzça, ony şonça-da ýürekden söýersiňiz. Siz Ýehowa bilen ebedi dost bolup bilersiňiz. Ol her birimize: «Meniň kalbymy şatlandyr» diýýär (Nak. 23:15, 16). Siz Ýehowany razy edýändigiňizi diňe sözde däl-de, iş ýüzünde hem görkezmeli (1 Ýah. 5:3). Siz her gün gelýän kararlaryňyz bilen Ýehowany söýýändigiňizi subut edip bilersiňiz. Ýehowany razy edip ýaşamak, adamyň öňünde goýup biljek iň gowy maksadydyr.

15. Siz Ýehowany söýýändigiňizi nädip subut edip bilersiňiz?

15 Siz Ýehowany söýýändigiňizi nädip subut edip bilersiňiz? Birinjiden, ömrüňizi hak Hudaý Ýehowa bagyş edýändigiňizi aýdyp doga ediň (Zeb. 40:8). Ikinjiden, şeýle wajyp ädim ädendigiňizi subut etmek üçin suwa çümdüriliň. Makalanyň başynda gürrüň edişimiz ýaly, şol gün iň bagtly günleriňiziň biri bolar we «durmuş kitabyňyzda» täze sahypa açylar. Sebäbi siz mundan beýläk özüňiz üçin däl-de, Allatagala üçin ýaşap başlarsyňyz (Rim. 14:8; 1 Pet. 4:1, 2). Şeýlelikde, siz wajyp ädim ädersiňiz we bagtly durmuşyň bosagasyndan ätlärsiňiz.

16. Zebur 41:12-ä görä, ömrüni Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilýän adam nähili bereket alar?

16 Ýehowa örän jomart Hudaý. Siz Ýehowa näme berseňiz, Ol ýüz esse edip yzyna gaýtarar (Mar. 10:29, 30). Şu düýbi çüýrük dünýäde Ýehowa size bagtly, manyly ýaşamaga kömek eder we bol bereket berer. Siz suwa çümdürilen günüňiz Ýehowa bilen syýahata başlaýarsyňyz we şol syýahat hiç haçan gutarmaz, ýagny siz gökdäki Ataňyz Ýehowa ebedilik gulluk edersiňiz. Syýahatyň dowamynda Ony has-da ýürekden söýersiňiz. Şeýlelikde, siz Allatagala ýaly ebedi ýaşarsyňyz (Zebur 41:12-ni okaň).

17. Siz Ýehowa nähili sowgat berip bilersiňiz?

17 Siz ömrüňizi Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilen günüňiz gökdäki Ataňyza gymmatly sowgat berýärsiňiz. Ýehowa-da size ençeme bereketleri berýär we durmuşyňyzy bagtly pursatlar bilen bezeýär. Hawa, ýerdäki we gökdäki hemme zatlar Ýehowanyňky. Emma siz şonda-da gökdäki Ataňyza gymmatly bir sowgat berip bilersiňiz. Şol sowgat siziň ak ýürekden wepaly edýän gullugyňyzdyr (Eýp. 1:8; 41:11; Nak. 27:11). Ýehowa gulluk etmekden gowy durmuş ýok bolsa gerek. Dogrudanam, Ýehowa bolan söýgi suwa çümdürilmäge höweslendirýär.

SIZ SUWA ÇÜMDÜRILMÄGE TAÝÝARMY?

18. Siz özüňize nähili soraglary berip bilersiňiz?

18 Siz suwa çümdürilmek isleýärsiňizmi? Size suwa çümdürilmäge näme päsgel berýär? (Res. 8:36). Makalada suwa çümdürilmäge höweslendirýän üç zat hakda gürrüň etdik. Birinjiden, hakykaty we dogruçyllygy söýmeli. Ikinjiden, Isa Mesihi söýmeli; üçünjiden, Ýehowa Hudaýy söýmeli. Indi özüňize şu soraglary beriň: «Men ähli adamlaryň hakykaty aýdyp, halal ýaşajak gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýarynmy? Men Hudaýyň Ogluny Patyşam hasaplap, onuň göreldesine eýermek isleýärinmi? Men Ýehowa ýürekden gulluk edip, Ony razy etmek isleýärinmi?» Eger siz şu soraglara «hawa» diýip jogap berýän bolsaňyz, onda näme üçin suwa çümdürilmeýärsiňiz? Size suwa çümdürilmäge näme päsgel berýär? (Res. 16:33).

19. Suwa çümdürilmäge ýaýdanýan bolsaňyz näme hakda oýlanyp bilersiňiz? (Ýahýa 4:34).

19 Siz suwa çümdürilmäge ýaýdanýan bolsaňyz, Isa pygamberiň gürrüň beren mysaly hakda oýlanyň (Ýahýa 4:34-i okaň). Ol Ýehowanyň islegini berjaý etmegi çörege meňzetdi. Çörek adamyň jan-saglygy üçin peýdaly. Edil şonuň ýaly, Isa pygamber Hudaýyň tabşyryklarynyň biziň üçin peýdalydygyny bilýärdi. Ýehowa suwa çümdürilmegi tabşyrýar (Res. 2:38). Heý-de, gökdäki Atamyz bizden zyýanly zady talap edermi? Elbetde, ýok! Biz suwa çümdürilmegiň peýdalydygyna şübhelenmän bileris. Eger siz baş aşpeziň naharyny işdämenlik bilen iýýän bolsaňyz, onda näme üçin suwa çümdürilmäge ýaýdanýarsyňyz?

20. Indiki makalada haýsy soragyň jogabyny bileris?

20 Käbirleri: «Men heniz taýýar däl» diýip suwa çümdürilmeýär. Elbetde, ömrüňi Ýehowa bagyş edip suwa çümdürilmek adamyň durmuşynda gelýän iň wajyp kararlarynyň biri. Şonuň üçin şeýle wajyp ädimi ätmezden öň gowy oýlanmaly we taýýarlyk görmeli. Siz suwa çümdürilmäge nädip taýýarlyk görüp bilersiňiz? Indiki makalada şu soragyň jogabyny bileris.

28-NJI AÝDYM Kim Ýehowa dost bolup biler?

a Mukaddes Kitapdan okuw geçýän adam hökman suwa çümdürilmeli. Şeýle aýgytly ädim ätmäge ony näme höweslendirmeli? Bir söz bilen aýtsaň — söýgi. Okuw geçýän adam kimi we näme üçin söýmeli? Makalada şu soragyň jogabyny bileris. Şeýle-de suwa çümdürilýän adamyň aljak bereketleri hakda gürrüň ederis.