Okyjylaryň sowallary
Nagomynyň ady agzalmadyk garyndaşy näme üçin Ruta öýlense, «öz mirasyna zyýan ýetjekdigini» aýdýar? (Rut 4:1, 6).
Gadym döwürde öýli-işikli adam çagasyz dünýäden ötse, birnäçe soraglar döreýärdi. Meselem, onuň emlägine näme bolar? Onuň ady nesil daragtyndan ýitip gidermi? Şu soraglara Musanyň kanuny jogap berýär.
Adam garyp düşendigi sebäpli mülküni satsa, onuň ýerini süýtdeş dogany ýa-da garyndaşy yzyna satyn almalydy. Eger adam perzentsiz dünýäden ötse, onuň mülküni dogany ýa-da garyndaşy almalydy. Netijede, mülk ýat adamyň eline geçmeýärdi (3 Mus. 25:23—28; 4 Mus. 27:8—11).
Aradan çykan adamyň ady ýitip gitmez ýaly näme edilýärdi? Onuň dogany merhumyň dul galan aýalyna öýlenmelidi. Olardan dünýä inen çaga merhumyň ady dakylmalydy we ol mirasdüşer bolup, mülke eýe çykmalydy. Şeýlelikde, dul galan aýalyň hem aladasy edilýärdi (5 Mus. 25:5—7; Mat. 22:23—28).
Geliň, Nagomy atly ene hakda gürrüň edeliň. Onuň ýoldaşynyň ady Alymälikdi. Emma Alymälik we iki ogly aradan çykýar. Indi Nagoma kim hemaýat eder? (Rut 1:1—5). Nagomy gelni Rut bilen Ýahuda dolanýar. Ol gelnini Bowazyň ýanyna iberip, mülküni satyn almagy haýyş etdirýär. Bowaz Alymäligiň garyndaşydy (Rut 2:1, 19, 20; 3:1—4). Emma Bowaz özünden hem ýakyn hossarynyň bardygyny bilýärdi. Şol sebäpli oňa ýeri satyn almagy teklip edýär. Ol adamyň ady Mukaddes Kitapda agzalmaýar (Rut 3:9, 12, 13).
Alymäligiň garyndaşy ýeri satyn almaga razylaşýar (Rut 4:1—4). Sebäbi ol Nagomynyň mirasdüşer bolar ýaly ogul dogrup bilmejekdigini bilýärdi. Şol sebäpli ýeri satyn almaga näçe çykdajy çykarmaly bolsa-da razydy. Şonda Alymäligiň ýeri onuň eýeçiligine geçerdi we mülk ýeri köpelip, bol hasyl alyp bilerdi.
Soňra ol Ruta öýlenmelidigini bilende, gelen kararyndan dänip: «Mellegi satyn alyp biljek däl, sebäbi satyn alsam, öz mirasyma zyýan ýeter» diýýär (Rut 4:5, 6). Ol näme üçin sözünden dänýär?
Alymäligiň garyndaşy Ruta öýlense, doglan çaga merhumyň mülküne eýe çykmalydy. Alymäligiň garyndaşy nähili zyýan çekerdi? Mukaddes Kitapda bu barada hiç zat aýdylmaýar. Ýöne, geliň, onuň käbir sebäpleri hakda gürrüň edeliň.
Birinjiden, ol mülki satyn alsa, puluny ýele sowurdygy bolardy. Sebäbi Rutdan dünýä injek çaga mirasdüşer bolmalydy we mülke eýe çykmalydy. Ol bolsa hiç zatsyz galardy.
Ikinjiden, ol Nagomy bilen Rutuň aladasyny etmelidi, iýjek-içjegini ýetirmelidi.
Üçünjiden, Rutdan başga çagalar dünýä inse, ol öz emlägini çagalaryna deň paýlap bermelidi.
Dördünjiden, ýeri satyn alan adamyň perzendi bolmasa, Rutdan dünýä injek çaga hem Alymäligiň, hem onuň mülküne eýe çykmalydy. Garyndaşynyň mülki Alymäligiň adyny göterýän çaga geçmelidi we onuň ady ýitip gitmelidi. Ol Nagoma kömek edip, öz mülküni ýitirmek islemeýär. Şol sebäpli nobatyny Bowaza geçirýär. Bowaz Alymäligiň mülküni satyn almaga razylaşýar, sebäbi merhumyň adynyň «ýitip gitmegini» islemeýär (Rut 4:10).
Alymäligiň garyndaşy öz bähbidine çapdy. Ol adyny we emlägini ýitirmek islemedi, ýöne bary tersine boldy. Onuň ady Mukaddes Kitapda agzalmaýar. Şeýle-de ol Ruta öýlenen bolsa, onuň neslinden Mesih dünýä inmelidi. Emma bu hormat Bowaza miýesser etdi. Mätäje kömek etmek islemeýän adamyň görjegi şudur (Mat. 1:5; Luka 3:23, 32).