Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

11-NJI MAKALA

Suwa çümdürilmek üçin näme etmeli?

Suwa çümdürilmek üçin näme etmeli?

«Maňa suwa çümdürilmäge näme päsgel berýär?» (Res. 8:36).

50-NJI AÝDYM Hudaýa özümi bagyş etmek hakdaky dogam

MAZMUNY a

Bütin ýer ýüzünde ýaşlar we garrylar gerekli özgerişlikleri edip, suwa çümdürilýär (1, 2-nji abzaslara serediň).

1, 2. Suwa çümdürilmäge taýyn bolmasaňyz näme üçin ruhdan düşmeli däl? (Daşky sahypadaky surata serediň).

 SIZ suwa çümdürilmek isleýärsiňizmi? Onda gowy maksat goýupsyňyz. Eger siz suwa çümdürilmäge taýýar bolsaňyz we ýaşulular sizi mynasyp görse, onda şu wajyp ädimi ätmegi soňa goýmaň. Şonda siz bagtly durmuşa gadam basarsyňyz we Ýehowa şatlanyp gulluk edersiňiz.

2 Emma ýaşulular size heniz suwa çümdürilmäge taýyn däldigiňizi we öz üstüňizde işlemelidigiňizi aýtsalar näme? Ýa-da siz özüňizi suwa çümdürilmäge mynasyp görmeseňiz näme? Ruhdan düşmäň! Siz ýaş bolsaňyz-da, garry bolsaňyz-da gerekli özgerişlikleri edip, suwa çümdürilip bilersiňiz.

«MAŇA... NÄME PÄSGEL BERÝÄR?»

3. Efiopiýaly wezir Filipusdan näme soraýar we nähili sorag ýüze çykýar? (Resullar 8:36, 38).

3 Resullar 8:36, 38-nji aýatlary okaň. Efiopiýaly wezir Filipusa: «Maňa suwa çümdürilmäge näme päsgel berýär?» diýýär. Efiopiýaly wezir suwa çümdürilmek isleýärdi. Ýöne ol şeýle wajyp ädimi ätmäge taýýardymy?

Efiopiýaly wezir Ýehowa hakda bilim almagyny dowam edýär (4-nji abzasa serediň).

4. Efiopiýaly wezir Hudaýyň Sözüne has çuňňur düşünmek isleýändigini nädip görkezdi?

4 Efiopiýaly wezir ýehudy dinine uýan bolmaly. Şol sebäpli ol Hudaýa sežde etmek üçin Iýerusalime gelýär (Res. 8:27). Belki, wezir Töwrat kitabyny okap, Ýehowanyň hak Hudaýdygyny bilendir. Emma ol Ýehowany has gowy tanamak isleýärdi. Wezir ýolda Filipusa duşanda, Işaýa pygamberiň golýazmasyny okap otyrdy (Res. 8:28). Işaýanyň golýazmasyna düşünmek aňsat däldi, sebäbi onda wajyp hakykatlar ýazylandy. Diýmek, efiopiýaly wezir esasy taglymatlar bilen çäklenmän, Hudaýyň Sözüne has çuňňur düşünmek isleýärdi.

5. Wezir okaýan zatlary boýunça ýaşaýandygyny nädip subut etdi?

5 Wezir «Efiopiýanyň aýal patyşasynyň hazynasyna» seredýärdi (Res. 8:27). Ol atly-abraýly, wezipeli adamdy. Onuň işi başyndan agdykdy, ýöne ol Ýehowa sežde etmek üçin wagt tapýar. Wezir Mukaddes Kitaby okamak bilen çäklenmän, öwrenen zatlary boýunça ýaşaýar. Şol sebäpli ol zyýarat etmek üçin Efiopiýadan Iýerusalime gelýär. Belki, wezir ençeme günläp ýol ýörändir, köp çykdajy edendir. Emma ol Ýehowa sežde etmek üçin hiç zadyny gaýgyrmady.

6, 7. Efiopiýaly weziriň Ýehowa bolan söýgüsi nädip artýar?

6 Filipus wezire köp zatlary düşündirýär we wada edilen Mesihiň Isadygyny aýdýar (Res. 8:34, 35). Wezir muny eşidip örän begenýär. Isa Mesihiň özi üçin şirin janyny gurban berendigini bilende, onuň ýüregi minnetdarlykdan dolýar. Elbetde, wezir durmuşyny üýtgetmän, ýehudy dinine uýmagyny dowam edip bilerdi. Emma onuň Ýehowa we Isa bolan söýgüsi has-da artýar. Wezir suwa çümdürilip, Isanyň şägirdi bolmagy ýüregine düwýär. Filipus hem ony suwa çümdürýär.

7 Siz weziriň göreldesine eýerseňiz, suwa çümdürilmäge taýýar bolarsyňyz we ynam bilen: «Maňa suwa çümdürilmäge näme päsgel berýär?» diýersiňiz. Geliň, häzir haýsy üç ýagdaýda weziriň göreldesine eýerip biljekdigimize seredeliň. Birinjiden, Mukaddes Kitaby çuňňur öwrenmeli. Ikinjiden, öwrenen zatlarymyz boýunça ýaşamaly. Üçünjiden, Ýehowany ýürekden söýmeli.

BILIM ALYŇ

8. Ýahýa 17:3-nji aýat sizi näme etmäge höweslendirýär?

8 Ýahýa 17:3-i okaň. Köp adamlar Isa pygamberiň şu sözlerini okap, Mukaddes Kitapdan okuw geçip başladylar. Siziň bilen hem şeýle bolandyr. Aýatda: «Ebedi ýaşamak üçin bilim almaly» diýilýär. Diýmek, biz Ýehowa hakda hemişe öwrenmeli. Elbetde, Gudratygüýçli Hudaý Ýehowanyň işlerini öwrenip, soňuna çykyp bolmaýar (Nes. 3:11). Gelejekde Ýehowa barada ebedilik bilim alarys we Onuň bilen ýakyndan dostlaşarys (Zeb. 73:28).

9. Mukaddes Kitabyň esasy taglymatlaryny bilmek ýeterliklimi? Düşündiriň.

9 Hudaýy tanamak üçin Mukaddes Kitabyň esasy taglymatlaryny bilmeli. Munuň şeýledigini Pawlus resul ýewreýlere ýazan hatynda nygtap geçýär. Ol «esasy taglymaty» bäbejige güýç-kuwwat berýän «süýde» meňzedýär (Ýew. 5:12; 6:1). Emma Pawlus esasy taglymatlar bilen çäklenmän, Mukaddes Kitaby çuňňur öwrenmegi maslahat berýär. Siz Mukaddes Kitaby okanyňyzda, Ýehowanyň kada-kanunlaryna düşünmek üçin jan edýärsiňizmi? Ýehowanyň häsiýetleri we niýetleri barada gözleg geçirýärsiňizmi?

10. Käbir adamlar näme üçin okamagy halamaýar?

10 Käbir adamlar okamagy halamaýar. Siz mekdepde kitap okamagy, täze-täze zatlary öwrenmegi halaýardyňyzmy ýa-da kitabyň gatyny hem açasyňyz gelmeýärdi? Eger siz kitap okamagy halamaýan bolsaňyz ruhdan düşmäň. Ýehowa size kömek eder, sebäbi ol iň gowy Mugallym.

11. Näme üçin Ýehowa Beýik Mugallym?

11 Ýehowa «Beýik Mugallym» (Işa. 30:20, 21). Ol sabyrly, mähirli öwredýär, her bir adamyň ýagdaýyna düşünýär we ýagşy häsiýetlerini görýär (Zeb. 130:3). Ol biziň başarmajak zadymyzy talap etmeýär. Hak Alla adamyň beýnisini ýaratdy (Zeb. 139:14). Täze-täze zatlary öwrenmek ukybyny berdi. Ol biziň ebedi bilim almagymyzy isleýär. Şonuň üçin häzirden «Hudaýyň sözüni küýsemeli», ýagny höwes bilen okamaly (1 Pet. 2:2). Munuň üçin gowy gün tertibini düzüň we her gün Mukaddes Kitaby okaň (Ýuşa 1:8). Ýehowa tagallaňyza ak pata berer. Siz Mukaddes Kitaby okamagy halarsyňyz we Ýehowa barada köp zatlary bilersiňiz.

12. Isa pygamberiň ömri we wagzy hakda näme üçin oýlanmaly?

12 Isa pygamberiň ýer ýüzündäki ömri we wagzy hakynda oýlanyň. Sebäbi Hudaýyň Oglunyň yzyna gyşarnyksyz eýerseňiz, şu kyn döwürde Ýehowa wepaly galarsyňyz (1 Pet. 2:21). Isa şägirtleriniň kynçylyklara uçrajakdygyny açyk aýtdy (Luka 14:27, 28). Ýöne ol şägirtleriniň ýeňiş gazanjakdygyna ynanýardy (Ýah. 16:33). Isa pygamberiň eden işleri hakda gözleg geçiriň we göreldesine eýerip ýaşaň.

13. Ýehowa näme barada doga etmeli we näme üçin?

13 Siz Mukaddes Kitaby ylymly-bilimli bolmak üçin däl-de, Hudaýy gowy tanamak, Ony söýmek we iman etmek üçin okaýarsyňyz (1 Kor. 8:1—3). Şol sebäpli bilimiňiz näçe artdygyça: «Imanymy berkit» diýip, Hudaýa doga ediň (Luka 17:5). Ýehowa şeýle dogalara hökman jogap berer. Ýehowanyň bilimine esasalanan berk iman, durmuşda wajyp kararlara gelmäge kömek eder (Ýak. 2:26).

DURMUŞYŇYZDA ULANYŇ

Nuh we maşgalasy tupandan öň imanyny iş ýüzünde görkezdiler (14-nji abzasa serediň).

14. Petrus resul öwrenen zatlaryň boýunça ýaşamagyň wajypdygyny nädip düşündirdi? (Surata serediň).

14 Petrus resul öwrenýän zatlarymyz boýunça ýaşamalydygymyzy aýtdy. Ol hatynda Nuh pygamber hakda ýazdy. Ýehowa Nuh pygambere ýer ýüzündäki zalym adamlary tupan arkaly ýok etjekdigini aýtdy. Elbetde, Nuh pygamber tupanyň boljakdygyny bilýärdi, ýöne halas bolmak üçin bu ýeterlik däldi. Petrus resulyň aýtmagyna görä, Nuh we maşgalasy tupandan öň «gämi ýasamalydy» (1 Pet. 3:20). Olar bilen zatlaryna görä hereket etdiler we uly gämi gurdular (Ýew. 11:7). Petrus resul hem şol wakany suwa çümdürilmek bilen deňeşdirýär we «suwa çümdürilip... halas boljakdygymyzy» aýdýar (1 Pet. 3:21). Nuh gämi gurmak üçin birnäçe ýyl zähmet çekdi. Edil şonuň ýaly, suwa çümdürilmek üçin hem köp tagalla etmeli bolýar. Siz suwa çümdürilmek üçin nähili ädim ädip bilersiňiz?

15. Ak ýürekden toba edýän adam näme etmäge taýýar bolýar?

15 Suwa çümdürilmek üçin, ilki bilen, ak ýürekden toba etmeli (Res. 2:37, 38). Ak ýürekden toba edýän adam durmuşyny düýpgöter üýtgedýär. Sebäbi ahlaksyzlyk edýän, çilim, neşe çekýän we hapa, sögünç sözleri aýdýan adam Hudaýy razy edip bilmeýär (1 Kor. 6:9, 10; 2 Kor. 7:1; Efes. 4:29). Size erbet endikleri taşlamak kyn bolýarmy? Eger şeýle bolsa, Mukaddes Kitap okuwyny geçirýän wagyzçydan ýa-da ýygnak ýaşulusyndan kömek soraň. Eger kämillik ýaşyna ýetmedik bolsaňyz, erbet endikleri ýeňmek üçin ene-ataňyzdan kömek soraň.

16. Hudaýa sežde etmegi birinji orunda goýmak üçin näme etmeli?

16 Ýehowa sežde etmegi birinji orunda goýuň. Ýygnak duşuşyklaryna gatnaşyň we jogap beriň (Ýew. 10:24, 25). Eger wagyzçy bolsaňyz, dogan-uýalar bilen yzygiderli wagza çykyň. Adamlaryň janyny halas edýän wagyz işine näçe köp gatnaşsaňyz, şonça-da bagtly bolarsyňyz (2 Tim. 4:5). Eger siz kämillik ýaşyna ýetmedik bolsaňyz özüňizden: «Men ýygnak duşuşyklaryna, wagza höwes bilen gatnaşýarynmy ýa-da ene-atam maňa hemişe ýatladyp durýarmy?» diýip soraň. Siz ýygnak duşuşyklaryna gatnaşsaňyz, wagyz etseňiz Ýehowany söýýändigiňizi, oňa iman edýändigiňizi we minnetdardygyňyzy görkezersiňiz. Siz şu çärelere gatnaşsaňyz «Ýehowa wepaly bolarsyňyz» (2 Pet. 3:11; Ýew. 13:15). Ýehowa yhlasly gulluk etmek üçin wagtyňyzy, güýjüňizi, serişdäňizi gaýgyrmasaňyz, Ol sizden razy bolar we örän begener (2 Korinfliler 9:7-ni deňeşdiriň). Şonda siz dünýäde iň bagtly adam bolarsyňyz, sebäbi Ýehowa üçin iň gowy zadyňyzy berýärsiňiz.

ÝEHOWANY ÝÜREKDEN SÖÝÜŇ

17, 18. Suwa çümdürilmek üçin haýsy häsiýet gerek we näme üçin? (Nakyllar 3:3—6).

17 Siz suwa çümdürilmek üçin käbir kynçylyklar bilen göreşmeli bolarsyňyz. Meselem, Ýehowa iman edýändigiňiz üçin dogan-garyndaşlaryňyz we tanyş-bilişleriňiz üstüňizden gülerler, garşy çykarlar ýa-da yzarlarlar (2 Tim. 3:12). Belki, siz erbet endikler bilen göreşmeli bolarsyňyz. Käte özüňize erk edip bilmän, erbet endikleriňizi gaýtalamagyňyz mümkin. Ýa-da maksadyňyza ýetip bilmerin öýdüp, ruhdan düşersiňiz. Şeýle kynçylyklara döz gelmäge näme kömek eder? Elbetde, Ýehowa bolan söýgi!

18 Ýehowany söýmek — iň gerekli häsiýetleriň biri (Nakyllar 3:3—6-njy aýatlary okaň). Eger Ýehowany söýsek, islendik kynçylyga döz gelip bileris. Mukaddes Kitapda Ýehowanyň wepaly söýgä baýdygy aýdylýar. Ýehowanyň halkyna bolan söýgüsi asla sowamaýar, halkyny hiç haçan ýeke goýmaýar (Zeb. 100:5). Adamlar Hudaýyň keşbinde ýaradyldy (1 Mus. 1:26). Siz söýgüden doly Hudaýyň göreldesine nädip eýerip bilesiňiz?

Siz Ýehowanyň ýagşylyklaryna her gün minnetdar bolýarsyňyzmy? (19-njy abzasa serediň) b.

19. Ýehowanyň eden ýagşylyklaryna minnetdarlyk bildirmek üçin näme etmeli? (Galatýalylar 2:20).

19 Hudaýa her gün minnetdar boluň (1 Sel. 5:18). Siz her gün özüňizden: «Şu gün Ýehowa maňa nähili ýagşylyk etdi?» diýip soraň. Soňra Hudaýa doga edip, ýagşylygy üçin minnetdarlyk bildiriň. Pawlus resuldan görelde alyp, Ýehowanyň sizi söýýändigi we gadyryňyzy bilýändigi hakda oýlanyň (Galatýalylar 2:20-ni okaň). Soňra özüňizden: «Men Ýehowanyň ýagşylygyny nädip gaýtaryp bilerin?» diýip soraň. Ýehowany söýseňiz islendik synaga we kynçylyga döz gelip bilersiňiz. Şonda siz Hudaýa edýän seždäňizi birinji orunda goýarsyňyz we her gün Ýehowany söýýändigiňizi subut edersiňiz.

20. Ýehowa özüňi bagyş etmek üçin näme etmeli we bu näme üçin iň wajyp karar?

20 Ýehowa bolan söýgiňiz gün-günden artsa, Oňa ebedilik gulluk etjekdigiňizi wada berersiňiz we doga edip, özüňizi bagyş edersiňiz. Şeýlelikde, Ýehowanyň ebedilik perzendi bolmaga mümkinçiligiňiz bolar. Siz Hudaýa beren wadaňyza görä ýaşasaňyz, ýagşy günde-de, ýaman günde-de Oňa wepaly galarsyňyz. Şu wada ýekeje gezek berilýär. Elbetde, siz durmuşda ençeme kararlara gelersiňiz. Emma iň wajyp karar — özüňi Hudaýa bagyş etmek (Zeb. 50:14). Şeýtan siziň Allatagala söýgiňizi sowadyp, imandan dändirjek bolýar. Şeýtana özüňizi aldatmaň (Eýp. 27:5). Eger Ýehowany ýürekden söýseňiz, beren wadaňyza görä ýaşarsyňyz we gökdäki Ataňyz bilen ýakyndan dostlaşarsyňyz.

21. Suwa çümdürilmek näme üçin ýoluň başlangyjy diýse bolar?

21 Ýehowa özüňizi bagyş edeniňizden soňra ýygnak ýaşulularyna suwa çümdürilmek isleýändigiňizi aýdyň. Suwa çümdürilmek — ýoluň başlangyjy. Siz Ýehowa ebedilik gulluk edersiňiz. Şonuň üçin Ýehowany her gün söýmegi we razy edip ýaşamagy maksat ediniň. Şu maksat sizi suwa çümdürilmäge höweslendirer. Siz suwa çümdürilen günüňizi hiç haçan unutmarsyňyz. Siziň öňüňizde egsilmez bagtly günler garaşýar. Goý, ýüregiňiziň töründe Ýehowa we Ogluna bolan söýgi ebedilik lowlap dursun!

135-NJI AÝDYM Ýehowa: «Oglum, paýhasly bol» diýýär

a Suwa çümdürilmek üçin niýetiň dogry bolmaly we Hudaýy razy edip ýaşamaly. Şu makalada efiopiýaly wezir hakda gürrüň ederis we Mukaddes Kitapdan okuw geçýänleriň suwa çümdürilmek üçin nähili ädimleri ätmelidigini bileris.

b SURAT: uýa Ýehowanyň ýagşylyklaryna minnetdar bolýar.