13-NJI MAKALA
127-NJI AÝDYM Men nähili adam bolmaly?
Ýehowa sizden razydyr
«Men senden razydyryn» (Luka 3:22).
ESASY PIKIR
Ýehowanyň sizden razydygyna hemişe ynamly boluň.
1. Käbirlerini näme biynjalyk edýär?
BIZ Ýehowanyň halkyndan razydygyna örän begenýäris. Mukaddes Kitapda «Ýehowanyň halkyna guwanýandygy» aýdylýar (Zeb. 149:4). Ýöne käbirleri: «Men Ýehowanyň öz halkyndan razydygyna ynanýaryn. Emma ol menden razymyka?» diýip biynjalyk bolýarlar. Gadymy döwürde ýaşan hudaýhon adamlar hem Ýehowanyň özünden razydygyna şübhelenipdirler (1 Şam. 1:6—10; Eýp. 29:2, 4; Zeb. 51:11).
2. Ýehowany razy etmek üçin näme etmeli?
2 Mukaddes Kitapda bikämil adamlaryň Ýehowany razy edendigi hakda ýazylan. Biz Ýehowany razy etmek üçin näme etmeli? Isa pygambere iman etmeli we suwa çümdürilmeli (Ýah. 3:16). Biz suwa çümdürilen günümiz günälerimize toba edendigimizi we özümizi Hudaýa bagyş edendigimizi hemmelere subut edýäris (Res. 2:38; 3:19). Ýehowa biziň şu wajyp ädimi ädenimize örän begenýär. Biz ömrümizi Ýehowa bagyş edenimizde beren wadamyza görä ýaşasak, Ony razy ederis we ýakyndan dostlaşarys (Zeb. 25:14).
3. Biz haýsy soraglaryň jogabyny bileris?
3 Käbirleri Ýehowanyň razydygyna näme üçin şübhelenýär? Ýehowa bizden razydygyny nädip görkezýär? Ýehowanyň razylygyny gazanandygymyza nädip ynamly bolup bileris?
ÝEHOWANYŇ RAZYDYGYNA NÄME ÜÇIN ŞÜBHELENÝÄRLER?
4, 5. Özümizden göwnümiz geçende nämä ynamly bolup bileris?
4 Käbirleri çagalykdan bäri özüni ynamsyz duýýar (Zeb. 88:15). Adrian dogan şeýle diýýär: «Men özümi hemişe dereksiz duýýardym. Çaga wagtym maşgalamyň Jennetde ýaşamagy hakda Ýehowa doga edýärdim. Emma özümi Jennetde ýaşamaga mynasyp görmeýärdim». Toni Ýehowa iman etmeýän maşgalada önüp-ösýär. Ol şeýle diýýär: «Kakam bilen ejem maňa hiç haçan: „Oglum, seni söýýäris, saňa guwanýarys!“ diýmezdi. Şonuň üçin men olary razy edip bilmerin öýdýärdim».
5 Dogan-uýalar, eger siziň käte özüňize göwnüňiz ýetmese, Ýehowanyň sizi hakykata getirendigi hakda pikirleniň (Ýah. 6:44). Belki, siz: «Ýehowa meniň nämämi haladyka?» diýip oýlanýansyňyz. Unutmaň, Ýehowa sizi özüňizden hem gowy tanaýar, ýagşy häsiýetiňizi görýär (1 Şam. 16:7; 2 Tar. 6:30). Şonuň üçin Ýehowa: «Siz meniň dürdänäm!» diýende şübhelenmäň, ýürekden ynanyň (1 Ýah. 3:19, 20).
6. Pawlus resul goýberen ýalňyşlyklary hakda oýlananda özüni nähili duýýardy?
6 Käbirleri geçmişde eden günälerini ýatlap, özünden göwni geçýär (1 Pet. 4:3). Käbirleri bolsa Ýehowa ençeme ýyl wepaly gulluk etseler-de, ejizläp ýalňyşlyk goýberýär. Sizem özüňizi şeýle duýýarsyňyzmy? Siz: «Ýehowa meni bagyşlamaz» diýip pikir edýärsiňizmi? Onda geçmişde şeýle duýgular bilen göreşen Hudaýa wepaly adamlar hakda oýlanyň. Pawlus resul bikämillik sebäpli goýberýän ýalňyşlary hakda oýlananda özüni erbet duýýardy (Rim. 7:24). Elbetde, ol günäsine toba edipdi, suwa çümdürilipdi. Emma geçmişi hakda pikirlenende özüni dereksiz duýdy we «resullaryň iň kiçisidigini», «günäkärleriň... iň erbedidigini» aýtdy (1 Kor. 15:9; 1 Tim. 1:15).
7. Biz nämä ynamly bolup bileris?
7 Gökdäki Atamyz toba edýän adamlary bagyşlajakdygyny söz berýär (Zeb. 86:5). Eger siz günäňize ýürekden toba eden bolsaňyz, geçirimli Hudaý Ýehowanyň sizi bagyşlandygyna ynamly bolup bilersiňiz (Kol. 2:13).
8, 9. «Ýehowa menden razy däl» diýen pikire garşy göreşmek üçin näme etmeli?
8 Biz Ýehowa janymyz-tenimiz bilen gulluk etmek isleýäris. Emma Ýehowany razy edip bilmedim diýip ruhdan düşýändiris. Amanda uýa şeýle gürrüň berýär: «Men Ýehowa iň gowy zadyňy bermek üçin güýjüňden artyk gulluk etmelidir öýdýärdim. Emma bu mümkin däldi. Men Ýehowanyň tamasyny ödemedim diýip özümden göwnüm geçýärdi».
9 «Ýehowa menden razy däl» diýen pikire garşy göreşmek üçin näme etmeli? Biz Ýehowanyň talapkär we eglişik etmeýän Hudaý däldigine düşünmeli. Ýehowa bizden güýjümizden artyk zady talap etmeýär, gaýtam güýjümiziň ýetdiginden edýän gullugymyzy görüp begenýär. Mukaddes Kitapda Ýehowa jany-teni bilen gulluk eden adamlar hakda ýazylan. Geliň, Pawlus resul hakda oýlanyň. Ol ençeme ýyl hoş habary yhlasly wagyz etdi, müňlerçe kilometr ýol söküp, köp ýygnaklary döretdi. Günlerde bir gün Pawlusyň ýagdaýy düýbünden üýtgedi. Indi ol öňküleri ýaly köp wagyz edip bilmeýärdi. Ýehowa ondan närazy boldumy? Elbetde, ýok! Pawlus ýagdaýyna görä elinde baryny edip gulluk etdi, Ýehowa hem bereket berdi (Res. 28:30, 31). Şonuň ýaly biziňem ýagdaýymyz üýtgäp, Ýehowa öňkimiz ýaly gulluk edip bilmezligimiz mümkin. Emma Ýehowanyň näçe sagat gulluk edýändigimizi däl-de, näme üçin gulluk edýändigimizi has wajyp hasaplaýandygyny unutmalyň. Geliň, Ýehowanyň bizden razydygyny görkezýän käbir subutnamalara seredeliň.
ÝEHOWA BIZDEN RAZYDYGYNY NÄDIP GÖRKEZÝÄR?
10. Ýehowanyň sesini eşitmek üçin näme etmeli? (Ýahýa 16:27).
10 Mukaddes Kitap arkaly ruhlandyrýar. Ýehowa wepaly bendelerini söýýär we olardan razy bolýar. Ýehowa Isa pygamberi söýýändigini we ondan razydygyny iki sapar aýdýar (Mat. 3:17; 17:5). Siz Ýehowanyň: «Men senden razy» diýen sesini eşitmek isleýärsiňizmi? Elbetde, siz gökden Ýehowanyň sesini eşitmersiňiz. Emma Injilden Isa pygamberiň aýdan sözlerini okasaňyz, Ýehowanyň sesini eşidip bilersiňiz (Ýahýa 16:27-ni okaň). Sebäbi Isa pygamber Atasynyň göreldesine kämil derejede eýerdi. Siz Injilden Isa pygamberiň bikämil şägirtlerine mähir bilen aýdan sözlerini okanyňyzda, göýä, Ýehowa şol sözleri size aýdan ýaly kabul ediň (Ýah. 15:9, 15).
11. Kynçylyklar Ýehowanyň bizden närazydygyny aňladýarmy? Düşündiriň. (Ýakup 1:12).
11 Ýehowa kömek edýär. Ýehowa biziň aladamyzy edip iýjek-içjegimizi ýetirip durýar. Emma Ýehowa Eýýup pygamber ýaly biziňem kynçylyklara duş gelmegimize ýol berýär (Eýp. 1:8—11). Kynçylyklaryň bolmagy Ýehowanyň bizden närazydygyny aňlatmaýar. Gaýtam Ýehowany söýýändigimizi we oňa bil baglaýandygymyzy görkezmäge mümkinçilik berýär (Ýakup 1:12-ni okaň). Ýehowa bizi kyn ýagdaýlarda ýeke goýmajakdygyny we aladamyzy etjekdigini wada berýär.
12. Dmitriý dogan bilen bolan wakadan näme öwrendiňiz?
12 Geliň, Aziýada ýaşaýan Dmitriý dogan hakda gürrüň edeliň. Ony işden çykarýarlar. Dmitriý birnäçe aý iş tapyp bilmeýär. Şonda ol Ýehowa bil baglaýar we hoş habary yhlasly wagyz edýär. Aýlar-günler geçip durdy, emma Dmitriý iş tapmady. Üstesine-de, ol agyr keselläp düşekden galyp bilmän ýatýar. Şonda maşgalasyny ekläp bilmeýändigi üçin özünden göwni geçýär. Hatda Ýehowanyň razydygyna şübhelenip başlaýar. Bir gün agşam onuň gyzjagazy Işaýa 30:15-däki: «Maňa bil baglap, howsala düşmeseňiz güýjüňiz artar» diýen sözleri kagyza ýazýar. Gyzjagaz kakasynyň ýanyna baryp: «Kaka, özüňi erbet duýsaň şu aýady oka» diýýär. Şonda Dmitriý ukudan oýanan ýaly bolýar. Ol Ýehowanyň edýän ýagşylygy hakda oýlanyp: «Biziň iýjegimiz, geýjegimiz, ýaşar ýaly jaýymyz bar. Maňa başga näme gerek?! Men howsala düşmän, Ýehowa bil baglamaly» diýýär. Eger sizem şeýle kyn ýagdaýa duş gelseňiz, Ýehowanyň aladaňyzy etjegine we iýjek-içjegiňizi ýetirjekdigine ynamly bolup bilersiňiz.
13. Ýehowa bizden razydygyny kimler arkaly äşgär edýär?
13 Imandaşlarymyz arkaly goldaýar. Ýehowa bizi söýýär we dogan-uýalar arkaly bizden razydygyny aýdýar. Ol imandaşlarymyzy tüýs wagtynda bize hoş sözleri aýtmaga höweslendirýär. Aziýada ýaşaýan uýa kyn günleri başdan geçirýär. Ol agyr keselleýär, ony işden çykarýarlar, äri günä edýär we ýaşululykdan aýrylýar. Uýa şeýle gürrüň berýär: «Men nämeleriň bolup geçýändigine düşünmedim. Men: „Bir ýalňyşlyk goýberip, Ýehowany gynandyraýdymmykam?“ diýip oýlandym». Ol bir güni Ýehowanyň özünden razydygyny bilmek üçin doga edýär. Ol sözüni şeýle dowam edýär: «Ýygnak ýaşululary ýanyma gelip, meni ruhlandyrdylar. Ýehowanyň meni söýýändigine ynandyrdylar». Soňra uýa ýene-de ruhdan düşýär. Ol Ýehowadan kömek sorap doga edýär welin, şol günüň özünde dogan-uýalardan hat gelýär. Uýa şeýle gürrüň berýär: «Men hatdaky ruhlandyryjy sözleri okanymda, göýä, Ýehowanyň sesini eşiden ýaly boldum». Hawa, Ýehowa köplenç imandaşlarymyzyň aýdýan hoş sözleri arkaly bizden razydygyny äşgär edýär (Zeb. 10:17).
14. Ýehowa bizden razydygyny ýene nädip görkezýär?
14 Ýehowa bizden razydygy üçin dogan-uýalar arkaly maslahat berýär. Meselem, I asyrda Pawlus resul Hudaýyň ylhamy bilen 14 sany hat ýazýar. Pawlus hatlarynda dogan-uýalara berk, ýöne mähir bilen maslahat berýär. Ýehowa näme üçin Pawlusy resuly ylhamlandyryp şeýle hatlary ýazdyrdyka? Ýehowa aladaçyl Ata hökmünde «gowy görýänini... terbiýeleýär» (Nak. 3:11, 12). Eger size Mukaddes Kitap arkaly maslahat berseler, Ýehowa sizden närazydyr öýtmäň. Gaýtam Ol sizi söýýändigi we razydygy üçin maslahat berýär (Ýew. 12:6). Ýehowanyň bizden razydygyny ýene nämeler subut edýär?
ÝEHOWANYŇ BIZDEN RAZYDYGYNY GÖRKEZÝÄN SUBUTNAMALAR
15. Ýehowa mukaddes ruhuny kimlere berýär we biz nämä ynamly bolup bileris?
15 Ýehowa özüni razy edýän bendelerine mukaddes ruhuny berýär (Mat. 12:18). Siz özüňize: «Men mukaddes ruhuň miwesi bolan häsiýetleri görkezýärinmi?» diýen soragy beriň. Soňra Ýehowany tanap durmuşyňyzy düýbünden üýtgedendigiňiz hakda oýlanyň. Indi siz has sabyrly bolmagy öwrendiňiz. Siz Hudaýyň mukaddes ruhunyň miwesi bolan häsiýetleri näçe köp ösdürseňiz, şonça-da onuň sizden razydygyna ynamly bolup bilersiňiz (« Mukaddes ruhuň miwesi» diýen çarçuwa serediň).
16. Ýehowa hoş habary wagyz etmegi kimlere ynanýar we muny bilmek size nähili täsir edýär? (1 Selanikliler 2:4).
16 Ýehowa özüni razy edýän bendelerine hoş habary wagyz etmegi ynanýar (1 Selanikliler 2:4-i okaň). Jaklin uýa hoş habary wagyz etmegiň özüne köp peýda berendigini aýdýar. Jaklin bir gün ir bilen turanda göwnüçökgünlige düşüp, hiç zada eli barmaýar. Ol şeýle diýýär: «Şol güni ýerimden galasym gelmedi. Men pionerdim, wagza belleşipdim. Şonuň üçin doga etdim-de, wagza gitdim». Şol gün Jaklin Meri atly mähirli aýala wagyz edýär we ol Mukaddes Kitapdan okuw geçmäge razylaşýar. Aýlar-günler geçip durdy. Bir gün Meri Jaklina şeýle diýýär: «Ilkinji sapar gelen günüň, men Allatagala doga edipdim». Şonda Jaklin ruhlanýar. Ol: «Göýä, Ýehowa: „Gyzym, men senden razy“ diýen ýaly duýdum» diýýär. Elbetde, wagyz edýän adamlarymyzyň ählisi hoş habara seslenmez we Mukaddes Kitapdan okuw geçmäge razylaşmaz. Emma biz elimizde baryny edip wagyz etsek, Ýehowanyň razydygyna ynamly bolup bileris.
17. Wiki uýanyň aýdan sözlerinden näme öwrendiňiz? (Zebur 5:12).
17 Ýehowa Özüni razy edýän adamlaryň günälerini töleg gurbany arkaly bagyşlaýar (1 Tim. 2:5, 6). Biz suwa çümdürilendiris, töleg gurbanyna iman edýändiris. Emma şonda-da ýüregimiz: «Ýehowa senden razy däl» diýip, bizi ýazgarýandyr. Eger şeýle bolsa mekir ýüregimize däl-de, aladaçyl Atamyz Ýehowa bil baglamaly. Ol töleg gurbanyna iman edýän adamlary dogruçyl hasaplaýar we bereket berjekdigini wada berýär (Zebur 5:12-ni okaň; Rim. 3:26). Wiki uýa töleg gurbany hakda oýlanyp örän ruhlandy. Ol şeýle gürrüň berýär: «Ýehowa maňa şunça ýyllap sabyr eden ekeni. Men bolsa Ýehowa, göýä, şeýle diýýän ýalydym: „Ýehowa, men seniň söýgiňe mynasyp däl. Ogluň töleg gurbany meniň günälerimi hiç haçan ýuwup bilmez“». Emma Wiki töleg gurbany hakda oýlanyp, Ýehowanyň söýýändigine göz ýetirdi. Eger bizem Ýehowanyň bildiren beýik söýgüsi, ýagny töleg gurbany hakda oýlansak, onuň bizden razydygyna ynanarys.
18. Biz Ýehowany ýürekden söýsek nämä ynamly bolup bileris?
18 Biz makaladaky pikirlere eýermek üçin jan etsek-de, käte özümizden göwnümiz geçip, Ýehowanyň razydygyna şübhelenmegimiz mümkin. Şonda Ýehowanyň Özüni söýýänlerden razydygyny ýadyňyza salyň (Ýak. 1:12). Ýehowa bilen ýakyndan dostlaşyň. Onuň sizden razydygyny subut edýän zatlary görjek boluň. Unutmaň, hak Alla «hiç kimden uzakda däldir» (Res. 17:27).
SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?
-
Käbirleri Ýehowanyň razydygyna näme üçin şübhelenýärler?
-
Ýehowa bizden razydygyny nädip subut edýär?
-
Ýehowanyň bizden razydygyna näme üçin ynamly bolmaly?
88-NJI AÝDYM Ýollaryňy öwret