Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

12-NJI MAKALA

77-NJI AÝDYM Garaňky dünýäde ýagtylyk

Garaňkylykdan çykyň — ýagtylykda geziň

Garaňkylykdan çykyň — ýagtylykda geziň

«Siz öň garaňkylykdadyňyz, indi... ýagtylyga çykdyňyz» (Efes. 5:8).

ESASY PIKIR

Biz Efesliler kitabynyň 5-nji babyndan Pawlus resulyň garaňkylykdan ýagtylyga çykmak babatda beren maslahatyna serederis.

1, 2. a) Pawlus Efesdäki mesihçilere haçan we nirede hat ýazýar? b) Biz haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

 PAWLUS RESUL Rimde öý tussaglygynda oturýar. Ol dogan-uýalary ruhlandyrmak we berkitmek isleýär. Ol tussaglykda bolansoň hiç ýere gidip bilmeýär. Şol sebäpli imandaşlaryny ruhlandyrmak üçin ençeme hatlary ýazýar. Pawlus resul 60-njy ýa-da 61-nji ýyllarda Efesde ýaşaýan dogan-uýalara hat ýazýar (Efes. 1:1; 4:1).

2 Takmynan on ýyl mundan öň, Pawlus resul Efes şäherine barýar we adamlara wagyz edip, şägirt taýýarlaýar (Res. 19:1, 8—10; 20:20, 21). Indi bolsa tussaglykda oturan Pawlus resul olara hat ýazýar. Sebäbi ol imandaşlaryny söýýärdi we Ýehowa wepaly galmaga höweslendirmek isleýärdi. Pawlus saýlanan mesihçilere näme üçin garaňkylyk we ýagtylyk hakda ýazýar? Biz onuň ýazan hatyndan näme öwrenip bileris? Geliň, şu soraglaryň jogabyny bileliň.

GRAŇKYLYKDAN ÝAGTYLYGA ÇYKYŇ

3. Pawlus resul Efeslilere ýazan hatynda nähili deňeşdirme ulandy?

3 Pawlus resul Efesdäki mesihçilere: «Siz öň garaňkylykdadyňyz, indi... ýagtylyga çykdyňyz» diýdi (Efes. 5:8). Pawlus biri-birine gapma-garşy gelýän jümleleri ulanýar. Pawlus näme üçin efeslilere «siz öň garaňkylykdadyňyz» diýdi?

4. Efesliler haýsy manyda ýalan diniň tümlüginde ýaşaýardy?

4 Ýalan diniň tümlügi. Efesdäki dogan-uýalar mesihçi bolmazyndan öň tümlükdedi, ýagny olar butlara sežde edýärdi we jadygöýlik bilen meşgullanýardy. Efes şäherinde dünýä belli Artemidanyň buthanasy bardy. Ol dünýäniň ýedi täsinliginiň biri hasaplanýardy. Adamlar ol ýerde buta sežde edýärdi. Ussalar Artemidanyň buthanasynyň we aýal taňrysynyň heýkeljiklerini ýasaýardy hem-de olary satyp köp gazanç edýärdi (Res. 19:23—27). Şeýle-de Efes şäheri jadygöýligiň merkezidi (Res. 19:19).

5. Efesliler haýsy manyda ahlaksyzlygyň tümlüginde ýaşaýardy?

5 Ahlaksyzlygyň tümlügi. Efes şäherinde ahlaksyz we haýasyz işler giňden ýaýrandy. Teatrlarda ahlaksyz degişmeler aýdylardy we oýunlar oýnalardy (Efes. 5:3). Dini baýramçylyklarda ahlaksyz gürrüňler edilýärdi. Pawlus efeslileriň «ahlak kadalaryndan ýüz öwrendigi» hakda ýazýar. Onuň ulanan şu jümlesi sözme-söz «agyry duýmaýar» diýmegi aňladýar (Efes. 4:​17—19). Efesdäki dogan-uýalar mesihçi bolmanka ýagşyny ýamandan saýgaryp bilmeýärdi. Olaryň ynsabyna tagma basylan ýaly hiç hili agyry duýmaýardy. Ýehowanyň öňünde özlerini jogapkär saýmaýardylar. Şonuň üçin Pawlus resul: «Olaryň aň-düşünjesi garaňkylykda, Hudaýyň berýän ýaşaýşyndan daşlaşdylar» diýýär.

6. Pawlus resul näme üçin efeslilere «ýagtylyga çykdyňyz» diýdi?

6 Efesdäki käbir adamlar tümlükden azatlyga çykdy. Pawlus resul olara: «Halypamyzyň şägirdi bolup ýagtylyga çykdyňyz» diýýär (Efes. 5:8). Hawa, Mukaddes Kitabyň hakykatlary olaryň ýoluna nur saçdy (Zeb. 119:105). Şeýlelikde, Efesdäki mesihçiler ýalan diniň we ahlaksyzlygyň tümlüginden ýagtylyga çykdylar. Olar Ýehowa sežde etdiler we Ony razy edip ýaşadylar. Şeýdip, «Hudaýdan görelde aldylar» (Efes. 5:1).

7. Biziň ýagdaýymyz Efesdäki mesihçileriňkä meňzeýärmi? Düşündiriň.

7 Käbir adamlar Ýehowany tanamanka ýalan diniň we ahlaksyzlygyň tümlüginde ýaşaýardy. Olar dini baýramçylyklary belleýärdi we ahlaksyzlyk edýärdi. Emma olar Ýehowanyň ýagşy we ýaman babatdaky kanunlaryny öwrenip, durmuşyny bütinleý üýtgetdiler. Olar Ýehowanyň beren ýokary ahlak kada-kanunlary boýunça ýaşamak üçin elinde baryny etdiler. Şeýlelikde, köp bereket aldylar (Işa. 48:17). Emma olar munuň bilen çäklenmeli däl. Ýehowany razy etmek isleýän adamlar tümlüge dolanmazlyk üçin we ýagtylykda gezmek üçin elinde baryny etmeli.

Image digitally reproduced with the permission of the Papyrology Collection, Graduate Library, University of Michigan, P.Mich.inv. 6238. Licensed under CC by 3.0

Pawlus efeslilere hat ýazyp, mähir bilen maslahat berýär, bizem onuň maslahatyna eýerip bileris (7-nji abzasa serediň) b.


GARAŇKYLYKDA ÝÖREMÄŇ

8. Efesliler 5:3—5-nji aýatlara görä, efesliler nämeden gaça durmalydy?

8 Efesliler 5:3—5-nji aýatlary okaň. Efesdäki mesihçiler ahlaksyzlygyň tümlügine dolanmaz ýaly, Ýehowanyň ýigrenýän işlerinden ýüz öwürmelidi. Olar ahlaksyz zatlaryň gürrüňini hem etmeli däldi. Sebäbi Pawlus resul şeýle zatlar hakda gürrüň edýän adamlaryň «Mesihiň we Hudaýyň Patyşalygyny miras almajagyny» ýazdy.

9. Ahlaksyzlygyň duzagyna düşmez ýaly näme etmeli?

9 Biz «garaňkylygyň ýaramaz işlerine gatnaşmaz» ýaly elimizde baryny etmeli (Efes. 5:11). Ahlaksyz filmleri görýän, aýdymlary diňleýän we ahlaksyz zatlar hakda gürrüň edýän adamlar günäniň toruna düşendigini duýman galdylar (1 Mus. 3:6; Ýak. 1:14, 15). Bir ýurtda onlarça dogan-uýalar internet arkaly «Dostlar» diýen topar döredýärler. Olar Ýehowa we Mukaddes Kitabyň hakykatlary barada ýazyşyp başlaýarlar. Wagtyň geçmegi bilen, olar Ýehowany gynandyrýan zatlar hakda, soňabaka bolsa ahlaksyzlyk hakda gürrüň edip başlaýarlar. Gynansak-da, olaryň birnäçesi ahlaksyzlyk etdiler. Olar şol toparda ýazyşan zatlarynyň günäniň duzagyna düşürendigini boýun aldylar.

10. Şeýtan bizi nädip duzaga düşürjek bolýar? (Efesliler 5:6).

10 Şeýtanyň dünýäsi Ýehowanyň ýigrenýän zatlaryny, ýagny ahlaksyzlyk we haram işleri etmegiň hiç hili erbetligi ýok diýen pikiri öňe sürýär (2 Pet. 2:19). Şeýtan Iblis şu usuly asyrlarboýy ulanyp gelýär. Ol adamlaryň aňyny küteldip, ýagşy bilen ýamany saýgarmaz ýaly edýär (Işa. 5:20; 2 Kor. 4:4). Şu günler filmlerde, telegepleşiklerde we internet sahypalarynda Ýehowanyň ahlak kadalaryna garşy gelýän haýasyz işler açyk-aýdyň görkezilýär. Şeýtan: «Ahlaksyzlyk hakda oýlanmagyň we ahlaksyz ýaşamagyň hiç hili zyýany ýok, gaýtam lezzet berýär» diýip, adamlary aldaýar (Efesliler 5:6-ny okaň).

11. Efesliler 5:7-däki maslahata eýermegiň wajypdygyny Anžela uýa bilen bolan waka nädip subut edýär? (Surata serediň).

11 Şeýtan Ýehowanyň ahlak kadalary boýunça ýaşamaýan adamlar bilen dostlaşmagymyzy isleýär. Pawlus resul Efesdäki mesihçilere Hudaýyň ýigrenýän işlerini edýän «adamlar bilen gatnaşmazlygy» maslahat berdi (Efes. 5:7). Şu günler Pawlus resulyň maslahatyna eýermek has-da wajyp. Sebäbi biz diňe bir gatnaşýan adamlarymyz bilen däl-de, sosial ulgamlary arkaly hem dostlaşyp bilýäris. Aziýada ýaşaýan Anžela a uýa munuň howpludygyna göz ýetirdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Sosial ulgamlary ynsabyňy kem-kemden küteldip, ahlaksyzlygyň duzaga düşürýän ekeni. Men başda Ýehowanyň ahlak kadalaryny äsgermeýän adamlar bilen jora bolmagyň erbetligi ýok diýip pikir etdim. Soňabaka Ýehowanyň ýigrenýän işlerini etmegi adaty zat hasapladym». Ýaşulular Anžela uýa tüýs wagtynda kömek etdiler. Ol sözüni şeýle dowam edýär: «Indi men aňymy sosial ulgamlaryndaky zatlardan däl-de, Ýehowanyň berýän biliminden doldurýaryn».

Imany berk adamlar bilen dostlaşsak, Ýehowanyň kada-kanunlaryna eýermek aňsat bolar (11-nji abzasa serediň).


12. Ýehowanyň ahlak kadalary boýunça ýaşamaga näme kömek edýär?

12 Şu günler ahlaksyz ýaşamagyň hiç hili erbetligi ýok diýýärler. Ýöne biz nämäniň erbet, nämäniň ýagşydygyny gowy bilýäris (Efes. 4:19, 20). Biz ahlaksyz pikirlere garşy her gün göreşmeli we özümizi barlamak üçin şu soraglar hakda oýlanmaly: «Men Ýehowanyň ahlak kadalaryny äsgermeýän adamlar, ýagny synpdaşlarym ýa-da işdeşlerim bilen ýakyndan gatnaşmaly däldigime düşünýärinmi? Meni „gözýetimi dar“ diýip ýaňsylasalar-da, Ýehowanyň ahlak kadalaryna mertlik bilen eýerýärinmi?» Biz 2 Timoteos 2:20—22-nji aýatlara eýerip, Ýehowa wepaly dogan-uýalar bilen dostlaşmaly. Sebäbi ýygnakdakylaryň ählisi biziň imanymyzy berkidip bilmez.

«ÝAGTYLYGYŇ ÇAGALARY KIMIN ÝAGTYLYKDA GEZIŇ»

13. «Ýagtylykda gezmek» nämäni aňladýar? (Efesliler 5:7—9).

13 Pawlus resul Efesdäki mesihçilere «garaňkylykdan çykyň» diýmek bilen çäklenmän, «ýagtylygyň çagalary kimin ýagtylykda gezmegi» maslahat berdi (Efesliler 5:7—9-njy aýatlary okaň). Bu nämäni aňladýar? Biz diňe ýygnakda we wagyzda däl-de, 24 sagadyň dowamynda Ýehowanyň Şaýadydygymyzy unutmaly däl. Munuň üçin biz her gün Mukaddes Kitaby okamaly we oňa esaslanan edebiýatlardan çuňňur barlag geçirmeli. Şeýle-de «dünýäniň nury» bolan Isa pygamberiň ömri we öwreden zatlary hakda şahsy okuwyny geçirmeli (Ýah. 8:12; Nak. 6:23).

14. Biz näme üçin Ýehowanyň mukaddes ruhuna mätäç?

14 «Ýagtylygyň çagalary kimin ýagtylykda gezmek» üçin bize Hudaýyň mukaddes ruhy gerek. Näme üçin? Sebäbi ahlaksyzlykdan doly dünýäde päk ýaşamak aňsat däl (1 Sel. 4:3—5, 7, 8). Mukaddes ruh bize Hudaýyň pikirine garşy gelýän ahlaksyz zatlara we filosofiýa garşy göreşmäge kömek eder. Şeýle-de ýagtylygyň miwesi bolan «gowulyk we dogruçyllyk» ýaly häsiýetleri ösdürmäge ýardam eder (Efes. 5:9).

15. Ýehowanyň mukaddes ruhuny almak üçin näme etmeli? (Efesliler 5: 19, 20).

15 Ýehowanyň mukaddes ruhuny almak üçin doga etmeli. Isa pygamber Ýehowanyň dileýänlere mukaddes ruhuny berjekdigini aýtdy (Luka 11:13). Şeýle-de biz dogan-uýalar bilen ýygnak duşuşyklarynda Ýehowany wasp edip, alkyş aýdanymyzda mukaddes ruhuny alýarys (Efesliler 5:19, 20-nji aýatlary okaň). Mukaddes ruh biziň durmuşymyza täsir edende, Ýehowany hemişe razy edip ýaşarys.

16. Wajyp karara gelmäge näme kömek eder? (Efesliler 5:10, 17).

16 Biz wajyp karara gelmezden öň Ýehowanyň islegine düşünjek bolmaly we şoňa görä hereket etmeli (Efesliler 5:10, 17-nji aýatlary okaň). Biz Mukaddes Kitapdan kynçylygy çözmäge kömek edýän aýatlary gözlesek, Ýehowanyň pikirine düşüneris, Onuň islegine görä karara geleris we gelen kararymyza hiç haçan ökünmeris.

17. Wagtymyzy paýhasly ulanmak üçin näme etmeli? (Efesliler 5:15, 16; surata serediň).

17 Pawlus resul Efesdäki mesihçilere wagtyny paýhasly ulanmagy maslahat berdi (Efesliler 5:15, 16-njy aýatlary okaň). Duşmanymyz Şeýtan dünýäniň işleri bilen şeýle bir başagaý edýär welin, Ýehowa gulluk etmäge wagt tapmak kyn bolýar (1 Ýah. 5:19). Biz seresap bolmasak, şu dünýäniň pikiri aňymyzy zäherlär we baýamak, ýokary bilim almak, wezipe gazanmak üçin hars urarys. Elbetde, işlemegiň, gazanç etmegiň hiç hili erbetligi ýok. Ýöne olar durmuşymyzda birinji orna geçmeli däl. Biz «ýagtylykda gezmek» üçin «wagtymyzy paýhasly ulanmaly» we Ýehowa edýän gullugymyzy durmuşymyzda birinji orunda goýmaly.

Pawlus resul Efesdäki dogan-uýalara wagtyny paýhasly ulanmagy maslahat berdi (17-nji abzasa serediň).


18. Donald wagtyny paýhasly ulanmak üçin näme etdi?

18 Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin mümkinçilik gözläň. Günorta Afrikada ýaşaýan Donald dogan şeýle gürrüň berýär: «Men durmuşym hakda oýlandym. Ýehowa doga edip, oňa köpräk gulluk etmek isleýändigimi aýtdym. Şeýle-de köpräk wagyz etmäge päsgel bermeýän iş tapyp bermegi haýyş etdim. Ýehowanyň kömegi bilen şeýle iş tapdym. Häzir men aýalym bilen Ýehowa uzak wagtly gulluk edýärin».

19. «Ýagtylykda gezmek» üçin näme etmeli?

19 Pawlusyň ýazan haty Efesdäki dogan-uýalara Ýehowa wepaly galmaga kömek etdi. Onuň hatyndaky maslahatlar bize-de kömek edýär. Biz görjek filmlerimizi saýlamaly we Ýehowa wepaly adamlar bilen dostlaşmaly. Şeýle-de hakykat ýolumyza nur saçar ýaly, Mukaddes Kitapdan şahsy okuwyny geçirmeli. Ýagşy häsiýetleri ösdürip biler ýaly, Ýehowadan mukaddes ruhuny dilemeli. Paýhasly karara geler ýaly, Ýehowanyň islegine düşünjek bolmaly. Şonda şu dünýäniň garaňkylygyndan çykarys we ýagtylykda gezeris.

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  • Efesliler 5:8-de agzalýan «garaňkylyk» we «ýagtylyk» näme?

  • «Garaňkylykdan çykmak» üçin näme etmeli?

  • «Ýagtylykda gezmek» üçin näme etmeli?

95-NJI AÝDYM Hakykat barha nur saçýar

a Käbir atlar üýtgedildi.

b SURATYŇ BEÝANY: Pawlusyň Efeslilere ýazan hatynyň gadymy nusgasy.