Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

11-NJI MAKALA

129-NJY AÝDYM Çydamly bolalyň

Lapykeçlige döz gelip, Ýehowa wepaly boluň

Lapykeçlige döz gelip, Ýehowa wepaly boluň

«Meniň adym üçin köp kynçylyklara duş gelen hem bolsaň... berk durduň» ​(Ylh. 2:3).

ESASY PIKIR

Biz lapykeçlige döz gelip, Ýehowa wepaly gulluk edip bileris.

1. Ýehowa halkyny nädip goldaýar?

 ŞU GÜNLER Hudaýyň halkynyň agzasy bolmak uly hormat, sebäbi dünýäniň ýagdaýy gün-günden erbetleşýär. Ýehowa bolsa imany berk dogan-uýalar arkaly bize kömek edýär (Zeb. 133:1). Ol maşgala ojagynda söýginiň sowamazlygy üçin öwüt-ündew berýär (Efes. 5:33—6:1). Allatagala bize gaýgy-gama döz geler ýaly düşünje hem akyldarlyk berýär.

2. Biz näme etmeli we näme üçin?

2 Biz Ýehowa janymyz-tenimiz bilen gulluk etmeli. Näme üçin? Sebäbi dogan-uýalar bikämillik sebäpli göwnümize degip biler. Ýa-da günde-günaşa şol bir ýalňyşlyklary edip, biziň öz-özümizden göwnümiz geçýändir. Şu makalada dogan-uýalar göwnümize degende, ýanýoldaşymyz tamamyzy ödemände we öz-özümizden göwnümiz geçende, Ýehowa nädip wepaly gulluk etmelidigi hakda gürrüň ederis. Şeýle ýagdaýlara döz gelen Mukaddes Kitabyň gahrymanlary hakda hem bileris.

GÖWNÜMIZE DEGSELER NÄME ETMELI?

3. Ýehowanyň halky nähili kynçylyga duş gelýär?

3 Kynçylyk. Käte dogan-uýalaryň gylyk-häsiýeti gaharymyzy getirer. Ýa-da kimdir biri tamamyzy ödemände lapykeç bolarys. Käbirleri bolsa oýlanman gepläp, göwnümize degip biler. Ýaşulular hem ýalňyşlyk goýberip biler. Şeýle ýagdaýlar sebäpli Ýehowanyň guramasyndan göwnümiz geçip başlar. Biz dogan-uýalar bilen eginme-egin işleşmegiň deregine, göwnümize degen adamlardan gaçyp ýöreris. Hatda ýygnak duşuşyklaryna-da barman başlarys (Sep. 3:9). Şeýdip ýörsek dogry bolarmy? Geliň, häzir şeýle ýagdaýy başdan geçiren Mukaddes Kitapdan bir gahryman hakda gürrüň edeliň.

4. Pawlus resul nähili kynçylyga duş gelýär?

4 Mukaddes Kitabyň gahrymany. Pawlus resul dogan-uýalaryň bikämildigini bilýärdi. Pawlus mesihçi bolandan soň käbirleri gorkup, ondan gaçyp ýördüler (Res. 9:26). Käbirleri bolsa Pawlusy abraýdan düşürjek bolup gybatyny etdiler (2 Kor. 10:10). Pawlus ýaşuly doganyň eden ýalňyşyny gördi (Gal. 2:11, 12). Jana-jan dosty Markus Pawlusyň ynamyny ödemedi (Res. 15:37, 38). Pawlus olardan öýkeläp, gepleşmän gezip bilerdi. Emma ol dogan-uýalaryň ýalňyşlyklaryny däl-de, ýagşy häsiýetlerini gördi we Ýehowa jany-teni bilen gulluk etdi. Pawlusa şeýle etmäge näme kömek etdi?

5. Pawlus resula imandaşlaryndan öýkelemezlige näme kömek etdi? (Koloslylar 3:13, 14; surata serediň).

5 Pawlus resul dogan-uýalary ýürekden söýýärdi. Şol sebäpli ol imandaşlarynyň ýalňyşyna däl-de, ýagşy häsiýetlerine üns berýärdi. Ýürekden çykan söýgi Pawlusa Kolos şäherinde ýaşaýan mesihçilere ýazan maslahatyna eýermäge kömek etdi (Koloslylar 3:13, 14-nji aýatlary okaň). Birinji wagyz syýahatynda jana-jan dosty Markus Pawlusy taşlap gitdi. Pawlus resul dostundan öýkelemeýär. Ol Koloslylara ýazan hatynda Markusy öwüp, «köp göwünlik berendigini» aýdýar (Kol. 4:10, 11). Pawlus resul Rimde tussaglykda otyrka, Timoteosa Markusy alyp gaýtmagy haýyş edýär (2 Tim. 4:11). Görşümiz ýaly, Pawlus doganlardan öýkelemedi. Biz onuň göreldesine nädip eýerip bileris?

Pawlus Barnabasyň we Markusyň pikirini goldamady. Emma olara gaharlanyp ýörmedi, gaýtam eginme-egin işleşdi (5-nji abzasa serediň).


6, 7. Göwnümize degen dogan-uýalary ýürekden söýmek üçin näme etmeli? (1 Ýahýa 4:7).

6 Biziň üçin sapak. Ýehowa dogan-uýalary janymyz-tenimiz bilen söýmegimizi isleýär (1 Ýahýa 4:7-ni okaň). Dogan-uýalaryň käbiri göwnümize degip biler, emma olar bilgeşleýin eden däldir. Olar hem Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşamak üçin elinde baryny edýär (Nak. 12:18). Ýehowa halkyny ýürekden söýýär, ýalňyşlyk goýberende olardan öýkeläp ýörmeýär, siziň bilen dostlaşjak däl diýmeýär (Zeb. 103:9). Geliň, geçirimli Atamyzyň göreldesine hemişe eýereliň (Efes. 4:32—5:1).

7 Mähriban dogan-uýalar, dünýäniň soňy golaýlaşyp gelýär, şonuň üçin biri-birimizi ýürekden söýmeli we agzybir ýaşamaly. Sebäbi gelejekde yzarlamalar köp bolar. Belki-de, bizi Hudaýa iman edýändigimiz üçin türmä basarlar. Şonda imandaşlarymyzyň kömegine has-da mätäç bolarys (Nak. 17:17). Geliň, Ispaniýada ýaşaýan Jozef a ýaşuly hakda gürrüň edeliň. Bir gün ony we birnäçe doganlary bitaraplygyny saklandyklary üçin türmä basýarlar. Jozef şeýle gürrüň berýär: «Biz biri-birimizi gowy tanaýardyk. Käte gylyk-häsiýetlerimiz biri-birimiziň gaharymyzy getirýärdi. Emma biz sabyrly bolmagy, birek-biregi ýürekden bagyşlamagy öwrendik. Ol ýerde Ýehowany tanamaýan tussaglar hem bardy, şol sebäpli biz bir-birimizi goldaýardyk, goraýardyk. Bir güni men elimi gaty agyrtdym. Birnäçe günläp sarap ýörmeli boldum, hiç zat edip bilmedim. Şonda bir dogan meniň egin-eşiklerimi ýuwardy, gerekli kömegi bererdi. Onuň ýürekden çykan söýgüsini hiç haçan unutmaryn». Biz şu günler imandaşlarymyz bilen agzybir bolsak, kyn günlerde birek-biregi söýeris we birek-birege goldaw bereris.

ÝANÝOLDAŞYŇ TAMAŇY ÖDEMESE NÄME ETMELI?

8. Maşgala guranlar nähili kynçylyga duş gelýär?

8 Kynçylyk. Her bir maşgalanyň öz kynçylygy, öz derdi bar. Mukaddes Kitapda maşgala guranlarda «täze kynçylyklaryň» boljakdygy açyk-aýdyň ýazylan (1 Kor. 7:28). Näme üçin? Sebäbi iki sany bikämil adam goş birikdirýär. Olaryň gylyk-häsiýeti, alan terbiýesi, medeniýeti, halaýan we halamaýan zatlary biri-birinden düýbünden tapawutlanýar. Olar maşgala gurandan soňra biri-birini has gowy tanaýar, öň üns bermedik häsiýetlerini görýär. Şeýlelikde, maşgalada kynçylyk döreýär. Är ýa-da aýal ýüze çykan kynçylygy çözmegiň ýa-da öz günäsini boýun almagyň deregine, bar zady ýanýoldaşyndan görýär. Hatda olar kynçylygy çözmek üçin aýra ýaşamaly ýa-da aýrylyşmaly diýen karara gelýär. Şeýtseler kynçylyk çözülermi? b Geliň, şu soragyň jogabyny bilmek üçin Mukaddes Kitabyň gahrymany hakda gürrüň edeliň.

9. Abygaýyl nähili kynçylyga duş gelýär?

9 Mukaddes Kitabyň gahrymany. Abygaýyl Nabal atly adamyň aýalydy. Mukaddes Kitapda Nabalyň gödek hem zalym adam bolandygy aýdylýar (1 Şam. 25:3). Abygaýyla dereksiz adam bilen ýaşamak aňsat düşen däldir. Bir gün Nabal Dawudyň ýigitleriniň üstünden gülüp, olary kowup goýberýär. Muny eşiden Dawut gahar atyna atlanyp, Nabalyň tohum-tijini gyrmagy ýüregine düwýär (1 Şam. 25:9—13). Ine, Abygaýyl üçin amatly pursat döredi. Ol geljekki Ysraýylyň patyşasy Dawudyň niýetini bilen badyna goşuny düwüp, derrew gaçyp gidip bilerdi. Emma Abygaýyl beýle etmeýär, gaýtam ol maşgalasynyň abadançylygy üçin janyny pida etmäge taýyndy (1 Şam. 25:23—27). Ol näme üçin şeýle karara gelýär?

10. Abygaýyl maşgalasy üçin janyny pida etmäge näme üçin taýyndy?

10 Abygaýyl hak Hudaýy söýýärdi. Onuň maşgala babatda beren kada-kanunlaryna ýürekden eýerýärdi. Megerem, ol Allatagalanyň ilkinji ynsan jübüti, ýagny Adam ata bilen How enäni ýaradyp, «olar bir beden bolar» diýen sözlerini bilen bolmaly (1 Mus. 2:24). Ol hak Allanyň maşgala ojagyny mukaddes hasaplaýandygyny bilýärdi. Abygaýyl Ýehowany razy etmek isleýärdi. Hojalygyny, hatda Nabaly halas etmek üçin hemme zada taýyndy. Abygaýyl: «Indi näme bolarka?» diýip, oýlanyp oturman, derrew ýola düşdi. Ol Dawudyň ýanyna baryp, etmedik günäsi üçin ötünç sorady. Ýehowa gaýratly, batyrgaý gyzyny ýürekden söýýärdi. Är-aýallar, siz Abygaýylyň göreldesine nädip eýerip bilersiňiz?

11. a) Ýehowa är-aýallaryň näme etmegine garaşýar? (Efesliler 5:33). b) Siz Karmen uýanyň başdan geçiren wakasyndan näme öwrendiňiz? (Surata serediň).)

11 Biziň üçin sapak. Ýehowa nikany mukaddes hasaplaýar. Şol sebäpli maşgalada kynçylyk bolsa-da, är-aýalyň aýrylyşmagyny islemeýär. Ýehowa är-aýalyň biri-birini ýürekden söýüp we hormat goýup, maşgalada döreýän kynçylyklary çözmek üçin edýän tagallasyny görende örän begenýär (Efesliler 5:33-i okaň). Geliň, Karmen uýa hakda gürrüň edeliň. Onuň durmuşa çykanyna alty ýyl geçipdi. Soňra ol Ýehowanyň Şaýatlary bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlaýar we suwa çümdürilýär. Karmen şeýle gürrüň berýär: «Ärim meniň gelen kararymy oňlamady. Meni Ýehowadan gabanyp başlady. Ol meni kemsidýärdi, aýrylyşjak diýip haýbat atýardy». Karmen uýa maşgala ojagyny dargatmazlyk üçin 50 ýyllap göreşdi. Ärine hormat goýdy, ony jany-teni bilen söýdi. Ol sözüni şeýle dowam edýär: «Ýyllar geçdigi saýyn, ärimiň duýgularyna has gowy düşünip başladym, onuň dilini tapmagy başardym. Men Ýehowanyň maşgala ojagyny mukaddes saýýandygyny bilýärdim. Şol sebäpli maşgalamy dargatmazlyk üçin hemme zada taýyndym. Men „aýrylyşjak“ sözüni dilime-de almadym, sebäbi Ýehowany söýýärdim» c. Är-aýallar, sizem şeýle kynçylyklar bilen göreşýän bolsaňyz, Ýehowanyň kömek etjekdigine, hemişe goldajakdygyna ynamly boluň.

Siz hojalygyny halas etmek üçin elinde baryny eden Abygaýyldan näme öwrendiňiz? (11-nji abzasa serediň).


ÖZÜŇDEN GÖWNÜŇ GEÇSE NÄME ETMELI?

12. Agyr günä eden adam özüni nähili duýýar?

12 Kynçylyk. Agyr günä eden adam özüni dereksiz, hiç kime gereksiz duýýar. Mukaddes Kitapda şeýle adamyň «ýüreginiň ýaraly» bolýandygy, «göwnüçökgünlige» düşýändigi ýazylan (Zeb. 34:18). Meselem, Robert dogan ýygnakda hyzmatçy bolmak üçin elinden baryny edýär. Emma bir güni agyr günä edip, özüni Ýehowa dönüklik eden ýaly duýýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Eden günäm gerdenimden agyr ýük kimin basdy, bilimi bükdi. Men aglap doga etdim, içimden bolsa: „Heý-de, Ýehowa meniň dogamy diňlärmi? Men onuň tamasyny ödemedim ahyryn“ diýdim». Mähriban dogan-uýalar, siz hem agyr günä edeniňizde, janyňyza jaý tapman ruhdan düşýänsiňiz. Özüňizi Ýehowa gulluk etmäge mynasyp görýän dälsiňiz (Zeb. 38:4). Geliň, agyr günä etse-de, Ýehowa wepaly bolan Mukaddes Kitabyň gahrymany hakda gürrüň edeliň.

13. Petrus resul nähili günä etdi we özüni nähili duýdy?

13 Mukaddes Kitabyň gahrymany. Isa pygamberiň ölüminiň öň ýanyndaky gijesi Petrus resul ömründe iň uly ýalňyşlyk goýberdi. Ol özüne göwni ýetip, Halypasyna: «Hemmeler senden ýüz öwürse-de, men ýüz öwürmerin» diýdi (Mar. 14:27—29). Bir gün Isa pygamber şägirtleri bilen Getseman bagyna barýar we olara «oýa boluň» diýip gaýta-gaýta aýdýar, emma Petrus resul her saparam süýji uka gidýär (Mar. 14:32, 37—41). Bir gezek ol jana-jan dosty Isany duşman eline berip, gaçyp gidýär (Mar. 14:50). Iň erbedem, Petrus ant içip, awy ýalap, Halypasyny tanamaýandygyny üç gezek aýdýar (Mar. 14:66—71). Soňra ol özüni nähili duýandyr öýdýärsiňiz? Petrus resul eden zatlary hakda oýlanyp «möňňürip aglaýar» (Mar. 14:72). Göz öňüne getiriň, Isa pygamberiň höküm edilmeli sagady barha golaýlaşýardy. Petrus resulyň içinde harasat möwç urýardy, özüni nalajedeýin adam duýýardy.

14. Petrus resula ruhdan düşmezlige we Ýehowa wepaly gulluk etmäge näme kömek etdi? (1-nji sahypadaky surata serediň).

14 Petrus resul agyr günä etse-de, ruhdan düşmedi, Ýehowa wepaly gulluk etdi. Näme üçin? Sebäbi ol doganlaryndan gaçyp ýörmedi, olardan kömek sorady. Doganlar hem ony goldady, ruhlandyryp göwünlik berdi (Luka 24:33). Şeýle-de Isa pygamber ölümden direlenden soňra, ýörite Petrus resulyň ýanyna baryp göwünlik berdi (Luka 24:34; 1 Kor. 15:5). Oňa käýemegiň deregine, jogapkärli borçlary ynandy (Ýah. 21:15—17). Petrus resul agyr günä edendigine düşünýärdi, emma özünden göwni geçmedi. Sebäbi ol Halypasynyň bagyşlandygyny we ýürekden söýýändigini bilýärdi. Şeýle-de imandaşlary Petrusy ruhlandyryp durdular. Biz Petrus resulyň göreldesine nädip eýerip bileris?

Ýahýa 21:15—17-nji aýatlarda Isa pygamberiň Petrusy bagyşlandygy we ony ruhlandyryp, jogapkärli borç ynanandygy aýdylýar (14-nji abzasa serediň).


15. Ýehowa biziň nämä ynamly bolmagymyzy isleýär? (Zebur 86:5; Rimliler 8:38, 39; surata serediň).

15 Biziň üçin sapak. Ýehowa bizi söýýär we ýürekden bagyşlaýar. Ol biziň muny bilmegimizi isleýär (Zebur 86:5; Rimliler 8:38, 39-njy aýatlary okaň). Günä eden adamyň ynsaby köseýär. Bu adaty duýgy. Emma biz: «Ýehowa bagyşlamaýar, söýmeýär» diýip pikir etmegiň deregine, ondan kömek soramaly. Robert şeýle gürrüň berýär: «Men synaga düşenimde öz güýjüme bil bagladym. Şeýdip, agyr günä etdim. Soňra men ýaşululardan kömek soradym. Şu ädimi ädenimde söýgüden doly Ýehowanyň maňa goluny uzadýandygyny duýdum. Ýaşulular maňa göwünlik berdiler we Ýehowanyň hemişe ýanymdadygyny düşündirdiler». Eger agyr günä eden adam ýürekden toba etse, kömek sorasa, eden günäsini gaýtalamasa, Ýehowanyň ony bagyşlandygyna we ýürekden söýýändigine ynamly bolup biler (1 Ýah. 1:8, 9). Şeýle ynam bize-de özümizden göwnümiz geçmezlige we Ýehowa wepaly bolmaga kömek eder.

Zähmetsöýer ýaşulular size kömek edende özüňizi nähili duýýarsyňyz? (15-nji abzasa serediň).


16. Siz näme etmegi ýüregiňize düwdüňiz we näme üçin?

16 Ýehowa biziň kyn döwürde ýaşasak-da, bütin janymyz-tenimiz bilen gulluk edýändigimizi görüp begenýär. Biz lapykeçligi ýeňmek üçin Ýehowa bil baglamaly. Şeýle-de göwnümize degen imandaşlarymyzy bagyşlap, ýürekden söýmeli. Hak Hudaýy razy edip ýaşamaly, maşgala ojagyny mukaddes saýmaly. Şonda maşgalada döreýän kynçylyklary ýeňmek üçin elimizde baryny ederis. Günä edenimizde Ýehowadan kömek soramaly. Onuň söýýändigine, ýürekden bagyşlaýandygyna ynanmaly we oňa wepaly gulluk etmeli. Geliň, «ýagşylyk etmekden ýadamalyň», şonda Ýehowanyň bol bereketlerini alarys (Gal. 6:9).

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  • Imandaşlaryňyz göwnüňize degse, lapykeç bolmazlyga näme kömek eder?

  • Ýanýoldaşyňyz tamaňyzy ödemese, Ýehowa wepaly bolmaga näme kömek eder?

  • Özüňizden göwnüňiz geçse, Ýehowa janyňyz-teniňiz bilen gulluk etmäge näme kömek eder?

139-NJY AÝDYM Täze dünýäni göz öňüne getir!

a Käbir atlar üýtgedildi.

b Hudaý är-aýalyň aýry ýaşamagyny islemeýär. Mukaddes Kitaba laýyklykda, är-aýal aýry ýaşasa-da, başga biri bilen maşgala gurup bilmeýär. Ýöne käbir sebäplere görä, är-aýal bialaç aýry ýaşamaly bolmagy mümkin. Siz «Ebedi ýaşaň!» kitabynyň «Är-aýalyň aýry ýaşamagy» diýen 4-nji goşmaça maglumatyny okap bilersiňiz.

c Siz jw.org saýtyndaky «Şu dünýäniň parahatlygyna ynanmaň! Darel we Debora Freýsinger» atly wideony görüp bilersiňiz.