Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

9-NJY MAKALA

75-NJI AÝDYM «Men giderin! Meni iber!»

Siz ömrüňizi Ýehowa bagyş etmäge taýynmy?

Siz ömrüňizi Ýehowa bagyş etmäge taýynmy?

«Ýehowanyň ýagşylyklaryny nädip gaýtaryp bilerin?» ​(Zeb. 116:12).

ESASY PIKIR

Şu makala Ýehowa bilen dostlaşmaga we özüňizi oňa bagyş edip, suwa çümdürilmäge kömek eder.

1, 2. Suwa çümdürilmezden öň näme etmeli?

 SOŇKY bäş ýylyň içinde millionlarça adam suwa çümdürilip, Ýehowanyň Şaýady boldy. Olaryň käbiri Timoteos ýaly Mukaddes Kitaby «bäbeklikden bäri» bilýär (2 Tim. 3:14, 15). Käbiri orta ýaşda, käbiri bolsa garrylyk çagynda Ýehowany tanaýar. Birnäçe ýyl mundan öň bir daýza Ýehowanyň Şaýatlary bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçýär we 97 ýaşynda suwa çümdürilýär.

2 Siz Ýehowanyň Şaýatlary bilen okuw geçýärsiňizmi ýa-da çagalykdan bäri Ýehowany tanaýarsyňyz? Siz suwa çümdürilmegi maksat goýduňyzmy? Eger şeýle bolsa, gowy maksat goýupsyňyz. Ýöne siz başda özüňi Ýehowa bagyş etmeli. Şu makalada özüňi Ýehowa bagyş etmegiň näme aňladýandygyny bileris. Şeýle-de suwa çümdüriljekler Mukaddes Kitabyň talaplaryna laýyk gelýän bolsa, şu aýgytly ädimi ätmäge ýaýdanmaly däldigi hakda gürrüň ederis.

ÖZÜŇI ÝEHOWA BAGYŞ ETMEK NÄME AŇLADÝAR?

3. Gadym döwürde özüni Hudaýa bagyş eden adamlar hakda gürrüň beriň.

3 Mukaddes Kitaba görä, «bagyş etmek» diýen jümle «mukaddes iş üçin aýrylyp goýmagy» aňladýar. Ysraýyllar Ýehowa bagyş edilen halkdy. Emma olaryň arasynda mukaddes gullugy berjaý etmek üçin özüni Ýehowa bagyş eden adamlar bardy. Meselem, Harunyň sellesindäki altyn maňlaýlyk Hudaýa bagyş edilendigini görkezýän nyşandy. Bu nyşan onuň mukaddes gullugy ýerine ýetirmek, ýagny halkyň ruhanysy bolmak üçin bellenendigini mälim edýärdi (3 Mus. 8:9). Nezir bolan adam özüni Ýehowa bagyş edýärdi. «Nazir» diýen ýewreý sözi «saýlanan, bagyş edilen» diýmegi aňladýar. Musanyň kanunyna görä, nezir bolan adama käbir zatlary etmek gadagandy (4 Mus. 6:2—8).

4. a) Özüni Ýehowa bagyş eden adam nämäni söz berýär? b) «Özüňden geçmek» nämäni aňladýar? (Surata serediň).

4 Özüni Ýehowa bagyş eden adam Isa pygamberiň şägirdi bolýar we Hudaýyň islegini durmuşynda birinji orunda goýjakdygyny söz berýär. Isa pygamber: «Kim meniň yzyma eýermek islese, özünden geçsin» diýdi (Mat. 16:24). «Özüňden geçmek» diýen grek jümlesi öz islegiňe «ýok» diýmegi aňladýar. Özüni Ýehowa bagyş eden adam onuň islegine garşy gelýän ähli zada «ýok» diýýär (2 Kor. 5:14, 15). Meselem, ol ahlaksyzlyk ýaly «ten işlerini» etmeýär (Gal. 5:19—​21; 1 Kor. 6:18). Size Ýehowanyň tabşyryklaryny berjaý etmek kynmy? Eger siz Ýehowany söýseňiz we kada-kanunlarynyň peýdalydygyna düşünseňiz kyn bolmaz (Zeb. 119:97; Işa. 48:17, 18). Nikolas dogan şeýle gürrüň berýär: «Ýehowany söýmeýän adam onuň kada-kanunyny erkinligiňi çäklendirýän gözenek saýýar. Ýehowany ýürekden söýýän adam bolsa, onuň kada-kanunyny arlaýjy arslandan goraýan berk gözenek hasaplaýar».

Siz Ýehowanyň kada-kanunlaryny erkinligiňi çäklendirýän gözenek saýýarsyňyzmy ýa-da arlaýjy arslandan goraýan berk gözenek hasaplaýarsyňyz? (4-nji abzasa serediň).


5. a) Ömrüňi Ýehowa bagyş etmek üçin näme etmeli? b) Ömrüňi Ýehowa bagyş etmek bilen suwa çümdürilmegiň arasynda nähili tapawut bar? (Surata serediň).

5 Ömrüňi Ýehowa bagyş etmek üçin näme etmeli? Siz Ýehowa doga edip, oňa sežde etjekdigiňizi we onuň islegini durmuşyňyzda birinji orunda goýjakdygyňyzy söz bermeli. Şeýle-de siz «Hudaýy bütin ýüregiňiz, bütin janyňyz, bütin aň-düşünjäňiz we bütin güýjüňiz bilen söýmegi» wada bermeli (Mar. 12:30). Mesihçiniň ömrüni Ýehowa bagyş edendigini hiç kim görmeýär. Emma ol suwa çümdürilse, ömrüni Ýehowa bagyş edendigini hemmeler görýär. Ömrüňi Ýehowa bagyş etmek — mukaddes wada. Ýehowa siziň beren sözüňizde durmagyňyzy isleýär. Şol sebäpli beren wadaňyza görä ýaşamagy ýüregiňize berk düwüň (Nes. 5:4, 5).

Siz özüňi Ýehowa bagyş edeniňizde, diňe Oňa sežde etjekdigiňizi we islegini birinji orunda goýjakdygyňyzy söz berýärsiňiz (5-nji abzasa serediň).


ÖMRÜŇI NÄME ÜÇIN ÝEHOWA BAGYŞ ETMELI?

6. Sizi ömrüňizi Ýehowa bagyş etmäge näme höweslendirýär?

6 Siz Ýehowany ýürekden söýüp, ömrüňizi oňa bagyş etdiňiz. Siziň söýgiňiz ýöne bir duýga däl-de, Hudaý hakdaky «dogry bilime» esaslanýar. Şeýle-de siz «ruhy zatlara çuňňur düşünýärsiňiz» we Ýehowa bolan söýgiňiz gün-günden artýar (Kol. 1:9). Siz Mukaddes Kitaby okap 1) Ýehowanyň hak Hudaýdygyna, 2) Mukaddes Kitabyň onuň ylhamlanan Sözüdigine we 3) guramasy arkaly görkezme berýändigine göz ýetirdiňiz.

7. Mesihçi ömrüni Ýehowa bagyş etmezden öň näme etmeli?

7 Ömrüni Ýehowa bagyş eden adam Mukaddes Kitabyň taglymatlaryny bilýär we şolar boýunça ýaşaýar. Ol imany hakda adamlara wagyz edýär (Mat. 28:19, 20). Ol Ýehowany jany-teni bilen söýýär we ömrüniň ahyryna çenli wepaly galmagy ýüregine düwýär. Şonda ol sapak geçýän mugallymynyň, ene-atasynyň göwnünden turmak ýa-da deň-duşlary bilen bäsdeşlik etmek üçin däl-de, Ýehowany razy etmek üçin suwa çümdürilmek islär.

8. Siz Ýehowa minnetdar bolmak üçin näme etmeli? (Zebur 116:12—14).

8 Siz Ýehowanyň ýagşylyklary hakda oýlansaňyz, ömrüňizi oňa höwes bilen bagyş edersiňiz (Zebur 116:12—​14-nji aýatlary okaň). Mukaddes Kitapda «her bir gowy we kämil sowgady» Ýehowanyň berýändigi aýdylýar (Ýak. 1:17). Ýehowa adamzat üçin ýeke-täk Ogluny gurban berdi. Mundan gymmatly sowgat ýok bolsa gerek! Siz töleg gurbany arkaly Ýehowa bilen dostlaşarsyňyz we ebedi ýaşamaga umyt edersiňiz (1 Ýah. 4:9, 10, 19). Ýehowanyň beren bereketlerine, esasanam, töleg gurbanyna minnetdar bolsaňyz, ömrüňizi Oňa höwes bilen bagyş edersiňiz (5 Mus. 16:17; 2 Kor. 5:15). Size «Ebedi ýaşaň!» kitabynyň 46-njy sapagynyň 4-nji sözbaşysyndaky pikirler we «Sowgatlarymyzy Hudaýa bereliň» diýen üç minutlyk wideo kömek eder.

SIZ ÖZÜŇIZI HUDAÝA BAGYŞ EDIP SUWA ÇÜMDÜRILMÄGE TAÝYNMY?

9. Suwa çümdürilmek isleýän adam näme üçin özüni başgalar bilen deňeşdirmeli däl?

9 Megerem, siz özüňizi Hudaýa bagyş etmäge we suwa çümdürilmäge taýýar görýän dälsiňiz. Belki, siz gylyk-häsiýetleriňizi üýtgetmeli we käbir erbet endikleri goýmaly bolarsyňyz. Ýa-da size Ýehowa berk iman etmek üçin wagt gerekdir (Kol. 2:6, 7). Şuny ýadyňyzdan çykarmaň, hemme adamyň ruhy taýdan ösüşi deň bolmaýar. Şeýle-de ýaşlaryň ählisi belli bir ýaşda suwa çümdürilmäge taýýar bolmaýar. Şonuň üçin imanyňyzy barlaň, güýjüňiziň ýetýän zadyny anyklaň we özüňizi başgalar bilen deňeşdirmäň (Gal. 6:4, 5).

10. Özüni Ýehowa bagyş etmäge taýýar hasaplamaýan adam näme etmeli? (« Ýaşlar üçin maslahat» diýen çarçuwa serediň).

10 Eger siz özüňizi Ýehowa bagyş etmäge taýýar hasaplamaýan bolsaňyz, gol gowşuryp oturmaň, gerekli özgerişlikleri ediň. Ýehowa edýän tagallaňyza ak pata berer ýaly, Ondan kömek soraň (Flp. 2:13; 3:16). Ýehowanyň dogaňyza jogap berjekdigine, şu wajyp ädimi ätmäge kömek etjekdigine ynamly boluň (1 Ýah. 5:14).

KÄBIRLERI SUWA ÇÜMDÜRILMÄGE NÄME ÜÇIN ÝAÝDANÝAR?

11. Ýehowa bize wepaly galmaga nädip kömek eder?

11 Käbir adamlar özüni Ýehowa bagyş etmäge we suwa çümdürilmäge taýýar bolsalar-da, şu wajyp ädimi ätmäge ýaýdanýarlar. Olar ýygnak gatnaşygyndan kesilerin öýdüp gorkýarlar. Sizem şeýle pikir edýärsiňizmi? Onda Ýehowanyň öz «adyna mynasyp ýaşamaga» kömek etjekdigine ynamly boluň (Kol. 1:10). Ol size ýagşy işleri edip biler ýaly güýç berer. Ýehowa halkyna wepaly galmaga kömek edip gelýär (1 Kor. 10:13). Dogan-uýalaryň köpüsi Ýehowa bil baglap, hakykat ýolunda ynamly ädimler bilen ýöreýär. Diňe az sanly adam hakykat ýolundan sowlup, ýygnak gatnaşygyndan kesildi.

12. Günäniň duzagyna düşmez ýaly näme etmeli?

12 Bikämil adamlar erbetlige ýykgyn bolýarlar (Ýak. 1:14). Erbet höwesler näçe güýçli bolsa-da, özümize erk edip bilýäris. Nähili ýaşamalydygyny her kimiň özi çözýär. Belki-de, käbirleri munuň bilen ylalaşmaz. Ýöne hiç kim we hiç zat sizi erbetlik etmäge mejburlap bilmez. Hatda synaga düşeniňizde-de erbetlik etmän, dogry karara gelip bilersiňiz. Munuň üçin her gün Ýehowa doga ediň, Mukaddes Kitaby okaň, şahsy okuwyny geçiriň, yzygiderli ýygnak duşuşyklaryna baryň we imanyňyz hakda adamlara wagyz ediň. Şu ädimleri ätseňiz, beren wadaňyza görä ýaşarsyňyz, hak Alla hem size güýç-kuwwat berer (Gal. 5:16).

13. Ýusup pygamber bize nähili görelde galdyrdy?

13 Siz synaga düşmezden öň Ýehowa wepaly galmagy ýüregiňize düwseňiz, beren wadaňyza görä ýaşap bilersiňiz. Mukaddes Kitapda synaga öňünden taýýarlanyp, Hudaýa wepaly galan adamlar hakda ýazylan. Meselem, Potifaryň aýaly Ýusuba: «Meniň bilen ýat» diýip, ony her gün yrjak bolýardy. Emma Ýusup synaga düşmänkä, Ýehowany razy edip ýaşamagy ýüregine düwüpdi we niýetinden dänmedi, şonuň üçin ol berk durdy. Ol: «Men nädip beýle erbet iş edip, Hudaýa garşy günä edeýin?!» diýdi (1 Mus. 39:8—10). Görşümiz ýaly, Ýusup synaga düşmänkä näme edip, näme goýjagyny çözüpdi. Şonuň üçin oňa hojaýynynyň aýalyna «ýok» diýmek kyn bolmady.

14. Ýehowanyň ýigrenýän işlerine «ýok» diýmäge näme kömek eder?

14 Siz Ýusubyň göreldesine nädip eýerip bilersiňiz? Synaglarda näme edip, näme goýjagyňyzy häzirden çözüň. Ýehowanyň ýigrenýän zatlaryna «ýok» diýmegi, hatda pikirini hem etmezligi ýüregiňize berk düwüň (Zeb. 97:10; 119:165). Şonda synaga düşeniňizde günä etmersiňiz we hakykat ýolundan ynamly ädimler bilen ýörärsiňiz.

15. Ýehowany «ýürekden agtarýan» adam näme etmeli? (Ýewreýler 11:6).

15 Siz hakykat ýoluny tapandygyňyza ynanýarsyňyz we Ýehowa janyňyz-teniňiz bilen sežde etmek isleýärsiňiz. Ýöne şonda-da size özüňizi Ýehowa bagyş edip suwa çümdürilmäge bir zatlar päsgel berýändir. Eger şeýle bolsa, Dawut pygamberiň göreldesine eýerip, şeýle doga ediň: «Eý Hudaý, meni barla-da, ýüregimi gör. Meni syna-da, gaýgy-aladamy bil. Meni barla, pikirlerim erbet bolaýmasyn, meni ebedi ýaşaýşa eltýän ýoldan ýöret» (Zeb. 139:23, 24). Eger Allatagala şeýle doga etseňiz, Ony ýürekden agtarýandygyňyzy, suwa çümdürilip razy etmek isleýändigiňizi subut edersiňiz. Ýehowa hem özüni «ýürekden agtarýanlary sylaglajakdygyny» wada berýär (Ýewreýler 11:6-ny okaň).

«HUDAÝA ÝAKYNLAŞYŇ»

16, 17. Ýehowa mesihçi maşgalada terbiýelenen ýaşlary özüne ýakynlaşdyrýarmy? Düşündiriň. (Ýahýa 6:44).

16 Isa pygamber Ýehowanyň akýürekli adamlary hakykata getirýändigini aýtdy (Ýahýa 6:44-i okaň). Isanyň aýdan sözleri size-de degişli. Ýehowa siziň ýagşy häsiýetiňizi görüp, halkynyň arasyna goşdy. Ol sizi «genji-hazynasy, hususy emlägi» hasaplaýar (5 Mus. 7:6, çykgyt). Siz muňa örän begenýän bolsaňyz gerek.

17 Ýehowanyň Şaýatlarynyň maşgalasynda ulalan ýaşlar: «Ýehowa meni däl, ene-atamy hakykata getirdi» diýip pikir etmegi mümkin. Mähriban ýaşlar, Ýehowa sizi mesihçi maşgalanyň bir parçasy däl-de, öz «hususy emlägi» hasaplaýar. Unutmaň, Ýehowa ene-atalary hakykata getirişi ýaly, olaryň çagalaryny hem hakykata getirýär. Mukaddes Kitapda: «Hudaýa ýakynlaşyň, ol hem size ýakynlaşar» diýilýär (Ýak. 4:8; 1 Tar. 28:9). Siz Ýehowa tarap ädim ätseňiz, Ol hem size tarap ädim äder (2 Selanikliler 2:13-i deňeşdiriň).

18. Indiki makalada näme hakda gürrüň ederis? (Zebur 40:8).

18 Siz özüňizi Ýehowa bagyş edip suwa çümdürileniňizde, Isa pygamberiň göreldesine eýerýärsiňiz. Ol Atasynyň islegini berjaý etmek üçin bütin ömrüni bagyş etdi (Zebur 40:8-i okaň; Ýew. 10:7). Indiki makalada suwa çümdürilenden soň Ýehowa wepaly bolmak üçin näme etmelidigi hakda gürrüň ederis.

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  • Özüňi Ýehowa bagyş etmek nämäni aňladýar?

  • Ýehowa minnetdar bolmak özüňi bagyş etmäge nädip höweslendirýär?

  • Günäniň duzagyna düşmez ýaly näme etmeli?

38-NJI AÝDYM Hudaý saňa güýç berer