Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

10-NJY MAKALA

13-NJI AÝDYM Mesihiň göreldesi

Suwa çümdürilenden soň Isa pygamberiň «yzyna eýeriň»

Suwa çümdürilenden soň Isa pygamberiň «yzyna eýeriň»

«Kim meniň yzyma eýermek islese, özünden geçsin-de, jebir pürsüni alyp, her gün yzyma düşsün» ​(Luka 9:23).

ESASY PIKIR

Şu makaladaky pikirler özümizi Hudaýa bagyş edenimizde beren wadamyz hakda oýlanmaga höweslendirer. Şeýle-de ýaňy-ýakynda suwa çümdürilenlere Ýehowa wepaly bolmaga kömek eder.

1, 2. Suwa çümdürilen adam nähili bereket alýar?

 SUWA çümdürilip Hudaýyň halkynyň arasyna goşulmak uly hormat! Ýehowanyň ogul-gyzy bolan adamlar Dawut pygamberiň şu sözlerine goşulýar: «Howlularyňda ýaşamaga çagyran adamyň, huzuryňa getiren adamyň bagtlydyr» (Zeb. 65:4).

2 Ýehowa howlusyna çem gelen adamy çagyrmaýar. Geçen makaladan bilşimiz ýaly, ol özi bilen dostlaşmak isleýän adamlary hakykata getirýär (Ýak. 4:8). Siz ömrüňizi Ýehowa bagyş etdiňiz we suwa çümdürildiňiz. Şeýdip, Ýehowanyň halkynyň arasyna goşuldyňyz. Indi siz Allatagalanyň bol bereket berjekdigine we zada zar etmejekdigine ynamly bolup bilersiňiz (Mel. 3:10; Ýer. 17:7, 8).

3. Ömrüni Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilen adam näme etmegi ýüregine düwmeli? (Nesihat 5:4, 5).

3 Siz suwa çümdürilen günüňiz Ýehowa bilen syýahata başladyňyz. Siz syýahatyň dowamynda synaglara we kynçylyklara döz gelip, Hudaýa beren wadaňyza görä ýaşamaly bolarsyňyz (Nesihat 5:4, 5-nji aýatlary okaň). Munuň üçin Isa pygamberiň göreldesine we tabşyryklaryna gyşarnyksyz eýermeli (Mat. 28:19, 20; 1 Pet. 2:21). Makaladaky pikirler size beren wadaňyzda durmaga kömek eder.

SYNAGLARDA ISA PYGAMBERIŇ «YZYNA EÝERIŇ»

4. «Jebir pürsüni alyp» Isa pygamberiň yzyna düşmek nämäni aňladýar? (Luka 9:23).

4 Mähriban dogan-uýalar, siz suwa çümdürileniňizden soň hiç hili kynçylyk bolmaz öýtmäň. Isa pygamber şägirtleriniň «jebir pürsüni alyp, her gün yzyna düşmelidigini» aýtdy (Luka 9:23-i okaň). Onda Isa pygamberiň şägirtleri hemişe kösenip ýaşamalymy? Elbetde, ýok! Isa suwa çümdürilen adamlaryň köp bereket aljakdygyny, emma kynçylyklar bilen hem göreşmeli boljakdygyny aýtdy. Kynçylyklaryň käbirine döz gelmek has-da kyn bolar (2 Tim. 3:12).

5. Isa pygamber şägirtlerine nähili berekediň garaşýandygyny aýtdy?

5 Belki, size dogan-garyndaşlaryňyz garşy çykandyr. Ýa-da Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýmak üçin köp zatlaryňyzdan geçensiňiz (Mat. 6:33). Eger şeýle bolsa, siziň geçen zatlaryňyzy Ýehowanyň görýändigine ynamly boluň (Ýew. 6:10). Siz Isa pygamberiň aýdan şu sözleriniň dogrudygyna göz ýetirensiňiz: «Meniň hatyram üçin, hoş habaryň hatyrasy üçin öýüni, doganlaryny, uýalaryny, ene-atasyny, çagalaryny ýa-da melleklerini taşlan adam häzirki yzarlamalara garamazdan, 100 esse köp öýleri, doganlary, uýalary, ejeleri, çagalary, mellekleri alar, gelejekde bolsa ebedi ýaşaýşa gowşar» (Mar. 10:29, 30). Ýehowanyň berýän bereketleri biziň geçýän islendik zadymyzyň öwezini artygy bilen dolýar (Zeb. 37:4).

6. Suwa çümdürileniňizden soň hem näme üçin «ten höwesleri» bilen göreşmeli?

6 Biz suwa çümdürilenimizden soň hem «ten höwesleri» bilen göreşmeli (1 Ýah. 2:16). Sebäbi biz Adam atanyň nesli, hemmämize günä geçdi. Siz käte özüňizi Pawlus resul ýaly duýýansyňyz. Ol şeýle diýdi: «Men bütin ýüregim bilen Hudaýyň kanunyny söýýärin. Emma bedenimde başga bir kanun bar. Ol aňymdaky kanun bilen söweşip, bedenimdäki günäniň kanunyna ýesir edýär» (Rim. 7:22, 23). Günä garşy göreşmek bizi ruhdan düşürýär, güýç-kuwwatdan gaçyrýar. Emma ömrüňizi Ýehowa bagyş edeniňizde beren wadaňyz hakda oýlansaňyz, günä garşy aýgytly göreş alyp bararsyňyz, synaglarda ejizlemersiňiz we berk durarsyňyz. Näme üçin?

7. Özüni Hudaýa bagyş eden adam synagda nädip berk durup biler?

7 Ömrüni Ýehowa bagyş eden adam özünden geçmäge taýyn bolýar. Ol Ýehowanyň islegine garşy gelýän maksatlaryna we etsem-petsemlerine «ýok» diýýär (Mat. 16:24). Ol synaga duş gelende «etsemmikäm, etmesemmikäm» diýip, oýlanyp oturmaýar. Ol synagdan öň Ýehowa wepaly bolmagy ýüregine düwendigi üçin günäli höweslere çürt-kesik «ýok» diýýär we günäniň duzagyna düşürjek «ähli gapylary» ýapýar. Ol Eýýup pygamberiň göreldesine eýerip, Ýehowany razy edip ýaşaýar. Eýýup pygamber çekip-çydardan agyr synaglara duş gelende: «Soňky demime çenli wepaly bolaryn!» diýdi (Eýp. 27:5).

8. Ýehowa beren wadaň hakda oýlanmak, synagda berk durmaga nädip kömek edýär?

8 Siz ömrüňizi Ýehowa bagyş edeniňizde beren wadaňyz hakda oýlansaňyz synaglarda berk durarsyňyz. Siz başga biriniň ýanýoldaşy bilen näz-kereşme edersiňizmi? Elbetde, ýok! Sebäbi siz erbetlik etmejekdigiňizi, ynsabyňyzy arassa saklajakdygyňyzy Ýehowa söz berdiňiz. Ahlaksyz pikirler adamy «zäherlese», ondan saplanmak kyn bolýar. Şol sebäpli «zäheriň» ýekeje damjasynam datmaň, «zalymlaryň ýoluna gadam basmaň» (Nak. 4:14, 15).

9. Ýehowa beren wadaň hakda oýlanmak, Patyşalyk işini birinji orunda goýmaga nädip kömek edýär?

9 Siz köp wagtyňyzy alýan we ýygnak duşuşyklaryna barmaga päsgel berýän işe girersiňizmi? Elbetde, ýok! Sebäbi siz özüňizi Hudaýa bagyş eden günüňiz, şeýle işde işlemejekdigiňizi söz beripdiňiz. Şonuň üçin: «Aý, bir alajy bolar-la» diýip, ýygnaga barmaga päsgel berýän işe girmersiňiz. Siz Isa pygamberiň göreldesine eýerip, Ýehowany närazy edýän islendik zada dessine we çürt-kesik «ýok» diýersiňiz (Mat. 4:10; Ýah. 8:29).

10. Ýehowa size Isa pygamberiň «yzyna eýermäge» nädip kömek edýär?

10 Synaglar, kynçylyklar size Isa pygamberiň şägirdidigiňizi subut etmäge we onuň «yzyna eýerýändigiňizi» görkezmäge mümkinçilik berýär. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Hudaý... siziň döz gelip bilmejek synaglaryňyza ýol bermez. Synagda soňuna çenli çydap biler ýaly çykalga-da açar» (1 Kor. 10:13). Hawa, siz Ýehowanyň goldajakdygyna doly ynamly bolup bilersiňiz.

ISA PYGAMBERIŇ «YZYNA EÝERMEK» ÜÇIN NÄME ETMELI?

11. Isa pygamberiň yzyna eýermek üçin näme etmeli? (Surata serediň).

11 Isa pygamber Atasyna hemişe doga-dileg ederdi we ony razy edip ýaşardy (Luka 6:12). Suwa çümdürilen dogan-uýalar Isa pygamberiň yzyna eýermek üçin Ýehowa bilen syýahatyny dowam etmeli. Mukaddes Kitapda: «Biz nähili üstünlik gazanan bolsak, şeýle etmegi dowam edeliň» diýilýär (Flp. 3:16). Käbir dogan-uýalar Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin elinde baryny edýärler. Olar Hoş habarçylar mekdebinde okaýarlar, wagyzçylaryň az ýerine göçýärler. Mümkinçiligiňiz bolsa, siz hem şeýle maksatlary goýuň. Ýadyňyzda bolsun, Ýehowa janyny gaýgyrman gulluk edýän wepaly bendelerini söýýär (Res. 16:9). Siziň Ýehowa köpräk gulluk etmäge mümkinçiligiňiz bolmasa näme? Eger şeýle bolsa özüňizden göwnüňiz geçmesin, ruhdan düşmäň, dogan-uýalar bilen özüňizi deňeşdirmäň (Mat. 10:22). Kynçylyklar bilen göreşiň, Ýehowa wepaly gulluk ediň. Şonda Isa pygamberiň yzyna gyşarnyksyz eýerýändigiňizi subut edersiňiz. Unutmaň, Ýehowa siziň eliňizde baryny edip gulluk edýändigiňizi görýär we gymmat saýýar (Zeb. 26:1).

Suwa çümdürileniňizden soňra Ýehowa bilen ýakyndan dostlaşmaga kömek edýän maksat goýuň (11-nji abzasa serediň).


12, 13. Yhlasyňyz gowşanda näme edip bilersiňiz? (1 Korinfliler 9:16, 17; « Badyňyzy gowşatmaň!» diýen çarçuwa serediň).

12 Belki-de, siz suwa çümdürilen hem bolsaňyz, Ýehowa ýürekden doga edýän dälsiňiz ýa-da hoş habary wagyz etmäge höwesiňiz ýokdur, ýa-da Mukaddes Kitaby okasyňyz gelýän däldir. Bikämil adam käte özüni şeýle duýup bilýär. Emma siz: «Ýehowa menden razy däldir. Ol menden mukaddes ruhuny alan bolmaly» diýip pikir etmäň. Siz öňkiňiz ýaly Ýehowa yhlasly gulluk etmeýän bolsaňyz, Pawlus resul hakda oýlanyň. Ol Isa pygamberiň yzyna gyşarnyksyz eýerýärdi, emma käte wagyz etmäge höwesi bolmaýardy (1 Korinfliler 9:16, 17-nji aýatlary okaň). Pawlus: «Hoş habary höwes bilen wagyz etsem, sylag alaryn. Emma göwünli-göwünsiz etsem-de, şonda-da Hudaýyň öňünde borjumy ýerine ýetirmeli» diýýär. Diýmek, Pawlus resul islegi bolmasa-da, hoş habary wagyz etmegi ýüregine berk düwüpdi.

13 Siz erbet duýgularyň ýesiri bolmaň, gaýtam olary özüňize tabyn ediň. Siziň höwesiňiz bolmasa-da, Ýehowa doga ediň, Mukaddes Kitaby okaň we adamlara wagyz ediň. Wagtyň geçmegi bilen, şol işleri höwes bilen edip başlarsyňyz. Eger siz Ýehowa sežde etmegi birinji orunda goýsaňyz, Isa pygamberiň yzyna gyşarnyksyz eýerersiňiz. Dogan-uýalar hem siziň yhlasly we erjellik bilen wagyz edişiňizi görüp örän ruhlanar (1 Sel. 5:11).

«IMANYŇYZY, ÖZÜŇIZI BARLAP DURUŇ»

14. Siz özüňizi näme üçin barlap durmaly? (2 Korinfliler 13:5).

14 Siz suwa çümdürileniňizden soň özüňizi, durmuşyňyzy, endikleriňizi we içki dünýäňizi barlap duruň (2 Korinfliler 13:5-i okaň). Meselem, siz Hudaýa her gün doga edýärsiňizmi? Mukaddes Kitaby okaýarsyňyzmy? Şahsy okuwyny geçirýärsiňizmi? Ýygnak duşuşyklaryna barýarsyňyzmy? Hoş habary wagyz edýärsiňizmi? Siz şu işleri göwünli-göwünsiz däl-de, ýürekden we yhlas bilen etjek boluň. Muny etmäge size şu soraglar kömek eder: «Mukaddes Kitabyň esasy taglymatlaryny adamlara düşündirip bilýärinmi? Men wagyzdan köp şatlyk tapmak üçin näme etmeli? Ýehowa anyk zatlar üçin doga edýärinmi? Doga-dileglerimden Ýehowa bil baglaýandygym görünýärmi? Men ähli ýygnak-duşuşyklaryna barýarynmy? Ýygnakda ünsüm bölünmez ýaly we has köp jogap berer ýaly näme edip bilerin?»

15, 16. Synagda berk duran doganyň wakasyndan näme öwrendiňiz?

15 Siz özüňizi barlanyňyzda ejiz we gowşak taraplaryňyzy biljek boluň. Geliň, Robert dogan hakda gürrüň edeliň. Ol başdan geçiren wakasyny şeýle gürrüň berýär: «Men 20 ýaşlarymdadym. Meniň bilen işleýän bir gyz myhmançylyga çagyrdy. Ol öýünde hiç kimiň ýokdugyny, wagtymyzy hoş geçirjekdigimizi aýtdy. Men başda gitmejek bolup dürli bahanalary tapdym. Soňra çürt-kesik „ýok“ diýdim we sebäbini düşündirdim». Robert Hudaýa wepaly boldy. Emma ol özüni barlap, ýagdaýy has gowy çözüp biljekdigine göz ýetirdi. Robert şeýle diýýär: «Ýusup Potifaryň aýalyna derrew we çürt-kesik „ýok“ diýdi. Men Ýusup pygamber ýaly bolup bilmedim (1 Mus. 39:7—9). Men gyzyň teklibine derrew „ýok“ diýip bilmändigime haýran galýaryn. Şol gün men Ýehowa bilen ýakyndan dostlaşmalydygyma düşündim».

16 Siz Robert doganyň göreldesine eýerip, özüňizi we imanyňyzy barlaň. Siz synagdan geçen hem bolsaňyz, şu sorag hakda oýlanyň: «Men derrew „ýok“ diýdimmi ýa-da ýaýdanyp durdum?» Siz ejiz we gowşak tarapyňyzy gören bolsaňyz, ruhdan düşmäň, gaýtam begeniň. Indi siz nämäniň üstünde işlemelidigiňizi bilýärsiňiz. Siz Ýehowadan güýç-kuwwat soraň we onuň ahlak kadalary boýunça ýaşamagy ýüregiňize berk düwüň (Zeb. 139:23, 24).

17. Synagda Hudaýa wepaly bolmak näme üçin wajyp?

17 Robertiň başdan geçiren wakasyndan ýene bir zady öwrense bolýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men işdeşime „ýok“ diýenimden soň, ol: „Sen synagdan geçdiň“ diýdi. Men oňa: „Düşünmedim?“ diýdim. Onuň bir dosty öň Ýehowanyň Şaýady ekeni. Ol işdeşime Ýehowanyň Şaýatlarynyň ikiýüzli durmuşy alyp barýandygyny, imandaşlarynyň ýok wagty Hudaýyň ahlak kadalaryny bozýandygyny gürrüň beripdir. Işdeşimem meni synap görjekdigini aýdypdyr. Men synagda wepaly bolup, Ýehowanyň adyny şöhratlandyrandygyma örän begendim».

18. Siz suwa çümdürileniňizden soň näme etmegi ýüregiňize düwdüňiz? (« Ýaşlara kömek edýän internet makalalar» diýen çarçuwa serediň).

18 Siz ömrüňizi bagyş edip we suwa çümdürilip, Ýehowanyň adyny hemişe şöhratlandyrjakdygyňyzy söz berdiňiz. Ýehowa siziň duş gelýän kynçylyklaryňyzy we döz gelýän synaglaryňyzy görýär. Hak Alla siziň wepaly bolmak üçin edýän tagallaňyza ak pata berer we mukaddes ruhy arkaly güýç-kuwwat berer (Luka 11:11—13). Hawa, Ýehowa size suwa çümdürileniňizden soň hem Isa pygamberiň yzyna eýermäge kömek eder.

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  • «Jebir pürsüni alyp, her gün» Isanyň yzyna eýermek üçin näme etmeli?

  • Suwa çümdürilenden soň hem Isanyň «yzyna düşmek» üçin näme etmeli?

  • Hudaýa beren wadaň hakda oýlanmak, synagda wepaly bolmaga nädip kömek edýär?

89-NJY AÝDYM Diňle, gulak as, bereket al